| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak

ministrligini döretmek hakynda

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini mundan beýläk hem dowam etdirmek, ýurdumyzda zähmet we iş üpjünçiligi meselelerini düzgünleşdirmek, ilatyň zähmet hukuklaryny we kepilliklerini üpjün etmek hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1.  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini döredip, Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligini ýapmaly.

2.  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini ýapylan Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3.  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4.  Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary T.Japarow gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

| Esasy  | Indiki |