| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2010-njy ýylyň    09-njy iulynda

çykaran   11138-nji  karary bilen

tassyklandy

 

 

 

Türkmenistanda şertli-toplaýyş pensiýa usulyny girizmegiň

we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmegiň

MEÝILNAMASY

 

Durmuşa geçirilmeli çäreleriň ady

Ýerine ýetirilmeli

möhleti

Ýerine ýetirijiler

1.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulyny girizmegiň halkara tejribesini öwrenmek we ýurdumyz üçin has amatly usullary saýlap almak

2010-njy ýylyň iýuly -

2010-njy ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi

2.

2050-nji ýyla çenli ýyllar boýunça Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan ilatyň jynsy we ýaşy barada garaşylýan çaklamalary taýýarlamak

2010-njy ýylyň iýuly -

2010-njy ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

3.

2030-njy ýyla çenli ykdysadyýetiň pudaklarynda işlejek raýatlaryň sany we olaryň zähmet haklary baradaky çaklama maglumatlaryny taýýarlamak

2010-njy ýylyň iýuly -

2010-njy ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti

4.

Türkmenistanyň erkek we aýal ilatynyň pensiýa ýaşy dolandan soňky ömürleriniň takmyny dowamlylygyny hasaplamak we bu görkezijiniň 2030-nji ýyla çenli ýyllar boýunça çaklamasyny taýýarlamak

2010-njy ýylyň iýuly -

2010-njy ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi

5.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň maliýe durnuklylygynyň köp ugurly hasaplamalaryny taýýarlamak

2010-njy ýylyň oktýabry -

2011-nji ýylyň marty

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi

6.

2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde 2012-nji ýylyň ýanwar - fewral aýlary üçin pensiýalary, maýyplyk we ekleýj isini ýitirenligi boýunça döwlet kömek pullaryny göz önünde tutmak üçin zerur bolan maliýe serişdelerini hasaplamak

2010-njy ýylyň iýuly -

2010-njy ýylyň awgusty

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

7.

2012—2014-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň taslamalaryny işläp taýýarlamak

2011-nji ýylyň iýuny -

2011-nji ýylyň sentýabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

8.

Türkmenistanyň durmuş taýdan üpjünçilik ulgamynda şertli-toplaýyş pensiýa usulyny ornaşdyrmakda maglumatlary alyş-beriş tehnologiýasyny döretmek

2010-njy ýylyň oktýabry -

2011-nji ýylyň noýabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministligi

9.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulyny we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny dolandyrmak üçin maglumat-hasaplaýyş enjamlaryny we abzallaryny satyn almak

2011-nji ýylyň ýanwary -

2011-nji ýylyň noýabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

10.

Raýatlaryň pensiýa maýasynyň we pensiýa gatançlarynyň şahsy hasaplaryny ýöretmek üçin programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak

2011-nji ýylyň marty -

2011-nji ýylyň noýabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi

11.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edarasyny we ýerlerdäki düzüm birliklerini ýerleşdirmek üçin edara binasy we zerur maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün etmek

2011-nji ýylyň marty -

2011-nji ýylyň noýabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Welaýat, şäher we etrap häkimlikleri Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi

12.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edarasynda we ýerlerdäki düzüm birliklerinde işlejek hünärmenleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak

2011-nji ýylyň ýanwary -

2011-nji ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Bilim ministrligi

13.

Şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilende eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralarda, kärhanalarda we guramalarda ilkinji pensiýa maýasyny hasaplamak

2011-nji ýylyň marty -

2011-nji ýylyň dekabry

Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşindäki edaralar, kärhanalar we guramalar, jemgyýetçilik guramalary

14.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulyny girizmek, Pensiýa gaznasyny döretmek hem-de ony dolandyrmak bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak

2011-nji ýylyň ýanwary -

2011-nji ýylyň iýuny

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

15.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmegi we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň döredilmegi bilen baglylykda durmuş üpjünçiligi edaralarynyň gurluşyny üýtgetmek boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak

2011-nji ýylyň ýanwary -

2011-nji ýylyň iýuny

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

16.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň tertibi barada duşuşyklary guramak we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly düşündiriş işlerini geçirmek Ündew-suratlary, wideorolikleri we beýleki tanyşdyryş maglumatlaryny taýýarlamak we halk köpçüligine yetirmek

2011-nji ýylyň ýanwary -

2011-nji ýylyň dekabry

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri Türkmenistanyň Medeniyet we teleradioýaylymlar ministrligi Türkmen döwlet neşirýat gullugy Jemgyýetçilik guramalary

 

 

 

 

 

 

 

 

| Esasy  | Indiki |