| Esasy  | Indiki |

 

TÜRKMENISTANYŇ BITEWI KANUNY

DURMUŞ ÜPJÜNÇILIGI HAKYNDA

 

 

(23.10.2008 ý. ¹234-III, 06.03.2009 ý. ¹23-IV, 01.01.2010 ý. ¹80-IV,
22.04.2010
 ý. ¹103-IV, 26.11.2010 ý. ¹151-IV, 26.03.2011 ý. ¹181-IV, 21.05.2011 ý. ¹200-IV, 14.12.2011 ý. ¹247-IV girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

 

Şu Bitewi kanun Türkmenistanda durmuş üpjünçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, pensiýa we döwlet kömek puluny almaga hukugy bolan adamlaryň pensiýa we döwlet kömek puly bilen üpjünçiligini kepillendirýär, pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň, pensiýany we döwlet kömek puluny bellemegiň, hasaplamagyň we tölemegiň tertibini hem-de şertlerini kesgitleýär.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

1-nji madda.         Durmuş üpjünçiligi

Türkmenistanda durmuş üpjünçiligi zähmete ukypsyz raýatlarà, maýyplarà, çagaly maşgalalarà we beýleki adamlarà pensiýalar, döwlet kömek puly görnüşinde maddy tölegleri hem-de durmuş ýeňilliklerini bermek we olara durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.

2-nji madda.         Türkmenistanyň durmuş üpjünçiligi hakyndaky kanunçylygy

1. Türkmenistanyň durmuş üpjünçiligi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Bitewi kanundan, Türkmenistanyň raýatlarynyň durmuş üpjünçiligi meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

2. Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) şu Bitewi kanunda görkezilen düzgünlerden başga düzgünler göz öňünde tutulan bolsa, onda halkara şertnamalarynyň (ylalaşyklarynyň) düzgünleri ulanylýar.

3. Durmuş üpjünçiligi meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Bitewi kanunyň esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine garşy gelmeli däldir. Şeýle garşylyk ýüze çykanda, şu Bitewi kanunyň düzgünleri ulanylýar.

3-nji madda.         Bitewi kanunyň hereket edýän çägi

1. Şu Bitewi kanun Türkmenistanyň durmuş üpjünçiligine hukugy bolan raýatlaryna şu Bitewi kanunda kesgitlenýän tertipde we şertlerde degişlidir.

2. Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede, şu Bitewi kanunda kesgitlenýän tertipde we şertlerde durmuş üpjünçiligine bolan hukukdan peýdalanýarlar.

4-nji madda.         Durmuş üpjünçiligi babatda döwlet syýasaty

Durmuş üpjünçiligi babatda döwlet syýasaty:

1) durmuş üpjünçiligi babatda bitewi syýasaty üpjün etmäge;

2) Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen, raýatlaryň durmuş üpjünçiligine hukuklaryny we şu Bitewi kanunda, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen ýeňillikleri durmuşa geçirmäge;

3) durmuş üpjünçiligi ulgamynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmäge, durmuş goraglylygyny niýetlenen ugra gönükdirmegi üpjün etmäge;

4) durmuş üpjünçiliginiň hukuk binýadyny mundan beýläk hem kämilleşdirmäge;

5) durmuş üpjünçiligi ulgamynyň maliýe durnuklylygyny ýokarlandyrmaga;

6) durmuş üpjünçiliginiň dürli görnüşleriniň raýatlar üçin elýeterli bolmagyna gönükdirilendir.

5-nji madda.         Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy

Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy raýatlaryň pensiýa ýaşyna ýeten, maýyp bolan, ekleýjisini ýitiren halatlarynda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki durmuş ätiýaçlandyryş halatlarynda, olaryň durmuş goraglylygyna gönükdirilen hukuk, ykdysady, durmuş we guramaçylyk çäreleriniň ulgamyndan ybaratdyr.

6-njy madda.        Ölçeg

1. Ölçegbu arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulynyň möçberini hasaplamak üçin ulanylýan we kesgitlenen ululygy aňladýan görkezijidir.

2. Ölçeg raýata arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy we maýyplyk boýunça döwlet kömek puly bellenýän gününe çenli onuň iş döwrüniň her bir ýyly üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

7-nji madda.         Şahsy koeffisiýent. Pensiýany we maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak üçin iş haky

1. Şahsy koeffisiýent arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň we maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin ulanylýar.

2. Şahsy koeffisiýent islendik yzygiderli bäş senenama ýyly üçin kesgitlenilýär.

Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylyp başlanan wagtyndan bärdäki döwrüniň zähmet haky barada maglumatlar beren adamlaryň gazanjy oba hojalyk pudagynyň görnüşine baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenýän bir adama düşýän işiň ölçeginden ugur almak bilen kabul edilýär.

3. Adamyň şahsy koeffisiýenti, onuň bir ýyldaky ortaça aýlyk iş hakyny degişli ýyllarda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen, her senenama ýyly üçin aýratyn hasaplanyp, olaryň jemini bolsa, ýyllaryň sanyna bölmek ýoly bilen kesgitlenilýär.

4. Raýatyň ortaça aýlyk iş hakynyň möçberinde wezipe aýlyk haky, tarif möçberi boýunça, zähmet rugsady üçin tölegler, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna tutumlar geçirilen tölegler we haklar, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puly hasaba alynýar, muňa zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamynda göz öňünde tutulmadyk birwagtlaýyn häsiýetli tölegler girmeýär.

Şu Bitewi kanunyň 25-nji maddasynyň sekizinji we dokuzynjy böleklerinde görkezilen adamlaryň gazanjyna, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen şertlerinde, awtorlyk galam haky hem goşulýar.

5. Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemekden boşadylan eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlän döwürlerindäki gazanjy barada maglumat beren adamlaryň şahsy koeffisiýenti hasaplananda gazanjyň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen görnüşleri ýaly gazanç görnüşleri goşulýar.

6. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan adamlaryň arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyny we maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny hasaplamak üçin aýlyk iş hakyna zähmete hak tölemegiň ähli görnüşleri goşulýar.

Ortaça aýlyk iş hakynyň hasaplanýan döwrüniň bir bölegi oba hojalyk onümlerini öndürmek üçin işlän döwrüne, bir bölegi bolsaykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän döwrüne düşýän bolsa, onda her döwürdäki aýlyk iş haky, degişlilikde, bellenen kadalar boýunça hasaba alynýar.

7. Şahsy koeffisiýentiň iň ýokary möçberi 2,5 derejede kesgitlenýär.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna we zähmete hak tölemegiň şertlerine baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan şahsy koeffisiýentiň iň ýokary möçberiniň başga bir ululygy bellenilip bilner.

8. Raýatlar tarapyndan, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça, işlän döwrüniň bütin dowamynda yzygiderli bäş senenama ýylynyň iş haky baradaky maglumatlary bermek mümkinçiligi bolmasa, şahsy koeffisiýent iş haky bilen tassyklanan hakyky döwür üçin hasaplanyp bilner, şunda ol döwür yzygiderli 36 senenama aýdan az bolmaly däldir.

9. Iş haky barada maglumatlary bermek mümkinçiligi bolmasa şahsy koeffisiýenti işlän ýerinde bäş senenama ýylynda tölenen, bellenen goşmaça haklary hasaba almak we etrap koeffisiýentini ulanmak bilen, degişli wezipe aýlyk haky ýa-da tarif möçberi boýunça hasaplamaga rugsat edilýär. Şunuň ýaly ýagdaýda işgär tarapyndan iş haky barada maglumatlary bermek mümkinçiliginiň ýokdugy iş beriji ýa-da arhiw edaralary tarapyndan tassyklanýar.

8-nji madda.         Binýatlyk ululygy

Pensiýanyň iň pes möçberini bellemek we döwlet kömek puluny hasaplamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanýan binýatlyk ululygy bellenýär.

II bölüm. PENSIÝA ÜPJÜNÇILIGI

I bap.                    Umumy düzgünler

9-njy madda.        Pensiýa üpjünçiligi

1. Türkmenistanda pensiýa üpjünçiligi döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy arkaly durmuşa geçirilýär.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet pensiýa üpjünçiligine bolan hukuklary çäklendirilip bilinmez.

10-njy madda.      Pensiýa ulgamlary

1. Türkmenistanda pensiýa üpjünçiliginiň esasyny arkalaşyk, şertli-toplaýyş we toplaýyş usullary düzýär.

2. Arkalaşyk pensiýa usuly şertli-toplaýyş usuly girizilmezinden öňki iş döwri üçin bellenilýän pensiýalary tölemäge bir bölegi gönükdirilýän döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimlerå esaslanýar.

3. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň geçirimlerine esaslanyp şertli-toplaýyş usuly girizileninden soň iş döwri üçin olaryň bir bölegi pensiýalary tölemäge gönükdirilýär.

4. Toplaýyş pensiýa usuly şertnamalaýyn esasda zähmet işi, şol sanda hususy telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara, harby gullukçylara, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçy we ýönekeý düzüminiň işgärlerine, şeýle hem şertnamalaýyn zähmeti ulanmaýan şahsy kömekçi we öý hojalygy, hususy telekeçilik işi we başga zähmet bilen meşgullanýan raýatlara (mundan beýläk-özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar) degişli bolup, olaryň meýletin pensiýa gatançlaryna esaslanýar.

11-nji madda.       Pensiýa üpjünçiliginiň döwlet kepillikleri

1. Döwlet şu Bitewi kanun güýje girizilmezinden öň pensiýa bellenen raýatlaryň pensiýa üpjünçiligini kepillendirýär.

2. Döwlet, pensiýa ýaşyna ýeten we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölemek bilen, bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan raýatlara döwlet arkalaşyk pensiýa usuly boýunça pensiýa üpjünçiligini kepillendirýär.

3. Döwlet, pensiýa ýaşyna ýeten, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölemek bilen, bäş ýyldan az bolmadyk iş döwri we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler esasynda pensiýa toplamalary bar bolan raýatlara şertli-toplaýyş usuly boýunça pensiýa üpjünçiligini kepillendirýär.

4. Toplaýyş usulynda döwlet, raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň saklanylyşyny we olara toplaýyş pensiýasyny tölemegi kepillendirýär.

5. Döwlet, raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, üçünji tarapa geçirilmeginiň ýol berilmezligini kepillendirýär.

12-nji madda.       Pensiýanyň görnüşleri

1. Türkmenistanda zähmet we toplaýyş pensiýalary bellenilýär.

2. Zähmet pensiýasybu pensiýa ýaşyna ýeten adamlara, olaryň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler amala aşyrylan iş döwri üçin bellenilýän pensiýadyr.

3. Toplaýyş pensiýasybu pensiýa ýaşyna ýeten we pensiýa toplamalary bar bolan adamlara bellenilýän pensiýadyr.

13-nji madda.       Pensiýalary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

Pensiýalary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleri;

2) raýatlaryň pensiýa toplamalary;

3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň serişdeleri;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

II bap.                   Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy

14-nji madda.       Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy we meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy

1. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, guramalar we edaralar, şeýle hem şertnamalaýyn zähmeti ulanýan hususy telekeçiler we beýleki şahsy taraplar (mundan beýläkiş berijiler), şeýle hem şahsy taraplar, olaryň sanawyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tassyklaýar, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri (mundan beýläk geçirimleri) töleýärler.

2. Iş berijiler arkalaşyk pensiýa usuly boýunça döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri kärhana boýunça tutuşlugyna, şertli-toplaýyş pensiýa usulynda bolsa, şeýle geçirimler geçirilen işleýän adamlary görkezmek bilen geçirýärler.

3. Bank edaralary şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça geçirimler baradaky maglumaty (göçürmäni), her günde elektron görnüşde (magnit göterijilerde ýa-da aragatnaşyk usullary boýunça) ýa-da kagyz göterijilerde durmuş taýdan üpjinçilik edaralaryna berýärler.

Bank edaralary döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça serişdeleriň hereketi baradaky jemleýji maglumatlary her günde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine berýärler. Görkezilen maglumatlar şunuň ýaly tertipde welaýat derejesinde hem berilýär.

4. Toplaýyş pensiýa usuly boýunça meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy şu Bitewi kanunyň 15-nji maddasyna laýyklykda şertnama esasynda amala aşyrylar. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy şertnamasynyň mysaly görnüşi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

15-nji madda.       Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasy

1. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasy (mundan beýläkŞertnama) durmuş taýdan üpjünçilik edarasy bilen raýatlaryň arasynda baglaşylýar. Şertnamada ätiýaçlandyrylan adamyň pensiýa gatanjynyň möçberi görkezilýär. Şertnama bellige alyş belgisi berilýär, we ol, şol birwagtyň özünde ätiýaçlandyrylan adamyň atly pensiýa hasabynyň belgisi hem bolup durýar.

2. Şertnamanyň hereketi ätiýaçlandyrylan adamyň çagyryş boýunça harby gullugy we içeri işler edaralaryndaky gullugy geçen döwründe, üç ýaşa çenli çaga seretmek boýunça rugsady döwründe, zähmet işiniň arasy kesilende we girdeji almagyň kesilýän beýleki ýagdaýlarynda wagtlaýyn togtadylyp bilner. Şertnamanyň hereketi pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar tölenen pursatyndan gaýtadan ýola goýulýar.

3. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna çykylyp gidilende, Şertnamanyň hereketini dowam etmek mümkin bolmadyk beýleki ýagdaýlarda Şertnama ätiýaçlandyrylan adamyň zahmet we ilaty durmuş taydan goramak edaralaryna ýazmaça arzasy esasynda ýatyrylýar.

4. Ätiýaçlandyrylan adam, aradan çykan, nam-nyşansyz giden ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde aradan çykan diýlip yglan edilen halatlarynda Şertnama bozuldy hasap edilýär.

16-njy madda.      Meýletin pensiýa gatançlarynyň möçberi we olary tölemek

1. Raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary Türkmenistanyň çäklerinde, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda alan zähmet hakynyň (pul üpjünçiliginiň) iki göteriminden az bolmadyk möçberde bellenýär, şu maddanyň üçünji, dördünji, bäşinji böleklerinde görkezilen ýagdaýlar muňa girmeýär.

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna şertnama baglaşan adamlar ätiýaçlandyrma pensiýa gatançlaryny özbaşdak ýa-da iş berijileriň üsti bilen her aý tölemäge borçludyrlar.

2. Meýletin pensiýa gatançlaryny tölemek üçin girdejilere döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler edilmeýän tölegler goşulmaýar.

3. Daýhan birleşiklerinde we beýleki oba hojalyk kärhanalarynda işleýän adamlar, meýletin pensiýa gatançlaryny Şertnamada bellenen, ýöne arassa girdejiniň iki göteriminden az bolmadyk möçberde töleýärler.

Şu adamlardan meýletin pensiýa gatançlaryny tutup almak şol kärhanalaryň hasaphanalary tarapyndan amala aşyrylýar. Meýletin pensiýa gatançlaryny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyna geçirmek geçen ýylyň ortaça aýlyk girdejileriniň möçberinden ugur alnyp, aýlar boýunça deň paýlara bölmek bilen amala aşyrylýar. Hasabat ýylynyň hakyky girdejileri boýunça gaýtadan hasaplamak hasabat ýylynyň yz ýanyndan gelýän ýylyň Nowruz aýynyň 31-ine çenli geçirilýär.

Daýhan birleşiklerinde we beýleki oba hojalyk kärhanalarynda wezipe aýlyk iş haky (nyrh möçberi) boýunça zähmet haky bilen işleýän adamlar meýletin pensiýa gatançlaryny şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda töleýärler.

4. Daýhan birleşiklerinden daşary oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan raýatlar öndürýän önümleriniň möwsümini göz öňünde tutmak bilen, ýylda birden az bolmadyk gezekde meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma gatançlaryny arassa girdejiniň iki göteriminden az bolmadyk möçberde özbaşdak nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyklar arkaly bank edaralarynyň üsti bilen geçirýärler.

5. Özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar meýletin pensiýa gatançlaryny Şertnamada bellenen, ýöne Türkmenistan boýunça geçen ýyldaky ortaça aýlyk iş hakynyň iki göteriminden az bolmadyk möçberde töleýärler.

Özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar meýletin pensiýa gatançlaryny bellenen tertipde, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda salgytlary tölemek üçin bellenen döwürden seýrek bolmadyk wagtda, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyna nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyklar arkaly töleýärler.

6. Bank edaralary her gün, elektron görnüşde (magnit göterijilerde ýa-da aragatnaşyk usullary bilen) ýa-da kagyz göterijilerde meýletin pensiýa gatançlaryny özbaşdak geçiren adamlaryň sanawyny goşmak bilen, durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyndaky serişdeleriň hereketi baradaky göçürmäni berýärler.

7. Iş berijiler, raýatlar tarapyndan pensiýa gatançlarynyň hasaplanyşynyň dogrulygyna, dolulygyna we wagtynda geçirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň salgytlar hakyndaky kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň edaralary, Türkmenistanyň bank edaralary we zahmet we ilaty durmuş taydan goramak edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 (23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

III bap.                 Pensiýa toplamalary

17-nji madda.       Pensiýa toplamalary

1. Şertli pensiýa toplamalary şertli-toplaýyş usuly boýunça geçirimler bilen olara hasaplanyp ýazylan şertli girdejiniň jemi möçberini aňladýar.

2. Pensiýa toplamalary raýatlaryň toplaýyş pensiýa usulynda Şertnama boýunça meýletin pensiýa gatançlary bilen olara hasaplanyp ýazylan maýa goýum girdejisiniň jemi möçberini aňladýar.

3. Pensiýa toplamalary raýatlaryň durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda açylýan atly pensiýa hasaplarynda hasaba alynýar.

4. Toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalary Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Türkmenistanyň bank edarasynda açylan ýörite hasabynda saklanylýar we bankyň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasaplarynda saklanylýan hökmany ätiýaçlyk serişdeleriniň hasabyna goşulmaýar.

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

5. Bank edarasy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyna hyzmat edýär we pensiýa toplamalarynyň hereketi boýunça ähli pul amallaryny amala aşyrýar.

 (26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

18-nji madda.       Pensiýa toplamalaryny atma-at hasaba almak

1. Şertli pensiýa toplamalaryny we pensiýa toplamalaryny atma-at hasaba almak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde raýatlaryň atly pensiýa hasaplarynda alnyp barylýar.

2. (23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda güýjüni ýitiren).

3. Toplaýyş usuly boýunça atma-at hasaba almak meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmagyň bütin dowamynda we pensiýa toplamalary doly harçlanýança alnyp barylýar.

19-njy madda.      Pensiýa toplamalarynyň gizlinligi

1. Pensiýa toplamalarynyň gizlinligi pensiýa hasaplarynyň belgileri we olaryň eýeleri, bu hasaplardaky we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyndaky pul serişdeleriniň hereketi we olaryň galyndylary baradaky maglumatlary öz içine alýar.

2. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, durmuş taýdan üpjünçilik edaralary, bank edaralary pensiýa toplamalarynyň gizlinligini kepillendirýärler.

 (26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Pensiýa toplamalarynyň pul möçberi hasabyň eýesi üçin gizlin däldir we hasabyň eýesiniň ýazmaça razylygy esasynda üçünji tarapa aýdylyp, açylyp bilner.

4. Pensiýa hasaplaryndaky pul serişdeleriniň hereketi we olaryň galyndylary baradaky maglumat şu aşakdaky edaralara berlip bilner:

1) prokuratura, derňew we deslapky derňew edaralarynaolarda önümçilikde bolan işler we maglumatlar boýunça;

2) kazyýetlereolarda önümçilikde bolan işler boýunça;

3) salgyt gullugynyň edaralarynabarlanýan adama salgyt salynmagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça.

5. Pensiýa hasabynyň eýesiniň aradan çykan halatynda hasabyň bardygy, olardaky pul serişdeleriniň hereketi we olaryň galyndylary baradaky maglumatlar mirasdüşerlere, şeýle hem olarda önümçilikde bolan miras barada maglumatlar boýunça kazyýetlere, kepillendiriş edaralaryna we daşary ýurt konsullyk edaralaryna berilýär.

6. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we öz gulluk borçlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly pensiýa toplamalarynyň gizlin maglumatlary bilen işlemäge rugsady bolan beýleki adamlaryň olary aýan etmäge haky ýokdur.

7. Şu maddanyň üçünji, dördünji, bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda pensiýa toplamalarynyň gizlinliginiň aýan edilendigi üçin görkezilen adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.

20-nji madda.       Pensiýa toplamalaryny dolandyrmak, ýerleşdirmek we  maýa goýuma gönükdirmek

1. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi pensiýa toplamalaryny dolandyrmagy we ýerleşdirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan tertibe laýyklykda amala aşyrýar.

2. Pensiýa toplamalary banklaryň depozitlerine, şeýle hem bellenilen tertipde - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň geçirýän bankara bäsleşikli söwdalarynda satmak arkaly ýerleşdirilýär.

3. Pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirmek bank edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Pensiýa toplamalarynyň serişdeleri girewiň ýa-da olaryň eýesiniň, şeýle hem olary dolandyrmak we ýerleşdirmek işiniň beýleki gatnaşyjylarynyň borçnamalarynyň başgaça üpjün edilmegi üçin ulanylyp bilinmez.

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

21-nji madda.       Pensiýa geçirimlerine we pensiýa toplamalaryna hasaplanyp ýazylan girdeji

1. Raýatlaryň atly pensiýa hasaplarynda hasaba alynýan şertli pensiýa toplamalarynyň möçberi Türkmenistan boýunça ortaça zähmet hakynyň artyşynyň hakyky derejesini göz öňünde tutmak bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda her ýylda indeksirlenýär.

2. Her ýylda pensiýa toplamalaryny ýerleşdirmekden alnan girdejiniň möçberinden ugur almak bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan hasaplanan girdeji raýatlaryň atly pensiýa hasaplarynda hasaba alnan pensiýa toplamalarynyň möçberine hasaplanyp ýazylýar.

 (26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Raýatlara toplaýyş pensiýasy bellenende maýa goýum girdejisi pensiýanyň bellenen pursadyndaky ýagdaýa görä hasaplanyp ýazylýar.

4. (26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda güýjüni ýitiren).

IV bap.                 Pensiýa bolan hukuk

22-nji madda.       Pensiýa bolan hukuk

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň şu Bitewi kanunda bellenen tertipde we şertlerde pensiýa almaga hukugy bardyr.

2. Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we (ýa-da) halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başga bir ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede pensiýa bolan hukukdan peýdalanýarlar.

23-nji madda.       Pensiýa bolan hukugy kesgitleýän şertler

1. Raýatlaryň arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyna hukuklary bardyr:

1) umumy esaslarda:

erkek adamlar62 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar57 ýaşy dolanda.

Şunda, şu Bitewi kanunyň 24-nji maddasynyň bäşinji böleginde görkezilen döwürleri göz öňünde tutup, geçirimler tölenen we (ýa-da) raýatlar tarapyndan pensiýa gatançlary tölenen şertlerinde, erkek adamlar üçin25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin20 ýyldan az bolmadyk iş döwri talap edilýär.

