| Esasy  | Indiki |

TÜRKMENISTANYŇ  PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanda iş haklaryny, zähmet pensiýalaryny, döwlet kömek pullaryny

we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda

Ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, Türkmenistanyň halkynyň rowaçlygynyň we durmuş-ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün etmek maksady bilen, möhüm milli maksatnamalary we taslamalary amala aşyrmakda gazanylan uly üstünlikleri nazara alyp, karar edýärin:

1.             2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň iş haklaryny;

zähmet pensiýalaryny, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny;

talyp haklarynyň möçberini 10 göterim köpeltmeli.

2.             2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

ýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň işgärleriniň iş haklarynyň ortaça möçberini 2720 müň manatdan az bolmadyk möçberde;

zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberini aýda 2420 müň manat möçberde;

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes möçberini aýda 1980 müň manat, iň ýokary möçberini 2640 müň manat möçberde;

täze bellenýän zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyny 3080 müň manat möçberde;

pensiýanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 550 müň manat möçberde;

zähmet pensiýasynyň we mýayplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ölçegini bir göterim möçberde bellemeli.

3.             2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet, prokuratura edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk wezipe iş haklarynyň möçberlerini 1-5-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly.

4.             Iş haklarynyň möçberlerini köpeltmegi kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri çekmegiň hasabyna üpjün etmeli.

5.             2009-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny hasaplamaak üçin binýatlyk ululygy we ölçegi bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 4716-njy Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2007-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 194-nji maddasy);

Türkmenistanda iş haklaryny köpeltmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 12-nji noýabrynda çykaran 4904-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2007-nji ýyldaky 11-nji ýygyndysynyň 774-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

6.             Şu Permanyň ýerine ýetirilşine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabry

 

| Esasy  | Indiki |