gerb
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap döwletimizde ýaşaýan ynsanlaryň ählisi her bir ädimde özi hakynda döwletimiziň, hökümetimiziň, Prezidentiň özüniň yzygiderli alada edýändigini duýup ýaşamalydyr
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybarat.

Raýatlaryň zähmete bolan hukugy, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär.

Her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir.

Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, ýaşyna, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişlidigine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlary hem-de olaryň zähmetiniň netijeleri bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry ýagdaýlara baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

Her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr.
Iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler.

Zähmet şertleri diýlip işgäriň zähmet çekmegi (işi, gullugy) üçin gerek bolan hukuk, durmuş we önümçilik-tehniki faktorlaryň jemine düşünilýär. Olara iş ýeri (iş orny), zähmete hak tölemegiň möçberi we şertleri, ýeňillikler, käriň, hünäriň, wezipäniň ady, iş we dynç alyş wagtynyň düzgüni, kärleriň utgaşdyrylmagy, rugsatlar, öwez pullary we tölegler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy, önümçilik-durmuş we zähmetiň beýleki şertleri degişlidir.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy - raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, maýyplyga uçran, ekleýjisini ýitiren halatlarynda, olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, şeýle hem, fiziki şahsyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy bilen meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda baglaşylan şertnamasy esasynda, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyny öz içine alýar.

(2009-njy ýylyň 7-nji maýyndaky, 17-nji, 24-nji iýulyndaky, 10-njy, 25-nji noýabryndaky, 2010-njy ýylyň 27-nji iýulyndaky, 23-nji, 29-njy dekabryndaky, 2011-nji ýylyň 17-nji iýunyndaky, 1-nji, 18-nji, 19-njy iýulyndaky, 2013-nji ýylyň 4-nji, 5-nji iýulyndaky üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Giňişleýin >>

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 95-nji madda)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.

Giňişleýin >>

(29.08.2013 ý. №429-IV girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.

Giňişleýin >>

(18.12.2013 ý. №461-IV, 16.08.2014 ý. №113-V girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

Giňişleýin >>