| Esasy  | Indiki |

27 maý 2011 ý.

11649 Aşgabat ş.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

 

Türkmenistanda ilatyň iş bilen üpjünçilik ulgamyny

 kämilleşdirmek hakynda

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işçi güýjüne bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, raýatlary hünäre gönükdirmek babatdaky işleri kämilleşdirmek we talaba laýyk ýola goýmak maksady bilen, karar edýärin:

1.   Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerini bellenen tertipde döretmeli.

2. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagyndaky welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň zähmet biržalaryny ýapmaly.

3.   Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýapylan zähmet biržalarynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

4.   Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi:

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri hakyndaky Düzgünnamany;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri tarapyndan raýatlaryň işçi hünärlerini taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary guramagyň we maliýeleşdirmegiň tertibini taýýarlamaly hem-de tassyklamaly. 

5.  Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerini saklamak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri 2011-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.

6.    Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleriniň tölegli hyzmatlaryndan gelip gowuşýan serişdeleri Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmeli.

7.    Iş bilen üpjünçilik hyzmatlary Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralara, şeýle hem kärhananyň ýatyrylmagy, işgär sanynyň ýa-da wezipe sanawynyň gysgaldylmagy bilen bagly iş ýerini ýitiren we durmuş taýdan goraglylyga mätäç raýatlara tölegsiz, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalara we guramalara, şeýle hem hususy telekeçilere olaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylmaly.

8.    Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem hususy telekeçiler:

işçi güýjüne bolan islegi barada welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri bilen tölegli esasda şertnama baglaşmaly;

boş iş orunlary, eýelenmedik wezipeler baradaky maglumatlary we işgärleriň zerurlygy hakyndaky ýüztutmalary her çärýekde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliklerine bermeli;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň Ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirlikleri tarapyndan ýollanyş haty esasynda işe ýerleşmäge ugradylan raýatlary bellenen tertipde işe kabul etmeli.

9.  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

10.  Türkmenistanda zähmet biržalaryny döretmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran 3171-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň 1997-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 5698-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli. 

11. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Bilim ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY  BERDIMUHAMEDOW

| Esasy  | Indiki |