Geçirimleri tölemegiň şerti, raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen görkezilen geçirimleri tölemekden boşadylan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlän döwrüne degişli däldir;

2) harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň:

erkek adamlarazyndan 25 ýyl gulluk edip, 52 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalarazyndan 20 ýyl gulluk edip, 48 ýaşy dolanda;

3) harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň orta, uly we ýokary ýolbaşçylar düzüminden bolan, näsaglygy, işgär birliginiň kemeldilmegi ýa-da saglygynyň çäkli ýagdaýy sebäpli gullukdan boşadylan işgärleriniň:

erkek adamlarazyndan 25 ýyl iş döwri we onuň azyndan 20 ýyly gulluk döwri bolanda, 50 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalarazyndan 20 ýyl iş döwri we onuň azyndan 15 ýyly gulluk döwri bolanda, 45 ýaşy dolanda;

4) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň:

erkek adamlarazyndan 25 ýyl gulluk döwri bolup, 50 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalarazyndan 20 ýyl gulluk döwri bolup, 48 ýaşy dolanda;

5) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçarbeletleriniň, uçarüsti dolandyryjylarynyň:

erkek adamlarazyndan 25 ýyl gulluk eden döwri bolup, 55 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalarazyndan 20 ýyl gulluk eden döwri bolup, 50 ýaşy dolanda;

6) doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işleýän raýatlar:

(01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

erkek adamlar – 52 ýaşy dolanda; 25 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda we eger olar görkezilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän bolsalar;

aýal maşgalalar – 48 ýaşy dolanda; 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda we eger olar görkezilen işlerde azyndan 7 ýyl 6 aý işlän bolsalar.

Görkezilen işlerde bellenen möhletleriň azyndan ýarysyny işlän, şu maddanyň birinji böleginiň birinji bendinde bellenen iş döwri bolan raýatlara umumy esaslarda bellenen ýaşy şu işlerde işlenen doly ýyl üçin bir ýyly kemeltmek bilen pensiýa bellenýär. Raýatlaryň şu topary üçin işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde tassyklanýar;

7) üç çaga doguran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýallaryň, umumy esaslarda bellenilen ýaşy bir ýyl, dört çagaly aýallaryň – iki ýyl, bäş we ondan köp çagaly ýa-da çagalygyndan maýyp çagaly aýallaryň – üç ýyl azaldyp, olaryň 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda;

8) gipofizar nanizmi (boý ösmezlik, göýdüklik) keseli bilen kesellän raýatlaryň (liliputlar) ýa-da göýdükleriň (karlikler):

erkek adamlar – umumy esaslarda talap edilýän iş döwrüniň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, 45 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar – umumy esaslarda talap edilýän iş döwrüniň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan, 40 ýaşy dolanda.

9) radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken Türkmenistanyň raýatlarynyň:

erkek adamlar – 52 ýaşy dolanda we 25 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda, aýrybaşgalanan zolakdaky iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan;

aýal maşgalalar – 48 ýaşy dolanda we 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda, aýrybaşgalanan zolakdaky iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan.

(26.03.2011 ý. ¹181-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Şu maddanyň birinji böleginde bellenen ýaşa ýeten raýatlaryň, geçirimleri tölemek bilen, azyndan bäş ýyl iş döwri bolup, atly pensiýa hasaplarynda şertli pensiýa toplamalary bar bolan halatynda, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyna çykmaga hukugy bardyr.

3. Şu maddanyň birinji böleginde bellenen ýaşa ýeten ätiýaçlandyrylan raýatlaryň, atly pensiýa hasaplarynda pensiýa toplamalary bar bolan halatynda, toplaýyş pensiýasyna çykmaga hukugy bardyr.

4. Şu maddanyň birinji böleginiň birinji bendinde kesgitlenenden az, emma durmuş ätiýaçlandyrmasyna pul geçirilen bäş ýyldan az bolmadyk iş stažy bar bolan, şol bentde görkezilen raýatlaryň doly däl iş stažy bilen arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyny almaga haky bardyr.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

V bap.                   Iş döwri

24-nji madda.       Iş döwri

1. Iş döwri diýlip işiň häsiýetine we işiň arasynyň üzülen döwrüniň dowamlylygyna garamazdan, bellenen tertipde geçirimler geçirilen şertlerinde, zähmet ylalaşygy esasynda eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, daşary döwletleriň, halkara birleşikleriniň we guramalaryň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen wekilçiliklerinde, edara görnüşli taraplarynda, hakyna tutma ylalaşygy (şertnamasy) esasynda hususy telekeçilerde ýerine ýetirilýän zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly (gulluk) işe, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürýän adam hökmünde işlenen döwre düşünilýär.

2. Iş döwri arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyny bellemek üçin ulanylýar.

3. Harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri üçin iş döwri diýlip, geçirimler geçirilmedigine garamazdan, harby gulluk döwrüne, içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürlere düşünilýär.

4. Zähmet pensiýasyny bellemek üçin iş döwrüne zähmet pensiýasynyň bellenilýän gününe çenli zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly iş döwri alynýar. Şu Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-8-nji bentlerinde görkezilen raýatlaryň zähmet pensiýasy bellenenden soňraky zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly iş döwri, olaryň şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ýaşa ýeten gününe çenli hasaba alynýar.

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

5. Şeýle hem iş döwrüne:

1) ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, işgärleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan hünär öwrediş gysga möhletli okuwlarda, kliniki ordinaturalarda, aspiranturalarda, doktoranturalarda we akademiýalarda, şeýle hem ýokary we orta dini okuw mekdeplerinde önümçilikden aýrylmak şerti bilen okalan döwür;

2) çagyryş boýunça harby gullukda we içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürler;

3) işlemeýän adamyň I topar maýybyna ýa-da 16 ýaşa çenli maýyp çaga sereden döwri, ýöne bu döwür jemi 10 ýyldan köp bolmaly däldir;

4) Türkmenistanyň diplomatiki edaralarynyň işgärleriniň we olara deňleşdirilen adamlaryň aýallarynyň (adamsynyň) daşary ýurtda bolan döwri, ýöne jemi 4 ýyldan köp bolmaly däldir;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgäriň iş ýeriniň saklanyp galýan döwri.

25-nji madda.       Iş döwrüni tassyklamak

1. Zähmet depderçesi, şeýle hem bellenen tertipde iş ýerinden, gulluk eden, okan we iş döwri diýlip hasaplanýan başga bir işinden, şeýle hem arhiw we beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan berilýän resminamalar iş döwrüni tassyklaýjy esasy resminamalar bolup durýar.

2. Zähmet depderçesi bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem onda nädogry ýa-da nätakyk ýazgylar bolan halatynda ýa-da aýry-aýry iş döwri barada ýazgylaryň bolmadyk wagtynda iş döwrüni tassyklaýan resminamalar hökmünde güwänamalar, buýruklardan göçürmeler, atly hasaplar we iş hakyny (girdejini, pul üpjünçiligini) tölemek üçin töleg sanawlary, şahadatnamalar, häsiýetnamalar, ýazmaça zähmet ylalaşyklary we olaryň ýerine ýetirilendigi baradaky bellik edilen ylalaşyklar, zähmet, gulluk we tertipleşdirilen sanawlar, kärdeşler arkalaşygynyň agzalyk biletleri, birleşikleriň agzalarynyň agzalyk depderçeleri we iş döwri baradaky maglumatlary özünde saklaýan beýleki resminamalar kabul edilýär. Şunda subutnama hökmünde bellenen nusgadaky we bellenen tertipde resmileşdirilen resminamalar kabul edilýär.

3. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde iş döwri iş berijiniň iş orunlarynyň hünär synagynyň teswirnamasynyň nusgasyny we zähmet şertleri boýunça hünär synagynyň netijeleriniň wedomostyndan iş beriji tarapyndan tassyklanylan göçürmäni goşmak bilen berýän güwänamasy bilen tassyklanylýar.

(01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

4. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan adamlaryň we kärendeçileriň daýhan birleşiklerinde işlän döwürlerini tassyklaýan resminamalar hasaphana resminamalarynyň, ylalaşyklaryň we beýleki resminamalaryň esasynda geňeşler, daýhan birleşikleri tarapyndan resmileşdirilýär.

5. Ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, işgärleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan hünär öwrediş gysga möhletli okuwlarda, kliniki ordinaturalarda, aspiranturalarda, doktoranturalarda, şeýle hem ýokary we orta dini okuw jaýlarynda okalan döwür olary tamamlandygy hakyndaky diplomlar, şahadatnamalar, şaýatnamalar, şeýle hem arhiw edaralary tarapyndan berilýän, okalan döwür baradaky maglumatlary özünde saklaýan güwänamalar ýa-da beýleki resminamalar bilen tassyklanýar.

6. Harby gulluk möhletleri harby bilet, bellenen nusgadaky goşun depderçesi, harby gullukçylary wezipä bellemek we boşatmak baradaky buýruklar, harby wekillikleriň, harby bölümleriň, ştablaryň we Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň we Türkmenistanyň beýleki goşunlarynyň güwänamalary (şol sanda bu edaralar başga hili atlandyrylan bolsa hem), harby-bejeriş edaralarynyň güwänamalary, zähmet depderçesindäki harby gulluk hakyndaky ýazgylar bilen tassyklanýar.

7. Söweş hereketleri, şol sanda başga döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleri döwründe hereket edýän goşunyň düzüminde harby gulluk möhleti Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenýän tertipde berilýän, harby wekillikleriň güwänamalary bilen tassyklanýar.

8. Içeri işler edaralarynda gulluk möhleti ýönekeý we ýolbaşçy işgärler düzüminiň işgärlerini wezipä bellemek we boşatmak hakyndaky buýruklar, içeri işler edaralarynda gulluk edendigi barada zähmet depderçesindäki ýazgylar bilen tassyklanýar. Wezipä bellemek we boşatmak hakyndaky buýruklar bolmadyk halatynda şol döwürlerde gulluk edendigini tassyklaýan resminamalar bar bolsa, gulluk möhleti hakynda netijenama düzülmegine ýol berilýär. Görkezilen düzgünler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Döwlet feldýegerçilik gullugynyň ýönekeý we ýolbaşçy işgärler düzüminiň işgärlerine hem degişlidir.

9. Çernobyl AES-niň aýrybaşgalanan zolagynda, şu stansiýada bolan heläkçiligiň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak bilen baglanyşykly ýörite ýygnanyşyklara çagyrylan we işleri ýerine ýetirmäge çekilen içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň, şeýle hem harby gullukçylaryň we harby borçlularyň işe çekilen döwri olaryň ýaşaýan ýerlerindäki harby wekillikler tarapyndan berilýän güwänama bilen tassyklanylýar.

(26.03.2011 ý. ¹181-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

10. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Kinoçylar birleşiginiň, Türkmenistanyň Teatr işgärleri birleşiginiň agzalarynyň, şeýle hem öňki SSSR-iň döredijilik birleşikleriniň agzalary bolup duran adamlaryň döredijilik işi öňki SSSR-iň we Türkmenistanyň döredijilik birleşikleriniň we müdiriýetleriniň sekretariatlarynyň güwänamalary (kararlardan göçürmeler) bilen tassyklanýar. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolmadyk, ýöne medeniýet işgärleri kärdeşler arkalaşygynyň we edebiýatçylaryň birleşen kärdeşler komitetleriniň agzalary bolan edebiýatçylaryň hem döredijilik işi şunuň ýaly tertipde tassyklanýar.

11. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmadyk, ýöne olar bilen gatnaşyklar çeperçilik tabşyryklary baradaky ylalaşyklar (awtorlyk, neşir işleri baradaky ylalaşyklar) bilen düzgünleşdirilýän, medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň agzalary bolup duran suratkeşleriň döredijilik işi Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň güwänamalary bilen, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň, medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ýerlerdäki guramalary tarapyndan tassyklanýar.

12. Şu maddanyň sekizinji we dokuzynjy böleklerinde görkezilen, Türkmenistanyň döredijilik birleşikleriniň agzasy bolmadyk adamlaryň döredijilik işi iş berijiler tarapyndan geçirimleriň tölenendigi baradaky resminamalar, şol sanda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan berlen resminamalar bilen tassyklanýar.

13. I topar maýybyna, 16 ýaşaýança maýyp çaga seredilen döwür durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan şu aşakdakylar esasynda anyklanýar:

1) görkezilen maýyplara seredýän adamyň arzasy we pasporty, seredilmegine mätäç adam bilen bile ýaşaýan adamlar üçin;

2) seredilmegine mätäç maýypdan aýry ýaşaýan adamlar üçin seredilýän maýybyň tassyknamasy, ony almak mümkin bolmadyk halatynda (aradan çykmagy, saglyk ýagdaýy sebäpli)onuň maşgala agzalarynyň tassyknamasy ýa-da barlag namasy;

3) maýyplygyny we maýyp bolan döwrüniň dowamlylygyny (I topar maýyplary we maýyp çagalar üçin) we ýaşyny tassyklaýan resminamalar;

4) maýybyň hasaba alnandygy barada bejeriş edarasyndan güwänama.

14. Maýyba seretmegiň zerurlygyny tassyklaýan resminama hökmünde Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) netijenamasyndan göçürme kabul edilýär.

15. Ýaşyny tassyklaýan resminamalar hökmünde pasport, dogluş hakyndaky şahadatnama kabul edilýär.

16. Türkmenistanyň diplomatik edaralarynyň işgärleriniň we olara deňleşdirilen işgärleriniň aýallarynyň (adamsynyň) daşary ýurtlarda ýaşan döwürleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilýän güwänamalar bilen tassyklanýar.

17. Aýry-aýry raýatlarda işlän adamlaryň (öý hyzmatkärleriniň, enekeleriň, garawullaryň, bagbanlaryň, sürüjileriň, çopanlaryň we beýlekileriň) iş döwri bellenen tertipde bellige alnan, şertnamalaýyn işländigi baradaky ylalaşyklar esasynda we geçirimleriň we (ýa-da) pensiýa gatançlarynyň tölenendigini kepillendirýän resminamalar berlende tassyklanýar.

18. Uçuş we uçuş-synag düzüminiň, şeýle hem döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylary, uçarüsti dolandyryjylary we uçarbeletleri wezipelerinde işlenen döwür uçuş (paraşýut) kitapçasy bilen tassyklanýar. Uçuş (paraşýut) kitapçasy bolmadyk halatynda uçulan sagatlaryň sany uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň uçan sagatlarynyň, paraşýutçylar tarapyndan ýerine ýetirilýän böküşleriň sany hasaphana hasabynyň maglumatlary boýunça tassyklanýar.

19. Uçuş-synag düzüminiň aýry-aýry işgärleriniň tejribe geçirilýän tehnikany synagdan geçirmekde işlän döwri buýruklar, tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigi hakyndaky hasabatlar we iş berijiler tarapyndan berilýän beýleki resminamalar bilen tassyklanýar.

20. Kazyýetiň çözgüdi esasynda işine dikeldilen bolsa, raýatyň bikanun işden çykarylan döwründe mejbury işlemedik döwri hem iş döwrüne hasaplanýar.

21. Galan halatlarda iş döwrüne goşulýan ol ýa-da beýleki bir döwri iş döwrüne hasaba almak üçin, şol döwürdäki ýagdaýlary tassyklaýan resminamalar hyzmat edýär.

22. Iş döwrüni tassyklamak üçin berilýän resminamalara eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhananyň, guramanyň we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilmelidir we möhür basylyp tassyklanmalydyr.

23. Iş döwri hakyndaky resminamadaky ady, atasynyň ady ýa-da familiýasy pasportdaky ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamadaky ady, atasynyň ady ýa-da familiýasy bilen gabat gelmedik halatynda şu resminamanyň şol adama degişlidigi kazyýet tarapyndan anyklanyp bilner.

24. Ygtyýarly edaralar tarapyndan resminamalar esasynda tassyklanan, tebigy betbagtçylyklaryň, heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň netijesinde iş döwri hakyndaky resminamalar saklanyp galmadyk ýa-da bölekleýin saklanyp galan bolsa, onda iş döwrüni tassyklamak welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan döredilýän ýörite toparlar tarapyndan amala aşyrylýar.

25. Şu Bitewi kanun güýje girmezinden öň bellenen pensiýalar üçin iş döwrüni tassyklamak Türkmenistanyň şol döwürde hereket eden kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda amala aşyrylýar.

26-njy madda.      Iş döwrüni hasaplamak

1. Uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärlerinden, şeýle hem döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylaryndan, uçarüsti dolandyryjylaryndan we uçarbeletlerinden başga, zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly işi (gulluk) amala aşyran raýatlar üçin iş döwri şonuň ýaly işiň hakyky dowamlylygyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

2. Zähmet we jemgyýete peýdaly beýleki bir işiň (gullugyň) görnüşleri utgaşdyrylanda iş döwrüni hasaplamak olaryň diňe biri boýunça geçirilýär.

3. Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän iş döwri senenama ýyllarynda we aýlarda hasaplanýar. Şunda on bäş günden ýokary bolan iş döwri doly aý hökmünde hasaplanýar, on bäş güne çenli iş döwri bolsa hasaba alynmaýar.

4. Aýlarda iş döwri doly senenama ýylynyň bir bölegi hökmünde hasap edilýär we iş döwrüniň aýlarynyň hakyky sanyny on ikä bölmek bilen kesgitlenýär.

27-nji madda.       Pensiýa ätiýaçlandyrmasy döwri

1. Şertli-toplaýyş pensiýa ulgamy boýunça pensiýa ätiýaçlandyrmasy döwri diýlip, şu Bitewi kanunyň 24-nji maddasynda görkezilen geçirimler geçirilen, zähmet we jemgyýete peýdaly beýleki iş (gulluk) döwri hasap edilýär.

2. Toplaýyş pensiýa ulgamy boýunça meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy döwri diýlip, şu Bitewi kanunyň 24-nji maddasynda görkezilen, Şertnamanyň hereket edýän döwründe ýerine ýetirilýän zähmet we jemgyýete peýdaly beýleki iş (gulluk) döwri hasap edilýär.

VI bap.                 Gulluk eden ýyllary

28-nji madda.       Gulluk eden ýyllary

1. Harby gullukçylaryň gulluk eden ýyllary diýlip ofiserleriň, praporşikleriň, miçmanlaryň, harby okuw mekdepleriniň talyplarynyň (kursantlarynyň) we harby gullugy geçen starşinalaryň, seržantlaryň, esgerleriň we matroslaryň (mundan beýläkharby gullukçylar), içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy işgärler düzüminiň işgärleriniň harby gullugynyň, içeri işler edaralaryndaky gullugynyň möhletlerine düşünilýär.

2. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçarüsti dolandyryjylarynyň we uçarbeletleriniň gulluk eden ýyllary diýlip uçuş sagatlary boýunça bellenen ýyllyk ölçegiň ýerine ýetirilmegine düşünilýär.

29-njy madda.      Harby gullugyň möhletlerini hasaplamak

1. Harby gullugyň möhletlerine şular hasaba alynýar:

1) Ýaragly Güýçlerde, içeri işler, serhet we demir ýol goşunlarynda, hökümet aragatnaşygynyň düzümlerinde, raýat goranyşy goşunlarynda, milli howpsuzlyk edaralarynda, harby gulluk döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda döredilen beýleki düzümlerde harby gulluk (şol sanda çagyryş boýunça gulluk);

2) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda, birliklerinde we guramalarynda ofiserleriň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň wezipelerinde gulluk;

3) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzümindäki gulluk;

4) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýegerçilik gullugynda ofiserleriň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň wezipelerinde gulluk;

5) harby gulluga çagyrylan we uçuş düzüminiň ätiýaçdaky ofiserlerini taýýarlaýan okuwda okan adamlaryň tejribe uçuş taýýarlygynda bolan döwri;

6) harby ýygnanyşyklarda bolan döwri, 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň birinden öň bolmaly däl;

7) içeri işler edaralarynyň ofiserleriniň, seržantlarynyň we esgerleriniň düzüminiň, olary harby gullukda, içeri işler edaralarynda gullukda galdyrmak bilen, döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda işlän döwürleri;

8) harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy işgärler düzüminiň işgärleri saýlanandyklary bilen baglanyşykly, harby gullukdan, içeri işler edaralaryndan ugradylyp, saýlawly wezipede ygtyýarlyklary tamamlanandan soň harby gulluga, içeri işler edaralarynda gulluga gaýdyp gelen bolsalar, döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, halk deputatlarynyň Geňeşiniň saýlawly wezipelerinde 1973-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň ýigrimi üçünden soň işlän döwürleri;

9) harby gullukçynyň, içeri işler edaralarynyň ofiserleriniň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň işgäriniň, soňundan işine dikeldilmek bilen, bikanun işden boşadylmagy sebäpli harby gullugyň, içeri işler edaralarynda gullugyň arasynyň üzülen döwürleri;

10) harby okuw jaýlarynda, gysga möhletli okuwlarda, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň taýýarlyk merkezlerinde okuw geçilen döwür, şol sanda ugradyş haty boýunça daşary ýurtlarda okan wagty.

2. Harby taýýarlyk okuwlary we bölümleri bolan ýokary we ýörite orta raýat okuw mekdeplerini tamamlan wagtlary ätiýaçlykdan harby gulluga çagyrylan adamlara (ätiýaçlykda bolmadyk aýallara) harby gulluk möhletine olaryň şol okuw mekdeplerinde okan wagtlary bir okuw ýyly alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar. Bu düzgün ýörite okuw mekdeplerini tamamlaman ýokary harby okuw mekdeplerine okuwyny dowam etdirmek üçin geçirilen adamlara hem degişlidir.

3. Ýokary we ýörite orta raýat okuw mekdeplerini tamamlan wagtlary içeri işler edaralaryna gulluga iberilen adamlara içeri işler edaralarynda gulluk eden möhletlerine, okuw mekdeplerini tamamlanlary içeri işler edaralaryna işe ugratmak boýunça şahsy işe bölüşdirmek hakynda döwlet toparynyň kararyndan göçürme we olary ofiserleriň düzüm wezipesine işe bellemek hakynda buýrukdan göçürme bolan halatynda, olaryň şol okuw mekdeplerinde okan wagtlary bir okuw ýyly alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar.

4. Çernobyl AES-niň aýrybaşgalanan zolagynda, şu stansiýada bolan heläkçiligiň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak bilen baglanyşykly ýörite ýygnanyşyklara çagyrylan we işleri ýerine ýetirmäge çekilen içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärlerine degişli bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň, şeýle hem harby gullukçylaryň we harby borçlularyň gulluk döwrüne – şeýle işlerdäki bir aý gullugy üç aý diýip hasaplamaly.

(26.03.2011 ý. ¹181-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

5. Harby gullugyň, içeri işler edaralarynyň ofiserleriniň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminde gullugyň möhletlerini ýeňillikli şertlerde hasaplamak harby gullugyň geçilen döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda geçirilýär.

