HALKARA ZÄHMET GURAMASY

1919-2019

Ilo

(2009-njy ýylyň 7-nji maýyndaky, 17-nji, 24-nji iýulyndaky, 10-njy, 25-nji noýabryndaky, 2010-njy ýylyň 27-nji iýulyndaky, 23-nji, 29-njy dekabryndaky, 2011-nji ýylyň 17-nji iýunyndaky, 1-nji, 18-nji, 19-njy iýulyndaky, 2013-nji ýylyň 4-nji, 5-nji iýulyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 95-nji madda)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

(29.08.2013 ý. №429-IV girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

(18.12.2013 ý. №461-IV, 16.08.2014 ý. №113-V girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>

Hususy telekeçileriň, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslaryň özleri üçin hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna tölenilýän gatançlaryň möçberini, gijikdirilen ýagdaýynda maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň möçberini hasaplamak


 - 
Hasaplanyş usuly

Ico print çap etmek