| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2011-nji ýylyň 06-njy ýanwarynda

çykaran 11991-nji  karary bilen

tassyklandy

 

Türkmenistnyň Pensiýa gaznasy hakynda

DÜZGÜNNAMA 

1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy (mundan beýläk Gazna) Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligini we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny maliýe taýdan dolandyrma maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanynda döredilen döwlet dolandyryş edarasy bolup durýar.

2. Gaznanyň pul serişdeleri döwlet eýeçiligi bolup, Gaznanyň bank edaralaryndaky hasabynda saklanýar.

3. Gazna öz işinde Türkmenistanyň Konstitutiýasyny, Türkmenistanyň kanunlaryny, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryny, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryny, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerini, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we şu Düzgünnamany goldanýar.

4. Gaznanyň wezipeleri:

raýatlaryň durmuş üpjünçiligine, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna we pensiýa ätiýaçlandyrmasyna  (mundan beýläk-pensiýa ätiýaçlandyrmasy) gatnaşmaga bolan hukuklaryny doly derejede durmuşa geçirmek;

özbaşdak maliýe edarasy hökmünde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işini guramak;

pensiýalary, döwlet kömek pullaryny bellemegi we beýleki durmuş töleglerini tölemegi wagtynda ýerine ýetirmek hem-de bu babatda kepillikleri üpjün edýän şertleri döretmek;

döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri we pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary (mundan beýläk pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar) töleýjileri bellige almak we olaryň atly hasabyny ýöretmek;

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden gelen serişdeleri toplamak;

şu Düzgünnamanyň 7-nji bölüminde göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek;

Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini maýalaşdyrmak we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy we edara görnüşli taraplaryň meýletin gatançlaryny çekmek;

pensiýa ulgamynyň maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt gaznalary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek.

5. Gazna öz üstüne ýüklenen wezipelere laýyklykda şu işleri amala aşyrýar:

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden gelen serişdeleri toplaýar;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we beýleki çykdajylary  belleýär hem-de olary maliýeleşdirýär;

bellenen tertipde, pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlarynyň atly hasabyny, şeýle hem ätiýaçlandyrylanlar baradaky maglumatlary tertipleşdirýär we olaryň hasabyny ýöredýär;

raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň hem-de olar baradaka beýleki maglumatlaryň gizlinligini we abat saklanylmagyny üpjün edýär;

pensiýa üpjünçiligi bilen bagly meseleleri öwrenýär we olary durmuşa geçirmegiň tejribesini umumylaşdyrýar;

pensiýa üpjünçiligini düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryň  möçberlerini kesgitlemek barada teklipleri taýýarlaýar we bellenen tertipde degişli döwlet dolandyryş edaralarynyň garamagyna hödürleýär;

Türkmenistanyň bank edaralary bilen bilelikde iş berijileriň, hususy telekeçileriň we özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlaryň pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlarynyň hasaplanylyşynyň takyklygyna, doly we wagtynda geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar;

Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän döwlet kömek pullarynyň we beýleki birwagtlaýyn durmuş tölegleriniň çykdajylaryna zerur bolan we öwezini dolmak üçin  gerek bolan serişdeleriň hasaplamasyny Türkmenistanyň Maliýe ministrligine berýär;

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary töleýjileriň we özbaşdak töleýän raýatlar borçlarynyň ýerine ýetirlişine gözegçilik edýär;

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary geçirmegiň tertibi bozulan halatlarynda puşmana töleglerini ýa-da maliýe jerimelerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanýar;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryň,  puşmana tölegleriň ýa-da maliýe jerimeleriniň töleg möhletini üýtgedýär, artykmaç tölenen pul möçberlerini gaýtaryp berýär we hasapdan aýyrýar;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykdajylary maliýeleşdirmek üçin gönükdirilen serişdeleriň maksada laýyk ulanylmagyna gözegçilik edýär;

Gaznanyň welaýatlardaky, Aşgabat şäherindäki, etraplardaky we şäherlerdäki edaralarynyň (mundan beýläk ýerlerdäki edaralar) işine umumy ýolbaşçylyk edýär we usulyýet kömegini berýär;

Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini maýalaşdyrýar;

şahsy we edara görnüşli taraplary meýletin gatançlara çekýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt gaznalary we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, şertnamalary baglaşýar, döwletara we halkara şertnamalaryna hem-de ylalaşyklaryna teklipleri işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýar;

buhgalterçilik hasabatyny ýöredýär, maliýe we statistika hasabatyny düzýär, olaryň takyklygyna jogap berýär;

işgärleriň bilim we hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça işleri guraýar;

ilatyň we ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda düşündiriş-wagyz ediş işlerini geçirýär, olaryň ýüztutmalaryna garaýar;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde barlag-derňew işlerini geçirýär;

döwlet goldawyna mätäç we işe ukypsyz raýatlara döwlet goldawyny berýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki işleri amala aşyrýar.

