| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 22 çykaran 8629 karary bilen tassyklanyldy

 

 

Türkmenistanyň şäherlerine we ilatly ýerlerine hem-de onuň

çäklerinden daşary gulluk iş saparlary hakynda

DÜZGÜNNAMA

 1.    Şu Düzgünnama Türkmenistanyň zähmet hakyndaky Bitewi kanunyna laýyklykda, iş berijiler (eýeçiligiň, hojalygy ýöretmegiň dürli gömüşlerine degişli bolan kärhanalar, edaralar, birleşikler, guramalar, şeýle hem edara görnüşli tarapy döretmeýän telekeçiler mundan beýläk kärhanalar) tarapyndan gulluk iş saparlaryna ugradylýan işgärleriň çykdajylarynyň öwezini dolmagyň tertibini kesgitleýär.

2.    Gulluk iş sapary diýlip, kärhananyň ýolbaşçysynyň buýrugy boýunça işgäriň belli bir möhlet bilen gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek (esasy gulluk borçlaryny ýerine, ýetirmek, ýygnaga, maslahata, seminara, sport we medeni çarelere gatnaşmak, okuw geçmek, hünärini kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, derňew geçirmek we ş.m.) üçin onuň hemişelik iş ýerinden başga bir ýere gitmegine düşünilyär.

işgäriň hemişelik iş ýeri kärhananyň düzümine girýän, onda iş zähmet ylalaşygy esasynda sertlendirilen önümçilik birligi hasap edilyär.

Hemişelik işi ýolda geçýän ýa-da işi gezmeli ýa-da hereketli hasiyete eýe bolan işgärleriň gulluk boýunça gitmeleri iş sapary diýlip hasap edilmeýär.

3.  Kärhanalaryň işgärleriniň iş saparyna ugradylmagy şol kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan amala aşyrylýar hem-de buýruklar (görkezmeler) bilen resmileşdirilyär we olaryň esasynda iş saparlaryna iberilyän işgärlere iş saparynyň şahadatnamalary berilyär (1-nji goşundy).

Eger işgär hemişelik iş ýerine gulluk iş saparyndan ugradylan güni gaýdyp gelmeli bolsa, onda iş saparynyň şahadatnamasy berilmän bilner.

4. Işgärleriň tabynlyk tertibinde ýokarda durýan guramasyna iş saparyna ugradylmagy şol guramalaryň ýolbaşçysynyň çakylygy boýunça (hat bilen ýa-da telefonogramma arkaly) amala aşyrylýar.

5. iş saparynyň möhleti kärhananyň ýolbaşçylary tarapyndan kesgitlenilýär.

6. iş saparynyň ýerinde bolunmagynyň hakyky wagty ol ýere gelnen we gaýdylan gün hakynda iş saparynyň şahadatnamasynda edilen bellikler boýunça kesgitlenilýär. Eger işgär dürli ilatly ýerlere iş saparyna ugradylan bolsa, onda şolaryň her birine barylan we gaýdylan günler hakynda aýratyn bellik edilýär.

Işgäriň iş saparynyň ýerlerine barandygy we ol ýerden gaýdandygy hakyndaky iş saparynyň şahadatnamasyndaky bellikler möhür bilen berkidilýär.

Aýry-aýry halatlarda we daşary ýurtlara iş saparlarynda işgärleriň bellenen ýerde hakyky bolan wagtyny tassyklaýan resminamalar hökmünde ýol resminamalary ýa-da pasportdaky degişli bellikler hyzmat edip biler.

Ministrliklerde, pudak edaralarynda we kärhanalarda iş saparyna gidýän we olara iş sapary bilen gelýän adamlaryň hasaby ýörite kitaplarda ýöredilýär (2-nji we 3-nji goşundylar).

Iş saparyna gidýän we iş sapary bilen gelýän işgärleriň hasaba alynýan kitaplaryny ýöredýän, şeýle hem iş saparynyň şahadatnamalaryna bellik edýän jogapkär adamy ministrligiň, pudak edarasynyň, kärhananyň ýolbaşçysy buýruk bilen belleýär.

 Iş saparyna ugradylýanyň hemişelik işleýän ýeriniň ýerleşýän ilatly nokadyndan ulag serişdesi bilen ugran güni - onuň iş saparyna giden güni, iş saparyna ugradylanyň ulag serişdesi bilen hemişelik işleýän ýerine gaýdyp gelen güni - onuň iş saparyndan gelen güni hasaplanýar. iş saparyna ugralýan gün - ulag serişdesi sagat 24-e çenli ugran bolsa, onda ol şol gije-gündizde iş saparyna ugran diýlip hasap edilýär, 0 sagatdan soň bolsa, soňky gije-gündize degişli edilýär. Işgäriň hemişelik işleýän ýerinin ilatly nokadyna gaýdyp gelmegi hem şol tertipde kesgitlenilýär.

