gerb
Türkmenistanyň
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň ýörite saýty

DURMUŞ SYÝASATYNYŇ MÖHÜM UGRY

2018-nji ýylyň 2-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. Bu resminamalar häzirki döwürde ýurdumyzyň zähmet bazarynda kemala gelen ýagdaýy nazara alyp, aýratyn demografik topar hökmünde häsiýetlendirilýän ýaşlaryň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunda bu meseleleri çözmekde göz öňünde tutulan ykdysady, guramaçylyk we hukuk gurallary ýaşlary işe ýerleşdirmek ulgamynyň netijeli hereket etmeginiň kepili bolup durýar.  

Ýurdumyzda bazar şertleriniň giňden ösdürilmegi bilen baglylykda häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklarynyň isleglerinden ugur almak bilen, innowasion ugurly hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olary işe ýerleşdirmegiň netijeli mehanizmini döretmek zerurlygy ýüze çykýar. Hut şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2017-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky mejlisinde «Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek boýunça Pudagara topary döretmek hakynda» gol çekilen Kararyň esasynda ýörite toparyň döredilendigini aýratyn bellärliklidir. Ýaşlary işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça maksatnamada göz öňünde tutulan toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek wezipesi bu Pudagara toparyň paýyna düşýär.  

2018-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň guramagynda bu Pudagara toparyň agzalarynyň, ýurdumyzyň edara-karhanalarynyň işgärler syýasaty boýunça işgärleriniň, welaýat we etrap zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi işgärleriniň, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda maksatnamadan gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Ýaşlary işe ýerleşdirmek meselesiniň köptaraply mesele bolup durýandygy, şol sebäpli degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen durmuş hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň zerur bolup durýandygy onda çykyş eden hünärmenler  tarapyndan aýratyn nygtaldy.    

«Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmegiň meselelerini kadalaşdyrmak, milli kanunçylygy seljermek, bu ulgamdaky kadalaşdyryş-hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlaryň hasaba alnyşyny kämilleşdirmek ýaly bu toparyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýaşlarymyzyň iş üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň oňyn çözülmegine ýardam berjekdigine ynam döredýär.


10.03.2018 - «Türkmenistan» gazeti