| Esasy  | Indiki |

06 ýanwar 2012 ý.

11991 Aşgabat ş.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hakynda

Täze galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady özgertmeleri mundan beýläk hem dowam etdirmek, Durmuş üpjünçiligi hakyndaky Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda raýatlarymyza pensiýalary we döwlet kömek pullaryny tölemegi kämilleşdirmek, ilaty durmuş taýdan goramak  ulgamyny öňdebaryjy halkara derejesinde guramak maksady bilen, karar edýärin:

1.    Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmeli we ony 2012-nji ýylyň 1-nji fewralyndan işe girizmeli.

2.    Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy hakyndaky Düzgünnamany;

           Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň düzümini tassyklamaly.

3.    Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edarasynyň 50 işgäri bolmaly (hyzmat edýän işgärler muňa girmeýär).

4.    Ýerli we daşary ýurtly iş berijiler, hususy telekeçiler we özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar:

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň etraplardaky we şäherlerdäki edaralarynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrýanlar hökmünde bellenen tertipde hasaba durmaly;

döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri we pensiýa gatançlaryny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hasabyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möçberde we möhletde geçirmeli hem-de raýatlaryň atly pensiýa hasabyny ýöretmek üçin maglumatlary bermeli.

5.    Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy wagtlaýyn ulanylmaýan döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalaryny maýa goýumyna gönükdirmeli.

6.    Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň merkezi edarasyny hem-de onuň welaýat, etrap we şäher edaralaryny saklamak bilen bagly çykdajylary döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň hasabyna maliýeleşdirmeli.

7.    Türkmenistanyň Maliýe ministrligi 2012-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna tölenilmegi göz öňünde tutulan pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn tölenýän pullary we pul sylaglaryny Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hasabyna geçirmegi üpjün etmeli.

8.     Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işini şertli toplaýyş pensiýa usulynyň düzgünlerine laýyklykda dolandyrmak boýunça kadalaşdyryjy hukuknamalaryny taýýarlamaly hem-de olary bellenen tertipde tassyklamaly.

9.    Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Aşgabat şäheriniň Azady köçesiniň 81-nji salgysynda ýerleşýän edara binasyny emläkleri bilen öz hasabyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hasabyna bellenen tertipde muzdsyz bermeli we ony Gaznanyň hukuk salgysy diýip bellemeli.

10.   Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

11.   Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Maliýe ministri, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

GURBANGULY  BERDIMUHAMEDOW

| Esasy  | Indiki |