Iş saparyna gidilýän güni we iş saparyndan gaýdyp gelnen güni işe çykmak meselesi kärhananyň ýolbaşçylary bilen ylalaşylyp çözülýär.

7. iş saparyndaky işgärlere iş saparyna iberilen kärhanalaryndaky iş we dynç alyş wagtynyň tertibi degişlidir. iş saparynda peýdalanylmadyk dynç günlerine derek başga dynç günleri berilmeýär.

8. iş saparyna ugradylan işgäriň iş saparyndaky wagty, şol sanda ýolda bolan wagty hem iş ýeri (wezipesi) we ortaça iş haky (wezipe haky, tarif möçberi) saklanýar.

Ortaça iş haky (wezipe haky, tarif möçberi) işgäriň iş saparynda bolan wagty hemişelik iş ýerinde bellenen tertip boýunça, hepdäniň ähli  iş günleri üçin saklanýar.

Işi utgaşdyryp alyp barýan işgär iş saparyna ugradylanda, onuň ortaça iş haky (wezipe haky, tarif möçberi) ony iş saparyna ugradan kärhanada saklanýar.

Iş saparyna ugradylýan işgäriň haýyşy boýunça oňa hasaplanylan ortaça zähmet haky onuň iş saparyna giden ýerindäki hasabyna geçirilip bilner. Bu ýagdaýda zähmet hakyny geçirmek bilen bagly çykdajylar iş saparyna ýollan kärhananyň çykdajylaryna degişli edilýär,

Ortaça aýlyk we ortaça günlük zähmet hakynyň hasaplamasy iş saparyna ugradylýan aýyň sonuňdan gelýän, soňky iki senenama iş aýy üçin geçirilýär, 2 senenama aýyndan az işlän işgärler üçin - hakyky zähmet haky hakyky işlenen döwür üçin hasaplanylýar. Wezipe iş hakyny (tarif möçberini) alýan işgärler üçin hasaplama kesgitlenen wezipe iş hakynyň möçberinden geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary boýunça iş haky ýokarylandyrylan ýagdaýynda, ortaça iş haky iş hakynyň ýokarylanan möçberine laýyklykda indeksirlenýär.

9. Gulluk iş saparyna ugradylýan işgäre aşakdakylar tölenilýär:

a) iş saparynda bolnany wagt üçin gije-gündizlik harajatlar (naharlanmak, jemgyýetçilik ulagy we aragatnaşyk).

iş saparyna ugradylan işgäre gije-gündizlik harajatlar iş saparynda bolnan her gün üçin şu Düzgünnama 4-nji we 5-nji goşundylarda görkezilen möçberlere laýyklykda tölenilýär.

Daşary ýurda iş saparyna ugradylanda, daşary ýurt döwleti (halkara guramasy) - çagyrýan tarap iş saparyna ugradylýanyň naharlanmagy bilen bagly çykdajylary öz üstüne alýan bolsa, işgäre gije-gündizlik harajatlaryň tölegi bellenen möçberiň yüzden 40 bölegi möçberde tölenilýär.

Daşary ýurt döwleti (halkara guramasy), iş saparyna ugradylan işgäriň naharlanmagy bilen bagly çykdajylaryndan başga-da, onuň şahsy çykdajylary üçin gije-gündizlik harajatlaryň töleginiň bellenen möçberiň yüzden 40 bölegi ýa-da ondan-da köp möçberde pul töleýän bolsa, onda işgäre gije-gündizlik harajatlary tölenilmeýär.

b) ugradylan ýerine barmak we gaýdyp gelmek bilen bagly ýol çykdajylary.

iş saparynyň ýerine barmak we hemişelik iş ýerine gaýdyp gelmek bilen bagly ýol çykdajylarynyň öweži, iş saparyna ugradylan işgäre jemgyýetçilik howa, demir ýol, suw we awtomobil ulaglarynyň (gatnaw ugry bolmadyk ýeňil taksi ulagyndan başga) bahasynyň möçberinde, ýolagçy ýygymlaryny, şol sanda ulaglarda ýolagçylaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň töleglerini, ýol resmi namalaryny öňünden satmak boýunça hyzmatlaryň tölegini we ş.m. hem goşmak bilen, tassyklaýjy resmi namalary bolan ýagdaýynda tölenilýär.