6. Gaznanyň serişdelerini şu aşakdakylar emele getirýär:

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlar;

pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn tölenýän pullary, pul sylaglaryny we olar bilen bagly harajatlary tölemek, şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen aýratyn döwürler üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinden goýberilýän pul serişdeleri;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pensiýa ir çykylýan döwür üçin harby gullukçylara, zyýanly we aýratyn zyýanly şertlerde işleýänlere, radiasiýa betbagtçylygynyň we beýleki hadysalaryň netijesinde ejir çeken raýatlara tölenilýän pensiýalaryň öwezini dolmak boýunça tölegler;

Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini maýalaşdyrmakdan emele gelýän girdejiler;

şahsy we edara görnüşli taraplaryň meýletin gatançlary;

bergileri, jerimeleri, puşmana töleglerini töletdirmekden emele gelen serişdeler;

Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden gelen serişdeler.

7. Gaznanyň serişdeleri şu aşakdakylara gönükdirilýär:

Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara şertnamalaryna we ylalaşyklara laýyklykda durmuş töleglerini tölemäge;

döwletiň goldawyna mätäç we işe ukypsyz raýatlara döwlet goldawyny bermäge;

Gaznanyň Merkezi we ýerlerdäki edaralaryny saklamak, dolandyrmak, maddy-tehniki taýdan enjamlaşdyrmak bilen bagly çykdajylaryny maliýeleşdirmäge;

Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Düzgünnama laýyklykda beýleki çäreleri, şol sanda ilatyň arasynda düşündiriş-wagyz ediş işlerini geçirmek bilen bagly we beýleki çykdajylary maliýeleşdirmäge.

         8. Gaznanyň serişdelerini degişli hasaplara geçirmek, olaryň hasabyny ýöretmek we olary ulanmak Gaznanyň müdiriýeti tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

9. Gazna, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň Müdiriýeti (mundan beýläk- Müdiriýet) tarapyndan dolandyrylýar. Müdiriýet kollegial gurama bolup, onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

10. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan gormak ministri Müdiriýetiň başlygy, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan gormak ministriniň orunbasary Müdiriýetiň başlygynyň orunbasary Gaznanyň dolandyryjysy bolup durýar.

Müdiriýetiň başlygy we Müdiriýetiň başlygynyň orunbasary Gaznanyň dolandyryjysy Türkemnistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.

11. Müdiriýetiň düzümine agza bolmadyk ministrlikleriň, pudak edaralarynyň we gurmalaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň, şeýle hem Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň ýolbaşçylary we jogapkär işgärleri geçirilýän mejlislere gatnaşyp bilerler.

12. Müdiriýetiň işi jemgyýetçilik başlangyçlarynda amala aşyrylýar we iş bilen bagly çykdajylar (iş saparlary we ş.m.) ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, guramalaryň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň öz hasabyna degişli edilýär.

13. Müdiriýetiň işi bellenen tertipde tassyklanan iş tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

14. Müdiriýet:

Gaznanyň ygtyýarlygyndaky wezipeleri we borçlary ýerine ýetirmek üçin, Gaznanyň gündelik we geljekdäki iş hereketiniň ugurlaryny kesgitleýär;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň býujetini tassyklaýar;

Gaznanyň merkezi edarasyny we ýerlerdäki edaralaryny dolandyrmak boýunça çykdaýjylaryň sanawyny, onuň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty tassyklaýar hem-de işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrýar;

Gaznanyň serişdelerinden Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda bellenen durmuş tölegleriniň öz wagtynda we doly maliýeleşdirilmegine gözegçilik edýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Gaznanyň işi bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalary tassyklaýar;

Gaznanyň býujetine we onuň ýerine ýetirilişi baradaky hasabata garaýar hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine  hödürlemek barada çözgüt kabul edýär;

Gaznanyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdelerini maýalaşdyrmakdan alnan girdejileri ulanmak barada Gaznanyň dolandyryjysynyň tekliplerine garaýar we çözgüt kabul edýär;

welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, şäherleriň gazna edaralary hakyndaky düzgünnamalary, olaryň düzümini we işgär sanyny tassyklaýar;

welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, şäherleriň gazna edaralarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemäge we wezipeden boşatmaga ylalaşmak tertibinde garaýar;

Gaznanyň merkezi edarasynyň gözegçilik-derňew bölüminiň başlygyny wezipä bellemege we wezipeden boşatmaga ylalaşmak tertibinde, şeýle hem bu bölümiň işlerine we hasabatyna garaýar;

Müdiriýetiň mejlislerinde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň gazna edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňleýär;

Gaznanyň işi bilen bagly beýleki meselelere garaýar.

15. Gazna Gaznanyň dolandyryjysy (mundan beýläk Dolandyryjy) ýolbaşçylyk edýär.

Dolandyryjyniki orunbasary bar, olar Müdiriýetiň karary bilen wezipä bellenýär we wezipeden boşadylýar.

