gerb
Türkmenistanyň
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň ýörite saýty

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär. 

Gözden geçirilişi guraýjylar — Aşgabat şäheriniň häkimligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy gurluşykdan başlap, elektrik energiýasyna, gaýtadan işleýän we ýerli senagata, bezege hem-de şäher durmuşyny abadanlaşdyrmaga çenli özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin gyzyklanma döredýän zatlaryň giň gerimini hödürleýärler. 

Şeýle çemeleşmäniň esasy ugurlarynyň biri dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek hem-de ösen tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly innowasion ösüşe ugur almakdan ybaratdyr. Hut şu esasy ýörelge bu serginiň häsiýetini kesgitledi. Onuň işine ýurdumyzyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň kärhanalarynyň, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Gazagystandan, Koreýadan, Russiýadan we beýlekilerden iş toparlarynyň 80-den gowragynyň wekilleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryň türkmen bazaryna gelip gowuşýan önümleriň we hyzmatlaryň görnüşlerini hem-de hilini ýokarlandyrmagyň möhüm guralydygyny bellemelidiris. 

Giň zallarda hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hemme ýerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar, ýaşlar halk tanslaryny ýerine ýetirýärler, milli lybasly gyzlar bu ýere gelýänlere däp bolan türkmen tagamlaryny hödürleýärler. 

Serginiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň işewürleri, bilermenler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köp sanly myhmanlary gatnaşdylar. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda “Türkmenistan–— Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen ýylda geçirilýän serginiň Aziýanyň merjen paýtagtynyň şähergurluşygynda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynam bildirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu köpugurly sergi şol ugurdaky hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin ýolgörkeziji bolar, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän halkara forumy geçen ýyllaryň dowamynda şähergurluşyk ulgamynda her ýyl guralýan abraýly gözden geçirişleriň birine öwrüldi. Ykdysady taýdan okgunly ösýän hem-de maýa goýum babatda özüne çekiji ýurtda eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän gatnaşyjylaryň sany artýar. 

Ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň ýokary depgini we üstünlikli durmuşa geçirilmegi, uzak möhletli geljek üçin haýran galdyryjy meýilnamalar Türkmenistana döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryna innowasiýalary çekmäge mümkinçilik berdi. Gözden geçirilişiň halkara derejesi türkmen paýtagtynyň parahatçylyk derejesini tassyklaýar. Ak mermerli paýtagtymyz ählumumy ösüşiň hem-de rowaçlygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga çalyşýan dünýäniň işewür we jemgyýetçilik toparlaryny özüne çekýän merkeze öwrülýär. 

Döwrebap wideotehnika, ägirt uly monitorly sergi diwarlyklary, bannerler we pannolar, innowasion önümleriň köp sanly nusgalary bilen üpjün edilen giň zallar döwrebap şäheriň haýran galdyryjy üstünliklerini aýdyňlyk bilen görkezýär. 

Sergi diwarlyklary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şähergurluşyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini hem-de dürli pudaklaryň ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmaga goşýan goşandyny doly görkezýär. 

Sergide ýokary tehnologiýaly enjamlar, gurallar, döwrebap gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri, kompýuter hem-de aragatnaşyk mümkinçilikleri, azyk senagaty, ekologiýa meselelerini çözmekde, sporty we syýahatçylygy ösdürmekde, ylmy, işgärler, medeni kuwwaty artdyrmakda gazanylan üstünlikler hödürlenilýär. 

Innowasion tehnologiýalary hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini iş ýüzünde ornaşdyrmak, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy we eziz Watanymyzyň beýleki şäherlerini hem-de ilatly ýerlerini gurşap alan düýpli özgertmeleriň esasy ugurlarydyr. Häzirki döwürde paýtagtymyzyň tejribesini ýurdumyzyň ähli sebitleri işjeň özleşdirýärler. Olarda hem durmuş ähmiýetli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. 

Sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyrylan uly bolmadyk seýilgäh bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Onuň gurluşygynda şähere amatly ýaşaýyş ýagdaýyny saklamaga hem-de tebigaty goramaga, ählumumy ekologiýa meselelerini çözmäge goşant goşmaga ýardam edýän ekologiýa taýdan arassa ulgamlara we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalara aýratyn üns berildi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşlarynda öwran-öwran nygtaýşy ýaly, «ýaşyl zolaklar» şäheriň abadançylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol zolaklary döretmekde landşaft we bagçylyk-seýilgäh bezegi ulgamynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen birlikde, däp bolan milli bezegleri, şol sanda uly bolmadyk binagärlik usullary ulanmak, pyýadalar hem-de welosipedçiler üçin niýetlenen ýodajyklary abadanlaşdyrmak zerurdyr. Täze seýilgäh toplumlarynda Türkmenistanyň tebigy-howa şertlerinden ugur almak bilen dürli agaçlaryň hem-de gyrymsy agaçlaryň nahallaryny oturtmak, şeýle hem netijeli suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ulanmak arkaly suwaryş ulgamlarynyň üstünde içgin işlemek möhümdir. 