Otlularda ýorgan-düşeklerden peýdalanylandygy üçin çykdajylaryň öwezi tassyklaýjy resmi namalary bolmadyk ýagdaýynda dolunmaýar.

Iş saparyna ugradylan işgäriň:

-   ýokary amatlykly, biznes-klas derejeli wagonlarda;

-   deňiz we derýa gämilerinde toplumlaýyn hyzmatly lýuks derejeli kaýutalarda;

-   howa ulagynyň biznes-klas derejeli petekleri boýunça, iş saparyna gidendäki ýol harajatlarynyň öwezi her bir aýratyn ýagdaýda kärhananyň yolbaşçysynyň rugsady bilen ýol resmi namalary berlen halatynda dolunyar.

Gulluk ýüküni daşamak bilen bagly çykdajylaryň öwezi, tassyklaýjy resmi namalaryň bolan halatynda doly möçberde dolunyar.

ç) ýaşaýyş jaýyny kireýne almak bilen bagly çykdajylar.

iş saparyna ugradylan işgäriň iş saparyna baran gününden başlap gaýdýan gününe çenli ýaşaýyş jaýyny kireýne almak bilen bagly çykdajylarynyň öwezi, tassyklaýjy resminamalar berlen halatynda şu Düzgünnama 4-nji we 5-nji goşundylarda görkezilen möçberlere laýyklykda dolunýar.

Türkmenistanyň çäklerine iş saparyna iberilen işgär tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň kireýne alynmagy üçin harajatlary tassyklaýan töleg resminamalary berilmedik halatynda, görkezilen harajatlaryň öwezi iş saparynda bolmagyň her gije-gündizi üçin bellenen möçberleriň yüzden otuz bölegi möçberde dolunýar. Işgärler myhmanhananyň ýok ýerine iş saparyna ugradylanda jaşaýyş jayynyň kireýne alynmagy üçin çykdajylaryň hem öwezi şeýle tertipde dolunýar.

Türkmenistanyň çäginden daşary iş saparyna ugradylan işgär tarapyndan ýaşaýyş jaýynyň kireýne alnandygy üçin harajatlary tassyklaýan töleg resmi namalary berilmedik halatynda, çykdajylaryň öwezi dolunmaýar.

Mugt ýaşaýyş jaýy berlen sertlerinde, ýaşaýyş jaýyny kireýne almak üçin çykdajylaryň öwezi dolunmaýar.

Iş saparyna ugradylan işgäre myhmanhanada ýeriň öňünden sargyt edilendigi üçin tölegiň öwezi dolunýar.

Işgäriň mejbury ýagdaýda ýolda düşläp geçmeli bolup, ýaşaýyş jaýyny kireýne almak bilen bagly degişli resmi namalar bilen tassyklanan çykdajylarynyň öwezi şu bölümde göz öňünde tutulan möçberde dolunýar.

10. Daşary ýurtda bolmak bilen bagly daşary ýurt pasportyny, ygtyýarnamany we beýleki ýolagçy resmi namalaryny resmileşdirmek üçin çykdajylar, hökmany saglyk, ätiýaçlandyrmasynyň, hökmany konsullyk ýygymlarynyň tölegleri we daşary ýurtda bolmak bilen bagly beýleki hukuk hasiýetli çykdajylar taşsyklaýjy resminamalar bolan halatynda doly tölenilýär.

11.    Türkmenistanyň  daşary  ýurtlardaky  edaralarynyň  işgärleri, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurda işe ugradylan we şol ýerde bolan döwründe iş hakyny daşary ýurt pulunda alýan beýleki işgärleri şol ýurduň içinde gysga möhletli iş saparyna giden wagty gije-gündizlik harajatlaryň tölegi bellenilen möçberleriň ýüzden ýetmiş bölegi möçberde tölenyär. Ýaşaýyş jaýyny kireýne almak bilen bagly çykdajylaryň öwezi bellenen möçberlerde dolunýar.

12.    Gatnaw sertleri we ýerine ýetirýän işiniň hasiýeti boýunça, özüniň hemişelik ýaşaýan ýerine her gün gelip-gitmek mümkinçiligi bolan ýere iş saparyna giden işgäre, ýol üçin tölegden başga iş saparynyň çykdajylary tölenmeýär.

iş saparyna ugradylan işgäriň hemişelik ýaşaýan ýerine her gün gaýdyp gelmegi baradaky çözgüt, aralygyň uzaklygy, ulaglaryň gatnaw sertleri, ýerine ýetirilyän işiň hasiýeti, şeýle hem işgäriň dynç almagy üçin sertleriň zerurlygy hasaba alnyp, her bir anyk yagdaýda kärhananyň ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilyär.