6. Içeri işler edaralarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň çäklerinde gulluk eden ofiserleriň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň işgärlerine gulluk möhleti 1993-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň on ikisinde baglaşylan, «GDA girýän döwletleriň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pensiýa üpjünçiliginiň we döwlet ätiýaçlandyrylyşynyň tertibi hakyndaky» Ylalaşykda kesgitlenen şertlerde hasap edilýär.

7. Içeri işler edaralarynyň ofiserleriniň, ýolbaşçy işgärler düzüminiň 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň birine çenli partiýa, sowet, kärdeşler arkalaşygy we komsomol edaralaryndan, şeýle hem kazyýet edaralaryndan we prokuratura edaralaryndan içeri işler gullugyna işe kabul edilen işgärlerine olaryň görkezilen edaralarda işlän döwürleri şu aşakdaky şertlerde içeri işler edaralarynda gulluk möhleti hökmünde hasap edilýär:

1) işgär ýerlerdäki degişli partiýa we sowet edarasynyň çözgüdi bilen iberilen bolsa;

2) işgär 1963-nji ýyldan başlap, içeri işler edaralaryna derňew işine iberilen bolsa;

3) degişli partiýa ýa-da sowet edarasynyň çözgüdi onuň içeri işler edaralaryndan işe başlamazyndan öň kabul edilen bolsa;

4) işgär içeri işler edaralaryna derňew işine ((Içeri işler ministrliginiň (Içeri işler müdirliginiň) derňew müdirliklerine (bölümlerine) ýokary, uly we orta ýolbaşçylar wezipesine gelen bolsa;

5) işgär IIM-niň derňew bölümine gönüden-göni prokuraturadan ýa-da kazyýetden ýa-da partiýa edaralaryndan, eger partiýa işine prokuraturadan ýa-da kazyýetden saýlanan ýa-da iberilen şertlerinde gelen bolsa.

8. Harby gulluk möhletini hasaplama Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýegerçilik gullugynyň ofiserleriniň, ýolbaşçy we ýönekeý düzüminiň işgärlerine diňe içeri işler edaralarynyň ofiserleriniň, ýolbaşçy we ýönekeý düzüminiň işgärleriniň gulluk möhletini hasaplamaga dahylly babatynda degişlidir.

9. Pensiýanyň möhletini hasaplamak üçin kabul edilýän harby gulluk, içeri işler edaralarynda gulluk möhleti degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan senenama ýyllarynda we aýlarynda hasaplanylýar.

30-njy madda.      Uçuş, uçuş-synag işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçarüsti dolandyryjylarynyň we uçarbeletleriniň gulluk eden ýyllaryny hasaplamak

1. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş, uçuş-synag işgärlerine, paraşýutçylaryna, uçarüsti dolandyryjylaryna we uçarbeletlerine pensiýa bellemek üçin iş döwrüni (mundan beýläk gulluk eden ýyllary) hasaplamak şu aşakdakylara degişlidir:

1) howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň agzalary;

2) uçuş-gözükdiriji we uçuş-inspektor düzüminiň işgärleri;

3) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň, «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň hereket edýän uçuş şahadatnamasy bolan we howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan serkerdeler – uçuş düzüminiň işgärleri;

4) müdirlikleriň, kärhanalaryň, guramalaryň we olaryň gurluş birlikleriniň uçuş gullugy (uçuş işi) boýunça hereket edýän uçuş şahadatnamasy bolan we howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan inspektorlary we beýleki hünärmenleri;

5) Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylary.

2. Uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärlerine, uçarbeletlere we uçarüsti dolandyryjylara gulluk eden ýyllary bir senenama ýylynda uçan sagatlarynyň şu aşakdaky ölçegleri boýunça hasaplanyp ýazylýar:

1) döwlet awiasiýasynda:

a) söweşjeň reaktiw awiasiýada uçuşlar ýerine ýetirilende 25 sagat;

b) söweşjeň turbowintli awiasiýada we dikuçarlarda uçuşlar ýerine ýetirilende30 sagat;

ç) awiasiýanyň galan ähli görnüşlerinde uçuşlar ýerine ýetirilende (şol sanda sport awiasiýasynda hem)110 sagat, çylşyrymly we ýokary dolandyryş (pilotaž) görnüşleri ýerine ýetirilende60 sagat;

2) raýat awiasiýasynda uçuşlar ýerine ýetirilende:

a) ulag awiasiýasynda250 sagat;

b) ýörite ulanylýan awiasiýada150 sagat;

ç) daşary ýurtlaryň howa gämilerini ugradýan toparyň düzüminde150 sagat;

d) ýokary we orta okuw mekdeplerinde uçuş düzüminiň işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça uçuşlar ýerine ýetirilende150 sagat.

3. Senenama ýylynda şu maddanyň ikinji böleginiň birinji we ikinji bentlerinde görkezilen bir ýa-da birnäçe uçuş görnüşlerini ýerine ýetirýän adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

4. Uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygy senenama ýyllarynda we aýlarynda senenama ýylynyň dowamynda uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça hakyky uçulan sagatlary uçuşlaryň şol görnüşi üçin bellenen ölçeglere bölmek ýoly bilen hasaplanýar.

5. Bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygyny jemlemek bilen kesgitlenilýär.

6. Uçuşlaryň ähli görnüşleri boýunça hasaplanýan gulluk eden ýylynyň dowamlylygy senenama ýylynyň dowamynda ondan az bolsa ýa-da bir senenama ýylynda uçan sagatlary uçuşlaryň bir görnüşi üçin bellenen ölçege deň ýa-da ondan az bolsa bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly doly senenama ýylyna deň diýlip hasaplanýar.

7. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk eden ýyllary, her senenama ýyly boýunça kesgitlenýän, uçuş işiniň ähli döwründäki gulluk eden ýyllaryny jemlemek bilen hasaplanýar.

8. Paraşýutçylaryň gulluk eden ýyllary bir senenama ýylynda paraşýutdan böküşleri ýa-da ýörite iniş (galyş) enjamlarynda aşak inmeleri (galmalary) ýerine ýetirmek ölçeglerinden ugur alnyp hasaplanýar:

a) reaktiw we turbawintli awiasiýanyň howa gämilerinde 20 böküş, iniş (galyş);

b) awiasiýanyň galan görnüşleriniň howa gämilerinde 60 böküş, iniş (galyş).

9. Bir senenama ýylynda howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetiren adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly şonuň ýaly böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürlerinden ugur alnyp hasaplanylýar.

10. Howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürleri senenama ýyllarynda we aýlarynda, senenama ýylynyň dowamynda howa gämisiniň her bir görnüşinde aýratynlykda hakyky ýerine ýetirilen böküşleri (inişleri, galyşlary) howa gämileriniň şol görnüşleri üçin bellenen ölçeglere bölmek bilen hasaplanylýar.

11. Bir senenama ýyly üçin gulluk eden ýyly howa gämisiniň her bir görnüşinde senenama ýylynyň dowamynda ýerine ýetirilen böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwürlerini jemlemek bilen kesgitlenilýär.

12. Senenama ýylynda howa gämileriniň diňe bir görnüşinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň sany howa gämisiniň şol görnüşi üçin bellenen ölçege deň ýa-da ondan az bolanda, bir senenama ýyly üçin gulluk eden ýyly bir senenama ýylyna deň diýip hasaplanylýar.

13. Bir senenama ýylynda howa gämileriniň dürli görnüşlerinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň bir senenama ýylynda hasaplanan gulluk eden ýyly ondan az bolsa, bir senenama ýylynda gulluk eden ýylyna, bir senenama ýylyna deň bolan döwür goşulýar.

14. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk eden ýyly her senenama ýyly üçin kesgitlenilýär, paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwri üçin gulluk edilen ýyllary jemlemek bilen hasaplanylýar.

15. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň harby bölümleriň, ştablaryň we edaralaryň düzüminde söweş hereketlerine gatnaşan döwürleri, şeýle hem söweşjeň hereketler döwründe alan ýaralarynyň, seňselemäniň (kontuziýa), şikesleriň ýa-da keselleriň netijesinde bejeriş edaralarynda arasyny üzmezden keselini bejerden wagty bir aýy üç aý diýlip hasap etmek şertlerinde hasaplanylýar.

16. Uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylaryň, uçarüsti dolandyryjylaryň we uçarbeletleriň gulluk eden ýyllary, uçuş sagatlarynyň ölçegleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasaplanylýar.

17. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlara pensiýa bellemek üçin gulluk eden ýyllaryny hasaplamak durmuş taýdan üpjünçilik edarasy tarapyndan uçulan sagatlar hakyndaky maglumatlar esasynda geçirilýär, bu maglumatlar:

1) döwlet awiasiýasy boýunçaTürkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy tarapyndan berilýär;

2) raýat awiasiýasy boýunça «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň kärhanalary we guramalary tarapyndan.

301-nji madda.      Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde iş döwrüni hasaplamak

1. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde iş döwrüne Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde göz öňünde tutulan durmuş rugsatlaryndan başga görkezilen işlerde işlenilen ähli iş döwürleri hasaba alynýar.

2. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde iş döwrüniň hasaplanylyşy raýatyň görkezilen işlerde işlän haýsy hem bolsa saýlap alan bir iş ýeri boýunça iş beriji tarapyndan amala aşyrylýar.

(01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

 

VII bap.                Pensiýa bellemek üçin ygtyýarly edara. Pensiýa bellemek barada ýüz tutmak

31-nji madda.       Pensiýa bellemek üçin ygtyýarly edara

Pensiýa bellemek meseleleri boýunça ygtyýarly edara Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi bolup durýar.

32-nji madda.       Pensiýa bellemek barada ýüz tutmak

1. Raýatlaryň ýazga duran ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna pensiýa bellemek üçin resminamalary taýýarlamak barada, haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden, islendik wagtda ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

2. Zähmet we ilaty durmuş taydan goramak edaralary raýatlar tarapyndan pensiýa bellemek üçin berlen maglumatlary we resminamalaryň bolmalysy ýaly resmileşdirilişini bir aýdan köp bolmadyk möhletde barlamaga borçludyrlar.

3. Zähmet we ilaty durmuş taydan goramak edaralarynyň raýatlardan we kärhanalardan, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we arhiw edaralaryndan pensiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly maglumatlary sorap almaga hukuklary bardyr.

4. Pensiýa bellemek baradaky arza raýatlaryň ýazga duran ýerleri boýunça etrap (şäherler) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynda döredilen pensiýa bellemegiň resminamalaryna garamak boýunça toparyň üsti bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine berilýär. Arza bellige alnandan soň, onuň bellige alnan senesini görkezmek bilen, dilhaty-habarnama berilýär.

5. Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendine laýyklykda, zähmet pensiýasyna hukugy bolan raýatlar pensiýany bellemek üçin özüniň zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertlerde işlän haýsy hem bolsa saýlap alan bir iş ýeri boýunça iş berijä arza bilen ýüz tutýarlar.

Kärhananyň, edaranyň, guramanyň üýtgedilip gurlan ýa-da eýesiniň çalşan ýagdaýynda, pensiýany bellemek hakynda arza, raýatyň görkezilen işlerde işlän haýsy hem bolsa saýlap alan bir iş ýeri boýunça iş berijiniň hukuk oruntutaryna, kärhananyň, edaranyň ýa-da guramanyň ýatyrylan halatynda bolsa onuň tabyn bolan ýokary guramasyna, ýokary guramasy bolmadyk halatynda bolsa, raýatyň ýazgyda duran ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölüminiň üsti bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine berilýär.

6. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlaryň zähmet pensiýasyny bellemek üçin resminamalary iş beriji tarapyndan onuň hasaba alnan ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölümine tabşyrylýar.

 (01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

33-nji madda.       Pensiýalary bellemek üçin resminamalaryň sanawy

1. Pensiýalary bellemek baradaky arza şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

1) arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy üçin:

a) pasportyň nusgasy;

b) islendik yzygiderli bäş senenama ýylynyň aýlyk iş haky barada güwänama;

ç) zähmet depderçesiniň we iş döwrüni tassyklaýan beýleki resminamalaryň nusgasy;

d) çaganyň dogulandygyny we sekiz ýaşyna çenli terbiýelenendigini tassyklaýan resminama;

e) döwlet sylaglary we atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary (olar bar bolsa);

2) şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy üçin:

a) pasportyň nusgasy;

b) çaganyň dogulandygyny we sekiz ýaşyna çenli terbiýelenendigini tassyklaýan resminama;

ç) döwlet sylaglary we atlary hakyndaky şahadatnamalaryň nusgalary (olar bar bolsa);

d) çaga seretmek üçin rugsatda bolnan döwri tassyklaýan resminamalar;

3) toplaýyş pensiýasy üçinpasportyň nusgasy.

2. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary pensiýa bellemek üçin resminamalary taýýarlamakda raýatlara ýardam edýärler.

34-nji madda.       Iş berijileriň borçlary

Iş berijiler raýatlaryň ýüz tutan we durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň haýyş haty bilen ýüzlenen gününden soň on gün möhletde pensiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyrlar.

VIII bap.              Pensiýa bellemek, gaýtadan hasaplamak

35-nji madda.       Pensiýanyň möçberi we goşmaça tölegler

1. Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginde bellenen iş döwri bolan raýatlaryň arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň möçberi olaryň şahsy koeffisiýentini pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça bellenen ortaça aýlyk iş hakyna we ölçege köpeltmek ýoly bilen hasaplanylýar.

2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň möçberi şertli pensiýa toplamalarynyň pul möçberini raýatlaryň pensiýa çykanyndan soňky ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň aýlaryna bölmek ýoly bilen hasaplanylýar. Şunda çaga seretmek üçin durmuş rugsadynda bolnan döwrüň her bir aýy üçin pensiýa toplamalarynyň pul möçberi işgäriň çaga seretmek üçin rugsada çykmazyndan öňki aý üçin geçirilen geçirimleriniň möçberine barabarlykda köpelýär. Geçirimleriň möçberi şu Bitewi kanunyň 21-nji maddasynyň birinji böleginde bellenen tertipde indeksasiýa geçirilenden soň pensiýa toplamalarynyň pul möçberine goşulýar.

3. Arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy bilen bilelikdäki möçberi şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginde bellenenden az bolmadyk iş döwri bolanda, pensiýanyň bellenen iň pes möçberinden pes bolmaly däldir.

4. Diňe şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasyna we toplaýyş pensiýasyna hukugy bolan raýatlaryň, şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasynyň möçberi pensiýanyň bellenen iň pes möçberinden pes bolmaly däldir.

5. Pensiýanyň iň pes möçberi binýatlyk ululygynyň derejesinde bellenýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň az möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bellenilýär.

6. Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 8-nji bendinde, 129-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-6-njy bentlerinde, 131-nji maddasynda gorkezilen raýatlaryň arkalaşyk pensiýa usuly we (ýa-da) şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýalarynyň möçberi pensiýanyň iň pes möçberinden az bolmaly däldir.

(22.04.2010 ý. ¹103-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

7. Toplaýyş pensiýasynyň möçberi pensiýa toplamalarynyň pul möçberini raýatlaryň pensiýa çykanyndan soňky ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň aýlaryna bölmek ýoly bilen hasaplanylýar.

8. Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji bendinde bellenenden az, emma dowamynda döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna pul geçirilen bäş ýyldan az bolmadyk iş stažy bolan raýatlara arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy şu maddanyň birinji böleginde bellenen tertipde (doly däl iş stažy mahalyndaky zähmet pensiýasy) hasaplanyp çykarylýar.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

9. Doly däl iş döwri bilen pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň bellenen iň pes möçberiniň ýetmiş göterimi möçberinde bellenilýär.

10. Zähmet pensiýalarynyň bilelikdäki iň ýokary möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

11. Raýatyň şu Bitewi kanunda bellenen ýaşdan giç pensiýa çykan halatynda, hasaplama üçin ulanylýan, raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygy, degişlilikde azalýar, ýöne ol 156 aýdan az bolup bilmez.

12. Pensiýa ýaşly raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti y tarapyndan kesgitlenýär.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

36-njy madda.      Pensiýa goşmaça tölegler

Pensiýa goşmaça töleg döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan adamlara, degişli döwlet sylaglary we hormatly atlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möçberde bellenýär.

37-nji madda.       Pensiýa bellemek

1. Pensiýa bellemek baradaky resminamalara etrap (şäher) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölüminiň pensiýa bellemegiň resminamalaryna seretmek baradaky topary tarapyndan seredilýär.

Pensiýa bellemek baradaky resminamalara seredilenden we pensiýanyň möçberiniň deslapky hasaplamasy taýýarlanandan soň, taýýar edilen pensiýa işi welaýatyň we Aşgabat şäheriniň zähmet we ilaty durmuş taydan goramak müdirliklerinde döredilen pensiýa bellemegiň resminamalaryna seretmek baradaky toparlaryna iberilýär.

Raýat özüne hasaplanylýan pensiýanyň möçberi bilen tanyşmaga haklydyr.

2. Welaýatyň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleriniň pensiýa bellemegiň resminamalaryna seretmek baradaky toparlary pensiýanyň möçberiniň deslapky hasaplamasyna taýýarlanan pensiýa işiniň dogrudygyna seredip, ony Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi toparynyň garamagyna iberýär.

3. Pensiýa welaýatyň we Aşgabat şäheriniň zähmet we ilaty durmuş taydan goramak müdirlikleriniň pensiýa bellemegiň resminamalaryna seretmek baradaky toparlarynyň towakganamasy boýunça Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan bellenýär.

Pensiýa pensiýany bellemek barada arzanyň zähmet we ilaty durmuş taydan goramak edaralarynda bellige alnan gününden bellenilýär, ýöne ol pensiýa bolan hukuk ýüze çykan pursadyndan öň bolup bilmez.

Türkmenistanyň Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi topary öz mejlisini aýda bir gezek geçirýär.

Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen raýatlara zähmet pensiýasy raýatyň haýsy hem bolsa saýlap alan bir iş ýeri boýunça zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän ýerindäki iş berijiniň beren resminamalary esasynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan bellenilýär.

Görkezilen raýatlara zähmet pensiýasyny bellemek baradaky Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgütleri we pensiýa resminamalary pensiýa tölemek üçin iş berijiniň hasaba alnan ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak bölüminiň üsti bilen iş berijä ugradylýar.

 (01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

4. Pensiýa bellemekden ýüz dönderilende, onuň sebäplerini görkezmek bilen, bu barada ýüz tutan adama bäş gün möhletde habar berilmelidir.

38-nji madda.       Döwletiň şahsy (atly) pensiýalaryny bellemek

1. Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlyryna döwletiň şahsy (atly) pensiýasy bellenilýär.

2. Döwletiň şahsy (atly) pensiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda doredilýän ýörite topar tarapyndan bellenilýär.

3. Döwletiň şahsy (atly) pensiýasyny bellemek barada Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

39-njy madda.      Türkmenistana hemişelik ýaşamak üçin gelen adamlara döwlet pensiýasyny bellemek

1. Türkmenistana hemişelik ýaşamaga gelen adamlara pensiýa, olaryň pensiýa ýaşynyň dolmagy sebäpli, halkara (hökümetara) ylalaşyklarynda (şertnamalarda) başga bir ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Bitewi kanuna laýyklykda bellenilýär.

2. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden adamlara, olaryň Türkmenistana yzyna gaýdyp gelen halatlarynda pensiýa şu Bitewi kanuna laýyklykda bellenilýär.

40-njy madda.      Pensiýalary gaýtadan hasaplamak

1. Arkalaşyk pensiýa usuly we (ýa-da) şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýalarynyň möçberini gaýtadan hasaplamak Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Tölenýän pensiýalaryň möçberini takyklamak şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

a) raýatlar tarapyndan pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin iş döwri ýa-da iş haky barada goşmaça maglumatlar berlen halatynda;

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

b) tölenýän pensiýalaryň möçberine täsir edýän maglumatlaryň nädogrudygy ýüze çykarylan halatlarynda.

3. Bellenen pensiýany gaýtadan hasaplamak:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda görkezilen möhletlerden başlap;

2) şu maddanyň ikinji böleginiň «a» bendine laýyklykda, pensiýany gaýtadan hasaplamak boýunça zerur resminamalar bilen bilelikde arza berlen gününden başlap;

3) şu maddanyň ikinji böleginiň «b» bendine laýyklykda, pensiýa gaýtadan hasaplanylan aýdan soňky aýyň birinden başlap geçirilýär.

IX bap.                 Pensiýany tölemek. Birwagtlaýyn pul sylaglary

41-nji madda.       Pensiýany tölemegiň umumy düzgünleri

1. Pensiýany we pensiýa goşmaça tölegleri tölemek ygtyýarly banklaryň üstünden, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde üstündäki aý üçin tölenilýär.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Bellenen pensiýa, ony alýan adamyň arzasy boýunça ýaşaýan ýerine garamazdan bank edarasynda açylýan hasaplara geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensionerler her alty aýdan bir gezek zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynda bellige alynýarlar.

3. Pensiýalary we beýleki pul töleglerini tölemek boýunça bank edaralarynyň edýän hyzmaty üçin zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary hyzmat hakyny töleýärler.

4. Pensiýalaryň tölegleri:

1) zähmet pensiýalaryTürkmenistanyň Merkezi býujetine geçirilýän döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna;

2) şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen raýatlara, olaryň umumy esaslarda bellenen pensiýa ýaşa ýetýänçäler bellenilen zähmet pensiýalary:

a) eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan olaryň öz serişdeleriniň hasabyna. Olarda serişdeleriň ýetmezçilik eden ýa-da bolmadyk ýagdaýynda zähmet pensiýasy ýokarda durýan edaranyň serişdeleriniň hasabyna;

b) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýan kärhanalar, guramalar we edaralar, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna tölenilip bilner.

Kärhananyň, edaranyň, guramanyň üýtgedilip gurlan ýa-da eýesiniň çalşan ýagdaýynda, bellenilen pensiýa hukuk oruntutary tarapyndan şu bendiň «a» we «b» kiçi bentlerine laýyklykda tölenilýär.

Kärhana, gurama, edara ýatyrylan we onuň ýokary edarasy bolmadyk halatynda bellenilen pensiýa umumy esaslarda zähmet pensiýalaryny tölemek üçin göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.

Iş beriji zähmet pensiýanyň tölegini, pensiýany alýanyň islegine görä gönüden-göni özüniň hasaphanasynyň üsti bilen ýa-da pensiýany alýanyň bank edarasyndaky goýum hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrýar.

(01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3) döwletiň şahsy (atly) pensiýasy – Türkmenistanyň Merkezi býujetiniň serişdeleriniň hasabyna;

4) toplaýyş pensiýalary:

a) serişdeler doly harçlanyp gutarýança. Tölenýän pensiýanyň möçberini çäklendirmäge ýa-da wagtlaýyn togtatmaga diňe toplaýyş pensiýasyny alýan adamyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi bolan ýagdaýynda ýol berilýär;

b) ätiýaçlandyrylan adam pensiýa toplamalarynyň möçberini birwagtda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýörite hasabyna geçiren ýagdaýynda toplaýyş pensiýasy ömürlik tölenip bilner. Şeýle halatda pensiýa toplanmalary miras galýan emläk bolup durmaýar;

5) şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 9-njy bendinde görkezilen raýatlara bellenilen zähmet pensiýalary, olar umumy esaslarda bellenen pensiýa ýaşa ýetýänçäler – Türkmenistanyň Merkezi býujetine geçirilýän döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň hasabyna.

