| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyn Prezidentiniñ

2010-njy ýylyñ 09-njy sentyabrynda

çykaran 11250-nji karary bilen

tassyklandy

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda

pensiýa toplamalary boýunça şahsy maglumatlaryñ

hasabyny ýöretmegiñ

TERTIBI

Umumy düzgünler

l. Şu Tertip Durmuş üpjünçiligi hakyndaky Türkmenistanyñ Bitewi kanunynyñ 18-nji maddasyna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa toplamalarynyñ şahsy maglumatlarynyñ hasabyny ýöretmegi guramagyñ we amala aşyrmagyñ tertibini kesgitleýär.

Pensiýa üpjünçiligi toplaýyş pensiýa ulgamyna esaslanýar. Şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalan, ätiýaçlandyrylan adamlar barada amala aşyrylýar.

Raýatlaryñ pensiýa gatançlaryna esaslanýan toplaýyş pensiýa ulgamy boýunça şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek 1998-nji ýylyñ 1-nji awgustyndan bäri amala aşyrylýar hem-de zähmet işi, şol sanda telekeçilik işi, şertnamalaýyn esasdaky, oba, şahsy kömekçi we öý hojalygy bilen, şeýle hem zähmet şertnamalaýyn esasda ulanylmaýan başga iş bilen meşgullanýan raýatlara degişlidir.

Pensiýa toplamalary baradaky şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi we ýerlerdäki edaralary tarapyndan guralýar hem-de amala aşyrylýar.

Şu Tertipde ulanylýan esasy düşünjeler we adalgalar

2. Toplaýyş pensiýa ulgamy - raýatlaryñ döwlet pensiýa upjünçihgi üçin töleýän meýletin ätiýaçlandyrma pensiýa gatançlaryna esaslanýan ulgamdyr.

Iş beriji - edara görnüşli taraplar, şol sanda zähmeti şertnamalaýyn esasda ulanýan daşary ýurtly edara görnüşli taraplar we olaryñ aýrybaşgalanan birlikleri, Turkmenistanyñ çäklerinde öz işini amala aşyrýan halkara guramalary, şeýle hem hususy telekeçiler, şol sanda daşary ýurt raýatlary, raýatlygy ýok adamlar.

Ätiýaçlandyrylan adamlar-döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalan adamlar.

Özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar-zähmeti şertnamalaýyn esasda ulanmasyz hususy telekeçilik işi, şeýle hem oba, şahsy kömekçi we öý hojalygy hem-de beýleki iş bilen meşgullanýan we ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlaryny özbaşdak töleýän adamlar.

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy-raýatlaryn we durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ arasynda baglaşylýan meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şertnamasy (mundan beýläk-şertnama) esasynda amala aşyrylýan ätiýaçlandyryşdyr.

Raýatlaryñ meýletin ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlary (mundan beýläk - gatançlar) şu Tertipde kesgitlenen tertipde we möhletlerde tölenilýän pul serişdeleridir. Gatançlaryñ möçberi zähmet hakynyñ, peýdanyñ (sap girdejiniñ) möçberine göterimlerde bellenilýär.

Gatançlaryñ möçberi şertnamada bellenilýär, ýöne ol Türkmenistanyñ çäklerinde, şeýle hem onuñ çäklerinden daşarda alynýan zähmet hakynyñ (peýdanyñ) 2 göteriminden az bolmaly däldir. Özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar meýletin pensiýa gatançlaryny şertnamada bellenen, ýöne Turkmenistan boýunça geçen ýyldaky ortaça aýlyk iş hakynyft iki göteriminden az bolmadyk möçberde töleýärler.

Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan adamlar pensiýa gatançlaryny öndürilýän önümleriñ möwsümini nazara almak bilen, ýöne azyndan ýylda bir gezek bank edaralarynyñ üsti bilen töleýär.

Şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek:

iş berijilerden, gatançlary özbaşdak töleýän adamlardan hem-de özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlardan döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlar boýunça gowuşýan maglumatlaryñ;

pensiýa toplamalaryna hasaplanyp goşulýan girdejileriñ;

toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny tölemek, şol sanda bir gezek tölemek boýunça çykdajylaryñ bellenilen tertipde hasabyny ýöretmegi guramak we amala aşyrmakdyr.

