| Esasy  | Indiki |

06 ýanwar 2012 ý.

11992 Aşgabat ş.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş

taýdan goramak ministrliginiň işini

kämilleşdirmek hakynda

 

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň döredilmegi bilen baglylykda we ýurdumyzda zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmek maksady bilen karar edýärin:

1.   Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamany;

         Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny tassyklamaly (goşulýar).

2.   Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň  merkezi edarasynyň 70 işgäri bolmaly (hyzmat edýän işgärler muňa girmeýär).

3.  Türkmenistanyň Maliýe ministrligi şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri 2012-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetine girizmeli.

4. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligini hem-de onuň garamagyndaky edaralary saklamak bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

5.  Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň meseleleri hakynda Türkmenistanyň Prezientiniň
2011-nji ýylyň 8 aprelinde çykaran 11593-nji kararyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2011-nji ýyldaky 4,5-nji ýygyndysynyň 1307-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap etmeli.

6.    Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Goçyýew, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY  BERDIMUHAMEDOW

| Esasy  | Indiki |