(26.03.2011 ý. ¹181-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

5. Pensiýa pensioneriň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça onuň hut özüne tölenilýär.

6. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgüdi boýunça pensiýa pensioneriň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça hem tölenip bilner.

7. Işleýän pensionerleriň pensiýalary doly möçberinde tölenilýär.

8. Işleýän pensionerleriň pensiýasyna goşmaça tölegler tölenilmeýär.

42-nji madda.       Öý-internatlarynda ýaşaýan pensiýa alýanlara pensiýa tölemek

Gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda (pansionatlarda) ýaşaýan pensionerlere aşakdaky tertipde tölenýär:

1) zähmet pensiýasynyň 20 göterimi, ýöne pensiýanyň bellenen iň az möçberiniň 40 göterminden pes bolmadyk möçberde;

2) bellenen toplaýyş pensiýasy doly möçberde.

43-nji madda.       Pensiýa alýanyň ýatymlaýyn bejergi alýan döwründe pensiýa tölemek

1. Mejbury bejerişde bolýan adamlardan başga, ýatymlaýyn bejergi alýan döwründe pensiýa her aýda doly möçberde, bejergide bolýan ýerine eltip bermek bilen tölenilýär.

2. Mejbury bejeriş alýan adamlara pensiýa olar hassahanadan çykanlaryndan soň, haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirmezden tölenýär.

44-nji madda.       Ruhy keseller edarasynda bolýan döwründe pensiýa tölemek

1. Ruhy keseller edarasynda bolýan adamlara pensiýa görkezilen edaradan çykandan soň haýsydyr bir möhlet we möçber bilen çäklendirmezden tölenilýär.

2. Ruhy keseller edarasynyň ýolbaşçylygy pensioner bejergi almaga gelende we hassahanadan çykanda bäş günüň dowamynda bu barada ýerlerdäki degişli zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna habar bermäge borçludyr.

45-nji madda.       Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän pensionere pensiýasyny tölemek

1. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän pensionere pensiýasyny tölemek düzediş edarasynyň talapnamasy boýunça düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasy tarapyndan pensioneriň düzediş edarasynda ýöredilýän atly hasabyna onuň pensiýasyny geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

2. Düzediş edarasy, azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän pensioneri hasaba alandan we hasapdan çykarandan soň bäş senenama gününiň dowamynda bu barada düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna habar berýar.

(21.05.2011 ý ¹200-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

 

 

46-njy madda.      Pensiýalary we pensiýa toplamalaryny hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidýän adamlara tölemek

1. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidýän adamlara pensiýany tölemek çykyp giden aýynyň yz ýanyndaky aýyň birinden bes edilýär.

2. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidýän adamlara Şertnama boýunça pensiýa toplamalary birwagtda tölenilýär.

3. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidende pensioneriň bergisi pensiýadan tutulyp alynýan halatlarynda pensiýalary we pensiýa toplamalary bergini aýyrmak bilen tölenilýär.

47-nji madda.       Öz wagtynda talap edilmedik pensiýany tölemek

1. Öz wagtynda talap edilmedik zähmet pensiýalary, şeýle hem şu Bitewi Kanunyň 41-nji maddasynyň dördünji böleginiň 4-nji bendiniň «b» kiçi bendiniň şertleri boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasy pensiýa üçin ýüz tutan aýynyň öň ýanyndaky on iki aýdan köp bolmadyk döwür üçin tölenilýär.

Pensiýa belleýän ýa-da töleýän edaranyň günäsi bilen tölenmedik pensiýalar geçen döwür üçin haýsydyp bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär.

2. Toplaýyş pensiýasy geçen döwür üçin haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenilýär, muňa şu Bitewi kanunyň 41-nji maddasynyň dördünji böleginiň 4-nji bendiniň «b» kiçi bendiniň şertleri boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasy girmeýär.

48-nji madda.       Pensioneriň aradan çykan halatynda pensiýany tölemek

1. Pensioner aradan çykan halatynda, onuň öňki döwür üçin we aradan çykan aýynda alynmadyk zähmet pensiýasynyň möçberi maşgalanyň kämillik ýaşyndaky agzalarynyň birine, olar bolmadyk halatynda-jaýlama dessuryny ýerine ýetiren adama doly möçberinde tölenilýär.

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Aradan çykanyň doly peýdalanmadyk pensiýa toplamalaryny tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, miras almak hukugy boýunça geçirilýär.

49-njy madda.      Pensiýa toplamalarynyň birwagtlaýyn tölenilmegi

Pensiýa toplamalaryny birwagtlaýyn tölemek şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilip bilner:

1) pensiýa ýaşyna ýetilende;

2) ätiýaçlandyrylan adam I ýa-da II topar maýyp diýlip ykrar edilende;

3) aýratyn ýagdaýlarda- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgüdi esasynda.

 (26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

50-nji madda.       Birwagtlaýyn pul sylaglary

1. Birwagtlaýyn pul sylaglary işlemeýän pensionerlere Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda kesgitlenýän tertipde tölenilýär.

2. Işlemeýän pensionerlere 62 ýaşy dolanda ýüz tutulan güni ýagdaýyna bellenen zähmet pensiýasynyň aýlyk möçberinde birwagtlaýyn pul sylagy tölenilýär.

3. Birwagtlaýyn pul sylagy 62 ýaşy dolan gününe çenli durmuş üpjünçiligi edaralarynda hasaba alnandygyna ýa-da alynmandygyna garamazdan tölenýär.

X bap.                   Pensiýa üpjünçiligi meseleleri boýunça jedelleri çözmek. Pensiýadan tutup galmak

51-nji madda.       Pensiýa meseleleri boýunça jedelleri çözmek

1. Zähmet we toplaýyş pensiýasyna bolan hukuk, olaryň möçberini hasaplamak we tölemek meseleleri boýunça jedeller Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan çözülýär.

2. Şu Bitewi kanunyň 53-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda pensiýanyň artyk tölenen möçberini tutup galmak boýunça jedeller Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan, pensioneriň ylalaşmadyk halatynda bolsa kazyýet tarapyndan çözülýär.

3. Şu Bitewi kanunyň 53-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda, pensiýanyň artyk tölenen möçberini tutup galmak boýunça jedeller kazyýet tarapyndan çözülýär.

52-nji madda.       Pensiýadan tutup galmak

1. Pensiýadan tutup galmak pensioneriň ýazmaça razylygynyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky toparynyň çözgüdiniň, kazyýetiň çözgütleriniň, kesgitnamalarynyň, kararlarynyň we hökümleriniň (emläkden tutup almak babatynda) kepillendiriş edaralarynyň ýerine ýetiriş ýazgylarynyň we kazyýetiň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi üçin bellenen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilmeli beýleki çözgütleriň esasynda geçirilýär.

2. Pensiýadan tutup galmak pensionere tölenmäge degişli pul möçberinden amala aşyrylýar.

Pensiýadan tutup galmalaryň ähli görnüşleriniň umumy möçberi zähmet we toplaýyş pensiýalarynyň bilelikdäki möçberiniň 50 göteriminden geçmeli däldir.

3. Pensioneriň aradan çykan halatynda pensiýadan tutup galmaga degişli, berginiň üzülmedik bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirilýär.

53-nji madda.       Artyk tölenen pul möçberini tutup galmak

1. Zähmet pensiýasynyň töleginden, pensioner tarapyndan görnetin ýalňyş maglumatlaryň berilmegi netijesinde ýol berlen, artyk tölenen möçberleri tutup galmak tölenýän pensiýadan Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň karary bilen geçirilýär, pensioner ylalaşmadyk ýagdaýynda kazyýet tarapyndan çözülýär.

2. Pensiýadan durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň günäsi bilen ýa-da bank edaralary tarapyndan ýol berlen, artyk tölenen möçberleri tutup galmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde geçirilýär.

3. Artyk tölenen zähmet pensiýasy üçin tutulyp alnan pul möçberleri Türkmenistanyň Merkezi býujetiniň girdejileriniň hasabyna geçirilýär.

4. Şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen raýatlara bellenen pensiýanyň artyk tölenen möçberini tutup galmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde pensiýany tölän kärhana, edara ýa-da gurama tarapyndan amala aşyrylýar.

Artyk tölenen zähmet pensiýalarynyň tutulyp alnan möçberleri şu hasaplara geçirilýär:

hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar, guramalar, edaralar tarapyndan tölenenler – olaryň öz hasaplaryna;

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän kärhanalar, guramalar, edaralar ýa-da durmuş üpjünçiligi edaralary tarapyndan tölenenler – Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejisine.

(01.01.2010 ý. ¹80-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

III bölüm. DÖWLET KÖMEK PULLARY

XI bap.                 Döwlet kömek puly düşünjesi we onuň görnüşleri

54-nji madda.       Döwlet kömek puly (goldawy) düşünjesi

1. Döwlet kömek puly, döwlet durmuş üpjünçiligi usulynyň bir bölegi bolup durýar we saglyk ýagdaýy boýunça bölekleýin, doly ýa-da wagtlaýyn zähmete ukyplylygyny ýitirmegi, enelik we çagalyk, ekleýjisini ýitirmegi, pensiýa ýaşa ýetip üpjünçilik çeşmelerini ýitirmegi bilen baglanyşykly ýitirilen girdejiniň bir bölegini saklamak üçin pul tölegleri görnüşinde aňladylýar.

2. Döwlet tarapyndan goldawbu durmuş kömegi bolup, durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmagy zerur bolan raýatlara berilýär.

55-nji madda.       Döwlet kömek pullarynyň görnüşleri

1. Türkmenistanda döwlet kömek pullarynyň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär:

1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça;

2) göwrelilik we çaga dogurmak boýunça;

3) çaga doglanda;

4) çaga seretmek boýunça;

5) maýyplygy boýunça (zähmet ukyby kem-käsleýin ýa-da doly ýitirilende);

6) ekleýjisini ýitirendigi boýunça;

7) durmuş kömek puly.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kömek pulunyň beýleki görnüşleri hem bellenilip bilner.

56-njy madda.      Döwlet kömek puluna bolan hukuk

1. Türkmenistanyň raýatlarynyň şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we şertlerde döwlet kömek puluny almaga hukuklary bardyr.

2. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başga bir ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede kömek puluny almaga hukugy bardyr.

3. Şol birwagtda kömek pulunyň dürli görnüşlerini almaga hukugy bolan raýatlara kömek pulunyň bir görnüşi bellenýär, muňa göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda berilýän, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullary girmeýär.

4. Şol birwagtda döwlet kömek puluny we ýaşy boýunça pensiýany almaga hukugy bolan raýatlaryň pensiýany ýa-da döwlet kömek puluny saýlap almaga haklary bardyr, muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça we çaga seretmek boýunça kömek puly girmeýär.

XII bap. Döwlet kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

57-nji madda. Döwlet kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

Döwlet kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleri;

2) döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleri;

3) iş berijileriň öz serişdeleri;

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler.

XIII bap. Döwlet kömek puluny (goldawyny) bellemek barada ýüz tutma

58-nji madda.       Döwlet kömek puluny bellemek barada ýüz tutma

1. Döwlet kömek puluny (goldawyny) bellemek barada ýüz tutma şu Bitewi kanunda bellenen şertler boýunça oňa bolan hukuk ýüze çykanyndan soň amala aşyrylýar.

2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilen baglanyşykly, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça kömek pullaryny bellemek barada raýatlar iş berijä ýüz tutýarlar.

3. Maýyp bolan halatynda, ekleýjisini ýitirende, durmuş kömek puluny bellemek barada raýatlar Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine ýüz tutýarlar.

4. Raýatlar çaga doglandaky we çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny bellemek barada ýaşaýan ýeri boýunça Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlaryna ýüz tutýarlar.

5. Raýatlar döwlet goldawyny bermek barada ýaşaýan ýeri boýunça Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlaryna ýüz tutýarlar.

59-njy madda.      Döwlet kömek puluny (goldawyny) bellemek

1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk bilen baglanyşykly, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça kömek puly esasy iş ýerinden bellenýär.

2. Maýyplygy, ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly we durmuş kömek puly Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän, Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi topar tarapyndan bellenilýär.

3. Çaga doglandaky döwlet kömek puly we çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly ýaşaýan ýeri boýunça Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlary tarapyndan bellenýär.

4. Döwlet kömek puly ony alýanyň adyna bellenilýär. Kömek puluny alýan kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da aň-düşünjeli herekete ukypsyz bolsa, onda kömek puly ene-atasynyň biriniň ýa-da howandarynyň adyna bellenilýär.

5. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawyny bermek baradaky çözgüt Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi topar tarapyndan kabul edilýär. Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlarynyň kärhanalardan, guramalardan, edaralardan öz serişdeleriniň hasabyna mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde durmuş hyzmatlaryny etmek barada haýyş etmäge haklary bardyr.

XIV bap.              Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly

60-njy madda.      Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk umumy näsaglygyň, zähmet şikesini almagyň, hünär keseliniň netijesinde işleýän döwründe ýüze çykýar.

61-nji madda.       Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna hukuk

Işleýän döwründe zähmete ukybyny ýitiren we saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk hatyny iş berijä beren adamlaryň wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.

62-nji madda.       Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwri

1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwri Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan tertipde bellenilýär we zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanylýar.

2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüne şu döwürler degişlidir:

1) ambulatoriýa bejerişi döwründe maşgalanyň näsag agzasyna seretmek7 senenama günden köp bolmaly däl;

2) ambulatoriýa bejergisi alynýan döwürde 14 ýaşy dolmadyk näsag çaga seretmek14 senenama günden köp bolmaly däl;

3) ýatymlaýyn bejergi alýan, 7 ýaşamadyk näsag çaga seretmek, şeýle hem çylşyrymly operasiýadan, şikesden ýa-da ýanmakdan soňky döwürde agyr keselden ejir çekýän 14 ýaşy dolmadyk çaga seretmek 122 senenama gününden köp bolmaly däl;

4) hünär keseli ýa-da inçekesel, ýa-da olaryň bedeninde ýokanç keselleri döredijileriň bardygy bilen baglanyşykly başga işe geçirilende iki aýdan köp bolmaly däl;

5) karantin düzgüniniň bellenen döwründe ýokanç keselleriň dörän ýerlerindäki işden çetleşdirilenler.

3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň hakyky dowamlylygy bejeriji lukman tarapyndan kesgitlenilýär we zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanýar.

4. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, eger ol şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykan bolsa zähmete ukypsyzlyk haty bilen resmileşdirilmeýär:

1) kanuna garşy hereketler edilende;

2) öz saglygyna ýa-da özüniň eklenjindäki adamyň saglygyna bilkastlaýyn zeper ýetirilende;

3) alkogol, narkotiki ýa-da toksiki beýhuşlyk ýagdaýynda.

63-nji madda.       Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak

1. Bellenilýän wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük iş hakyny wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň günleriniň sanyna köpeldilmeginden alnan ululygyň göterimlerinde bellenilýär we aşakdakylardan ybarat:

1) 60 göterimiş döwrüniň dowamlylygy bäş ýyla çenli bolan ýagdaýynda;

2) 80 göterimiş döwrüniň dowamlylygy bäş ýyldan sekiz ýyla çenli bolan ýagdaýynda;

3) 100 göterimiş döwrüniň dowamlylygy sekiz ýyl we ondan köp bolan ýagdaýynda.

2. Iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan, kömek pulunyň möçberi:

1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy zähmet şikesi ýa-da hünär keseli sebäpli ýüze çykan adama;

2) 18 ýaşy dolmadyk adama;

3) 21 ýaşy dolmadyk doly ýetim adama;

4) maýyp diýlip bellenilen tertipde ykrar edilen adama;

5) 16 ýaşy dolmadyk maýyp çagany terbiýeleýän ýa-da 16 ýaşy dolmadyk üç ýa-da has köp çaga eklemeginde bolan enä;

6) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy donorlyk wezipelerini ýerine ýetiren mahaly ýüze çykan adama;

7) beýleki döwletlerde bolan söweş hereketlerine gatnaşan adama;

8) keseline radiasion täsiriň zyýanly netijeleri sebäp bolan adama şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ululygyň 100 göterimine barabardyr.

3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pulunyň möçberini hasaplamak wagtlaýyn zähmete ukypsyzlykdan öňki iki senenama aýynyň ortaça aýlyk we ortaça bir günlük iş hakynyň we wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň senenama günlerindäki dowamlylygynyň esasynda geçirilýär.

4. Ortaça aýlyk iş haky raýatyň esasy iş ýeri boýunça zähmete ukyplylygyň ýitirilen aýynyň öň ýanyndaky iki senenama aýynyň hakyky iş hakyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pulunyň möçberi we senenama aýynyň zähmet haky bilelikde alanyňda iki wezipe aýlyk hakyndan ýa-da iki tarif möçberinden ýokary bolmaly däldir.

5. Ortaça bir günlük iş hakynyň möçberi ortaça bir aýlyk iş hakyny 29,7-ä bölmek ýoly bilen hasaplanylýar.

6. Zähmetiň aýratyn şertleri bolan (wahta usuly we beýlekiler) kärhanalarda işleýän adamlar üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pulunyň möçberini hasaplamak Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda zähmet hakynyň möçberi ýokarlandyrylan ýagdaýynda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puluny hasaplamak üçin kabul edilýän iş haky zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine köpeldilýär.

8. Işe täze kabul edilen ýa-da işleýän döwrüniň arasyny kesen, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puly ýarawsyzlyk haty berlen pursadyndaky wezipe aýlyk hakyndan ýa-da tarif möçberinden ugur alnyp hasaplanylýar.

64-nji madda.       Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şulardan ybaratdyr:

1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralardaolaryň ygtyýarynda galýan peýda;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralardazähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleri.

65-nji madda.       Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek

1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly raýatlaryň esasy iş ýerlerinden tölenilýär.

2. Daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen ýarawsyzlyk hatlarynyň esasynda döwlet kömek puly görkezilen ýarawsyzlyk hatynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan tassyklanan (çalşylan) halatynda tölenilýär.

XV bap.                Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puly

66-njy madda.      Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady

1. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady işleýän aýallara göwreliligiň 32 hepdesinden berilýär:

1) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýänlere;

2) ýörite orta we ortaky hünär öwrediş okuw edaralarynda we ýokary okuw mekdebinden soňky okuw edaralarynda gündizine okaýanlara;

3) önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktîranturada we akademiýalarda okaýanlara;

4) harby gulluk geçýän, içeri işler edaralarynda ýönekeý we ýolbaşçy düzümiň işgärleri hökmünde gulluk edýän harby gullukçylara;

5) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly işden çykarylanlara ýa-da esasly sebäp bilen işden çykarylanlara, işden çykanyndan soňky üç aýyň dowamynda.

2. Çaga (çagalar) ogullyga alnanda, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça zähmet rugsady ogullyga alnan gününden başlap çaganyň doglan gününden soň elli alty gün tamamlanýan döwür üçin berilýär.

3. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady göwreli aýallara şu aşakdaky şertlerde hem berilýär:

1) çaga möhletinden öň doglanda ýa-da göwreliligiň 154 güni tamamlanandan soň çaga düşen ýagdaýynda – çaga doglanyndan soňky zähmet rugsady berilýär;

2) kärhananyň, işi wagtlaýyn togtadylanda – umumy esaslarda;

3) wagtlaýyn rugsatdaky işgäriň ýerine işleýäne, göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady ýüze çykanda, wagtlaýyn diýlip bellenilen döwri tamamlanýança ýa-da ýerine işlenilýäniň işe çykan gününe çenli;

4) zähmet rugsady döwründe göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady ýüze çykanda – umumy esaslarda.

67-nji madda.       Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluna bolan hukuk

Aýallaryň göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny almaga şu Bitewi kanunyň 66-njy maddasynda görkezilen halatlarda hukugy bardyr. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny almaga hukuk üçin saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen ýarawsyzlyk haty esas bolup durýar.

68-nji madda.       Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady döwri

1. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady dowamlylygy azyndan 112 senenama gününden az bolmadyk döwür üçin berilýär we her biri 56 gün bolan, çaga dogulmazyndan öňki we soňky rugsatlardan ybaratdyr. Çaga möhletinden öň doglanda çaga dogulmazyndan öňki rugsadyň bellenen dowamlylygy üýtgemeýär.

2. Çaganyň dogulmagy agyr bolup geçen halatynda çaga doglanyndan soňky rugsat 16 senenama gün, iki we ondan köp çaga doglanda bolsa, 40 senenama gün uzaldylýar.

69-njy madda.      Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi

1. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi esasy iş (gulluk) ýerinde, aspiranturada, doktîranturada we akademiýada okaýan ýerinde göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsadyna çykylmazyndan öňündäki soňky 12 senenama aýyndaky ortaça bir günlük iş hakyndan ugur alnyp hasaplanylýar.

2. Ortaça bir günlük iş haky şu Bitewi kanunyň 63-nji maddasynyň dördünji, bäşinji, altynjy böleklerinde bellenen tertipde hasaplanylýar.

3. Bellenýän kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük iş hakyny göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsadynyň senenama günleriniň sanyna köpeltmek bilen kesgitlenilýär.

4. Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsadyna çykmazyndan öň 12 aýdan az iş (gulluk) döwri bolan aýala ortaça aýlyk iş haky hakyky işlenen senenama aýlary üçin hasaplanylýar.

5. Çaga seretmek boýunça zähmet rugsadynda bolýan aýala göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsady berlende kömek puly göwrelilik we çaga dograndygy boýunça zähmet rugsadyna çykan aýynda wezipe sanawyndaky degişli wezipe boýunça bellenen wezipe aýlyk hakyndan we tarif möçberinden ugur alyp hasaplanylýar.

6. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda zähmet hakynyň möçberi ýokarlandyrylan ýagdaýynda göwrelilik we çaga dogurmak boýunça kömek puluny hasaplamak üçin kabul edilýän iş haky zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine köpeldilýär.

70-nji madda.       Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şulardan ybaratdyr:

1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda-olaryň ygtyýarynda galýan peýda;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralarda – zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleri.

71-nji madda.       Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny tölemek

Göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puly aýallara çaga dogulmazyndan öňki we çaga dogulanyndan soňky döwür üçin birwagtda, olaryň esasy iş (gulluk) ýerinden, aspiranturada, doktîranturada we akademiýada okaýan ýerinden tölenilýär.

XVI bap.              Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly

72-nji madda.       Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna hukuk

1. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almaga doglan çaganyň enesiniň ýa-da atasynyň hukugy bardyr.

2. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almaga dört aýlyk ýaşa çenli çagany ogullyk alan adamyň hem, eger ogullyga alnan çaganyň enesine ýa-da atasyna kömek puly tölenilmedik bolsa, hukugy bardyr.

3. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almaga bellenilen tertipde berlen çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasy esas bolup durýar.

73-nji madda.       Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny bellemek barada ýüz tutmak

1. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny bellemek barada ýüz tutmagà hukugy bolan adam ýaşaýan ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna pasportynyň, bellenilen tertipde berlen çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny berýär.

2. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly çaganyň doglan güni kesgitlenen möçberde bellenýär.

3. Azatlykdan mahrum ediş yerinde jezasyny çekýän aýal maşgala çaga dogran ýagdaýynda düzediş edarasy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalary düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna berýär.

(21.05.2011 ý ¹200-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

74-nji madda.       Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi

Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleri saga doglanda berilýän döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolup durýar.

75-nji madda.       Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi aşakdakylara deňdir:

1) birinji we ikinji çaga doglandabinýatlyk ululygyň 1,3 essesine;

2) üçünji çaga doglandabinýatlyk ululygyň 2,5 essesine;

3) dördünji we ondan soňky çagalar doglanda binýatlyk ululygyň 5 essesine.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

76-njy madda. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny tölemek

1. Döwlet tarapyndan çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly ata-eneleriň, ogullyga (gyzlyga) alanlaryň birine ýa-da hossarlyk edýän adama ýaşaýan ýeri boýunça bank edarasynyň üsti bilen bir wagtlaýyn tölenilýär.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Iki ýa-da ondan köp çaga doglanda kömek puly her bir çaga şu Bitewi kanunyň 75-nji maddasynda bellenilen möçberlerde tölenýär.

XVII bap.             Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly

77-nji madda.       Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluna hukuk

1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almaga şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:

1) jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, çaganyň üç ýaşyna çenli oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan enesi ýa-da atasy, hossarlary;

2) jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, çaga üç ýaşyny doldurýança oňa seretmegi hakyky amala aşyrýan beýleki garyndaşlary, eger enesi we (ýa-da) atasy aradan çykan, aradan çykan diýlip yglan edilen, ene-ata hukugyndan kesilen bolsa, ene-ata hukugy çäklendirilen, nam-nyşansyz giden hasap edilen halatynda, aň-düşünjeli işe ukyply däl bolsa, saglyk ýagdaýy boýunça çagany terbiýelemäge we saklamaga mümkinçilikleri ýok bolsa, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi çekilýän ýerde tussaglykda bolsa, çagany terbiýelemekden ýa-da olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrýan ýa-da öz çagasyny terbiýe berilýän, bejergi alynýan we beýleki şonuň ýaly edaralardan almakdan ýüz öwüren halatlarynda.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Çaga seretmek birwagtda birnäçe adam tarapyndan amala aşyrylýan halatynda çaga seretmek boýunça her aýlyk kömek puluny almak hukugy görkezilen adamlaryň birine berilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

78-nji madda.       Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny bellemek barada ýüz tutmak we bellemek

 

1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluna hukugy bolan adam ýaşaýan ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna:

a) arza;

b) pasportynyň nusgasyny;

ç) çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasyny;

d) çagany ogullyga (gyzlyga) bermek baradaky edaranyň çözgüdiniň nusgasyny;

e) çagany howandarlyga bermek baradaky edaranyň çözgüdiniň nusgasyny;

ä) ýaşaýan ýerinden güwähatyny berýärler.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly şu Bitewi kanun güýje girenden soňra doglan çagalara, şeýle hem şu Bitewi kanun güýje giren gününe çenli üç ýaşy dolmadyk çagalara bellenilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly her bir çaga binýatlyk ululygyň 65 göterimi möçberinde bellenýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

4. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän aýal maşgala çaga dogran ýagdaýynda düzediş edarasy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalary düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna berýär.

(21.05.2011 ý ¹200-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

79-njy madda.      Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi

Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleri çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolup durýar.

80-nji madda. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny tölemek

1. Şu Bitewi kanunyň 77-nji maddasynyň birinji böleginiň birinji bendinde görkezilen adamlara çaga seretmek boýunça kömek puly çaganyň doglan gününden üç ýaşyna ýetýänçä tölenilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Şu Bitewi kanunyň 77-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji bendinde görkezilen adamlara çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly çaganyň doglan gününden başlap tölenýär, ýöne enesiniň we (ýa-da) atasynyň aradan çykan gününden ýa-da degişli çözgüdiň (kazyýetiň güýje giren çözgüdiniň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çözgüdiniň, saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasynyň) çykarylan gününden çaganyň üç ýaşyna çenli tölenilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly ata-eneleriň, ogullyga (gyzlyga) alanlaryň birine ýa-da hossarlyk edýan adama ýaşaýan ýeri boýunça bank edarasynyň üsti bilen her aýda tölenilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

4. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny tölemek:

1) çaganyň üç ýaşynyň dolan;

2) kömek puluny alýanyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden;

3) çaganyň aradan çykan aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär.

5. Alýan tarapyndan talap edilmedik, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly geçen döwür, ýöne kömek puluny almak barada ýüz tutulan pursadyndan bir ýyldan köp bolmadyk döwür üçin tölenilýär. Durmuş üpjünçiligi edaralarynyň günäsi bilen tölenilmedik kömek puly haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

XVIII bap.           Maýyplygy boýunça döwlet kömek puly

81-nji madda.       Maýyplyk

1. Beden ýetmezçiligi ýa-da akyl kemligi netijesinde işe ukyplylygy çäkli bolan adamlar maýyp hasap edilýär.

2. Adamyň işe ukyplylygynyň çäklidigi onuň öz-özüne hyzmat etmek, hereket etmek, ugur almak, aragatnaşyk, öz hereketine gözegçilik etmek ukybyny ýa-da mümkinçiligini doly ýa-da kem-käsleýin ýitirmeginde ýüze çykýar.

82-nji madda.       Maýyplaryň toparlary

1. Bellenen tertipde ykrar edilen maýyplar şu toparlara bölünýär:

1) 16 ýaşa çenli maýyp çagalar;

2) çagalykdan maýyplar;

3) umumy kesellemäniň (şol sanda iş bilen bagly bolmadyk şikesler), zähmet şikesi, hünär keseli netijesinde maýyp bolanlar;

4) harby gullugyň maýyplary:

a) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri:

döwletiň bähbitlerini goramakda ýa-da beýleki harby gulluk borçlary (harby borçlar) ýerine ýetirilende düşen ýaranyň, seňselemegiň ýa-da şikes almagyň netijesinde;

söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly keseliň netijesinde;

radiasiýa heläkçilikleriniň we weýrançylyklarynyň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly işlerde kesellemegiň netijesinde. Görkezilen işleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar;

b) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri:

harby gulluk borçlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmadyk betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes alnanda;

söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly bolmadyk keseliň netijesinde.

2. Adamy maýyp diýip ykrar etmek, maýyplyk derejesini we toparyny bellemek, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan tertipde, Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary (HMAT) tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) adamy maýyp diýip ykrar etmek, maýyplyk derejesini we toparyny bellemek baradaky çözgüdine Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi topar tarapyndan döredilýän seljeriş toparlary tarapyndan gaýtadan seredilip bilner.

83-nji madda.       Zähmet şikesini, hünär keselini almagyň netijesinde maýyplyk

1. Zähmet şikesini, hünär keselini almagyň netijesinde maýyplyk, kanuna garşy hereketleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly maýyplykdan başga aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykan hasap edilýär:

1) zähmet borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda iş saparlary döwründe, şeýle hem kärhananyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen hereketler amala aşyrylanda;

2) işe barýarka ýa-da işden gaýdyp gelýärkä;

3) bellenen arakesmeleri, işden öň we işden soň iş ýerini tertipleşdirmek üçin zerur bolan wagty goşmak bilen, kärhananyň çäklerinde ýa-da iş wagtynda başga bir iş ýerinde;

4) şol ýerde bolmagy içerki zähmet tertibiniň kadalaryna garşy gelmeýän bolsa, bellenen arakesmeleri goşmak bilen, iş wagtynda kärhananyň çäklerinden daşarda;

5) raýat borjuny ýerine ýetirende.

2. Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti sebäpli ýüze çykan kesel bilen gönüden-göni baglanyşykly maýyplyk hünär keseli netijesinde maýyplyk hasap edilýär. Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti bilen bagly bolan keselleriň we hünärleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

84-nji madda.       Maýyplyk topary

Beden ýetmezçiligi ýa-da akyl kemligi netijesinde işe ukyplylygyň çäklilik derejesine baglylykda raýatlaryň maýyplyk topary Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary (HMAT) tarapyndan bellenilýär. Maýyplyk birinji, ikinji, üçünji toparlara bölünýär.

85-nji madda.       Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukuk

Bellenen tertipde maýyp diýlip ykrar edilen raýatlaryň maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukuklary bardyr.

86-njy madda.      Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny bellemek üçin resminamalar

Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny bellemek üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:

a) kömek puluny bellemek barada arza;

b) kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň nusgasy;

ç) Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) şaýatlyk ykrarhatyndan göçürme;

d) 16 ýaşa çenli maýyp çagalaryň saglygy barada netijenama;

e) zähmet depderçesi we iş (gulluk) döwrüni tassyklaýan beýleki resminamalar;

ä) islendik yzygiderli 5 senenama ýylynyň iş haky barada güwänama;

f) maşgala düzümi barada güwänama;

g) 16 ýaşy dolmadyklar üçin dogluş hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy.

87-nji madda.       Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak

1. Iş (gulluk) döwri bar bolan we iş haky barada maglumat beren maýyplara hasaplama görkezijisi bellenýär.

Hasaplama görkezijisi raýatyň şahsy koeffisiýentini pensiýa bellemek üçin kesgitlenen Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna we ölçege köpeltmek ýoly bilen hasaplanýar.

Iş döwri şu Bitewi kanunyň 26-njy maddasyna laýyklykda hasaplanýar.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puly şu aşakdaky möçberlerde hasaplanylýar:

1) I topar maýyplaryna –hasaplama görkezijisiniň 1,8 essesi;

2) II topar maýyplaryna – hasaplama görkezijisiniň 1,6 essesi;

3) III topar maýyplaryna – hasaplama görkezijisiniň 1,1 essesi.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň her bir maýyplyk topary üçin bellenen iň pes möçberinden az bolmaly däldir.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

4. Iş döwri bolmadyk maýyplara maýyplyk boýunça kömek puly maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň her bir maýyplyk topary üçin bellenen iň az möçberinde bellenilýär.

(06.03.2009 ý. ¹23-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

5. 16 ýaşa çenli maýyp çagalara döwlet kömek pulunyň möçberi binýatlyk ululygyň 1,6 essesine deňdir.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

6. Çagalykdan maýyplara döwlet kömek pulunyň möçberi şu maddanyň birinji we ikinji böleklerine laýyklykda, maýyplyk toparyna baglylykda hasaplanýar.

Çagalykdan maýyplara döwlet kömek pulunyň möçberi maýyplyk toparyna degişliligine garamazdan, binýatlyk ululygyň 2 essesinden pes bolmaly däldir.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

88-nji madda.       Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluna goşmaça tölegler

1. Eklenjinde ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly bilen üpjün edilýän adamlaryň toparyna degişli zähmete ukypsyz maşgala agzalary bolan I we II topar maýyplarynyň her çagasy üçin binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär. Görkezilen töleg maşgalanyň zähmete ukypsyz, döwlet kömek puluny ýa-da ýaşy boýunça pensiýa alýan agzalaryna degişli däldir.

2. Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar we ýeke ýaşaýan, görüşi boýunça II topar maýyplara, olara seretmek üçin binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan goşmaça tölegler birwagtda hasaplanyp bilner.

89-njy madda.      Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň iň pes we iň ýokary möçberleri

1. Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň iň pes möçberi şu möçberlerde hasaplanylýar:

1) I topar maýyplaryna – binýatlyk ululygyň 1,6 essesi;

2) II topar maýyplaryna – binýatlyk ululygyň 1,4 essesi;

3) III topar maýyplaryna – binýatlyk ululygyň 1,2 essesi.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

2. Goşmaça tölegleriň ähli görnüşlerini hasaba almak bilen, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň iň ýokary möçberi şu aşakdakylara deňdir:

1) I we II topar maýyplaryna – binýatlyk ululygyň 3,3 essesine;

2) III topar maýyplaryna – binýatlyk ululygyň 1,6 essesine.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler  girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

90-njy madda.      Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny bellemek

1. Maýyplyk boýunça kömek puly maýyplygyň kesgitlenen gününden bellenýär, ýöne ony bellemek üçin ýüz tutulan gününden 3 aýdan köp bolmaly däldir.

2. Maýyplyk boýunça kömek puly maýyplygyň haçan işden öň, iş döwründe ýa-da ondan soň ýüze çykandygyna garamazdan bellenýär.

91-nji madda.       Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi

1. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleri bolup durýar.

2. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar tarapyndan, eger olaryň öz günäsi bilen betbagtçylykly ýagdaý ýa-da hünär keseli bilen kesellemek bolup geçen bolsa, zähmet şikesini almagyň we hünär keseli bilen kesellemegiň netijesinde tölenýän maýyplyk boýunça kömek pulunyň öwezi her aýda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine geçirmek bilen dolunýar.

92-nji madda.       Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek

1. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puly, ony alýanyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça onuň hut özüne her aýda tölenilýär.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek puly Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň rugsat bermegi bilen kömek puluny alýanyň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça hem tölenip bilner.

2. Raýatyň arzasy boýunça bellenen döwlet kömek puly bank edarasynda açylýan hasaba geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda döwlet kömek puluny alýan alty aýda bir gezek durmuş üpjünçiligi edaralarynda bellige alynýar.

3. Işleýän maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny alýanlara döwlet kömek puly doly möçberinde tölenilýär.

4. Alýan tarapyndan talap edilmedik maýyplyk boýunça kömek puly kömek puluny almak barada ýüz tutulan pursadyndan öňki on iki aýdan köp bolmadyk geçen döwür üçin tölenilýär. Durmuş üpjünçiligi edaralarynyň günäsi bilen tölenilmedik kömek puly haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär

5. Maýyplyk boýunça kömek puluny tölemek şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:

1) maýyplyk möhleti geçende;

2) döwlet kömek pulunyň başga bir görnüşi bellenende, muňa çaga seretmek boýunça kömek puly girmeýär;

3) ýaşy boýunça pensiýa almaga geçirilende;

4) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşyna çykyp gidende;

5) kömek puluny alýan aradan çykanda.

6. Döwlet kömek puluny tölemek:

1) şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen üýtgeşmeleriň bolup geçen aýynyň yz ýanyndaky aýyň birinden, muňa ýaşy boýunça pensiýa geçirilmegi girmeýär;

2) ýaşy boýunça pensiýa geçirilende pensiýanyň bellenen gününden bes edilýär.

XIX bap.              Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly

93-nji madda.       Ekleýji. Eklençdäkiler

1. Öz eklenjindäkileri saklamagy üpjün edýän raýat ekleýji bolup durýar.

2. Ekleýjiniň ýaşaýan wagtynda onuň doly saklamagynda ýa-da ondan yzygiderli we ýaşamagy üçin esasy çeşme bolup duran kömegi alan maşgala agzasy eklençdäki diýlip hasap edilýär.

94-nji madda.       Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly bilen üpjün edilýän adamlar

Eklençdäkiler diýlip hasap edilýär:

1) 18 ýaşy dolmadyk çagalary (şol sanda ogullyga (gyzlyga) alnan we öweý çagalary), doganlary, uýalary we agtyklary ýa-da şu ýaşdan ýokary, eger, olar 18 ýaşa çenli maýyp bolan bolsalar, şunda doganlarynyň, uýalarynyň we agtyklarynyň zähmete ukyply ene-atasy bolmadyk ýagdaýynda;

2) eger ata, eneeýle hem ogullyga (gyzlyga) alanlar), äri, aýaly pensiýa ýaşyna ýeten bolsalar (erkek adam – 62 ýaşa, aýal adam – 57 ýaşa), ýa-da maýyp bolsalar we pensiýa ýa-da döwlet kömek pulyny almaýan bolsalar;

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3) atasy we enesi, kanunçylykda bellenen pensiýa ýaşyna ýeten bolsalar, kanuna laýyklykda olary saklamaga borçly hossary we ýaşamak üçin başga serişde çeşmesi ýok bolan ýagdaýynda.

95-nji madda.       Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluna bolan hukuk

1. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluna, ekleýjiniň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylandygyna ýa-da ätiýaçlandyrylmandygyna garamazdan, şu Bitewi kanunyň 94-nji maddasynda görkezilen adamlaryň hukugy bardyr.

2. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluna bolan hukuk ekleýjiniň nam-nyşansyz giden halatynda, onuň habarsyz ýok bolmagy bellenen tertipde ykrar edilen bolsa, bellenilýär.

3. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluna bolan hukugy kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bu hukugy ogullyga (gyzlyga) alnan halatlarynda hem saklap galýarlar, muňa ozal ene-ata hukugyndan mahrum edilen ene-atalar tarapyndan çagalary ogullyga (gyzlyga) alnan halatlary girmeýär.

4. Eger ekleýjisini ýitiren maşgalada ogullyga (gyzlyga) ýa-da hossarlyga alnan ýetim çagalar bolsa, onda beýleki eklenjindäkileriň şu maşgala bilen garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan olara doly ýetim hökmünde kömek puly bellenilýär.

96-njy madda.      Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny bellemek üçin resminamalar

Ekleýjini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny bellemek üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:

a) kömek pulunyň bellenilmegi barada arza;

b) kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň nusgasy;

ç) ekleýjiniň aradan çykandygy hakynda şahadatnama ýa-da ekleýjiniň nam-nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminama;

d) çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamasy;

e) okuw mekdebinden ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly bellenýäniň okaýandygyny tassyklaýan güwänama;

ä) maşgala agzalarynyň şahsyýetini we merhum ekleýji bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalar (nika hakyndaky şahadatnama, ýaşaýyş jaý edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň güwanamalary, bellenilen halatlarda RÝNÝ-nyň güwänamasy, kazyýetiň çözgüdi);

f) maşgala düzümi barada güwänama;

g) kämillik ýaşyna ýetmedik, we aň-düşünjeli herekete ukypsyz eklençdäkilere howandar ýa-da hossar bellemek hakynda ygtyýarly edaranyň karary (howandarlara ýa-da hossarlara döwlet kömegi resmileşdirilen halatynda).

97-nji madda.       Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak

1. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly şu möçberlerde hasaplanylýar:

1) eklençdäki bir adama – binýatlyk ululygyň 0,7 essesi;

2) iki adama – binýatlyk ululygyň 1,3 essesi;

3) üç adama – binýatlyk ululygyň 1,5 essesi;

4) dört we ondan köp adama – binýatlyk ululygyň 1,8 essesi.

2. Uruşda wepat bolan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenen, ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly binýatlyk ululygyň 2,9 essesi möçberinde hasaplanylýar.

Uruşdan gaýdyp gelen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenen, ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly binýatlyk ululygyň 2,1 essesi möçberinde hasaplanylýar.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

98-nji madda.       Doly ýetim çaga ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak

Ata-enesiniň (ekleýjiler) ikisini hem ýitiren çagalara doly ýetimlere ýa-da ýeke ýaşan aradan çykan enäniň çagalaryna ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly şu möçberlerde hasaplanylýar:

1) çagalaryň birine – binýatlyk ululygyň 1,5 essesi;

2) çagalaryň ikisine – binýatlyk ululygyň 2,4 essesi;

3) çagalaryň üçüsine ýa-da ondan köpüsine – binýatlyk ululygyň 3 essesi.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

99-njy madda.      Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly bellemek

1. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly kömek puluna bolan hukuk ýüze çykan gününden bellenýär, ýöne ony bellemek üçin ýüz tutulan gününden 6 aýdan köp bolmaly däldir.

2. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly aradan çykan ekleýjiniň eklenjinde bolanlara bellenýär:

1) çagalaryna, olaryň 18 ýaşy dolýança;

2) ýokary, ýörite orta, hünärmentçilik, şeýle hem dini okuw mekdeplerinde okaýan çagalara, olaryň görkezilen okuw mekdeplerini tamamlamagyna çenli, ýöne olaryň 23 ýaşyny doldyranyndan soň bolup bilmez;

3) pensiýa ýaşyna ýeten adamlaraömürlik.

3. Aradan çykan ekleýjiniň maşgalasynda kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzasy ýa-da ozal ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly bellenen doly ýetim çaga bar bolsa, onda kömek puly ony almaga hukugy bolan maşgala agzalarynyň her birine aýratynlykda bellenýär.

4. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek pulyny almaga hukugy bolan maşgala agzasynyň biriniň, özüne düşýän paýyň bölünip berilmegini talap eden ýagdaýynda bellenen kömek puly, kömek puluna hukugy bolan adamlaryň arasynda deň derejede paýlanylýar.

100-nji madda.     Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi

Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleri bolup durýar.

101-nji madda.     Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny tölemek

1. Ekleýjisini ýitirendigi boýynça döwlet kömek puly, ony alýanyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça onuň hut özüne her aýda tölenilýär.

Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň rugsat bermegi bilen kömek puluny alýanyň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça hem tölenip bilner.

2. Raýatyň arzasy boýunça bellenen döwlet kömek puly bank edarasynda açylýan hasaba geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda döwlet kömek puluny alýan alty aýda bir gezek zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynda bellige alynýar.

3. Döwletiň doly üpjünçiliginde saklanýan, doly ýetim çagalar olaryň ekleýjisini ýitirendigi boýunça degişli döwlet kömek pulunyň 50 göterimi Türkmenistanyň bank edaralarynda açylýan atly hasaplara geçirilýär. Şunda olaryň atly hasaplaryndaky pul serişdelerine Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gaýtadan maliýeleşdirmegiň göteriminiň pes däl derejesinde girdeji hasaplanylýar.

Doly ýetim çagalara, olaryň 16 ýaşy dolandan soňra döwlet kömek puly bellenen möçberde tölenilýär. Olaryň bank edaralaryndaky atly hasaplarynda toplanan kömek puly bolsa, ýüz tutmalary esasynda tölenilýär.

4. Ekleýjisini ýitiren çagalar döwletiň doly üpjünçiliginde bolan döwründe ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly tölenilmeýär. Doly ýetim çagalar muňa degişli däldir.

5. Alýan tarapyndan talap edilmedik, ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly ony almak barada ýüz tutulan pursadyndan öň on iki aýdan köp bolmadyk geçen döwür üçin tölenilýär. Durmuş üpjünçiligi edaralarynyň günäsi bilen tölenilmedik kömek puly haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär.

6. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny tölemek şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:

1) ekleýjisini ýitireniň 18 ýaşy dolanda;

2) ekleýjisini ýitireniň ýokary, ýörite orta, hünärmentçilik, şeýle hem dini okuw mekdeplerini tamamlamagy, ýöne eklençdäkiniň 23 ýaşyny doldyranyndan soň bolup bilmez;

3) ekleýjisini ýitiren durmuş guranda ýa-da harby gulluga çagyrylanda;

4) ekleýjisini ýitiren hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna gidende;

5) ekleýjisini ýitirene kömek pulunyň beýleki görnüşi bellenilende, muňa çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly girmeýär;

6) kömek puluny alýan aradan çykanda.

7. Döwlet kömek puluny tölemegi bes etmek şu maddanyň dördünji we altynjy böleklerinde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykan aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.

8. Êömek pulunyň paýynyň tölegi, onuň özüne degişli paýyny bölünip berilmegi baradaky arza berlen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.

XX bap.                Döwlet durmuş kömek puly

102-nji madda.     Döwlet durmuş kömek puly

Döwlet durmuş kömek puly pensiýa ýaşyna ýeten we ýaşamak üçin başga serişde çeşmesi ýok bolan adamlara berilýän durmuş tölegi bolup durýar.

103-nji madda.     Döwlet durmuş kömek puluna bolan hukuk

Döwlet durmuş kömek pulyny almaga pensiýa hukugy bolmadyk 62 ýaşa ýeten erkek adamlaryň, 57 ýaşa ýeten aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

104-nji madda.     Döwlet durmuş kömek puluny bellemek üçin resminamalar

Döwlet durmuş kömek puluny bellemek barada ýüz tutan adam tarapyndan:

a) döwlet kömek puluny bellemek barada arza;

b) pasportyň nusgasy;

ç) durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň, onuň pensiýa ýa-da döwlet pulunyň başga bir görnüşini almaga hukugynyň ýokdugy baradaky netijenamasy;

105-nji madda.     Döwlet durmuş kömek pulunyň möçberi

Döwlet durmuş kömek puly binýatlyk ululygyň 0,7 essesi möçberinde bellenilýär.

(14.12.2011 ý. ¹247-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

106-njy madda.    Döwlet durmuş kömek puluny bellemek

Döwlet durmuş kömek puly döwlet durmuş kömek puluny bellemek barada arzanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralary tarapyndan bellige alnan gününden bellenýär, ýöne oňa bolan hukuk ýüze çykan pursadyndan öň bolup bilmez.

107-nji madda.     Döwlet durmuş kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi

Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleri döwlet durmuş kömek puluny maliýeleşdirmegiň çeşmesi bolup durýar.

108-nji madda.     Döwlet durmuş kömek puluny tölemek

1. Döwlet durmuş kömek puly, ony alýanyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça onuň hut özüne her aýda tölenilýär.

Döwlet durmuş kömek puly Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň rugsat bermegi bilen kömek puluny alýanyň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça hem tölenip bilner.

2. Döwlet durmuş kömek puluny tölemek raýat işe giren halatynda togtadylýar we hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna çykylyp gidilende bes edilýär.

3. Döwlet kömek puluny tölemegi togtatmak ýa-da bes etmek şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen ýagdaýlaryň bolup geçen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.

4. Alýan tarapyndan talap edilmedik, döwlet durmuş kömek puly ony almak barada ýüz tutulan pursadyndan öň on iki aýdan köp bolmadyk geçen döwür üçin tölenilýär. Durmuş üpjünçiligi edaralarynyň günäsi bilen tölenmedik kömek puly haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär.

XXI bap.              Tölenýän döwlet kömek pulunyň möçberini gaýtadan hasaplamak

109-njy madda.    Tölenýän döwlet kömek pulunyň möçberini gaýtadan hasaplamak

1. Çaga seretmek, maýyplygy, ekleýjisini ýitirendigi boýunça tölenýän döwlet kömek pulunyň we durmuş kömek pulunyň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda gaýtadan hasaplanylýar.

2. Maýyplygy boýunça tölenýän döwlet kömek pulunyň möçberi, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga-da maýyplygyň topary, derejesi we eklençdäkileriň sany üýtgän halatynda hem gaýtadan hasaplanylýar.

3. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça tölenýän döwlet kömek pulunyň möçberi, şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýagdaýlardan başga-da, kömek puly bilen üpjün edilýän maşgala agzalarynyň sany üýtgände, şeýle hem beýleki ekleýji ýitirilende gaýtadan hasaplanylýar.

4. Döwlet kömek pulunyň bellenen wagtynda göz öňünde tutulan şertlerden başga bir şertleri tassyklaýan goşmaça resminamalar berlende, şeýle hem döwlet kömek pulunyň möçberine täsir edýän görkezijileriň nädogrudygynyň ýüze çykarylmagy netijesinde tölenýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň takyklanmagy geçirilýär.

XXII bap.             Döwlet kömek puluny alýanlaryň aýry-aýry toparlaryna döwlet kömek puluny we beýleki tölegleri tölemek

110-njy madda.    Döwlet kömek puluny alýanlaryň aýry-aýry toparlaryna döwlet kömek puluny we beýleki tölegleri tölemek

1. Birwagtlaýyn pul sylaglary işlemeýän döwlet kömek puluny alýanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenýän tertipde tölenilýär.

2. Işlemeýän döwlet kömek puluny alýanlara 62 ýaşy dolanda, ýüz tutan wagtyna bellenilen döwlet kömek pulunyň möçberinde birwagtlaýyn pul sylagy tölenilýär.

3. Gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarynda hemişelik ýaşaýan, doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlara döwlet kömek puluny tölemek bellenen möçberiň 20 göterimi möçberinde tölenilýär, ýöne binýatlyk ululygyň 40 göteriminden az bolmaly däldir.

4. Ýatymlaýyn şertde bejergini hassahanada we beýleki saglygy bejeriş edaralarynda alýan adam, muňa ruhy keseller edarasy girmeýär, bejerişde bolýan döwründe döwlet kömek puluny tölemek her aýda doly möçberde, bejeriş geçilýän ýere eltip bermek bilen tölenilýär, muňa mejbury bejergi alýanlar girmeýär.

Mejbury bejerişde bolýan adamlara döwlet kömek puly olara bejergiden çykanlaryndan soň, haýsydyr bir möhlet bilen we möçberi çäklendirmezden tölenilýär.

5. Ruhy keseller hassahanasynda bolýanlara döwlet kömek pulunyň tölegi togtadylýar we hassahanadan çykandan soň ähli geçen döwür üçin doly möçberde amala aşyrylýar.

Ruhy keseller edarasynyň ýolbaşçylygy döwlet kömek puluny alýan bejergi almaga gelende we hassahanadan çykanda bäş günüň dowamynda bu barada çäklerdäki degişli durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna habar bermäge borçludyr.

6.  Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we özüne bellenen maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny alýan adama döwlet kömek pulunyň tölenilmegi, onun düzediş edarasynyň talapnamasy boýunça düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasy tarapyndan maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny alýan adamyň düzediş edarasynda ýöredilýän atly hasabyna geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän aýal maşgala çaga dogran ýagdaýynda çaga doglanda we çaga seretmek boýunça berilýän döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi düzediş edarasynyň talapnamasy boýunça düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasy tarapyndan çaga dogran aýal maşgalanyň düzediş edarasynda ýöredilýän atly hasabyna döwlet kömek pullaryny geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we işleýän adama wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmegi döwlet kömek pulunyň iş ýerinden onun düzediş edarasynda ýöredilýän atly hasabyna geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we işleýän aýal maşgala göwrelilik we çaga dograndygy boýunça berilýän döwlet kömek pulunyň tölenilmegi döwlet kömek pulunyň iş ýerinden onun düzediş edarasynda ýöredilýän atly hasabyna geçirilmegi arkaly amala aşyrylýar.

Düzediş edarasy maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny, şeýle hem çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny alýan azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adamlary hasaba alandan we hasapdan çykarandan soň, düzediş edarasynda çaganyň doglandygy barada bäş senenama gününiň dowamynda düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasyna degişli resminamalary berýär.

(21.05.2011 ý ¹200-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

7. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar, 16 ýaşa çenli maýyp çagalar ýa-da aň-düşünjeli herekete ukypsyz adamlar üçin döwlet kömek puluny alýan adamyň azatlykdan mahrum edilen ýa-da mejbury bejerişe çekilen halatlarynda görkezilen kömek puly bellenen tertipde başga bir adamyň adyna gaýtadan resmileşdirilýär we hiç hili çäklendirilmezden geçen döwür üçin tölenilýär.

8. Döwlet kömek pullaryny we beýleki pul töleglerini tölemek boýunça bank edaralarynyň edýän hyzmaty üçin durmuş taýdan üpjünçilik edaralary hyzmat haklaryny töleýärler.

XXIII bap.           Döwlet goldawy

111-nji madda.     Döwlet goldawyna bolan hukuk

1. Pensiýa ýaşyna ýeten we pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaga hukugy bolmadyk, ogulluga alnanlardan ýa-da howandarlyk edilýän etim çagalardan başga jan başyna düşýän ortaça girdejisi ortaça sarp ediş býujetinden pes bolan raýatlaryň döwlet goldawyna hukugy bardyr.

2. Maşgalanyň jan başyna düşýän ortaça girdejisi maşgalanyň zähmet, hojalyk, telekeçilik we başga bir işden alýan jemi girdejisinden, şeýle hem beýleki girdejilerinden ugur almak bilen kesgitlenýär.

112-nji madda.     Döwlet goldawyny almak üçin resminamalar

Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlar şu aşakdaky resminamalary berýär:

a) döwlet goldawynyň berilmegi barada arza;

b) pasportyň nusgasy;

ç) bar bolan çagalary, öweý çagalary, doganlary, uýalary, ýanýoldaşlary, kämillik ýaşyna ýeten agtyklary we olaryň girdejileri barada maglumat;

d) zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edarasynyň pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny ýa-da kömek pulunyň başga bir görnüşini almaga hukugyň ýokdugy baradaky netijenamasy;

e) döwlet goldawy üçin ýüz tutan adamyň durmuş şertleri barada Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparynyň netijenamasy berilýär.

113-nji madda.     Döwlet goldawynyň möçberi

Pul tölegleri görnüşindäki döwlet goldawy aýda binýatlyk ululygyň möçberinde, ýöne üç aýdan köp bolmadyk döwre tölenilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, şu maddada göz öňünde tutulan pul tölegleri birwagtlaýyn hem tölenip bilner.

114-nji madda.     Döwlet goldawynyň pul möçberlerini tölemek

Döwlet goldawy görnüşindäki pul möçberleri hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýerindäki bank edarasynyň üsti bilen alýanyň hut özüne tölenilýär.

XXIV bap.           Jedelleri çözmek. Döwlet kömek pulundan tutup galmak

115-nji madda.     Jedelleri çözmek

1. Döwlet kömek puluna hukuk, döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak we tölemek boýunça jedeller, Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi topar we kazyýet tarapyndan çözülýär.

2. Şu Bitewi kanunyň 117-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan, döwlet kömek pulunyň möçberlerinden tutup galmak boýunça jedelleri çözmek Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi topar we kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Şu Bitewi kanunyň 117-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan, döwlet kömek pulunyň möçberlerinden tutup galmak boýunça jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

116-njy madda.    Döwlet kömek pulundan tutup galmak

1. Döwlet kömek pulundan tutup galmak döwlet kömek puluny alýanyň ýazmaça razyçylygy, Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi toparynyň, kazyýetiň çözgütleriniň, kesgitlemeleriniň, kararlarynyň we hökümleriniň (emläk töletdirmeleri babatynda), kepillendiriş edaralarynyň ýerine ýetiriş ýazgylarynyň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilmeli beýleki çözgütleriň esasynda, kazyýetiň kararlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenen tertipde geçirilýär.

2. Döwlet kömek pulundan tutup galmak tölemäge degişli pul möçberinden geçirilýär.

3. Tutup galmalaryň ähli görnüşleriniň umumy möçberi döwlet kömek pulunyň möçberiniň 50 göteriminden ýokary bolmaly däldir.

4. Alýanyň aradan çykan halatynda döwlet kömek pulundan tutup galmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

117-nji madda.     Artyk tölenen pul möçberini tutup galmak

1. Kömek puluny alýan tarapyndan ilkibaşdan bilip nädogry maglumatlaryň berilmegi netijesinde ýol berlen, döwlet kömek pulunyň artyk tölenen pul möçberini tutup galmak Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak baradaky merkezi toparynyň karary boýunça tölenýän döwlet kömek pulundan geçirilýär.

2. Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak edaralarynyň we bank edaralarynyň günäsi bilen ýol berlen, döwlet kömek pulunyň artyk tölenen pul möçberini tutup galmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde geçirilýär.

IV bölüm. RAÝATLARA DURMUŞ TAÝDAN HYZMAT ETMEK

XXV bap.             Umumy düzgünler

118-nji madda.     Durmuş taýdan hyzmat etmek

1. Durmuş taýdan hyzmat etmek mätäç raýatlara durmuş, saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek, durmuşa uýgunlaşdyrmak we dikeltmek boýunça işlerden ybaratdyr.

2. Durmuş taýdan hyzmat etmek olaryň öýünde ýa-da eýeçiligiň görnüşine garamazdan durmuş hyzmatyny edýän edaralarda gartaşan raýatlara we maýyplara edilýän durmuş hyzmatlarynyň jemini öz içine alýar.

3. Raýatlara durmuş taýdan hyzmaty etmek döwlete degişli we degişli däl edaralar tarapyndan amala aşyrylýar. Raýatlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar baradaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

119-njy madda.    Raýatlara durmuş hyzmatyny etmek babatynda işiň esasy ýörelgeleri

Raýatlara durmuş hyzmatyny etmek babatynda işiň esasy ýörelgeleri:

1) raýatlaryň hukuklaryny berjaý etmek;

2) durmuş hyzmatlaryny almaga deň mümkinçilikleri we hyzmatlaryň raýatlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek;

3) raýatlaryň şahsy hajatlaryny göz öňünde tutup durmuş hyzmatyny üpjün etmek.

120-nji madda.     Raýatlaryň durmuş taýdan hyzmat etmek babatynda hukuklaryny kepillendirmek

Döwlet gartaşan raýatlara, maýyplara we raýatlaryň beýleki toparlaryna durmuş hyzmatlaryny almak mümkinçiligini kepillendirýär.

121-nji madda.     Durmuş hyzmatynyň görnüşleri

1. Raýatlara durmuş hyzmatyny etmek aşakdakylary öz içine alýar:

1) durmuş-saglygy goraýyş hyzmatyny goşmak bilen, raýatlaryň öýünde hyzmat etmek;

2) durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň gündiz bolunýan bölümlerinde ýarym ýatymlaýyn hyzmat etmek;

3) durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň gije-gündiz bolunýan bölümlerinde ýatymlaýyn hyzmat etmek.

2. Raýatlaryň islegi boýunça durmuş hyzmaty hemişelik ýa-da wagtlaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.

3. Raýatlara durmuş taýdan hyzmat etmek mugt we tölegli esaslarda amala aşyrylyp bilner. Mugt hyzmat etmek bellenen sanawa laýyklykda amala aşyrylýar.

122-nji madda.     Durmuş hyzmatyny dolandyrmak

1. Durmuş hyzmaty edaralaryny dolandyrmak Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan onuň ygtyýarlyklaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Ilata durmuş hyzmatyny etmek babatda döwlete degişli däl edaralarynyň işini ygtyýarlandyrmak Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.

123-nji madda.     Raýatlara durmuş hyzmatyny etmek ulgamyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

1. Raýatlara durmuş hyzmatyny etmek ulgamyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri:

1) ýerli býujetiň;

2) kärhanalardan, guramalardan we edaralardan, hususy telekeçilerden hemaýat kömegi görnüşinde gelip gowuşýan;

3) tölegli hyzmat edilýän raýatlardan gelip gowuşýan;

4) haýyr-sahawat we ynsanperwerlik kömegi görnüşinde gelip gowuşýan serişdeleri;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler bolup durýar.

2. Pul serişdeleri, şol sanda bank hasaplaryndaky serişdeler, şeýle hem durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda hyzmat edilen we aradan çykan, mirasdüşeri bolmadyk ýeke ýaşan raýatlaryň we maýyplaryň emlägini ýerlemekden alnan serişdeler durmuş hyzmaty edaralary tarapyndan maksada laýyk ulanylýar.

124-nji madda.     Durmuş hyzmaty edaralarynyň işine gözegçilik

Durmuş hyzmaty edaralarynyň işine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

XXVI bap.           Durmuş taýdan hyzmat etmek babatynda raýatlaryň hukuklary

125-nji madda.     Raýatlaryň durmuş hyzmatyny almaga hukuklary

1. Gartaşan raýatlaryň, maýyplaryň we raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi netijesinde özleriniň esasy durmuş isleglerini özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini kem-käsleýin ýa-da doly ýitirendikleri sebäpli, hemişelik ýa-da wagtlaýynça keseki kömegine mätäç beýleki toparlary durmuş hyzmatynyň döwlete degişli we (ýa-da) döwlete degişli däl ulgamlarynda amala aşyrylýan durmuş hyzmatyny almaga hukuklary bardyr.

2. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, durmuş hyzmaty babatynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukuklardan peýdalanýarlar.

126-njy madda.    Durmuş hyzmatlary edilende raýatlaryň hukuklary

1. Durmuş hyzmatlaryny almakda raýatlaryň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:

1) durmuş hyzmatyny edýän işgärler tarapyndan özlerine hormat we adamkärçilikli gatnaşyk edilmegi;

2) durmuş hyzmatyny etmekde öz hukuklary, borçlary we hyzmat etmegiň şertleri barada maglumat almak;

3) durmuş hyzmatynyň edilmegine razylyk bermek;

4) durmuş hyzmatyndan boýun gaçyrmak;

5) durmuş taýdan hyzmat edilende durmuş taýdan hyzmat edýän işgäre aýan bolan şahsy häsiýetdäki maglumatlaryň gizlin saklanmagy.

2. Şeýle hem raýatlaryň durmuş hyzmatynyň görnüşleri, durmuş hyzmaty üçin töleg tölemegiň şertleri, hyzmat etmegiň beýleki şertleri barada maglumat almaga hukuklary bardyr.

3. Raýatlar durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda bolmagyň şertleri we bu edaralar tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen öňünden tanyşdyrylmalydyrlar.

127-nji madda.     Durmuş hyzmatynyň edilmegine razylyk bermek. Durmuş hyzmatyndan boýun gaçyrmak

1. Durmuş hyzmaty raýatyň özüne durmuş taýdan hyzmat edilmegi baradaky ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar.

Raýatlaryň durmuş hyzmatyndan boýun gaçyrmaga hem hukuklary bardyr. Durmuş hyzmatyndan boýun gaçyrylmagy raýatyň ýazmaça arzasy bilen resmileşdirilýär.

2. Bakteriýa göteriji ýa-da wirus saklaýjy bolup durýan raýatlara ýa-da özlerinde alkogolizm, neşekeşlik, zäherli derman serişdeleri bilen bagly keseller, ýokanç karantin keseller, inçekeseliň aktiw görnüşleri, psihiki taýdan näsaglyk, deri keselleri we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda bejerilmegini talap edýän beýleki keseller bar bolan raýatlar durmuş hyzmatyny etmeklige kabul edilmeyär.

3. Durmuş hyzmatyndan boýun gaçyrylmagy saglygy goraýyş netijenamasy esasynda resmileşdirilýär.

4. Raýatlar tarapyndan, bellenen ölçegleriň we kadalaryň bozulan halatynda olara durmuş hyzmatyny etmek bes edilip bilner.

V bölüm. WETERANLARYŇ HUKUK DEREJESI

XXVII bap.          Weteranlaryň hukuk derejesi

128-nji madda.     Weteranlaryň toparlary

Watany goramakda bitiren hyzmatlaryny, birkemsiz harby gullugyny we uzak möhletiň dowamynda çeken ak ýürekli zähmetini hasaba almak bilen, weteranlaryň şu toparlary bellenýär:

1) Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary;

2) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary;

3) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar;

4) harby gullugyň weteranlary;

5) içeri işler edaralarynyň weteranlary;

6) zähmet weteranlary.

129-njy madda.    Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary

1. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Beýik Watançylyk urşunà gatnaşyjylar:

a) harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda, edaralarda harby gullugy geçen we olarda wagtlaýyn bolan harby gullukçylar (harby bölümlerde terbiýelenenler we ýaşajyk esgerleri hem goşmak bilen);

b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda uruş bolan şäherlerde gulluk eden we olary goramaga gatnaşmagy, hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna bellenilen ýeňilliki şertlerde pensiýalar bellemek üçin gulluk eden diýlip hasap edilýän harby gullukçylar¸ şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler¸ içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçylar düzümine degişli adamlar;

ç) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren ýa-da şol döwürde şäherlerde ýerleşen¸ olaryň goralmagyna gatnaşylmagy, hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna ýeňillikli şertlerde pensiýalar bellemek üçin artykmaçlyk hasaby bilen gulluk eden diýlip hasap edilýän harby bölümlerde¸ ştablarda we edaralarda ştatdaky wezipelerde bolan¸ goşunyň we flotuň¸ içeri işler¸ döwlet howpsuzlygy goşunlarynyň we edaralarynyň goşun gullugynda durman¸ şolaryň hatarynda işlän adamlar;

d) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzyl Goşunyň hatarlarynda duran adamlaryň ýagdaýyna getirilen we hereket eden söweş meýdanlarynyň tyl serhetleriniň ýa-da hereket eden flotlaryň dessin zolaklarynyň çäklerinde goşunyň we flotuň bähbitleri üçin wezipeleri ýerine ýetiren kärhanalaryň¸ harby desgalaryň¸ halk komissarlyklarynyň¸ pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri;

e) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň harby bölümlerinde¸ duşmanyň tylynda ýa-da beýleki döwletleriň çäklerinde aňtawjynyň¸ garşylyklaýyn aňtawjynyň ýörite tabşyryklaryny ýerine ýetiren işgärleri¸ beýleki adamlar;

ä) 1944-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden 1945-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 9-y aralygyndaky döwürde öňki SSSR-iň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar, atyjy batalýonlaryň, halky goraýjy wzwodlaryň we otrýadlaryň esgerleri hem-de serkerdeler düzümi;

f) Beýlk Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşuna medeni hyzmat ugrunyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş saparyna iberilen işgärleri;

g) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda duşmana garşy meýletin toparlaryň, gizlinlikdäki toparlaryň, beýleki birikmeleriň hatarynda bolup, Germaniýanyň we onuň ýardamçylarynyň garşysyna söweş hereketlerine gatnaşan adamlar;

h) Beýik Watançylyk urşy döwründe söweş hereketleriniň netijesinde Germaniýa we onuň ýardamçylarana ýesir düşen we soň günäsi geçilen öňki harby gullukçylaryň hataryndan bolan adamlar;

2) 1941-nji ýylyň Oguz aýynyň 22-sinden 1945-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 3-i aralygyndaky döwürde hereket eden goşunyň düzümine girmedik harby bölümlerde, edaralarda, harby-okuw jaýlarynda harby gullugy geçen we «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal ýa-da «Ýaponiýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal bilen sylaglanan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler;

3) 1941-nji ýylyň Ruhnama aýynyň 8-inden 1944-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 27-si aralygynda gabaw döwründe Leningrad şäheriniň kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda işlän hem-de «Leningrady gorandygy üçin» diýen medal bilen sylaglanan adamlar we «Gabawdaky Leningradyň ýaşaýjysy» diýen nyşan bilen sylaglanan adamlar;

4) Hereket eden söweş meýdanynda tyl serhetleriniň çäklerindäki, demir ýol we awtomobil ýollarynyň söweş meýdançalaryndaky howa hüjüminden goranyş desgalarynda we goraghanalarynda, deňiz binýatlarynyň, howa gämileriniň duralgalarynyň we beýleki desgalarynyň gurluşygynda işlän adamlar;

5) Ok-däri we söweş tehnikasyny ýygnamak, çäkleri hem-de desgalary partlaýjysyzlandyrmak işine goşun ýolbaşçylygy we ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan çekilen adamlar;

6) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýurduň howpsuzlygynyň bähbitleri üçin Eýrana girizilen goşunlaryň düzüminde tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşan adamlar.

2. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümleriň, ştablaryň we edaralaryň sanawy hem-de hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylary üçin bellenilen ýeňillikli şertlerde pensiýa bellemek üçin artykmaçlyk hasaby bilen gulluk eden diýlip hasap edilýän, goralmagyna gatnaşylan şäherleriň sanawy we urşuň bolan döwürleri Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.

130-njy madda.    Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary

Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) Beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplary:

a) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan bellenen döwürlerde söweş hereketleriniň bolup geçen sebitlerinde ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň harby gullukçylary, ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri;

b) beýleki döwletlerde nereket eden harby birliklere hyzmat eden we şol döwletlerde söweş hereketleriniň alnyp barlan döwründe ýaralanmagyň, seňselemägiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan işgärler;

ç) 1945-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 10-undan 1951-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygyndaky döwürde öňki SSSR-iň çäklerinde söweşjeň tabşyryklary ýerine ýetirenlerinde ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň harby gullukçylary, ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri, atyjy batalýonlaryň, halk goragçysy wzwodlarynyň we otrýadlarynyň esgerleri we ýolbaşçy düzümi;

2) Beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyjylar:

a) öňki SSSR-iň döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan iberilen we şol döwletleriň çäklerinde gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilen harby gullukçylar, harby ýygnanyşyklara çagyrylan harby borçlular, içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärler, görkezilen edaralaryň işgärleri, öňki SSSR-iň Goranmak ministrliginiň işgärleri;

b) 1945-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 10-undan 1951-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygyndaky döwürde öňki SSSR-iň çäklerinde söweşjeň tabşyryklary ýerine ýetirenlerinde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilen harby gullukçylar, içeri işler we döwlet howpsuzlygy edaralarynyň harby gullukçylary, ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri, atyjy batalonlaryň, halk goragçysy wzwodlarynyň we otrýadlarynyň esgerleri we ýolbaşçylar düzümi;

ç) söweş hereketleri alnyp barlan döwründe Owganystana ýük daşamak üçin iberilen awtomobil batalonlarynyň harby gullukçylary;

d) söweş hereketleri alnyp barlan döwürlerinde öňki SSSR-iň çäklerinden Owganystana söweşjeň tabşyrykly uçuşlary amala aşyran uçujylyk düzüminiň harby gullukçylary;

3) Beýleki döwletleriň çäklerinde öňki SSSR-iň harby güýçleriniň birliklerine hyzmat eden, ýaralanan, seňselän ýa-da şikes alan ýa-da söweş hereketlerini üpjün etmäge gatnaşandygy üçin öňki SSSR-iň ordenleri we medallary bilen sylaglanan adamlar (söweş hereketleri alnyp barlan döwürde Owganystana uçuşlary ýerine ýetiren raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen);

4) 1979-njy ýylyň Bitaraplyk aýyndan 1989-njy ýylyň Bitaraplyk aýy aralygyndaky döwürde Owganystana, şeýle hem söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere işe iberilen, bellenen möhletlerini işlän ýa-da esasly sebäplere görä möhletinden öň yzyna iberilen işgärler (raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen).

131-nji madda.     Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar

Beýik Watançylyk urşy döwründe tylda zähmet çeken weteranlara 1931-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli doglan Türkmenistanyň raýatlary degişlidir.

132-nji madda.     Harby gullugyň weteranlary

Harby gullugyň weteranlaryna öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, öňki SSSR-iň Döwlet howpsuzlygy komitetiniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, öňki SSSR-iň serhet goşunlarynyň, içerki goşunlaryň, demir ýol goşunlarynyň, hökümet aragatnaşygy goşunlarynyň, raýat goranyşy goşunlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) ordenleri ýa-da medallary bilen sylaglanan ýa-da hormatly atlara mynasyp bolan ýa-da pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanan we erkek adamlara artykmaçlyk hasaby bilen azyndan 25 ýyl, aýal maşgalalara – 20 ýyl gulluk eden, şol sanda ätiýaçlyga goýberilen harby gullukçylary, şeýle hem harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar degişlidir.

133-nji madda.     Içeri işler edaralarynyň weteranlary

Içeri işler edaralarynyň weteranlaryna öňki SSSR-iň we Türkmenistanyň ordenleri ýa-da medallary bilen sylaglanan ýa-da hormatly atlara mynasyp bolan ýa-da pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanan we erkek adamlara artykmaçlyk hasaby bilen azyndan 25 ýyl, aýal maşgalalara – 20 ýyl gulluk eden, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy işgärleri degişlidir.

134-nji madda.     Zähmet weteranlary

Zähmet weteranlaryna öňki SSSR-iň we Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanan ýa-da hormatly atlara mynasyp bolan we eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda erkek adamlaryň azyndan 25 ýyl we aýal maşgalalaryň azyndan 20 ýyl iş döwri bolanlary degişlidir.

135-nji madda.     Weteranlaryň şahadatnamalary

1. Weteranlara bellenen nusgadaky şahadatnamalar:

1) Beýik Watançylyk urşunyň, beýleki döwletleriň çäklerindäki uruş hereketleriniň weteranlaryna, harby gullugyň weteranlarynaTürkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan;

2) içeri işler edaralarynyň weteranlaryna Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan;

3) zähmet weteranlaryna âå Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara weteranlaryň ýaşaýan ýerlerindäki häkimlikler tarapyndan berilýär.

2. Weteranlaryň degişli topary üçin şahadatnamalaryň asyl nusgasy Òürkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we zähmet weteranlary âå Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary üçin Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

VI bölüm. WETERANLARY WE MAÝYPLARY DURMUŞ TAÝDAN GORAMaK

XXVIII bap.        Weteranlary durmuş taýdan goramak

136-njy madda.    Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri

1. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplaryny (mundan beýläksöweş hereketleriniň maýyplary) durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;

2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini mugt taýýarlatmak (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga), abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;

3) döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda nobatsyz mugt hyzmat etmek we nobatsyz hassahana ýerleşdirmek;

4) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi utgaşdyryjy toparynyň çözgüdi esasynda ýylda bir gezek mugt şypahana bejergisi;

5) işleýän söweş hereketleriniň maýyplaryna wagtlaýyn işe ukypsyzlyk boýunça kömek pulyny ýarawsyzlyk gününiň sanyna garamazdan, umumy näsaglyk netijesinde wagtlaýyn işe ukypsyzlyk boýunça kömek puly senenama ýylynda yzygiderli 4 aýa ýa-da 5 aýa çenli iş hakynyň 100 göterimi möçberinde tölemek;

6) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna ilkinji nobatda düýpli abatlamak;

7) hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde ýerli gurluşyk materiallaryny ilkinji nobatda almak;

8) ýaşaýan jaýlaryny ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna nobatsyz abatlamak;

9) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny nobatsyz bermek;

10) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;

11) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny tölegsiz almak;

12) ýaşaýyş jaýyny gurmak, hususy ýaşaýyş jaýyny satyn almak (gurmak), olary düýpli abatlamak, gaz geçirmek, suw geçiriji we lagym ulgamlaryna birikdirmek, şeýle hem bagçylyk öýlerini satyn almak (gurmak), bag ekilen meýdanlary abadanlaşdyrmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde we möçberlerde göterimsiz karz almak hukugy;

13) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, şol sanda bilelikde ýaşan, dul galan ýanýoldaşlary tarapyndan hem, mugt peýdalanmak;

14) öý telefonyny we simli radio nokadyny nobatsyz mugt geçirmek. Söweş hereketleriniň maýyplary telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent töleglerinden boşadylýarlar;

15) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

16) durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak,

17) olaryň islegine görä, demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda ýylda bir gezek mugt gidip-gelmek hukugy berilýär;

(22.04.2010 ý. ¹103-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

18) güýz-gyş möwsüminde gidip-gelmegiň sanyny çäklendirmezden demir ýol we howa ulaglarynda ýol nyrhynyň 50 göterimi möçberinde ýeňillik berilýär. Ýolda I topar maýybynyň ýanynda bolýan adama 50 göterim möçberinde ýeňillik berilýär;

(22.04.2010 ý. ¹103-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

19) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;

20) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol we suw ulagynda mugt gidip-gelmek;

21) ulaglaryň ähli görnüşlerine biletleri nobatsyz satyn almak;

22) gartaşan adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan üpjünçilik merkezlerine nobatsyz kabul etmek hukugy, şeýle hem öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek.

2. Gidip-gelmek üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýeňillikler Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýär. Öňki SSSR-iň düzümine giren beýleki döwletleriň çäkleri boýunça ýeňillikli gidip-gelmegiň şertleri we tertibi degişli döwletara ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilýär.

3. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar üçin ýeňillikler Şu Bitewi kanunyň 129-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-6-njy bentlerinde görkezilen adamlar, şeýle hem Ikinji jahan urşy döwründe faşistler wå olaryň ýaranlary tarapyndan döredilen konslagerlerde, gettolarda, beýleki mejbur ediş ýerlerinde ýesirlikde bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler we Beýik Watançylyk urşy döwründäki söweş hereketleri ýa-da olaryň netijeleri bilen baglanyşykly kontuziýa, ýaralanmak, şikes almak netijesinde çagalykdan maýyp bolanlarà-da degişli bolup durýar.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

137-nji madda.     Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri

1. Şu Bitewi kanunyň 130-njy maddasynyň 2-nji bendinde görkezilen beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşyjylara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;

2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini mugt taýýarlatmak (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga), abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;

3) her ýylky zähmet rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak we iş hakyny tölemezden ýylda 30 senenama güne çenli goşmaça zähmet rugsadyny almak;

4) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ilkinji nobatda düýpli abatlamak;

5) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny nobatsyz bermek;

6) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;

7) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;

8) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, şol sanda bilelikde ýaşaýan, maşgala agzalary tarapyndan hem, mugt peýdalanmak;

9) öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;

10) öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi, şeýle hem telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillikler;

11) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

12) durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak,

13) ýaralananlara, seňselänläre ýa-da şikes alanlara demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda iki ýylda bir gezek mugt ýa-da olaryň islegine görä, görkezilen ulaglarda ýylda bir gezek 50 göterim ýeňillik bilen gidip-gelmek hukugy;

14) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;

15) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek;

16) ulaglaryň ähli görnüşlerine biletleri nobatsyz satyn almak.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýeňillikler Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýär. Öňki SSSR-iň düzümine giren beýleki döwletleriň çäkleri boýunça ýeňillikli gidip-gelmegiň şertleri we tertibi degişli döwletara ylalaşyklary bilen düzgünleşdirilýär.

138-nji madda.     Beýleki döwletleriň çäklerindäki harby birliklere hyzmat eden adamlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri

Beýleki döwletleriň çäklerindäki harby birliklere hyzmat eden, ýaralanan, seňselän ýa-da şikes alan ýa-da söweş hereketlerini üpjün etmäge gatnaşandygy üçin ordenler we medallar bilen sylaglanan adamlara (söweş hereketleriniň alnyp barlan döwründe Owganystana uçuşlary ýerine ýetiren howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen), durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) her ýylky zähmet rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak we iş hakyny tölemezden ýylda 30 senenama gününe çenli goşmaça zähmet rugsadyny almak;

2) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;

3) öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak.

139-njy madda.    Söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere iberilen işgärleri durmuş taýdan goramagyň çäreleri

1979-njy ýylyň Bitaraplyk aýyndan 1989-njy ýylyň Bitaraplyk aýy aralygynda Owganystana, şeýle hem söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere iberilen, bellenen möhletde işlän ýa-da esasly sebäpler boýunça möhletinden öň yzyna gaýdan işgärlere durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) her ýylky zähmet rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak;

2) öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak.

140-njy madda.    Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri

Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak;

2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini mugt taýýarlatmak (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga), abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;

3) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;

4) öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;

5) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;

6) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda 50 göterim ýeňillikli gidip-gelmek;

7) gartaşan adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan üpjünçilik merkezlerine nobatsyz kabul etmek hukugy, şeýle hem öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek.

141-nji madda.     Harby gullugyň we içeri işler edaralarynyň weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri

Harby gullugyň we içeri işler edaralarynyň weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri Türkmenistanyň ýörite kanunçylyk namalarynda bellenilýär.

142-nji madda. Beýik Watançylyk urşuna we beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp, wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň) we aradan çykan uruş maýyplarynyň maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri

1. Beýik Watançylyk urşuna we beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň), aradan çykan uruş maýyplarynyň (mundan beýläk-wepat bolanlar (aradan çykanlar)) maşgala agzalary üçin bellenen ýeňillikler wepat bolanyň (aradan çykanyň) zähmete ukypsyz, onuň eklenjinde bolan we şu Bitewi kanuna laýyklykda ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puluny alýan (almaga hukugy bolan) maşgala agzasyna berilýär.

Ýokarda görkezilen maşgala agzalaryna şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

1) wepat bolanyň (aradan çykanyň) maşgala agzalaryna döwlet pajyny tölemezden miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermek;

2) wepat bolanyň (aradan çykanyň) ene-atasy, ýanýoldaşy üçin döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;

3) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna abatlamak;

4) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;

5) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny nobatsyz bermek;

6) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;

7) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak;

8) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

9) durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak;

10) wepat bolanyň (aradan çykanyň) ene-atasy, ýanýoldaşy üçin şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;

11) ene-atasy, ýanýoldaşy üçin şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek;

12) wepat bolanyň (aradan çykanyň), ýanýoldaşyny, gartaşan we maýyp adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan üpjünçilik merkezlerine, şol sanda öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek hukugy.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýeňillikler eklenjinde bolandygyna we pensiýanyň we iş hakynyň islendik görnüşini alýandygyna garamazdan şu aşakdakylara berilýär:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp wepat bolanyň (aradan çykanyň) we aradan çykan uruş maýybynyň gaýtadan durmuş gurmadyk ýanýoldaşyna;

2) beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp wepat bolanyň (aradan çykanyň) ýeke ýaşaýan ene-atalaryna;

3) beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp wepat bolanyň (aradan çykanyň) gaýtadan durmuş gurmadyk ýeke ýaşaýan ýanýoldaşyna.

3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýeňillikler:

1) harby gulluk borjuny (gulluk borçlaryny) ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň we milli howpsuzlyk edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň maşgala agzalaryna;

2) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda, şeýle hem beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketleriniň bolan sebitlerinde kanunda bellenen tertipde nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen, harby gullukçynyň harby bölümiň sanawyndan çykarylan döwründen, ýesirlikde bolan harby gullukçylaryň maşgala agzalaryna;

3) Beýik Watançylyk urşynda ýerli howa çozuşyndan goranyşyň bina we heläkçilikden hem-de öz-özüni goraýyş toparlarynyň şahsy düzüminiň hataryndan wepat bolan adamlaryň maşgala agzalaryna;

4) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Leningrad şäheriniň keselhanalarynda we hassahanalarynda işläp, wepat bolan adamlaryň maşgala agzalaryna degişlidir.

143-nji madda.     Zähmet weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri

Zähmet weteranlaryna salgytlar boýunça «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenen ýeňillikler berilýär.

XXIX bap.           Weteranlary durmuş taýdan goramagy maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

144-nji madda.     Weteranlary durmuş taýdan goramagy maliýeleşdirmegiň çeşmeleri

1. Şu Bitewi kanunda weteranlara berilýän hukuklary we ýeňillikleri durmuşa geçirmek üçin çykdajylar:

1) degişli kärhanalaryň öz serişdeleriniň hasabyna:

a) söweş hereketleriniň maýyplary:

işleýän ýagdaýynda wagtlaýyn işe ukypsyzlyk boýunça kömek puluny tölemek;

öý telefonyny we simli radio nokadyny mugt geçirmek we îlardan mugt peýdalanmak;

suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak;

umumy peýdalanylýan demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda mugt gidip-gelmek, görkezilen ulaglarda 50 göterim ýeňillikli peýdalanmak;

b) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara:

öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi we telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillikler bermek;

suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak;

ýaralananlara, seňselänlere ýa-da şikes alanlara demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda iki ýylda bir gezek mugt ýa-da olaryň islegine görä, görkezilen ulaglarda ýylda bir gezek 50 göterim ýeňillik bilen gidip-gelmek;

ç) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:

şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gatnamak;

şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda 50 göterim ýeňillikli gatnamak;

d) Beýik Watançylyk urşuna we beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň), aradan çykan uruş maýyplarynyň maşgala agzalaryna:

suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan bellenen sarp ediş ölçeglerinden artyk mugt peýdalanmak;

durmuş galyndylary we beýleki galyndylary, hapa suwlary äkitmek, merkezleşdirilen ýyladyş usuly boýunça hyzmatlardan mugt peýdalanmak;

etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gatnamak;

şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol we suw ulagynda mugt gatnamak;

2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna:

a) söweş hereketleriniň maýyplary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara:

dermanlary mugt almak;

diş protezlerini mugt taýýarlatmak (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga), abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;

b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:

dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak;

diş protezlerini mugt taýýarlatmak (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga), abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;

ç) Beýik Watançylyk urşuna we beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketine gatnaşyp wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň), aradan çykan uruş maýyplarynyň maşgala agzalaryna:

dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak.

3) ýerli býujetleriň hasabyna:

a) söweş hereketleriniň maýyplary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara:

olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak;

ýaşaýan jaýlaryny abatlamak;

hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;

eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak;

b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:

hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;

ç) Beýik Watançylyk urşuna we beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketine gatnaşyp wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň), aradan çykan uruş maýyplarynyň maşgala agzalaryna:

olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak;

ýaşaýan jaýlaryny abatlamak;

hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;

eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak.

2. Weteranlary durmuş taýdan goramak boýunça goşmaça çäreleri maliýeleşdirmegiň ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan bellenen tertipde, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden hem amala aşyrylyp bilner.

145-nji madda.     Weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleri

1. Weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleri weteranlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.

2. Döwlet häkimiýeti edaralary weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam berýärler.

3. Weteranlary durmuş taýdan goramak, weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň meseleleri boýunça çözgütler döwlet häkimiýeti edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan kabul edilýär.

XXX bap.             Maýyplaryň durmuş goraglylygy

146-njy madda.    Maýyplaryň hukuk ýagdaýlarynyň esaslary

1. Türkmenistanda maýyplar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şu Bitewi kanunda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda berkidilen durmuş-ykdysady, syýasy, şahsy hukuklara we erkinliklere doly eýedirler.

2. Maýyplary kemsitmek gadagan edilýär we kanun tarapyndan yzarlanýar.

147-nji madda.     Maýyplaryň hukuklary, erkinlikleri we kanuny bähbitleri

1. Maýyplaryň hukuklaryny, erkinliklerini we kanuny bähbitlerini goramak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, döwlet tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Raýatyň, ygtyýarly döwlet edarasynyň, ony maýyp ýa-da maýyp däl diýlip ykrar etmek baradaky çözgüdine Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenýän tertipde garşy çykmaga haky bardyr.

148-nji madda.     Dolandyryş edaralary

Maýyplaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman segnagaty ministrligi we ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

XXXI bap.           Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri

149-njy madda.    Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri

1. Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri maýyplary durmuş taýdan goramak, durmuş-zähmet we saglyk babatda dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmak maksady bilen döredilýär.

2. Döwlet dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam berýärler.

150-nji madda.     Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işi

1. Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri önümçilik, maliýe we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işleri amala aşyrýarlar.

2. Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri we olaryň kärhanalary, guramalary we edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

3. Maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek, işletmek we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

XXXII bap.          Maýyplaryň saglygyny dikeltmek

151-nji madda.     Maýyplaryň saglygyny dikeltmek

1. Maýyplaryň saglygyny dikeltmek adam bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen wezipelerini, öz-özüne hyzmat etmek, hünär işiniň dürli görnüşlerine bolan ukyplaryny dikeltmäge gönükdirilen, saglygy goraýyş, hünär we durmuş çäreleriniň toplumyndan ybaratdyr.

2. Maýyplaryň saglygyny dikeltmek dikeldiş merkezlerinde, dikeldiş bejergini berýän bölümlerde, ýörite okuw-terbiýeçilik, ýöriteleşdirilen şypahana edaralarynda, maýyplara durmuş hyzmatyny etmek boýunça edaralarynda amala aşyrylýar.

152-nji madda.     Maýyplaryň saglygyny dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasy

1. Maýyplary saglygy goraýyş, hünär we durmuş taýdan dikeltmek saglygy goraýyş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanýan özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Döwlet dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar we edaralar maýyplaryň saglygyny özbaşdak dikeldiş maksatnamasyny ýerine ýetirmäge ýardam edýärler.

XXXIII bap.        Maýyplary işe ýerleşdirmek, bilim bermek we hünäre taýýarlamak

153-nji madda.     Maýyplaryň zähmet çekmäge hukugy

1. Maýyplaryň zähmetiň adaty şertleri bolan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, maýyplaryň zähmeti ulanylýan kärhanalarda, sehlerde we uçastoklarda işlemäge, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik telekeçilik işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.

2. Maýyplygy sebäpli zähmet ylalaşygyny baglaşmakdan, maýyby gulluk boýunça ýokary wezipä çekmekden boýun gaçyrylmagyna, edaranyň başlangyjy boýunça işden çykarmaga ýa-da onuň razyçylygy bolmazdan maýyby başga işe geçirmäge ýol berilmeýär, saglygy seljeriş toparynyň netijenamasy boýunça onuň saglyk ýagdaýy hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgelçilik berýän ýa-da beýleki adamlaryň saglygyna we zähmetiň howpsuzlygyna howp salýan halatlary muňa girmeýär.

154-nji madda.     Maýyplaryň zähmet şertleri

1. Kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýän maýyplara özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda zähmetiň zerur bolan şertleri döredilýär.