Raýatlaryñ meýletin pensiýa gatançlary we hasaplanyp goşulan maýa goýum girdejisi boýunça şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek awtomatlaşdyrylan esasda amala aşyrylýar.

Atly pensiýa hasaby - döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalan adamlaryñ pensiýa toplamalary hakynda Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ maglumat binýadyna goşulýan maglumatlary öz içine alýan resmi nama.

Pensiýa toplamalary:

raýatlaryñ ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlarynyñ; maýa goýum girdejisiniñ;

Türkmenistanyñ kanunçylygy bilen gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriñ jemi möçberidir.

 

Şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmegin maksady

 

3. Şahsy maglumatlaryñ hasaby:

meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryñ hasabyny yöretmek;

ätiýaçlandyrylan raýatlaryñ pensiýa toplamalaryny } erleşdirmekden alnan girdejileriñ hasabyny ýöretmek;

pensiýa bellemek üçin maglumat binýadyny döretmek;

zähmet haky (girdeji), pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlar hakynda ygtybarly maglumatlary üpjün etmek;

toplaýyş pensiýasyny bellemegiñ hem-de ony we pensiýa toplamalaryny tölemegiñ usullaryny kämilleşdirmek;

ätiýaçlandyrylan adamlary hasaba almagyñ, olaryñ pensiýa toplamalarynyñ ýeke-täk binýatlyk maglumatlar ulgamyny döretmek;

pensiýalary tölemäge çykdajylary çaklamak üçin maglumatlar binyadyny döretmek maksatlary bilen ýöredilýär.

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmegi durmuş taýdan üpjünçilik edaralary şu maksatlar uçin ýonte işlemhp düzülen kompýuter programmasy esasynda amala aşyryar.

4. Şahsy maglumatlaryñ hasabyny ýöretmek şertnamanyñ güýje giren pursadyndan başlap amala aşyrylýar hem-de atly pensiýa hasabyndaky pensiýa toplamalarynyñ serişdeleri doly sarp edilýänçä dowam edýär.

 

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça şahsy

maglumatlaryñ hasabyny ýöretmegiñ ilkinji resmi namalary

 

Şahsy maglumatlary ýöretmegiñ ilkinji resmi namalarynyñ nusgalaryny Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyñ Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşyp tassyklaýar.

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen gurşalan, şertnamalaýyn esasda zähmet işi bilen meşgullanýan adamlar bellenilen nusga boýunça sowalnamany doldurýar.

Ätiýaçlandyrylan adamyñ sowalnamasynda görkezilen maglumatlaryñ ygtybarlylygy üçin ätiýaçlandyrylan adamlar hem-de is beriji jogapkärçilik çekýär.

Durmuş taýdan üpjünçilik edarasy sowalnamadaky maglumatlar we şertnama esasynda (şertnamalaýyn esasda zähmet işi bilen meşgullanýan adamlar üçin) hem-de şertnama esasynda (özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar üçin) her bir ätiýaçlandyrylan adam barada atly pensiýa hasabyny açýar.

Ätiýaçlandyrylan adamyñ sowalnamasyny we şertnamasyny iş beriji durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna berýär, şol edara bolsa sowalnama we şertnama hasaba alyş belgisini berýär.

Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasyny:

şertnamalaýyn esasda zähmet işi bilen meşgullanýan adamlar üçin - sowalnamanyñ maglumatlary we şertnama esasynda;

özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar üçin - şertnamanyñ maglumatlary esasynda ýazyp berýär.

9. Hasaba alyş belgisi şertnama, pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasy we atly pensiýa hasaby üçin ýeke-täk belgi bolup durýar. Hasaba alyş belgisi ätiýaçlandyrylan adamyñ işleýän (ýaşaýan) ýeriniñ üýtgemegine garamazdan, şertnamanyñ hereket edýän bütin döwri üçin saklanyp galýar.

10. Şertnamany baglaşan, şertnamalaýyn esasda zähmet işi bilen meşgullanýan adamlar işleýän ýeri boýunça durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda, özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar-ýaşaýan ýeri boýunça durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda hasaba alynmaga degişlidir.

