gerb
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi

Tebigy gazdan benzin öndürýän kärhanada işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar

Gurluşyk senagatynyň kärhanalarynyň aglaba bölegi jemlenen we “Gündogar-Günbatar” sebit gaz geçirijisi geçýän Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda Aşgabat-Daşoguz gara ýolunyň golaýynda gurulýan tebigy gazdan benzin öndürjek kärhanada ýylda 600 müň tonna ýokary hilli awtomobil ýangyjy çykarylar. Kärhana şu ýylyň dekabr aýynda işe giriziler.

Gurluşygy alnyp barylýan gaz himiýasy toplumynda Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasyndan alnan dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlaryny we tehnologiýalaryny oturtmak işleri tamamlanyp barýar we işe goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar. “Türkmengaz” DK-nyň baglaşan şertnamasyna laýyklykda kärhananyň gurluşygyny «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa) и «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Tiçaret Anonim Şirketi» (Тürkiýe) kompaniýalar konsorsiumy alyp barýar. Tebigy gazy suwuk ýangyja öwürmek boýunça tehnologik iş tebigy gazy çuňňur arassalamak, gaz, metanol sintezini we benzin almak hem-de onuň hilini has gowulandyrmak boýunça tehnologik enjamlar ulgamynyň gurluşygyny göz öňünde tutýasr.

Häzirki wagtda ol tebigy gazdan benzin almak boýunça dünýäde iri taslamadyr. Daniýanyň «Haldor Topsoe» kompaniýasyndan alnan dünýä belli önüm öndürijileriň iň täze enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjün edilen kärhana ýylda 1 milliard 785 million kub metr tebigy gazy gaýtadan işläp, Euro-5 ölçeginiň ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän 600 müň tonna RON-92 belgili ýokary hilli benzin çykarar. Şeýle hem ýylda 12 müň tonna dizel ýangyjyny we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürmek göz öňünde tutulýar. Kärhanada 700 adam zähmet çeker.

Şu ýyl “Türkmengaz” DK-nyň hünärmenleri täze maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamagy göz öňünde tutýarlar. Olaryň arasynda Lebap welaýatyndaky Bagaja ýatagynda tebigy gazy gaýtadan işleýän enjamyň durkuny täzelelemk hem-de suwuklandyrylan gaz çykarmak, Merkezi Garagumda Daşoguz welaýatynyň Ýylanly gaz-kompressor enjamynyň golaýyndaky ýataklarda etany gaýtadan işlemek we kuwwatlylygy ýylda 55 müň tonna poliwinilasetat öndürmek boýunça zawod gurmak ýaly taslamalar bar.


www.turkmenistan.gov.tm