Şu gün, Aşgabat şäheriniň gününiň öňüsyrasynda birbada seýilgähleriň dördüsiniň: Berkararlyk etrabynda “Kemine” seýilgähiniň, Köpetdag etrabynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky seýilgähiň, Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde, Magtymguly şaýolunyň we Tähran köçesiniň kesişýän ýerinde, şeýle hem Büzmeýin etrabynyň Gündogar köçesiniň ugrunda seýilgähleriň açylmagynyň çuňňur manysy bardyr. Munuň özi “bagy-bossana bürenen şäher”, “seýilgähler şäheri” diýen jümleleriň hakykata öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Özi-de, bu asylly işler şähergurluşygyň düýbünden täze nusgasynyň esasynda amala aşyrylýar. Şonda häzirki zaman durmuşynyň depgini ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary standartlary bilen sazlaşykly utgaşýar. Gür baglyga bürenen ýaşyl zolaklar şäher ulgamynyň örän möhüm we ähmiýetli bölegidir, çünki ösümlikler şäherde rahatlyk ýagdaýyny döredýär, howany arassalaýar, amatly howa ýagdaýyny üpjün edýär. 

Seýilgähleriň her biri adaty bolmadyk landşaft bezegi bilen tapawutlanýar. Ýaşyl meýdançalar hem-de köp öwüşginli gül aýmançalary özara sazlaşyk döredýär, seýilgählerde gezelenç ýodajyklary çekildi, owadan çyra sütünleri hem-de dynç alýanlar üçin oturgyçlar ornaşdyryldy. Olaryň ajaýyp bezegi, täsin suw basgançaklary we çüwdürimleri, pyýadalar üçin niýetlenen köprüjikler seýilgähler toplumyna özboluşly öwüşgin çaýýar. Indi şäheriň bu ýaşyl künjeklerinde gyzykly aýdym-saz agşamlary, şygryýet günleri geçiriler. 

Soňky ýyllarda “ýaşyl zolaklaryň” köp derejeli ulgamyna birleşdirilen täze tokaýlyklar şähere bezeg berýär. Şäheriň tutuş ugry boýunça şeýle giň möçberli ýaşyl meýdançalary döretmek taslamasy köp babatda täsindir. Ýakyn ýyllarda täze seýilgähler hem-de seýilbaglar paýtagtymyzyň özboluşly “merjen halkasyna” goşular. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Ýaşyl ösüş strategiýasy” öňdebaryjy tejribä hem-de köpasyrlyk milli däp-dessurlara daýanýan ýurdumyzyň durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Dünýäniň ekologiýa ösüş konsepsiýasy ahyrky netijede ajaýyp türkmen tebigaty bilen sazlaşykda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmaga hem-de Watanymyzyň rowaçlanmagyna gönükdirilendir. Ekologiýa meselelerini çözmekde türkmen döwletiniň tejribesi köp ýurtlar, ilkinji nobatda bolsa, senagat taýdan ösen döwletler üçin ýol-görkeziji bolup durýar. 

Bu ýerde şeýle hem nahallary ösdürmek, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş serişdelerini, bezeg gurnawlaryny, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýnadan ýasalan önümleri taýýarlamak bilen meşgullanýan firmalaryň diwarlyklary we harytlary ýerleşdirilipdir. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde häzirki zaman şäheriniň gündelik durmuşynda ulanylýan ähli zatlar bar. 

Sebitiň iri işewürlik we medeni merkezi derejesine eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemledi. Onda gözellik we oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inžener-tehniki pikiriň üstünlikleri hem-de milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri utgaşykly sazlaşýar. Diňe bir myhmanlary däl, eýsem, aşgabatlylaryň özleri hem olara tanyş bolan köçeleriň we meýdançalaryň keşbini okgunly özgerdip, aýratyn täsirli hem-de gözel keşbe eýe bolýandyklaryna haýran galýarlar. 

Şäher hojalygynyň möhüm bölegi bolan aragatnaşyk we ulag ulgamynyň edaralary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Paýtagtymyzy dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen birleşdirýän halkara ulag geçelgeleri şol ulgama degişlidir. Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, raýat awiasiýasy gulluklarynyň ekspozisiýalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek bilen, bu ugurlaryň mundan beýläkki ösüşi barada gürrüň berýärler. 