11. Şahadatnama we şertnamanyñ bir nusgasy ätiýaçlandyrylan
adama berilýär.

Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ sowalnamasy

 

12.     Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ sowalnamasy şertnamalaýyn esasda zähmet işi bilen meşgullanýan adamlar üçin doldurylýar.

Sowalnamada şu maglumatlar görkezilýär:

ady, atasynyñ ady, familiýasy;

doglan ýeri, ýyly, aýy we güni, jynsy;

ätiýaçlandyrma belgisi;

pasportyñ (şahsyýetnamanyñ) seriýasy, belgisi, berlen senesi, kim tarapdan berlendigi;

çäkleriñ kody;

ýaşaýan ýeri;

ýazga alnan ýeri;

gulluk we öý telefonlarynyñ belgileri; kärhananyñ, guramanyñ, edaranyñ ady we ýerleşýän ýeri; kärhananyñ, guramanyñ, edaranyñ eýeçilik görnüşiniñ kody; kärhananyñ, guramanyñ, edaranyñ kody;

meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şertnamasynyñ barlygy hakynda maglumat.

 

Ätiýaçlandyrylan adamyñ sowalnamasyna

goşmaça maglumatlar

 

13. Ätiýaçlandyrylan adamyñ sowalnamasyna goşmaça maglumatlarda şular görkezilýär:

ady, atasynyñ ady, familiýasy;

ätiýaçlandyrylan adamyñ hasapda durýan durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyñ ady we ýerleşýän ýeri;

ätiýaçlandyrylan  adamyñ hasaba alynmagynyñ we hasapdan aýrylmagynyñ senesi (sebäplerini görkezmek bilen);

ätiýaçlandyrylan adamyñ iş ýeriniñ üýtgemegi hakynda maglumat;

ätiýaçlandyrylan adama pensiýanyñ bellenilmegi hakynda maglumatlar (pensiýany bellän durmuş taýdan üpjünçilik edarasy görkezilýär);

pensiýany bellemek hakyndaky çözgüdiñ senesi we belgisi; bellenilen toplaýyş pensiýasynyñ möçberi; goýum hasabynyñ belgisi.

 

Atly pensiýa hasaby

 

14. Atly pensiýa hasabynda şu maglumatlar bolýar:

atly hasabyñ belgisi;

ady, atasynyñ ady, familiýasy;

doglan ýeri, ýyly, aýy we güni, jynsy;

hasabyñ açylan, ýapylan we geçirilen senesi;

pensiýa gatançlarynyñ gowşan senesi (ýyly, aýy, güni);

pensiýa gatançlaryny hasaplamak üçin esas bolan zähmet hakynyñ, peýdanyñ (sap girdejiniñ) möçberi;

meýletin pensiýa gatançlarynyñ göterimi we möçberi;

atly pensiýa hasabynda hasaba alnan pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmekden alnan girdejiniñ möçberi;

toplaýyş pensiýasy boýunça çykdajylaryñ möçberi;

pensiýa toplamalarynyñ möçberi;

kärhananyft, guramanyft, edaranyñ kody we ady;

pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin geçirilen gatançlar hakynda töleg tabşyryknamasynyñ senesi we belgisi;

pensiýa gatançlarynyñ tölenilendigi hakyndaky töleg hatynyñ senesi we belgisi.

15. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlar hakyndaky maglumatlar bank edarasynyñ gatançlaryñ hasaba geçirilmegi hakyndaky tassyknamasy bilen, ätiýaçlandyrylan adamlaryñ atly pensiýa hasabyna iş berijiler tarapyndan berlen maglumatlara laýyklykda ýazylýar.

16. Yylyñ jemleri boýunça ätiýaçlandyrylan adamlaryñ atly hasaplaryna pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmekden alnan girdeji hasaplanyp geçirilýär. Girdejiniñ möçberini Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi bellenilen tertipde kesgitleýär.

17. Atly pensiýa hasabyndaky maglumatlar gizlin bolup durýar.

18. Atly pensiýa hasaby buhgalteriýa hasaba alşynyñ we hasabatlylygynyñ resmi namalaryny saklamagyñ kadalary boýunça saklanylýar.

