| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2011-nji ýylyň 06-njy ýanwarynda

çykaran 11992-nji  karary bilen

tassyklandy

 

Türkmenistanyň  Zähmet we ilaty durmuş taýdan

goramak ministrligi hakynda

DÜZGÜNNAMA 

1. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (mundan beýläk - ministrlik) zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmeti goramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän merkezi döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2. Ministrlik öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we şu Düzgünnamany goldanýar.

3. Ministrlik öz işini ýurdumyzyň beýleki ministrlikleri we pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, halkara guramalary bilen özara baglanyşykly amala aşyrýar.

4. Ministrligiň wezipeleri:

zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmeti goramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak, hökmany we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmalary, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy, şeýle hem pensiýa, döwlet kömek pullary üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan, goramak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak;

zähmet gatnaşyklary, zähmet şertleri, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak meselelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirmek;

zähmet gatnaşyklary, zähmet şertleri, zähmete hak tölemek, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak we halkyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;

pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça usullary kämilleşdirmek;

netijeli we öndürijikli zähmete hemmetaraplaýyn goldaw bermek;

durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak;

bilen üpjünçiligiň ýagdaýyny yzygiderli seljermek we çaklamak arkaly zähmet bazaryna, şeýle hem ykdysadyýetiň işçi güýjüniň mümkinçiliklerine baha bermek, bar bolan zähmet gorlarynyň we olara bolan islegiň deňagramlylygyny saklamak;

ýurtdaky demografiýa, migrasiýa we zähmet bazaryndaky ýagdaýlary statistiki maglumatlar esasynda seljermek;

zähmet şertleri boýunça iş orunlarynyň hünär synagyna gatnaşmak we iş orunlaryna zähmetiň aýratyn şertleriniň görnüşlerini girizmek barada teklipleri taýýarlamak;

ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça işleri we çözgütleri utgaşdyrmak, işçi güýje bolan islegi we teklibi düzgünleşdirmek, wagtlaýyn işlemeýän raýatlary işe ýerleşdirmäge ýardam bermek, olaryň hünär taýýarlygyny geçirmekleri we täze hünäri ele almaklary boýunça işleri guramak, wagtlaýyn işlemeýän raýatlara durmuş taýdan goldaw bermek, iş üpjünçiligi boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak;

zähmete ukyply ilatyň zähmet işjeňligini we iş başarnygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek hem-de eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda işgärler üçin zähmet bilen baglanyşykly kepillikleri üpjün etmek;

ministrlikler we pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde täze iş orunlaryny döretmäge we işe ýerleşdiriş ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzmek;

zähmet gatnaşyklary, zähmet şertleri, zähmete hak tölemek, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda halkara şertnamalarynyň işlenip taýýarlanmagyna gatnaşmak, şeýle hem bu ulgamda döwrebap halkara tejribesini ulanmak bolup durýar.

5. Ministrlik öz üstüne ýüklenilen wezipelere laýyklykda şu işleri ýerine ýetirýär:

zähmet gatnaşyklary we zähmeti goramak babatda:

zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri babatda döwlet dolandyryşyny we gözegçiligini amala aşyrýar;

ykdysadyýetiň pudaklarynda zähmeti guramagyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýär;

guramaçylyk-hukuk görnüşine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda we guramalarda zähmet gatnaşyklary we zähmet şertleri, zähmete hak tölemek babatda kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;

ygtyýarlandyrylan edaralar tarapyndan zähmet boýunça mysaly kadalary tassyklaýar;

zähmet gatnaşyklary, zähmeti guramak, zähmeti goramak, zähmete hak tölemek, iş bilen üpjünçilik, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda kadalaşdyryjy we usulyýet namalaryny işläp düzýär;

zähmetiň pudaklaýyn şertlerini we zähmet haky töleginiň kadalaryny ylalaşýar ýa-da tassyklaýar;

zähmet haky meseleleri boýunça teklipleri taýýarlaýar;

iş orunlary üçin hünär synagyndan döwürleýin geçirilmeginiň tertibini belleýär;

zähmet howpsyzlygy we zähmet goragy gullugy hakynda mysaly düzgünnamany tassyklaýar;

önümçilik şikeslerini, hünär keselleriniň sebäplerini degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde seljerýär we olaryň öňüni alyş çärelerini işläp düzýär;

guramaçylyk-hukuk görnüşine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, amatsyz zähmet şertleri bolan kärhanalarda işleýän işgärlere süýdi, bejeriş-öňüni alyş iýmitini, ýörite hususy gorag we arassaçylyk serişdelerini bermegiň tertibini işläp düzmäge gatnaşýar, arassaçylyk-durmuş jaýlarynyň we olaryň ýerleşmeginiň talaplaryny kesgitleýär;

zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleriniň görnüşlerini kesgitlemek üçin ölçegleri düzmäge gatnaşýar;

