| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Prezidentiniñ

2010-njy ýylyñ 09-njy sentyabrynda

çykaran 11250-nji karary bilen

tassyklandy

Pensiýa toplamalaryny dolandyrmagyñ we ýerleşdirmegiñ

TERTIBI

1. Türkmenistanda raýatlaryñ pensiýa toplamalaryny dolandyrmagyñ we ýerleşdirmegiñ Tertibi «Durmuş üpjünçiligi hakyndaky» Türkmenistanyñ Bitewi Kanunyna, Türkmenistanyñ beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça raýatlaryñ pensiýa toplamalaryny dolandyrmagyñ we ýerleşdirmegiñ usullaryny we şertlerini kesgitleýär.

2. Pensiýa toplamalary meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan ätiýaçlandyrylan her bir raýat üçin açylýan atly pensiýa hasaplaryndaky hasaby ýöredilýän raýatlaryñ pul serişdeleridir.

3. Pensiýa toplamalary:

raýatlaryñ pensiýa ätiýaçlandyrmasy gatançlarynyñ;

ýerleşdirilen pensiýa toplamalaryndan gelip gowşan maýa goýum girdejisiniñ;

Türkmenistanyñ kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriñ hasabyna emele gelýär.

4. Pensiýa toplamalary Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ (mundan beýläk-Ministrlik) degişli bank edaralarynda açýan ýörite hasabynda saklanýar.

Her welaýatyñ, etrabyñ, şäheriñ durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiñ (bölüminiñ) ýerleşýän ýeri boýunça bank edaralarynda ýörite hasabyñ üstaşyr hasaby açylýar.

5.Pensiýa toplamalarynyñ serişdeleri girew goýulmaýar ýa-da pensiýa toplamalarynyñ serişdelerini ýerleşdirmek we maýa goýuma gönükdirmek işine gatnaşyjylaryñ borçlaryny başga bir görnüşde üpjün etmek üçin ulanylmaýar.

6. Ministrlik pensiýa toplamalaryny dolandyrmagy ätiýaçlandyrylan raýatlaryñ bähbidine maýa goýum girdejisini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrýar.

7. Ministrlik tarapyndan pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmek aýratyn bölekleýin möçberler boýunça Ministrligiñ geçirýän bäsleşigi hem-de Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ bellenen tertipde geçirýän karz auksiony esasynda saýlanyp alnan bank edaralarynyñ depozit hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

8. Ministrlik bäsleşikde saýlanyp alnan bank edaralary bilen pensiýa toplamalaryny depozit hasaba ýerleşdirmek barada şertnama baglaşýar.

Pensiýa toplamalaryny depozit hasaba ýerleşdirmegiñ şertleri we möhletleri, olar boýunça göterimleriñ, şeýle hem puşmana pulunyñ anyk möçberleri şertnamada kesgitlenýär.

Pensiýa toplamalaryny depozit hasaba ýerleşdirmek boýunça göterimleriñ möçberi Türkmenistanyñ Merkezi banky tarapyndan bellenen gaýtadan maliýeleşdiriş derejesinden pes bolmadyk derejede bellenýär.

9. Yerleşdirilen pensiýa toplamalaryndan gelip gowşan maýa goýum girdejisi:

maýa goýum girdejisini atly pensiýa hasaplaryna hasaplap goşmak; Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ geçirýän karz auksionyna gatnaşmak bilen bagly çykdajylary ýapmak;

toplaýyş pensiýalary we pensiýa toplamalary boýunça bank hyzmatlaryny tölemek üçin ulanylýar.

10. Ministrlik pensiýa toplamalaryny depozit hasaba ýerleşdirmek boýunça amallary ýerine ýetirmek üçin degişli bank edarasynda aýratyn hasap açýar, şeýle hem aýratyn ýörite hasapda maýa goýum girdejileriniñ hasabyny ýöredýär.

ll. Pensiya toplamalaryny ýerleşdirmekden alnan maýa goýum girdejileri pensiýa toplamalary bilen birmeñzeş şertlerde ýerleşdirilýär.

12. Durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri ýerleşdirilen pensiýa toplamalaryndan gelip gowşan maýa goýum girdejisiniñ hasabyna bank edaralarynyñ raýatlara toplaýyş pensiýalaryny hem-de pensiýa toplamalaryny tölemek hyzmatlary üçin tölenýän möçberleriñ 0,1 göterimi mukdarda hyzmat hakyny töleýär.

13. Raýatlaryñ atly pensiýa hasaplaryndaky pensiýa toplamalarynyñ möçberlerine pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmekden alynýan maýa goýum girdejisi Ministrlik tarapyndan hasaplanýar.

Maýa goýum girdejisiniñ anyk möçberi bank edaralarynyñ toplaýyş pensiýasyny we pensiýa toplamalaryny tölemek boýunça hyzmatlary üçin harajatlaryñ öwezini dolmak boýunça hyzmat haky tölegleriniñ möçberini hem-de Türkmenistanyñ Merkezi bankynyñ geçirýän karz auksionyna gatnaşmak bilen bagly çykdajylary aýyrmak şerti bilen, pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmekden alnan hakyky girdejiniñ möçberinden ugur alnyp, Ministrlik tarapyndan kesgitlenýär.

Raýatlaryñ atly pensiýa hasaplaryna pensiýa gatançlarynyñ gelip gowşan senesine baglylykda olaryñ galyndylary boýunça maýa goýum girdejisiniñ möçberini hasaplap goşmak durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ ýerlerdäki düzümleri tarapyndan amala aşyrylýar.

Raýatlaryñ atly pensiýa hasaplaryna maýa goýum girdejisiniñ moçbenni hasaplap goşmak maýa goýum girdejisi alnandan soñky ýylyñ 1-nji martyndan gijä galynman amala aşyrylýar.

Ministrligiñ we durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ ýerlerdäki duzumlermiñ ýolbaşçylary maýa goýum girdejisiniñ wagtynda we dogry hasaplanyp goşulmagyny üpjün edýär.

14. Bank edaralary depozit hasabyna ýerleşdirilen pensiýa toplamalaryny depozit şertnamasynda bellenen möhletlerde Ministrlige:

doly gaýtarmaga;

doly gaýtarylmadyk ýagdaýynda möhleti geçen bergi üçin ylalaşylan möçberde puşmana puluny tölemäge borçludyr.

15. Bank edaralarynyñ depozit hasabyna ýerleşdirilen serişdeler doly gaýtarylmadyk halatynda Ministrligiñ olary degişli bank edaralaryndan bellenen tertipde töletdirip almaga hukugy bardyr.

16 Bank edaralary depozit hasabyna ýerleşdirilen pensiýa toplamalarynyñ serişdeleriniñ galyndysy we olara hasaplanýan maýa goyum girdejileri hakynda her aýda Ministrlige ýazmaça görnüşde hasabat berýär.

17. Ministrlik Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetine her aýda pensiýa toplamalarynyñ möçberi, ýerleşdirilişi, maýa goýum girdejisi we depozit hasaplaryna ýerleşdirilen serişdeleriñ gaýtarylyşy barada maglumatlary berýär.

 

 

| Esasy  | Indiki |