19. Atly pensiýa hasaby bütin ätiýaçlandyryş döwrüniñ dowamynda ýöredilýär hem-de ätiýaçlandyrylan adamyñ toplaýyş pensiýasy üçin hukuklarynyñ resmi nama görnüşli esasy bolup durýar.

20. Atly pensiýa hasaby şertnama bozulan hem-de atly hasapdaky senşdeler doly sarp edilen halatlarda ýapylýar.

21. Şertnama we ätiýaçlandyrylan adamyñ atly pensiýa hasaby şol hasap ýapylandan soft arhiwe bellenilen tertipde saklamak üçin berilýär.

 

Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasy

 

22. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasynda şular görkeziiýär:

ady, atasynyñ ady, familiýasy;

doglan senesi, ýeri we jynsy;

ýaşaýan ýeri;

gulluk we öý telefonlarynyñ belgileri;

şahadatnamany beren durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyñ ady; şahadatnamanyñ berlen senesi;

girdeji hakyndaky maglumatlar (pensiýa gatançlarynyñ hem-de hasaplanyp goşulan girdejisiniñ möçberi;

çykdajylar hakynda maglumatlar;

pensiýa toplamalarynyñ galyndysy.

23. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasy:

ady, atasynyñ ady, familiýasy üýtgedilen;

şahadatnamadaky maglumatlar nätakyk ýa-da ygtybarsyz;

şahadatnama peýdalanmak üçin ýaramsyz bolan halatlarda çalşyrylmaga degişlidir.

24. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasyny çalşyrmak zerur bolanda ýa-da ol ýitirilen mahaly durmuş taýdan üpjünçilik edaralary ätiýaçlandyrylan adamyñ arzasy esasynda arza alnan pursatdan başlap bir aý möhletde şahadatnamanyň öwezlik nusgasyny berýär.

25. Pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasy ätiýaçlandyrylan adamda saklanylýar hem-de onda fotosurat we degişli durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyñ möhüri bar mahaly hakykydyr.

 

Iş berijilerin maglumatlary durmuş taýdan

üpjünçilik edaralaryna bermeginiñ tertibi

 

26. Iş beriji hasabat aýyndan soñky aýyñ 20-sinden gijä galman her aýda ätiýaçlandyrylan adamlaryñ pensiýa gatançlary tutulyp alnan zähmet haky hakyndaky we pensiýa gatançlarynyñ möçberi hakyndaky maglumatlary durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna berýär. Iş berijileriñ berýän maglumatlarynda şular görkezilýär:

ätiýaçlandyrylan işgärleriñ ady, atasynyn ady, familiýasy we ätiýaçlandyrma belgisi;

kärhananyft, guramanyñ, edaranyñ ady we kody;

ministrligiñ, pudak edarasynyñ, ýerli birligiñ kody;

kärhananyñ, guramanyñ, edaranyñ salgyt kody;

kärhananyñ, guramanyñ, edaranyñ eýeçilik görnüşiniñ kody;

pensiýa gatançlary tutulyp alnan döwür;

gatançlaryñ möçberini görkezmek bilen, pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryñ hasaplanyp geçirilmegi hakyndaky töleg tabşyryknamasynyñ senesi we belgisi;

töleýji bankyñ we alyjy bankyñ ady;

işgärleriñ sany we olaryñ geldi-geçerligi hakynda maglumat. Maglumatlar goşundysy bilen iş berijiler tarapyndan kagyzyñ ýüzüne ýazylyp ýa-da elektron magnit göterijilerde berilýär.

27. Iş berijileriñ pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlary wagtynda hem-de doly hasaplap geçirişine, gatançlaryñ gelip gowuşýan döwrüne gözegçilik etmek maksady bilen, durmuş taýdan üpjünçilik edaralary hasaba alşy kärhanalar, guramalar, edaralar boýunça aýry-aýry ýöredýär.