2. Zähmet şertleri, iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň düzgüni, her ýylky we goşmaça zähmet rugsatlarynyň dowamlylygy toparlaýyn we şahsy ylalaşyklarda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

155-nji madda.     Maýyplary iş bilen üpjün etmek

1. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary kärhanalardaky, guramalardaky we edaralardaky zähmet şertlerini göz öňünde tutmak bilen, maýyplary işe kabul etmegiň paýyny belleýärler.

2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary telekeçilik işi bilen meşgullanýan we öýlerinde işleýän maýyplara ýaşalmaýan jaýlaryň berilmegine, ýerli çig maly satyn almaga we önümlerini ýerlemäge ýardam edýärler.

156-njy madda.    Maýyplara bilim bermek we olary hünäre taýýarlamak

1. Döwlet maýyplaryň bilim almaklary we hünär taýýarlyklary üçin zerur şertleri kepillendirýär.

2. Bilim we saglygy goraýyş edaralary maýyp çagalara mekdebe çenli we mekdepden daşary terbiýe berilmegini, maýyplaryň umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge, şeýle hem özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda maýyplaryň hünär taýýarlygyna ýardam etmäge borçludyrlar.

157-nji madda.     Maýyp çagalaryň mekdebe çenli terbiýesi

1. Bilim we saglygy goraýyş edaralary mekdebe çenli ýaşly maýyp çagalary terbiýelemek üçin şertleri döretmäge we maýyp çagalaryň umumy görnüşli mekdebe çenli edaralarda olara zerur dikeldiş kömegini bermäge borçludyrlar.

2. Umumy görnüşli mekdebe çenli edaralarda bolmaga saglyk ýagdaýlary mümkinçilik bermeýän maýyp çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebe çenli edaralar döredilýär.

158-nji madda.     Maýyplar üçin umumy orta, ýörite orta we ýokary bilim

1. Maýyplara umumy orta, ýörite orta we ýokary bilim bermek umumy görnüşdäki okuw mekdeplerinde, zerur halatynda bolsa, ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.

2. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) netijenamasy boýunça ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okamak rugsat edilen I we II topar maýyplary okuwa bäsleşiksiz kabul edilýär.

3. Deň şertlerde III topar maýyplary ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine artykmaç hukukdan peýdalanmak bilen kabul edilýärler.

4. Maýyplaryň ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan döwürlerinde döwlet kömek puly we talyp haky doly tölenilýär.

5. Okuw mekdebini tamamlanyndan soň, maýyp zähmet şertlerini we özbaşdak dikeldiş maksatnamasyny göz öňünde tutmak bilen, hünäri boýunça işe ugradylýar.

159-njy madda.    Maýyp çagalaryň mekdepden daşary terbiýesi

Bilim edaralary we beýleki döwlet edaralary mekdebe çenli terbiýäniň maýyp çagalar üçin elýeterli bolmagyny üpjün edýärler.

160-njy madda.    Ýatymlaýyn şertlerde bejergi geçirýän saglygy goraýyş edaralarynda maýyp çagalary terbiýelemek we okatmak

Bilim edaralary, ýatymlaýyn şertlerde bejergi geçirýän saglygy goraýyş, bejeriş-keseliň öňüni alyş ýa-da saglygy dikeldiş edaralarynda bejeriş alýan maýyp çagalar üçin okuw sapaklaryny guraýarlar.

161-nji madda.     Üm, el hereketi bilen düşünişmek

Şahsyýetleriň arasynda gatnaşyk serişdesi hökmünde üm, el hereketleri arkaly düşünişmek döwlet tarapyndan ykrar edilýär.

XXXIV bap.        Durmuş amatlyklarynyň maýyplar üçin elýeterliligi

162-nji madda.     Maýyplaryň ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş desgalaryna baryp bilmegi üçin şertleri döretmek

Döwlet dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, guramalar, we edaralar, hojalygy ýöredijiler maýyplaryň ýaşaýyş jaýlaryna, jemgyýetçilik we önümçilik binalaryna, desgalara baryp bilmekleri, jemgyýetçilik ulaglaryndan we aragatnaşyk we maglumat serişdelerinden peýdalanmaklary üçin şertler döretmäge borçludyrlar.

163-nji madda.     Durmuş amatlyklarynyň düzüm gurluşyny, taslamasyny düzmek we gurmak

Ilatly ýerleri gurmak, meýilleşdirmek we taslamasyny düzmek, ýaşaýyş sebitlerini emele getirmek, taslama çözgütlerini işläp düzmek, jaýlary, desgalary gurmak we täzeden gurmak, durmuş amatlyklarynyň, aragatnaşyk we maglumat serişdeleriniň, düzüm gurluşyny maýyplar üçin ulanmaga elýeterli bolmagyny göz öňünde tutmak arkaly ýerine ýetirilýär.

164-nji madda.     Ýaşaýyş jaýlaryny maýyplaryň baryp we peýdalanyp bilmekleri üçin ýaramly etmek

1. Maýyplara ýa-da düzüminde maýyp bar bolan maşgalalara berilýän we olaryň eýeleýän ýaşaýyş jaýlary ýörite serişdeler, abzallar we telefon aragatnaşygy bilen enjamlaşdyrylýar.

Görkezilen ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, garamaklarynda ýaşaýyş jaý gory bolan kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Maýyplaryň ýaşaýan hususy ýaşaýyş jaýlary, maýyplygyň bolmagyna günäkär kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan, beýleki halatlarda bolsa, maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda döwlet häkimiýetiniň degişli edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Görkezilen çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

165-nji madda.     Maýyplaryň medeni tomaşa we bedenterbiýe (sport) desgalaryna baryp bilmeklerini üpjün etmek

1. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary maýyplaryň medeni tomaşa edaralaryndan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin bedenterbiýe (sport) desgalaryndan erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertleri, şeýle hem ýörite sport esbaplarynyň berilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.

2. I we II topardaky maýyplar we 16 ýaşa çenli maýyp çagalar sanalan hyzmatlardan mugt, III topardaky maýyplar bolsa görkezilen hyzmatlaryň bahasyndan 50 göterim tölemek bilen peýdalanýarlar.

166-njy madda.    Maýyplaryň durmuş amatlyklarynyň binalaryna baryp bilmeklerini üpjün etmek

Maýyplaryň durmuş amatlyklarynyň binalaryna baryp bilmeklerini üpjün etmegiň şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan çärelerini ýerine ýetirip bilmeýän kärhanalar, guramalar we edaralar, maýyplaryň şunuň ýaly hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin zerur serişdeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde degişli ýerli býujetiň hasabyna geçirýärler.

Görkezilen serişdeler diňe durmuş amatlyklarynyň binalaryny maýyplaryň hajatlaryny abzallaşdyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna ulanylýar.

167-nji madda.     Maýyplar üçin durmuş-medeni binalary we sport desgalaryny gurmagy, saklamagy we enjamlaşdyrmagy maliýeleşdirmäge kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň gatnaşmagy

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, guramalar we edaralar maýyplar üçin durmuş-medeni binalary we sport desgalaryny gurmagy, saklamagy we enjamlary almagy maliýeleşdirmäge serişdeleri gönükdirmäge haklydyr.

168-nji madda.     Maýyplar üçin tehniki serişdeleri öndürýän kärhanalara we guramalara ýeňillikler

Maýyplar üçin protez-ortopediki önümleri, ýörite ulag serişdelerini öndürýän kärhanalara we edaralara, maýyplaryň saglygyny dikeldýän, şeýle hem maýyplara seretmek we olaryň saglygyny dikeltmek boýunça hyzmatlary edýän guramalara Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde ýeňillikler berilýär.

XXXV bap.          Maýyplara durmuş kömegi

169-njy madda.    Durmuş kömeginiň görnüşleri

1. Maýyplara durmuş kömegi pul tölegleri we şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýeňillikleri bermek, dermanlar, maýyplar üçin arabalar, protezler we beýleki protez-ortopediki önümler, ýörite harply çap önümleri, ses güýçlendiriji we duýduryş gurallary bilen üpjün etmek, şeýle hem saglygy goraýyş, hünär we durmuş taýdan dikeltmek boýunça we durmuş hyzmatyny etmek boýunça hyzmatlary etmek arkaly berilýär.

2. Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň   serişdeleriniň hasabyna mugt we Türkmenistanyň Ministrlår Kabineti tarapyndan bellenen tertipde ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar:

1) maýyp çagalar, çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplar (maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa girmeýär) -  maýyplar üçin kolýaskalar, protezler we başga protez-ortopediki önümler bilen;

2) III topar maýyplar (maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa girmeýär) - protezler we başga protez-ortopediki önümler bilen.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

170-nji madda.     Maýyplaryň ýaşaýyş jaý gatnaşyklary babatynda hukuklary

1. Maýyplara özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda, binanyň görnüşini, köp gatlylygyny, abadanlaşdyryş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertlerini göz öňünde tutmak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlap almak hukugy berilýär.

2. I we II topar maýyplarynyň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga), maýyp eneleriň, şeýle hem maýyp çagalary terbiýeleýän maşgalalaryň saglygy dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasyna we ölçege laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga hukugy bardyr.

3. I topar maýyplarynyň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga) jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr.

4. Öý-internatlaryna ýa-da beýleki durmuş kömegi edaralaryna ýerleşdirilen maýyplaryň öz ýaşaýyş jaýlaryny 12 aýyň dowamynda saklap galmaga hukuklary bardyr. Mundan uzak möhletlerde, boşan ýaşaýyş jaýy ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mätäçlik çekýän beýleki maýyplara berilýär.

5. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň serişdeleriniň hasabyna gurlan ýaşaýyş meýdanynyň bir bölegini almaga haklary ýokdur.

171-nji madda.     Ilkinji nobatda durmuş hyzmatyny etmek hukugy

Maýyplaryň aragatnaşyk, durmuş hyzmaty, awtohyzmat, söwda, ýaşaýyş jaý-jemagat, saglygy goraýyş kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan ilkinji nobatda hyzmat edilmäge, ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynda biletleri ilkinji nobatda satyn almaga hukuklary bardyr.

172-nji madda.     Ulag serişdelerini saklamak üçin maýyplara şert döretmek

1. Maýyplara özleriniň ýaşaýan ýerleriniň golaýynda öz ýörite hereket ediş serişdelerini, awtomobilleri hem goşmak bilen, saklamak üçin şertler döredilýär.

2. Maýyplar ulag serişdelerini saklamak üçin peýdalanylýan jaýlar ýerli häkimiýetiň we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň ygtyýarynda duran meýdança üçin kärende tölegini tölemekden boşadylýarlar.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Ulag serişdelerini saklamak üçin jaýlary we garaž gurmak üçin ýerleri bermegiň tertibi we şertleri ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan kesgitlenilýär.

173-nji madda.     Maýyplara öýünde hyzmat etmek. Maýyplara ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralar

Ýeke ýaşaýan, gartaşan, maýyp raýatlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar keseki kömegine we hyzmatyna mätäç maýyplara durmuş hyzmatlary öýünde, saglygyny goramak bilen bagly kömek, bejeriş edaralarynyň üstü bilen edilýär. Döwlet öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümleriň ulgamyny ösdürmäge ýardam edýär.

174-nji madda.     Öý-internatlarynda we beýleki ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralarda bolýan maýyplaryň hukugy

1. Maýyplaryň öý-internatlarynda ýa-da beýleki ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralarda bolmaklarynyň şertleri maýyplaryň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge mümkinçiliklerini üpjün etmelidir we şahsyýetiň isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam bermelidir.

2. Ýetim ýa-da ene-atalarynyň hossarlygyndan mahrum bolan, ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralarda bolýan maýyp çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň, eger özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda, olar öz-özlerine hyzmat edip, özbaşdak ýaşap biljek bolsalar, ýaşaýyş jaýyny we ony abadanlaşdyrmak üçin maddy kömegi nobatsyz almaga hukugy bardyr.

VII BÖLÜM. HASABA ALYŞ WE HASABAT

XXXVI. bap.       Pensiýalary we döwlet kömek puluny alýanlaryň sanyny hasaba almak

175-nji madda.     Pensiýalary we döwlet kömek puluny alýanlaryň sanyny hasaba almak

1. Pensiýalary we döwlet kömek puluny alýanlaryň sanyny hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde alnyp barylýar.

2. Pensiýalary we döwlet kömek puluny alýanlaryň sany baradaky hasabatlar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti y tarapyndan tassyklanan görnüşler boýunça düzülýär.

XXXVII bap.       Döwlet pensiýa we durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri hasaplamagyň we geçirmegiň tertibi

176-njy madda.    Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň möçberi, olary hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň möçberi, olary hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.

XXXVIII bap. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek, olaryň hasaba alnyşy we hasabaty

177-nji madda.     Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek

Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Maliýe ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.

178-nji madda.     Pensiýalary we döwlet kömek puluny tölemäge çykdajy edilişini hasaba almak we olar boýunça hasabat

1. Iş berijiler çaganyň dogulmagy bilen bagly, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň tölenen möçberleri barada her aýda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine maglumat berýärler.

2. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi pensiýalary, maýyplyk, ekleýjisini ýitirendigi boýunça, çaganyň dogulmagy bilen bagly, çaga seretmek boýunça kömek pullaryny we durmuş kömek puluny, beýleki durmuş töleglerini tölemek üçin çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýär we Türkmenistanyň Maliýe ministrligine her çärýekde hasabat berýär.

3. Iş berijiler wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýärler we her çärýekde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ynyň edaralaryna hasabat berýärler.

4. Pensiýalary we döwlet kömek puluny tölemäge çykdajylar hakyndaky hasabatyň görnüşleri we olary bermegiň möhletleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti y tarapyndan tassyklanylýar.

179-njy madda.    Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma serişdelerini hasaba almak we hasabat bermek

1. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary:

1) meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryň gelip gowşuşynyň;

2) ýerleşdirilen serişdeleriň we olar boýunça girdejileriň;

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3) toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýany, pensiýa toplamalaryndan birwagtlaýyn we beýleki tölegleri tölemek üçin çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýärler.

2. Bank edaralary depozit hasabyna ýerleşdirilen pensiýa toplamalarynyň serişdeleriniň galyndysy we olara hasaplanýan girdejiler hakynda her aýda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine hasabat berýär.

(26.11.2010 ý. ¹151-IV «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

3. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi pensiýa toplanmalary hakyndaky çärýeklik hasabaty bellenen görnüş boýunça Türkmenistanyň Maliýe ministrligine berýär.

XXXIX bap.      Durmuş üpjünçiligi barada kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

180-nji madda.     Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň tölenilişi üçin jogapkärçilik

Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň wezipeli adamlary, şeýle hem şertnama esasynda zähmeti ulanýan hususy telekeçiler we fiziki şahslar döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna aýrylýan serişdeleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde meýletin pensiýa gatançlary öz wagtynda ýa-da doly geçirmändikleri üçin jogapkärçilik çekýärler.

Töleýjiler hökmünde bellige goýmak, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirilen serişdeleriň obýektlerini bellige almak, olary tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegi, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna serişdeleriň tölenmegi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna serişdeleriň artyk tölenen pul möçberiniň, maliýe jerimeleriniň we olar boýunça jerimeleriň (penýalaryň) töleniş, hasapdan çykarylyş we yzyna gaýtarylyş möhletiniň üýtgedilmeginiň, salgyt gullugynyň edaralarynyň çözgütlerine, olaryň wezipeli işgärleriniň we gullukçylarynyň hereketlerine arz etmegiň tertibi, şeýle hem bu hukuk gatnaşyklarynda ýüze çykýan hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Salgyt kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Meýletin pensiýa gatançlary hasaplanyp çykarylan tölegleri hasaba almak boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegi, meýletin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, maliýe jerimeleriniň we olar boýunça jerimeleriň (penýalaryň) töleniş, hasapdan çykarylyş we yzyna gaýtarylyş möhletiniň üýtgedilmeginiň, salgyt gullugynyň edaralarynyň çözgütlerine, olaryň wezipeli işgärleriniň we gullukçylarynyň hereketlerine arz etmegiň, Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek bilen, maliýe jerimeleriniň ulanylyşynyň tertibi şeýle hem bu hukuk gatnaşyklarynda ýüze çykýan hukuklary we borçlary Türkmenistanyň Salgyt kodeksinde bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Şunuň bilen birlikde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna hasaplanyp geçirilen serişdeleriň we meýletin pensiýa gataçlarynyň, şeýle hem olaryň wagtynda tölenilmändigi üçin jerimeleriň (penýalaryň) möçberiniň peseldilenligi üçin salynýan maliýe jerimeleri býujet maliýeleşdirmesiniň smetalarynda göz öňünde tutulan tölegler babatda býujetdäki guramalara ulanylmaýar.

(23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde).

181-nji madda.     Ýalňyş maglumatlary özünde saklaýan resminamalaryň berlendigi üçin jogapkärçilik

Pensiýa, döwlet kömek puluny bellemek üçin hukuk almaga we (ýa-da) olaryň möçberine täsir edýän, ýalňyş maglumatlary bolan resminamalaryň berlendigi üçin iş berijiler, arhiw edaralary we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

182-nji madda.     Esassyz maýyp diýlip ykrar edilendigi üçin jogapkärçilik

Esassyz maýyp diýlip ykrar edilendigi, maýyplyk derejesiniň we toparynyň bellenendigi üçin Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) agzalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

183-nji madda.     Pensiýany we döwlet kömek puluny bellemek we tölemek üçin jogapkärçilik

1. Pensiýa, döwlet kömek puluna we beýleki durmuş töleglerine bolan hukugyň, olaryň möçberleriniň ýalňyş kesgitlenendigi, olary tölemäge resminamalary resmileşdirmegiň tertibiniň bozulandygy üçin durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň wezipeli işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

2. Raýatlara pensiýalary, döwlet kömek puluny we beýleki durmuş töleglerini tölemegiň şertleriniň bozulandygy üçin banklaryň wezipeli işgärleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.

184-nji madda.     Gatançlaryň geçirilişi we pensiýa toplamalarynyň saklanyşy üçin jogapkärçilik

1. Ätiýaçlandyrylan adamlaryň atly hasaplaryna pensiýa gatançlarynyň öz wagtynda geçirilmändigi we olara maýa goýum girdejisiniň hasaplanyp ýazylmandygy üçin durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň wezipeli işgärleri jogapkärçilik çekýärler.

2.  (23.10.2008 ý. ¹234-III «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda güýjüni ýitiren).

2. Ätiýaçlandyrylan raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň möçberiniň azaldylmagy sebäpli ýetirilen zeleliň we durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna pensiýa toplamalarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagy sebäpli ýetirilen zeleliň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolunýar.

3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň saklanyşy üçin bank edaralary jogapkärçilik çekýärler.

185-nji madda.     Maýyplaryň hukuklarynyň, erkinlikleriniň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilişi üçin jogapkärçilik

Maýyplaryň hukuklarynyň, erkinlikleriniň we kanuny bähbitleriniň bozulmagynda günäkär bolan wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçiligi çekýärler.

186-njy madda.    Durmuş hyzmaty babatynda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Durmuş hyzmaty ulgamynda işleýän adamlar, eger olaryň hereketi (hereketsizligi) durmuş hyzmaty edilýän raýatyň janyna we saglygyna howp salan netijelere ýa-da olaryň hukuklarynyň beýleki bozulmalaryna getiren bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçiligi çekýärler.

XXXX bap.          Geçiş ýagdaýlary

187-nji madda.     Geçiş ýagdaýlary

1. Şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemegiň şertleri şu Bitewi kanun güýjüne girýänçä bellenilen pensiýalara we kömek pullaryna degişlidir.

2. 1998-nji ýylyň Gorkut aýynyň 17-sinde kabul edilen «Pensiýalar hakynda» Türkmenistanyň kanuny güýje gireninden soň pensiýalary bellenen pensionerleriň:

1) pensiýa işinde bar bolan aýlyk iş haky barada resminamalardan ugur alnyp, şu Bitewi kanunyň 7-nji maddasyna laýyklykda şahsy koeffisiýenti täzeden hasaplanylýar, muňa oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde işlän adamlar girmeýärler;

2) iş döwrüne öň hasaba alynmadyk pensiýanyň bellenen gününe çenli bar bolan zähmet işi goşulýar.

3. Oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde işlenen döwrüň aýlyk iş hakyndan şu Bitewi kanunyň güýje giren pursatyna çenli bellenen pensiýalary, raýatlaryň isleglerine görä, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky pensiýa çykan wagtyna çenli iş döwrüniň aýlyk iş hakyndan şu Bitewi kanunyň 7-nji maddasynyň şertlerine laýyklykda täzeden hasaplamaly.

4. Şu Bitewi kanunyň güýje girmegine çenli pensiýalary bellenen we şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň birinji böleginde kesgitlenenden az bolmadyk iş döwri bolan pensionerleriň pensiýalarynyň möçberi pensiýanyň iň pes möçberinden pes bolmaly däldir.

5. Oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde işlän raýatlaryň şahsy koeffisiýentleri hasaplananda olaryň gazançlaryny degişli döwürde Türkmenistan boýunça emele gelen ortaça aýlyk iş hakynyň möçberinden ýokary bolmadyk derejede hasaba almaly we ony 2009-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli degişli etmeli.

6. Şu Bitewi kanunyň şertleri boýunça pensiýa hukugy bolan, şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynda görkezilen pensiýa ýaşyna 2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň birine çenli ýeten raýatlara pensiýa, olaryň pensiýany bellemek üçin zerur ähli resminamalarynyň şu Bitewi kanunyň güýje giren gününden üç aýdan gijä galmazdan berilmegi bilen, şu Bitewi kanunyň güýje giren gününden bellenilýär.

7. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi topary, şu maddanyň birinji, ikinji, üçünji böleklerine laýyklykda pensiýalaryň gaýtadan hasaplaşygy geçirilýän döwründe, özüniň mejlisini aýda üç sapardan seýrek bolmadyk döwürde geçirip biler.

8. Şu Bitewi kanunyň güýje girmegi bilen maýyplyk boýunça we pension işlerde bar bolan maglumatlar esasynda ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan şertlerde gaýtadan hasaplanylýar. Şunda, tölenilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň azalmagyna ýol berilmeýär.

9. Şu Bitewi kanun güýjüne girýänçä, çaga seretmek boýunça kömek puly şu Bitewi kanunyň 78-nji maddasy bilen bellenen möçberde çaga üç ýaşyna ýetýänçä tölenilýär.

10. Orta okuw, hünärmentçilik, ýokary okuw jaýlarynda, şonuň ýaly dini okuw jaýlarynda okaýan we ekleýjisini ýitirendigi üçin kömek puluny alýan eklençdäkilere şu Bitewi kanunyň 101-nji maddasynyň altynjy böleginiň ikinji bendiniň güýji degişlidir.

11. 2012-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň birinden:

1) şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilýär;

2) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy döredilýär, ol barada Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar;

3) raýatlaryň pensiýa toplamalaryny maliýeleşdirmek Pensiýa gaznasy tarapyndan amala aşyrylýar.

 

 

| Esasy  | Indiki |