gerb
Türkmenistanyň
Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrliginiň ýörite saýty
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybarat.

Raýatlaryň zähmete bolan hukugy, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär.

Her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir.

Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, ýaşyna, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişlidigine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlary hem-de olaryň zähmetiniň netijeleri bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry ýagdaýlara baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

Her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr.
Iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler.

Zähmet şertleri diýlip işgäriň zähmet çekmegi (işi, gullugy) üçin gerek bolan hukuk, durmuş we önümçilik-tehniki faktorlaryň jemine düşünilýär. Olara iş ýeri (iş orny), zähmete hak tölemegiň möçberi we şertleri, ýeňillikler, käriň, hünäriň, wezipäniň ady, iş we dynç alyş wagtynyň düzgüni, kärleriň utgaşdyrylmagy, rugsatlar, öwez pullary we tölegler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy, önümçilik-durmuş we zähmetiň beýleki şertleri degişlidir.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy - raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, maýyplyga uçran, ekleýjisini ýitiren halatlarynda, olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, şeýle hem, fiziki şahsyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy bilen meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda baglaşylan şertnamasy esasynda, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyny öz içine alýar.

(2009-njy ýylyň 7-nji maýyndaky, 17-nji, 24-nji iýulyndaky, 10-njy, 25-nji noýabryndaky, 2010-njy ýylyň 27-nji iýulyndaky, 23-nji, 29-njy dekabryndaky, 2011-nji ýylyň 17- iýunyndaky, 1-nji, 18-nji, 19-njy iýulyndaky, 2013-nji ýylyň 4-nji, 5-nji iýulyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýryaýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 95-nji madda)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

(29.08.2013 ý. №429-IV girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

(18.12.2013 ý. №461-IV, 16.08.2014 ý. №113-V girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

08.06.2018

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere we käbir resminamalara garaldy.

Birža täzelikleri

02.06.2018

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny we nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini Owganystandan gelen täjirler hem-de“Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen “B” kysymly karbamidi Şweýsariýadan gelen söwdagärler satyn aldylar.BAE-den, Gyrgyzystandan we Özbegistandan gelen işewürler reňksiz aýnalary we nah ýüplük satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 23 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.

Innowasiýalar we dessinlik “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň işiniň netijeliliginiň ugurlarydyr

30.05.2018

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň “Türkmengazinžiniring we gurluşyk” Müdirliginiň işgärleri taslamadan başlap, ony durmuşa geçirmäge çenli doly tapgyry üpjün edip, aňryçäk netijeli işlemeli diýen ýörelgä eýerýärler.Tebigy gaz institutynyň we konserniň gurluşyk-gurnama müdirlikleriniň dördüsiniň binýadynda döredilen bu önümçilik düzümi önümçilik we tehnologik taslamalary işläp taýýarlamak hem-de olary durmuşa geçirmek boýunça wezipeler toplumyny üstünlikli ýerine ýetirýär.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi

24.05.2018

Paýtagtymyzda “Ak şäherim Aşgabat” atly XVII köpugurly halkara sergi öz işine başlady. Sergi häzirki Türkmenistanda şähergurluşyk, binagärlik hem-de şäher düzümini döretmek ulgamynda gazanylan üstünlikleri, toplanan iş tejribesini hem-de geljegini görkezýär.

Maliýe netijeliligi, kuwwatly ykdysadyýet — abadan ýurt

11.05.2018

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly ýurdumyzyň habarlar giňişliginde 2018-nji ýylda peýda boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda döredilen neşir iki aýdan bir gezek türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilýär.