| Esasy  | Indiki |

PP-5624    09.07.2010

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklaryny zähmet şertlerine

laýyklykda köpeltmek hem-de pensiýalaryň, döwlet kömek

pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini

ýokarlandyrmak hakynda

 

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda döwletimiziň, ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini üpjün etmek, ilatymyzyň yaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň, 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem zähmete hak tölemegi tertipleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1.    2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan:

byujetden maliyeleşdirilyän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini zähmet şertlerine laýyklykda kdpeltmeli;

zähmet pensiyalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini l0 göterim ýokarlandyrmaly;

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 350 manat möçberde bellemeli we ony aflyk zähmet haklaryny düizgtinleqdirmek üçin ulanmaly.

2.    2011-ryi ýylyn l-nji ýanwaryndan:

zähmet pensiyalarynyň in ýokary möçberini aida 585 manat möçberde;

Beýik watangylyk urguna gatnagyjylaryn pensiyalarynyň aýda iň pes möçberini 574 manat, iň ýokary möçberini 766 manat möçberde;

 

Beýik Watangylyk urşunyn weteranlarynyň, olaryň yanyoldaşlarynyň we tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň aýda iň ýokary möçberini 702 manat möçberde;

zähmet pensiyasynyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk zähmet hakyny 746 manat möçberde;

pensiyanyň iň az möçberini kesgitlemek we döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 133 manat möçberde;

zäthmet pensiyasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň ölçegini 1 göterim möçberde bellemeli.

3.    2011-nji ýylyn l-nji ýanwaryndan:

döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy hem-de kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň, şeýle hem olaryň esasy düzüm birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana l-6-njy goşundylara laýyklykda tassyklamaly (goşulyar);

edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylarynyň aýlyk zäthmet haklaryny degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet hakynyň 80 göteriminden 85 göterimine çenli möçberde bellemeli.

4.    Zähmet haklarynyň möçberlerini zähmet şertlerine laýyklykda ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärgleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli.

5.    Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi üç aý möhletde:

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, we guramalaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň merkezi edaralarynyň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyh çýzgydyny;

ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we guramalaryň tabynlygyndaky düzüm birlikleriniň işgärlerine kärleri boýunça hak tölemegiň möçberlerini kesgitleýän aýlyk tarif stawkalaryny we olaryň aýlyk zähmet haklaryny işläp düzmeli hem-de bellenen tertipde tassyklamaly.

6.   2011-nji ýylyn 1-nji ýanwaryndan:

Türkmenistanda iş haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini köpeltmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji noýabrynda çykaran 5475-nji Permanyny;

Beýik Watangylyk urşunyiň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeýle hem tylda zähmet çeken weteranlaryň pensiyalarynyň mögberini köpeltmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 22-nji aprelinde çykaran 5587-nji Permanyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2004-nji ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 3174-nji buýrugyny;

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2005-nji ýylyn 30-njy awgustynda çykaran 3338-nji buýrugyny güýjüni ýitiren hasap etmeli.

7.   Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, Türrkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri, Türkmenistanyň Maliýe  ministri, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministri we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

 

 

| Esasy  | Indiki |