ýerasty işlerde we zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawyny düzýär hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýratyn zähmet şertlerinde işleýän işçilere ýeňillikleri we öwezini dolmalary bellemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

zähmetiň şertlerine baha bermek maksady bilen geçirilýän iş orunlarynyň hünär synagyna gözegçilik edýär;

aýallaryň zähmetiniň ulanylmagy çäklendirilen işleriň, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işleriň we on sekiz ýaşyna ýetmedikleriň zähmetiniň ulanylmagy gadagan edilýän işleriň sanawlaryny degişli ministrlikler, pudak edaralary bilen bilelikde işläp taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

iş bilen üpjünçilik babatda:

ilatyň düzümini, zähmet gorunyň ulanylyşyny öwrenýär we iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak boýunça  çäreleri görýär;

zähmet bazarynyň ýagdaýyny öwrenýär we işini utgaşdyrýar;

raýatlary daşary ýurtlarda işe ýerleşdirmek bilen baglanyşykly işi ygtyýarlandyrýar;

guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň ilaty işe çekmek babatda ýüztutmalaryna garaýar;

degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde täze iş orunlaryny döretmek baradaky meselelere garaýar;

ilatyň iş bilen üpjünçiligi, şol sanda ilatyň işe ýerleşdirilişi babatda kanunçylygyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;

ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça döwlet maksatnamalaryny, şeýle hem ilatyň aýry-aýry gatlaklarynyň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ýörite maksatnamalary işläp taýýarlaýar;

ilatyň hünär taýýarlygyna, gaýtadan taýýarlanmagyna we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär;

hünär bilimi we işgärleriň gaýtadan taýýarlanmagy babatda döwlet bilim maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine gatnaşýar;

guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda boş iş orunlaryny seljerýär we işçi güýji bilen üpjün etmek barada çäreleri işläp düzýär;

täze açylan iş ýerlerine jemgyýetçilik guramalary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde işçi güýjüni çekmegi guraýar we raýatlary işe ugrukdyrmakda ýardam berýär;

zähmet haky babatda:

ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça bellenen tertipde çäreleri işläp düzýär we durmuşa geçirýär;

zähmeti kadalaşdyrmakda we zähmet haky tölegini guramakda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasyndaky işleri utgaşdyrýar;

iň pes zähmet hakynyň möçberi, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberleri barada teklipleri taýýarlaýar;

zähmet kadalaryny, tariflerini we beýleki zähmet haky meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär;

guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralarda, kärhanalarda, guramalarda zähmet haklaryny we aýlyk wezipe haklaryny bellemek, hünäre hak tölemek boýunça maglumatlar kitapçalarynyň, şeýle hem zähmet töleginiň şertlerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kanuna laýyk ulanylyşyna gözegçilik edýär;

zähmet haky töleginiň şertlerini üýtgetmek boýunça teklipleri işläp düzmäge we olary kämilleşdirmäge, zähmet töleginiň meseleleri boýunça döwlet durmuş kepillendirmeleriniň üpjün edilmegine gözegçiligi alyp barýar;

ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, zähmet hakyny tölemek, ilatyň durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş daýdan goramak barada çäreleri amala aşyrmak, olary geçirmegiň tertibi hem-de möhletleri boýunça teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hyzmat edýän işgärleriň kadalaşdyryjy ölçeg möçberlerini kesgitlemek, zähmete hak tölemek we iş düzgünleri bilen bagly öwezini dolma tölegleri boýunça teklipleri taýýarlaýar;

hünär synaglaryny geçirmegiň tertibini bellenen tertipde ylalaşýar;

ilaty durmuş taýdan goramak babatda:

pensiýa we durmuş ätiýaçlandyrmalaryny, şeýle hem pensiýa üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işini, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny, pensiýa we durmuş ätiýaçlandyrmasyny kämilleşdirmek babatda teklipleri taýýarlaýar;

pensiýa we durmuş ätiýaçlandyrmasynyň maksatlaýyn döwlet kömegini kämilleşdirmek babatda pensiýa üpjünçiligi we durmuş goraglylygy boýunça teklipleri taýýarlaýar;

pensiýa we döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş üpjünçiligine degişli tölegleriň kanuna laýyk tölenişini kämilleşdirmek boýunça çäreleri işläp düzýär;

ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesine baha bermek boýunça seljerme işlerini geçirýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäginde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we olary kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

maýyp we döwletiň goldawyna mätäç adamlara durmuş hyzmatlaryny amala aşyrmak boýunça işleri guramagy we utgaşdyrmagy, olaryň maddy derejesine baglylykda döwlet hemaýatyny we ynsanperwerlik kömegini bermegi amala aşyrýar;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýratyn zähmet şertlerinde işleýän adamlara ýeňillikleri we öwezini dolmalary bellemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

halkara gatnaşyklary babatda:

halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmak, zähmet, iş üpjünçiligi, pensiýa üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça daşary ýurt tejribelerini öwrenýär;

zähmet, iş üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda halkara şertnamalarynyň taýýarlanmagyna gatnaşýar;

öz ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça halkara guramalaryna bellenen tertipde teklipleri taýýarlaýar;

garamagyndaky we beýleki durmuş edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça ilatdan gelip gowşan tekliplere, arza-şikaýatlara garaýar we raýatlary kabul edýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäginde beýleki işleri amala aşyrýar.