28. Ätiýaçlandyrylan adam başga bir iş (gulluk) ýerine geçirilen ýa-da ol işden boşadylan mahaly, şeýle hem kärhana, gurama ýa-da edara ýapylan mahaly iş beriji şol kärhanada, guramada, edarada zähmet çeken ähli döwri hasaplanylyp geçirilen gatançlar hakynda göçürmäni bermäge borçludyr, şol göçürme bolsa durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna berilýär.

29. Iş berijiniñ beren hasabyny ýörediş maglumatlary durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ maglumatlary bilen deñ gelmeýän we/ýa-da maglumatlarda ýalñyşlyklar bar mahaly durmuş taýdan üpjünçilik edaralary zerur maglumatlaryñ berilmegini gaýtadan soramaga haklydyr.

30. Is beriji tarapyndan bellenilen nusgalar we resmi namalary doldurmagyñ kadalary bozulyp berlen maglumatlar tä olar bellenilen talaplara laýyk getirilýänçä atly hasaba ýazylmaýar. Şeýle resmi namalaryñ göçürme nusgalary degişli üýtgetmeleri girizmek üçin iş berijä gaýtarylýar.

31. Is beriji tarapyndan kagyzyñ ýüzüne ýazylan görnüşde berlen resmi namalara iş berijiniñ ýolbaşçysynyñ şahsy goly we onuñ guramasynyñ möhri bilen güwä geçilen bolmalydyr. Elektron görnüşde berlen resmi namalaryñ hukuk güýji elektron san gol görnüşinde tassyklanylmalydyr.

32. Raýatlyk ýagdaýynyñ namalarynyñ ýazgysy edaralary her aýda etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerine ýaşy 14-den uly adamlaryñ aradan çykmagynyñ hasaba alnandygy hakyndaky maglumatlary berýär.

 

Ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlarynyñ hereketiniñ tertibi

 

33. Her bir welaýatda, etrapda, şäherde Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ müdirlikleri (bölümleri) zähmet pensiýasyny töleýän bank edaralarynda raýatlaryñ toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny tölemek üçin kömekçi hasaplary açýar.

34. Her bir welaýatyñ, etrabyñ, şäheriñ durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiñ (bölüminiñ) ýerleşýän ýeri boýunça bank edaralarynda ýörite hasabyñ üstasyr geçiriş hasaby açylýar.

35. Iş berijiler pensiýa gatançlaryny töleýän ätiýaçlandyrylan adamlaryñ sanawynda durmuş taýdan üpjünçilik edaralary şol maglumatlaryñ kabul edilendigi üçin bellik edenden soñ, töleg tabşyryknamasy arkaly pensiýa gatançlaryny üstaşyr geçiriş hasabyna geçirýär.

36. Pensiýa gatançlarynyñ möçberleriniñ geçirilmegi hakyndaky töleg tabşyryknamalary bank edarasyna zähmet hakyny we hak-heşdekleri tölemek üçin serişdeleri almaga resmi namalary bermek bilen bir wagtda berilýär. Zähmet hakyny söwda girdejisinden töleýän guramalar babatda tabşyryknamalar bank edarasyna zähmet haky tölenilýän günde berilýär.

Bank edaralary zähmet hakyny tölemek üçin serişdeleri bermegi hem-de meýletin pensiýa gatançlaryny geçirmegi şol bir wagtda amala aşyrýar.

37. Bank edaralary üstaşyr geçiriş hasabyna gowşan serişdeler hakyndaky maglumatlary her gün durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna berýär. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary bank edaralaryndan maglumatlar alnan günde her gün üstaşyr geçiriş hasabyna gowşan serişdeleri töleg tabşyryknamasy arkaly Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyna geçirýär.

38. Türkmenistanyft Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyny alyp barýan bank üstaşyr geçiriş hasaplaryndan serişdeler Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyna gowşan gününden soñky günden gijä galman, her gün şol Ministrlige gowşan serişdeleriñ möçberleri hakyndaky maglumatlary berýär.

39. Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny, şol sanda bir gezek tölenilýänlerini tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek maksady bilen, Ministrligiñ ýörite hasabyndan pul serişdelerini welaýatyñ durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiñ ýörite hasabynyñ kömekçi hasabyna geçirýär.