Aýratyn bölüm ýol gurluşygyna bagyşlanýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda ulag düzümini döretmek boýunça giň möçberli taslamalar durmuşa geçirilýär. Awtobanlar, köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary — gurluşygy aýratyn inžener-tehniki çözgütleri hem-de iň täze tehnologiýalary talap edýän desgalar bina edilýär. Şoňa görä-de, sergide ýurdumyzyň möhüm ýollarynda köpri geçelgelerini hem-de köp derejeli ýol aýrytlaryny gurmaga ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň, bu ulgamda Türkmenistanda özleriniň täzeliklerini teklip etmäge taýýar bolan esasy daşary ýurt firmalarynyň diwarlyklary uly gyzyklanma döretdi. 

Binagärlik we gurluşyk ulgamynda, şol sanda ýol gurluşygy ulgamynda iň soňky ylmy işläp taýýarlamalary we innowasiýalary, dürli tehnikalary hem-de ýöriteleşdirilen enjamlary özüne birleşdirýän köpsanly diwarlyklar bilen tanyşlyk türkmen paýtagtynyň geljegine syn etmäge mümkinçilik berdi. Çünki häzirki döwürde Türkmenistanda bu ulgamda iň täze inženerçilik-gurluşyk tehnologiýalary zerur bolup durýar. 

Dürli ulgamlarda — oba hojalyk we azyk pudaklaryndan başlap, ýaşaýyş jaýlaryny, döwrebap senagat kärhanalaryny gurmak hem-de gurluşyk serişdelerini öndürmek bilen meşgullanýan ýurdumyzyň telekeçileri we haryt öndürijileri öz mümkinçiliklerini görkezýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamyny goldamagy we höweslendirmegi netijesinde Türkmenistanda olaryň sany ýylsaýyn artýar. 

Häzirki wagtda türkmen kompaniýalary daşary ýurt firmalary bilen deň şertlerde üstünlikli bäsleşýärler. Ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan häzirki zaman ýaşaýyş-durmuş ülňüleri giňden ornaşdyrylýar, bina edilýän desgalar zerur bolan ähli kommunikasiýalar bilen üpjün edilýär, degişli düzümler ösdürilýär. Welaýat merkezleriniň keşbi hem gözümiziň alnynda özgerýär, ak mermerli paýtagtymyzda bolsa, ajaýyp binalar — durmuş ulgamly desgalar, edara binalary, hemmetaraplaýyn amatly ýaşaýyş jaýlary, önümçilik kärhanalary yzygiderli ýagdaýda ulanmaga berilýär. 

“Ajaýyp bina”, “Ussat inžener”, “Ajaýyp — gurluşyk”, “Beýik bina”, “Ojar Aziýa” we beýleki hususy kompaniýalar öz diwarlyklarynda eýýäm durmuşa geçirilen hem-de geljekde amala aşyryljak taslamalary görkezýärler. Bu kompaniýalar paýtagtymyzda we welaýatlarda eýýäm durmuş we önümçilik desgalarynyň ençemesini bina etdiler. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne giň gerimli taslamalar mahsusdyr — belent binalar gurulýar, täze şäher etraplary hem-de hatda tutuş iri ilatly ýerler peýda bolýar, uzunlygy müňlerçe kilometre ýetýän ýokary tizlikli awtomobil ýollary we demir ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli ulag düzümi döredilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlanmagy milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüşiniň aýdyň subutnamalarynyň biridir. Şunda binalaryň halkara ölçeglerine laýyklykda ýokary hil derejesinde gurulmagy möhümdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä hemişe pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekýär hem-de potratçylardan we degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan bu şertleriň hökmany suratda berjaý edilmegini talap edýär. 

Häzirki wagtda işewürligi üstünlikli ösdürmek üçin has amatly şertler döredildi — milli kanunçylyk kämilleşdirilýär, maýa goýum işi höweslendirilýär. Munuň üçin, elbetde, ýurdumyzyň örän baý tebigy serişdeleri, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi örän giň mümkinçilikleri açýar. Döwletimiz salgyt, gümrük, wiza, ätiýaçlandyryş we beýleki ýeňillikler görnüşinde maýadarlara düýpli goldawy üpjün edýär. Netijede, maýa goýumlarynyň jemi içerki önümiň möçberlerinde paýy artýar, maýagoýum taslamalarynyň hem-de bilelikdäki kärhanalaryň sany köpelýär. 

Azyk we obasenagat, söwda toplumlary tarapyndan görkezilýän we beýleki köpsanly bölümler sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Sport we syýahatçylyk, sport senagaty hem-de sagdyn durmuş ýörelgesi ugrunda gazanylanlary görkezýän diwarlyklaryň ýany hem köp adamly bolýar. 

