| Esasy  | Indiki |

09 sentýabr 2010 ý.

11250 Aşgabat ş.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ ulgamyny

kämilleşdirmek hakynda 

Durmuş üpjünçiligi hakyndaky Türkmenistanyñ Bitewi kanunyna laýyklykda pensiýa toplamalarynyñ hasabyny ýöretmegiñ hem-de pensiýa toplamalaryny dolandyrmagyñ we ýerleşdirmegiñ tertibini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem ilatyñ durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda pensiýa toplamalary boýunça şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmegiñ Tertibini;

Pensiýa toplamalaryny dolandyrmagyñ we ýerleşdirmegiñ Tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ 2006-njy ýylyñ 14-nji awgustynda çykaran 8012-nji kararyny (Türkmenistanyñ Prezidentiniñ namalarynyñ we Türkmenistanyñ Hökümetiniñ çözgütleriniñ 2006-njy ýyldaky 8-nji ýygyndysynyñ 1002-nji maddasy);

Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ ulgamyny kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ 2006-njy ýylyñ 14-nji awgustynda çykaran 8012-nji karary bilen tassyklanan, Pensiýa toplamalaryny maýa goýum görnüşinde ulanmagyñ tertibine we şertlerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyñ Prezidentiniñ 2007-nji ýylyñ 17-nji iýunynda çykaran 8712-nji kararyny (Türkmenistanyñ Prezidentiniñ namalarynyñ we Türkmenistanyñ Hökümetiniñ çözgütleriniñ 2007-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyñ 456-njy maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

3. Şu kararyñ ýerine ýetirilişine Turkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ ykdysady meseleler boýunça Orunbasary. Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministri, Turkmenistanyñ Merkezi bankynyñ müdiriýetiniñ başlygy we Turkmenistanyñ Ýokary gözegçilik edarasynyñ başlygy gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY  BERDIMUHAMEDOW

| Esasy  | Indiki |