40. Welaýatlarda toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny tölemek üçin çykdajylary paýlamak maksady bilen, Turkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabynyft kömekçi hasaby welaýatyñ durmuş taýdan üpjünçilik müdirligine hyzmat edýän bank edarasynda açylýar.

Welaýatyft durmuş taýdan üpjünçilik müdirligi ýörite hasabyft özüne degişli kömekçi hasabyndan pul serişdelerini etraplaryft (şäherlerin) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleriniñ ýörite hasaplarynyñ kiçi hasaplaryna paýlaýar.

41. Etraplarda, şäherlerde toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny, şol sanda bir gezek tölenilýänlerini tölemek üçin ýörite hasabyñ kömekçi hasaby zähmet pensiýasyny töleýän bank edarasynda açylýar.

 

Özbaşdak is bilen meşgullanýan adamlaryñ durmuş taýdan

üpjünçilik edaralaryna geçirilen pensiýa gatançlary hakyndaky

maglumatlary bermeginiñ tertibi

 

42. Özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar tölenilen pensiýa gatançlarynyñ möçberi hakyndaky maglumatlary durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna azyndan çärýekde bir gezek berýär. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan adamlar gatançlary azyndan ýylda bir gezek töleýär.

43. Türkmenistanyñ Daýhanbank döwlet täjirçilik bankynyñ bölümleri, şeýle hem beýleki bank edaralary pensiýa gatançlaryny oba hojalyk önümlerini öndürýän adamlaryñ hem-de meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şertnamasyny baglaşan kärendeçileriñ sap girdejisinden durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan berlen sanawa laýyklykda tutup alýar. Tutup almak gutarnykly hasaplaşyklar geçirilen pursatda amala aşyrylýar.

Oba hojalyk önümlerini öndürýän adamlardan we kärendeçilerden tutup almak amaly geçirilenden soñ, pensiýa gatançlary bank edarasy tarapyndan durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ üstaşyr geçiriş hasabyna geçirilýär.

44. Pensiýa gatançlarynyñ möçberlerini takyklamak zerur bolan mahaly durmuş taýdan üpjünçilik edaralary ätiýaçlandyrylan adamdan zerur maglumatlary gaýtadan soramaga haklydyr.

 

Iş berijiniñ hukuklary we borçlary

 

45. Iş berijiniñ şulara hukugy bar:

raýatlar işe kabul edilen mahaly pensiýa ätiýaçlandyrmasy şertnamasynyñ barlygyny takyklamaga;

şu Tertibe laýyklykda durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna ätiýaçlandyrylan adam hakynda beren maglumatlarynyñ üstüni dolmaga we olary takyklamaga.

46. is beriji:

zähmet depderçesine meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy şertnamasyny baglaşandygy hakyndaky maglumatlary ýazmaga;

zähmet hakyny tölemek üçin serişdeleriñ alynmagynyñ we pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin serişdeleriñ geçirilmeginiñ şol bir wagtda amala aşyrylmagyny üpjün etmäge;

her aýda durmuş taýdan üpjünçilik edaralary bellik edenden soñ, pensiýa gatançlaryny üstaşyr geçiriş hasabynyñ üsti bilen Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyna geçirmäge;

işleýänleriñ sany, ätiýaçlandyrylan adamyñ zähmet hakynyñ (girdejisiniñ) hem-de tutulyp alnan gatançlaryñ möçberi hakyndaky maglumatlary, şeýle hem işgärleriñ geldi-geçerligi hakyndaky maglumatlary durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna her aýda bermäge;

işgär ýüz tutan mahaly we işden boşadylan mahaly oña tutulyp alnan hem-de geçirilen pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryñ möçberleri hakyndaky maglumatlary bermäge borçludyr.

