gerb
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi

TÜRKMENISTANDA IMPORT ÖNÜMLERINIŇ ORNUNY TUTÝAN SYÝASATY NETIJELI DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLLARY

Dünýäde maliýe-ykdysady çökgünligiň dowam etmegi köp ugurda milli ykdysadyýetiň ösüşine öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaý, öz gezeginde, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin täze çemeleşmeleriň ulanylmagyny talap edýär. Hususan-da, import garaşlylygynyň artmagy netijesinde ýurduň ykdysady howpsuzlygynyň peselýändigini göz öňünde tutup, köp döwletler bu syýasaty oýlanyşykly durmuşa geçirmäge çalyşýarlar. Şunda import strategiýasyna milli ykdysady pugtalandyrmak we eksport kuwwatyny döretmek üçin geçiş häsiýetli syýasat hökmünde garalan ýagdaýynda onuň netijeli bolýandygy daşary ýurt tejribesi görkezýär.

Importy çalyşmak ýurduň içerki bazarynda daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak ýa-da olaryň getirilmegini düýbünden bes etmek arkaly anyk harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümçiligiň ösdürilmegini aňladýar. Şunda şol önümleriň isleg ödeýjilik häsiýetleriniň  has ýokary bolmagy, gymmatynyň bolsa import önümleriniň bahasyndan pes bolmagy esasy şertleriň biridir. Umuman alnanda, importyň ornuny tutýan syýasat ýurduň import garaşlylygynyň derejesini peseltmegiň netijeli gurallarynyň biri bolup durýar.

Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda dünýä ýurtlarynyň ykdysady strategiýalarynda import önümleriniň ornuny çalyşýan syýasatyň ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenmegi, ilkinji nobatda, daşary amatsyz täsirleriň derejesiniň artmagy bilen şertlendirilendir. Bu ýagdaý dünýäniň hojalyk gatnaşyklarynyň subýekti hökmünde Türkmenistan döwletimizde eksport-import amallaryny kämilleşdirmek meselesini döwrüň strategik ähmiýetli meseleleriniň birine öwürýär. 2015-nji ýylyň maý aýynda «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynyň»  kabul edilmegi we häzirki döwürde olary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler munuň şeýlediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara Pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018-nji yl üçin ýurdumyzyň kdysady ýagdaýyna berýän bahasyna görä, ýurdumyzda ösüş depgininiň 6,5 göterim derejesinde saklanylmagyna, hususan-da, tebigy gazyň eksportynyň hem-de importyň ornuny tutýan önümçilikleriň artmagynyň, şeýle hem giň gerimler bilen alnyp barlan karz syýasatynyň ýardam berendigi aýratyn nygtalmagy importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberini artdyrmak boýunça häzirki döwürde alnyp barylýan syýasatyň ykdysady netijeliliginden nyşan. 

Import önümleriniň ornuny çalyşýan syýasatyň esasy görkezijileri bolup onuň ykdysady, jemgyýetçilik-durmuş we strategik maksada laýyklygy çykyş edýär.

Bu syýasatyň ykdysady maksada laýyklygy ýurduň içindäki çig mallaryň we zähmet gorlarynyň netijeli ulanylmagynda, önümçilik kuwwatyny ösdürmegiň esasynda barha artýan islegleri kanagatlandyrmakda öz beýanyny tapýar. Bu ýagdaý ýurtda maýa goýum syýasatynyň has-da işjeňleşmegine itergi bermek bilen, ol täze iş orunlarynyň döredilmegine, netijede, ilatyň iş bilen meşgullygynyň ösmegine, döwletiň ykdysady howpsuzlygynyň pugtalanmagyna ýardam berýär.

Ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagy, ylmy-tehniki ösüşiň işjeňleşmegi we ilatyň bilimiň derejesiniň ýokarlanmagy bolsa onuň jemgyýetçilik-durmuş ähmiýetli netijeleriniň ýokarydygyny görkezýär.

Import önümleriniň ornuny çalyşýan syýasatyň amala aşyrylmagy, ilkinji nobatda, içerki islegleri kanagatlandyrmaga mümkinçilik bermek bilen, wagtyň geçmegi bilen eksport önümleriniň möçberleriniň artmagyna hem itergi berýär. Şol bir wagtda bu çäreleriň ýurdumyzyň beýleki döwletlere bolan import garaşlylygynyň derejesini peseltmäge, ykdysadyýetiň senagatlaşmagyna, täze senagat kärhanalarynyň döremegine, netijede, bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna ýardam bermegi bu syýasatyň ýurduň geljekki ösüşini üpjün etmekde strategik  nukdaýnazardan bähbitli bolup durýandygyna şaýatlyk edýär.