6. Ministrligiň şulara ygtyýarlyklary bar:

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işine gözegçiligi amala aşyrmaga;

kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaga;

ministrligiň tabynlygyndaky meseleler boýunça pudaklaýyn tabynlygyna we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň işi bilen bellenen tertipde tanyşmaga;

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň hünärmenleri bilen bilelikde zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri boýunça seljerme geçirmäge;

işgärlere ýeňillikli pensiýalary, goşmaça ýeňillikleri we öwezini dolmalary bellemek boýunça işleriň kanunalaýyklygyny barlamaga;

zähmetiň amatsyz şertleri üçin ýeňillikleriň we öwezini dolmalaryň berilmegi bilen bagly kanun bozulmalary ýüze çykarylan halatda, olaryň aradan aýrylmagy barada edaralara, kärhanalara we guramalara duýduryş ýa-da degişli döwlet edarasyna habar bermäge;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerindäki meseleler boýunça guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralardan, kärhanalardan we guramalardan zerur maglumatlary sorap almaga;

zähmet şertlerine we işgärleriň goraglylygyna degişli Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmalaryna garşy  bellenen tertipde zerur çäreleri görmäge;

öz ygtyýarlyklaryna girýän meselelere degişli tölegli hyzmatlary we beýleki usulyýet kömeklerini bermek boýunça şertnamalary baglaşmaga;

kesgitlenen işgär sanynyň we aýlyk zähmet haky gorunyň çäginde ministrligiň merkezi edarasynyň wezipe sanawyny tassyklamaga;

zähmet, iş üpjünçiligi we durmuş goraglylygy babatda ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde pudagara toparlaryny, işçi toparlaryny döretmäge;

durmuş kepillikleri, zähmet haky tölegi, pensiýa üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak meseleleri boýunça maslahatlary bellenen tertipde geçirmäge;

işiniň netijeleri baradaky hasabatlary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermäge;

zähmet gatnaşyklary we zähmeti goramak, iş üpjünçiligi, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ilatyň arasynda düşündiriş-wagyz ediş işlerini geçirmäge;

öz adyndan şertnamalary baglaşmaga;

kazyýetlerde özbaşdak tarap hökmünde gatnaşmaga;

öz ygtyýarlyklaryna girýän meseleler boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklipleri bermäge;

şahsy we edara görnüşli taraplardan meýletin haýyrsahawatlaryň we maksatlaýyn goýumlaryň hasabyna geçirilýän goşmaça maliýe we maddy serişdeleri çekmäge;

öz garamagynda edaralary we kärhanalary bellenen tertipde döretmäge, işini bes etmäge we ýatyrmaga.

7. Ministrlige Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan ministr ýolbaşçylyk edýär.

Ministriň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenýän we wezipeden boşadylýan iki orunbasary bar.

8. Ministr:

Ministrligiň üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi we borçlaryň amala aşyrylmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;

orunbasarlarynyň arasynda borçlary we ygtyýarlyklary paýlaýar;

garamagyndaky edaralaryň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

bellenen işgär sanynyň we olary saklamak üçin bölünip berlen serişdeleriň çäklerinde Ministrligiň merkezi edarasynyň wezipe sanawyny bellenen tertipde tassyklaýar;

Ministrligiň merkezi edarasynyň müdirlikleriniň we bölümleriniň, garamagyndaky edaralarynyň düzgünnamalaryny tassyklaýar;

Ministrligiň merkezi edarasynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

garamagyndaky edaralarynyň ýolbaşçylaryny degişli welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri bilen ylalaşyp, wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

öz ygtyýarlyklarynyň çäginde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem Ministrligiň garamagyndaky edaralary tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan buýruklary çykarýar;

Ministrligiň merkezi edarasynyň, garamagyndaky edaralaryň işgärlerini höweslendirýär hem-de olara düzgün-nyzam temmisini belleýär;

aýratyn tapawutlanan işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamaga bellenen tertipde hödürleýär;

9. Ministrligiň merkezi edarasynyň işgär sany we gurluşy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

10. Ministrligiň merkezi edarasynyň we garamagyndaky edaralarynyň çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Ministrligiň ygtyýarly bank edarasynda býujet we býujetden daşary hasaplary (şol sanda walýuta hasaplary) bar.

11. Ministrlik edara görnüşli tarap bolup, onuň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhri, möhürçeleri we resmi blanklary bar.

 

| Esasy  | Indiki |