 

Ätiýaçlandyrylan adamyñ hukuklary we borçlary

 

47. Ätiýaçlandyrylan adamyñ:

pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryñ tutulyp alynmagy we geçirilmegi bilen baglanyşykly durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna berlen şahsy maglumatlarynyñ berilmegini is berijiden (yzygiderli we işden boşadylan mahaly) talap etmäge;

özüniñ atly pensiýa hasabyndan göçürmäni almaga;

şahsy hasabyny ýörediş maglumatlaryny takyklamak ýa-da olardaky nätakyklyklary düzetmek hakynda arza bilen durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna ýüz tutmaga;

öz atly hasabyndaky pensiýa toplamalaryny bellenilen tertipde almaga;

öz atly hasabynda durýan, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça toplanan serişdeleri bellenilen tertipde miras goýmaga;

durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ meseleleri boýunça düzgünnamalary hem-de gollanmalary bilen tanyşmaga;

pensiýa gatançlarynyñ doly hem-de wagtynda tutulyp alynmagyny hem-de olaryñ durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyñ üstaşyr geçiriş hasabynyñ üsti bilen Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyna geçirilmegini is berijiden talap etmäge hukugy bardyr.

48. Ätiýaçlandyrylan adam:

pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şertnamasyny we şahadatnamasyny almaga, saklamaga hem-de olary durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ talaby boýunça görkezmäge;

pensiýa gatançlaryny şu Tertipde bellenilen tertipde we möhletlerde tölemäge;

öz atly hasabyndaky maglumatlar üýtgän, şeýle hem pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasyny ýitiren halatda şu Tertibe laýyklykda durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna ýüz tutmaga borçludyr.

 

Durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ hukuklary

we borçlary

 

49. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyñ:

şu Tertibe laýyklykda maglumatlaryñ wagtynda we dürs berilmegini iş berijilerden, ätiýaçlandyrylan adamlardan talap etmäge;

pensiýa gatançlarynyñ möçberini takyklamak zerur bolan mahaly ätiýaçlandyrylan adamdan zerur maglumatlary gaýtadan soramaga;

pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlary hasaplamagyñ, wagtynda tutup almagyñ hem-de geçirmegiñ meseleleri boýunça kärhanalarda, guramalarda we edaralarda barlaglary geçirmäge;

pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlaryñ wagtynda geçirilmändigi üçin maliýe jerimelerini Salgytlar hakyndaky Türkmemstanyñ Bitewi kanunynda bellenilen tertipde ulanmaga we puşmana pullaryny hasaplap goşmaga hukugy bardyr.

50. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary:

pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ düzgünlerini we şertnamalary baglaşmagyñ tertibini raýatlara düşündirmäge;

ätiýaçlandyrylan adamlaryñ resmi namalaryny wagtynda hasaba almaga;

atly pensiýa hasaplaryndaky pensiýa toplamalarynyñ hasabyny ýöretmäge;

iş berijiler, ätiýaçlandyrylan adamlar tarapyndan berlen maglumatlary ilkinji resmi namalara, hasaba alyş sanawlaryna wagtynda girizmäge;

iş berijiniñ pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlary doly hem-de wagtynda geçirişine yzygiderli gözegçilik etmäge;

ätiýaçlandyrylan adamlara atly hasapdan göçürmäni, pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasyny;

döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary hakynda iş berijilere habar bermäge borçludyr.

 

Bank edaralarynyñ hukuklary we borçlary

 

51. Bank edaralarynyñ ätiýaçlandyrylan adam tölegleri almak üçin ýüz tutan mahaly onuñ pensiýa ätiýaçlandyrmasynyñ şahadatnamasyny görkezmegini talap etmäge hukugy bardyr.

52. Bank edaralary:

zähmet hakyny tölemek üçin serişdeleri bermegi we pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin serişdeleri geçirmegi şol bir wagtda amala aşyrmaga;

pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin gatançlar boýunça töleg tabşyryknamalaryny diñe zähmet hakyndan gatançlar görnüşinde pensiýa ätiýaçlandyrmasy üçin serişdeler tutulyp alnan işgärleriñ şahsy sanawyny alandygy hakynda durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyñ belligi bar mahaly kabul etmelidir;

üstaşyr geçiriş hasabynda we kömekçi hasapda bolan galyndylar hem-de olardaky serişdeleriñ hereketi hakynda - welaýatlaryñ, etraplaryñ (şäherleriñ) durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna;

Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiñ ýörite hasabyndaky galyndylar we olardaky serişdeleriñ hereketi hakynda -Türkmenistanyñ Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine her gün göçürmäni bermäge borçludyr.

 

 

| Esasy  | Indiki |