Importyň ornuny tutýan önümçiligiň önümleriniň diňe içerki bazara däl, eýsem, daşary bazarlara hem gönükdirilýändigini nazara alsak, onda önümiň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesiniň ýokary bolmagy möhüm şertleriň biri hasaplanýar. Munuň üçin diňe bir önümçilikleriň döredilmegi ýeterlik bolman, eýsem, tutuş ykdysadyýetiň, degişli infrastrukturanyň we durmuş ulgamynyň ösen derejesini ýokarlandyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda milli önüm öndürijileri höweslendirmek çäreleriniň we goldaw bermegiň dürli mehanizmleriniň işlenip taýýarlanylmagy hem-de durmuşa ornaşdyrylmagy bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Döwletiň düzgünleşdiriş çäreleriniň degişli edilýän pudaklary saýlananda önümleriň özboluşlylygynyň, hil häsiýetleriniň, bäsdeşligiň derejesiniň we senagat kuwwatlylygynyň hasaba alynmagy hökmany şertleriň biridir.

Häzirki döwürde dünýä tejribesinde importy çalyşýan syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýän birnäçe höweslendiriji maliýe çäreler we mehanizmler tapawutlandyrylýar.

1. Önümleriň ýa-da hyzmatlaryň döwlet tarapyndan ýokarlandyrylan bahalarda satyn almagy. Ol bazara gatnaşyjylara goldaw bermegiň has netijeli çäreleriniň biri bolup durýar. Şunda döwlet esasy düzgünleşdiriji we satyn alyjy bolup durýar. Döwlete häsiýetli bolan şeýle aýratynlyklar, öz gezeginde, tutuş bazara täsir edýär we importy çalyşýan strategiýany goldamaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, döwletiň satyn almagy, bir tarapdan, çäklendiriji, beýleki tarapdan, höweslendiriji häsiýetli mehanizm bolup çykyş edýär.

2. Salgyt ýeňillikleri. Önümçilik kärhanalaryna salgyt ýeňillikleriniň berilmegi bu syýasaty goldamaga mümkinçilik berýän çäreleriň biridir. Hususan-da, daşary ýurt tejribesinde zähmet hakynyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan ýokary tehnologik iş orunlarynyň döredilendigi üçin girdejä salynýan salgydyň möçberi peseldilýär. Mundan başga-da, esasy gaznany täzelän kärhanalar emläge salynýan salgydy tölemekden boşadylýar. Bu ýeňillikler zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna we önümçilikde importy çalyşýan işi höweslendirmäge mümkinçilik berýär. Bu çäre iri kärhanalar üçin has bähbitlidir. 

3. Gümrük çäreleri. Milli önümçiligi höweslendirmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň käbir görnüşlerine gümrük paçlaryny ýokarlandyrmak çäresi ulanylýar.

4. Ýeňillikli karz çäreleri. Bu çäreler täze önümçilikleriň döredilmegine, olara döwrebap tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna ýardam berýär.

5. Standartlaşdyrmak işlerini güýçlendirmek. Import edilýän önümleri çalyşmaga uly ýardam berýän çäre bolup, ol aýratyn elementleriň özara çalşylmagyny, howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegini, ekologik talaplaryň we ygtybarlylygyň ýokarlandyrylmagyny üpjün edýän serişde bolup durýar. Standartlaşdyrmagyň milli ulgamynyň ösdürilmegi, bir tarapdan, hili pes bolan import önümleriniň möçberleriniň azaldylmagyna ýardam berýän bolsa, beýleki tarapdan, ýerli kärhanalaryň bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge çalyşmaklary üçin möhüm şertleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.

«Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» importyň ornuny tutýan önümçilikleriň telekeçiler tarapyndan gurulmagynyň göz öňünde tututlmagy hususy pudagyň wekilleri tarapyndan häzirki döwürde öndürilýän we öndüriljek önümleri sertifikatlaşdyrmak we standartlaşdyrmak işlerini kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň ähmiýetiniň artjakdygyny alamatlandyrýar.


"Standart, hil we howpsuzlyk" žurnaly  -№2 2018