13.  iş saparyna ugradylan işgäriň wagtlaýyn işe ukypsyz bolan ýagdaýynda (iş saparyna ugradylan işgäriň ýatymlaýyn bejergi alýan halatyndan başga ýagdaýlarda), oňa umumy esaslarda ýaşaýyş jaýyny kireýne alnandygy üçin çykdajylar, şeýle hem saglyk ýagdaýy sebäpli öz üstüne yüklenen gulluk borjuny ýerine ýetirmäge girişip bilmedik ýa-da hemişelik ýaşaýan ýerine gaýdyp gelmäge ýagdaýy bolmadyk döwrüniň bütin dowamynda, emma bir aydan köp bolmadyk möhlet üçin gije-gündizlik harajatlary tölenilyär.

iş saparyna ugradylan işgäriň wagtlaýyn işe ukypsyzlyk ýagdayy, şeýle hem saglyk yagdaýy sebäpli hemişelik ýaşaýan ýerine gaýdyp, gelip bilmezligi, onuň iş saparyna ugradylan döwletindäki bellenen tertibe layyklykda resminamalar arkaly tassyklanmalydyr.

Wagtlaýyn işe ukypsyzlyk günleri iş saparynyň möhletine goşulmaýar. iş saparyna ugradylan işgäre wagtlaýyn işe ukypsyzlyk döwri üçin umumy esaslarda wagtlaýyn işe ukypsyzlygy boýunça hemaýat puly tölenyär. Şunuň bilen baglylykda ýarawsyzlyk döwri üçin ortaça zähmet haky tölenmeýär.

14. iş saparyna ugradylýan aýry-aýry işgärlere:

gurnama, sazlama we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin iş saparyna ugradylan işçilere, önümçilik meýdançalarynyň ýolbaşçylaryna we hünärmenlere (bu işleriň ýerine ýetirilýän ýerinde mugt ýaşaýyş jaýy berlen ýagdaýlarynda);

gijelerine ýolda bolýan ýa-da yükleri gorap saklamak zerurlygy bilen gije awtoulagda bolmaly bolýan iş saparyna ugradylan sürüjilere we yükleriň ýanynda bolýanlara;

demir ýolda ýükleriň ýanynda bolýan adamlara gije-gündizlik we ýaşaýyş jaýy üçin harajatlar şu Düzgünnama 6-njy goşunda göz önünde tutulan möçberlere laýyklykda, umumy möçberde tölenilyär.

Şonuň bilen birlikde, gurnama, sazlama we gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin iş saparyna ugradylan işçilere, ýolbaşçylara we hünärmenlere ýol harajatlarynyň (ýol resminamalarynyň esasynda) öwezi dolunýar we ýolda bolunýan wagt üçin gije-gündizlik harajatlar şu Düzgünnama 4-nji we 5-nji goşundylarda göz önünde tutulan möçberlere laýyklykda tölenilyär.

l5.Döwlet işinde işleyän wezipeli adamlara we döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlaryna ýaşaýyş jaýyny kireýne almak we gije-gündizlik harajatlar degişlilikde 4-nji, 5-nji, 7-nji we 8-nji goşundylarda görkezilen möçberlere hem-de goşmaçalara laýyklykda tölenilyär.

16. iş saparyna ugradylýan işgäre iş saparyna gitmezden öň (kesgitlenen kadalara laýyklykda) ýol, ýaşaýyş jaýy we gije-gündizlik harajatlary üçin hakujy pul serişdesi berilýär. Işgär iş saparyndan gaýdyp pul möçberleri barada hakujy hasabatyny bermäge borçludyr (8-nji goşundy). Hasabata bellenen tertipde resmileşdirilen iş saparynyň şahadatnamasy, ýol üçin we myhmanhanada (umumy ýaşaýyş jaýynda) ýaşalandygy üçin hakyky sarp edilen harajatlar baradaky resmi namalar goşulýar.

Eger-de iş saparynyň çykdajylary üçin önünden hakujy berip iş saparyna ugradylan işgär tarapyndan gäýdyp gelenden soň çykdajylary tassyklaýan resmi namalar berilmese, çykdajylaryň öwezi dolunmaýar, berlen hakujy bolsa yzyna gaýtärylmaga degişlidir.

 

| Esasy  | Indiki |