16. Dolandyryjy:

Gaznanyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar hem-de üstüne ýüklenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi we borçlaryň amala aşyrylmagy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär;

orunbasarlarynyň arasynda borçlary paýlaýar;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

bellenen işgär sanynyň we olary saklamakda bölünip berlen serişdeleriň çäklerinde Gaznanyň merkezi edarasynyň wezipe sanawyny bellenen tertipde ylalaşyp, tassyklaýar;

ýüze çykýan meseleler boýunça Müdiriýetiň garamagyna teklipleri hödürleýär;

Gaznanyň merkezi edarasynyň müdirlikleriniň we bölümleriniň düzgünnamalaryny tassyklaýar;

Gaznanyň merkezi edarasynyň işgärlerini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň ýolbaşçylaryny Müdiriýet hem-de welaýatlaryň, degişli şäherleriň we etraplaryň häkimlikleri bilen ylalaşyp, wezipä belleýär we wezipeden boşadýar;

pensiýa ätiýaçlandyrmasyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar we bellenen tertipde hödürleýär;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň býujetiniň girdejiler we çykdajylar böleginiň ýerine ýetirilişine we pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň serişdeleriniň sarp edilişine gözegçilik edýär;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň maliýe-hojalyk işlerine we serişdeleriň ulanylyşyna gözegçilik edýär;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Gaznany merkezi edarasynyň we ýerlerdäki edaralarynişgärleriniň ýerine ýetirmekleri üçin zerur bolan buýruklary çykarýar, gollanmalary we beýleki resminamalary tassyklaýar;

Gaznanyň ýerlerdäki edaralarynyň Türkmenistanyň kanynçylygyna laýyk gelmeýän çözgütlerini ýatyrýar;

Gaznanyň adyndan hereket edip, ähli edara görnüşli taraplarda onuň bähbidini goraýar, bellenen tertipde Gaznanyň serişdelerine we emläklerine eýeçilik edýär, raýat-hukuk häsiýetli şertnamalary baglaşýar;

öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt gaznalary we halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy saklaýar we Gazna wekilçilik edýär;

Gaznanyň merkezi edarasynyň we ýerlerdäki edaralarynyň işgärlerini höweslendirýär, olara düzgün-nyzam temmisini berýär;

aýratyn tapawutlanan işgärleri döwlet sylaglary bilen sylaglamaga bellenen tertipde hödürleýär.

17. Gaznanyň kabul eden düzgünnamalarynyň, gollanmalarynyň we beýleki resminamalaryň ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany häsiýete eýedir.

18. Gaznanyň merkezi edarasynyň işgärleriniň sany Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.

19. Gaznanyň merkezi edarasynyň we ýerlerdäki edaralarynyň jogapkär işgärleriniň ygtyýarlyklary:

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryň hasaplara goşulyp ýazlyşyny we tölenilişini barlamaga hem-de Gaznanyň ygtyýarlygyna girýän beýleki işleri öwrenmek üçin ätiýaçlandyrýanlaryň çäklerine päsgelçiliksiz girmäge hem-de barlag geçirmäge;

ätiýaçlandyrýanlardan pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlarynyň tölenendigi baradaky göçürmeleri, maglumatlary we beýleki zerur resminamalary almaga;

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ätiýaçlandyrýanlara bergileri, puşmana töleglerini we maliýe jerimelerini ulanmaga;

bank we beýleki karz-maliýe edaralaryna, edara görnüşli taraplaryň hasaplaryndan üzülmedik bergini, maliýe jerimelerini, şol sanda edara görnüşli taraplaryň walýuta hasaplaryndan hem-de olaryň bergidarlarynyň hasabyndan, jedelsiz töletmäge hökmany görkezmäni  bermäge;

pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryň we beýleki durmuş tölegleriniň tölenmeginde ýüze çykarylan düzgün bozulmalary aradan aýyrmagy töleýjilerden talap etmäge hem-de ol talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;

töleýjileriň pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, raýatlaryň pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlaryny we beýleki töleglerini ätiýaçlandyrýanlaryň emläginden töletmek hakynda kazyýete ýüz tutmaga;

Gaznanyň işi bilen bagly beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmaga.

20. Gaznanyň merkezi edarasynyň we ýerlerdäki edaralarynyň jogäpkär işgärleri wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

21. Jogapkär işgärleriň hereketlerine we Gaznanyň çözgütlerine edilýän şikaýatlara ýokarda durýan edara tarapyndan garalýar.

22. Gaznanyň merkezi edarasy we ýerlerdäki gazna edaralary edara görnüşli tarap bolup, olaryň bank edaralarynda öz hasaplary, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we öz ady ýazylan möhürleri, möhürçeleri we resmi blanklary bar.

 

| Esasy  | Indiki |