Bilim ulgamynyň sergisine gatnaşyjylar täze işläp taýýarlamalary, synag taslamalaryny, awtorlyk maksatnamalary, usulyýet we okuw goldanmalaryny görkezýärler. Diwarlyklarda bilim edaralarynyň doly derejede işlemegini üpjün edýän önümleriň—okuw mebelleriniň, aragatnaşyk serişdeleriniň, okuw geçmek üçin enjamlaryň we maglumatlaryň hem-de beýlekileriň giň görnüşi görkezilýär. 

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary hem bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär, olarda ýurdumyzyň döwrebap çaphana we neşir işi görkezilýär, şunda milli edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň eserleriniň, çagalar çeper edebiýatyň, şol sanda gaýry dillerden terjime edilen eserleriň çap edilmegine aýratyn orun degişlidir. Bu diwarlyklarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary aýratyn orun eýeleýär, bu eserler dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi netijesinde daşary ýurtlarda hem giň meşhurlyga eýe boldy. Neşir önümleriniň hatarynda owadan bezegli döwürleýin neşirler, Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däp-dessurlary we häzirki döwri hakynda gürrüň berýän ylmy-publisistika eserler bar. 

Serginiň guramaçylary diwarlyklaryň bezelişine hem döredijilikli çemeleşdiler, olarda haly önümleri we halk amaly-haşam sungatynyň eserleri ýerleşdirilipdir. Owadanlygy bilen haýran galdyrýan, nepis, dürli görnüşli halylar we haly önümleri, arassa ýüňden elde dokalan halylar, şeýle hem owadan nagyşly tahýalar we el işleri sergä gelýänlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. 

Milli halyçylyk sungaty halkymyzyň gadymy we täsin inçe senedi bolup, onuň adamzadyň medeni hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşandydyr, gülläp ösýän Watanymyzyň buýsanjydyr. Çeper elli zenanlaryň dokaýan, owadanlygy boýunça deňi-taýy bolmadyk halylary türkmen topragynyň hakyky täsinligidir. Bu örän çylşyrymly, köp zähmeti hem-de çeperçilik ukyby talap edýän senediň syrlary müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bütin dünýäni öz ajaýyplygy, örän ýokary hili we kämilligi bilen haýran galdyrýan türkmen halysy häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeklerinde el işiniň täsin nusgasy hökmünde giň meşhurlyga eýedir. 

Sergä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda şähergurluşyk we senagat ulgamynda, şeýle hem ýol-ulag düzüminde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýan edaralar we kompaniýalar bar. Olaryň köp böleginiň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan örän möhüm taslamalary durmuşa geçirmek boýunça işewür hyzmatdaşlarymyzyň wekilleridigi guwançly ýagdaýdyr. 

Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary – “Bouygues Türkmen”, “Polimeks”, “NATA”, “Gap Inşaat”, “Rönesans “Endüstri Tesisleri Inşaat Sanai we Tijaret”, “Altkom” ýol gurluşygy”, “CA. Interbudmontaž” hojalyk jemgyýeti we beýlekiler gurluşyk desgalarynyň kiçeldilen nusgalaryny, şäher gurşawynda ýaşamagyň iň gowy şertlerini üpjün etmek hem-de şäher hojalygyny dolandyrmak bilen baglanyşykly innowasiýa işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary görkezýärler, olar gurluşyk, suw üpjünçiligi we yşyklandyryş, ýol gurluşygy, işjeň dynç alyş ulgamyny we beýlekileri hem öz içine alýar. 

Açyk asmanyň astyndaky sergi meýdançalarynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri “BMW” we “Hyundai” kompaniýalarynyň awtomobilleriniň dürli kysymlary mahabatlandyrylýar. Şeýle hem bu ýerde gurluşyk enjamlary, halkyň sarp edýän önümleri we harytlary ýerleşdirilipdir. 

Türkmen paýtagtyny ösdürmegiň geljekki meýilnamalary häzirki wagtda iri daşary ýurt maýadarlarynyň hem-de potratçylarynyň, önüm öndürijileriniň hem-de işewürler toparlarynyň has uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, olar Aşgabady gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça iri möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak isleýärler. Şu günler bu sergi şähergurluşyk, şäher ulag ulgamlaryny, aragatnaşygy we kommunikasiýalary, durmuş, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek meselelerini giňden ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança öwrülýär. 

XVII köpugurly halkara sergisi täze taslamalar we teklipler bilen tanyşdyrmak üçin özboluşly meýdançany döreder, şeýle hem daşary ýurtly myhmanlara Aşgabadyň senagat, medeni we aň-paýhas mümkinçiliklerini, onuň ägirt uly durmuş-ykdysady serişdelerini özünde jemleýän Türkmenistanyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň ýeten sepgitleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berer. 

Ertir sergi öz işini dowam eder.