gerb
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi

Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky maslahaty geçirildi

2018-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustynda çykaran 319-njy karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparyň agzalarynyň we wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahatyň barşynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek boýunça ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy üçin netijeli işleriň alnyp barylýandygy dogrusynda gürrüň edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 2-nji martyndaky 688 belgili karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilişi barada Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara toparyň agzalarynyň hasabatlary diňlenildi.

Hasabatlarda ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri tarapyndan ýaşlary işçi hünärleri boýunça taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny guramagyň we maliýeleşdirmegiň tertibi hakynda Düzgünnama laýyklykda, hünär taýýarlygy, gaýtadan taýýarlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri bilen bellenen tertipde iş berijiler tarapyndan hödürlenýän belli bir iş ýeri üçin hünär, kär boýunça okuwlara iberilýändigi;

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen ylalaşylyp,  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2018-nji  ýylyň 12-nji fewralyndaky 17-Ö belgili buýrugy bilen
Forma № 1-paý Döwletiň goldawyna mätäç adamlaryň olar üçin döredilen iş orunlaryna işe ýerleşdirilişi barada pudaklaýyn hasabat görnüşiniň girizilendigi;

boş iş orunlarynyň ýarmarkalaryny geçirmek boýunça ýerli häkimlikler bilen bilelikde ýörite meýilnama tassyklanylyp, bu meýilnama laýyklykda
1-bo Boş iş orunlary we olary doldurmak üçin gerek bolan işgärler barada hasabat formasynda beýan edilen iş berijileriň sargytlarynyň esasynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäreleriniň yzygiderlilikde geçirilýändigi;

bar bolan boş iş orunlary baradaky maglumatlaryň ýerli gazetleriň we Ministrligiň internet sahypasynyň üsti bilen her aýda yzygiderli ilata ýetirilýändigi;

Maslahata gatnaşyjylar “Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda göz öňüne tutulan çäreleriň ýerine ýetirijiler tarapyndan öz wagtynda ýokary hilli ýerine ýetirilişine işjeň gatnaşygyň üpjün edilmelidigini bellediler.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 14-nji oktýabryndaky 14977-nji karary bilen tassyklanan “Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet we iş üpjünçilik çygryndaky hukuklarynyň Türkmenistanda doly durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin 2017-2020-nji ýyllarda amala aşyrylmaly çäreleriň Meýilnamasyndan” gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada maslahata gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi we çäreleri öz wagtynda doly talabalaýyk ýerine ýetirmek üçin öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çykyşlarda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda Ýaş hünärmenleri taýýarlamak ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de ýurduň ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösdürilmegi döwrüň talabydygy, şu nukdaýnazardan ýaş hünärmenleri taýýarlamak ulgamynyň işiniň ahyrky netijesi – ýaşlara ykdysadyýetiň pudaklarynda özleriniň ornuny tapmaklaryna ýardam bermek, olaryň zähmet çekmegi üçin mümkinçilikleri we has oňaýly şertleri döretmek, ýaşlaryň jemgyýetiň ösüşine saldamly goşant goşmagyny gazanmak döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň birine öwrülendigi barada durlup geçildi.

Berkarar dӧwletimiziň bagtyýarlyk dӧwründe «Dӧwlet adam üçindir!» diýen şygary ýol-ýӧrelge edinýän hormatly Prezidentimiz tarapyndan dӧredilip berlen eşretli, bagtyýar durmuşyň gadyr-gymmatyny her ädimde duýup ýaşamaklygy hem-de ähli zatdan ileri tutulýan ynsan saglygyny gorap saklamakda yzygiderli edilýän işleriň bimӧçberdigini dabara gatnaşyjylar uly buýsanç bilen belläp, şonuň bilen baglylykda bu bagtyýarlygyň gӧzbaşynda duran Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň adyna alkyş sӧzlerini aýtdylar.