gerb
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasynyň iberilişini artdyrar

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergogurluşyk” konserniniň kärhanalary ýokary woltly täze elektrik geçirijini gurdylar, ondan Owganystan Yslam Respublikasyna elektrik energiýasy iberiler.

Ýurdumyz köp wagt bäri Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryna ýeňillikli bahadan elektrik energiýasyny berýär. Türkmenistanyň Hökümetiniň şu aýyň ortasynda geçirilen mejlisinde ýene bir elektrik geçirijiniň gurluşygynyň tamamlanandygy barada meselä garaldy, ol türkmen elektrik energiýasynyň goňşy ýurda iberilýän möçberini artdyrmaga mümkinçilik berer.

“Türkmenenergogurluşyk” könserniniň kärhanalary- “Sütün” gurluşyk müdirligi, Marynyň, Lebabyň we Daşoguzyň gurluşyk-sazlama kärhanalary goňşy döwlet bilen serhede çenli 130 kilometre golaý ýokary woltly elektrik geçirij çekdiler. Durnukly elektrik berlişini üpjün etmek üçin Mary welaýatynda “Rabatkaşan” (110-kW kb) we Lebap welaýatynda “Atamyrat” (500kW) kiçi beketleriniň mümkinçilikleri artdyryldy, demir we beton sütünleriň ýüzlerçesi oturdyldy, bar bolan asma geçirijileriň durky täzelenildi we täzeleri çekildi, kiçi beketler we elektrik bölüjiler täzelenildi. Serhetýaka sebitlere 110 kW elektrik geçirijileriň ikisi, şeýle hem 35/10 kw elektrik geçirijisi çekildi. Olaryň biri - “Rabatkaşan” kiçi bekediniň gurluşygy doly tamamlandy. Ýurdumyzyň energetikleriniň ýerine ýetiren işleri Owganystan Yslam Respublikasynyň dürli ilaly ýerlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Goňşy döwletiň halkyna ynsanperwer kömek we hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen ýurdumyz Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy, TOP ugry boýunça elektrik geçirijisi we optiki-süýümli aragatnaşyk ugry ýaly wajyp infrastruktura taslamalaryna, demir ýollaryň gurluşygyna başlangyç berýär. Degişli maksatnamanyň çäklerinde durmuş ähmiýetli binalaryň birnäçesi guruldy. Täze elektrik geçirijisiniň gurluşygy dostlukly Owganystanyň durmuş - ykdysady infrastrukturasynyň dikledilmegini çaltlandyrar.


www.turkmenistan.gov.tm