| Esasy  | Indiki |

 

 

 

Türkmenistanyň Durmuş taýdan

 üpjünçilik ministriniň 2007-nji ýylyň

Bitaraplyk aýynyň « 04 » çykaran

 159-Ö belgili buýrugy bilen  tassyklanyldy

 

 

Ylalaşyldy

Türkmenistanyň Ykdysadyýet

we maliýe ministrligi

_______________ H. Geldimyradow

2007-nji ýylyň _______aýynyň «___»

 

 

 

Ylalaşyldy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we

derman senagaty ministrligi

__________________ A.O.Serdarow

2007-nji ýylyň _______aýynyň «___»

 

Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan

hasaplamagyň tertibi hakynda

G O L L A N M A

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö

belgili buýrugy bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2009-njy ýylyň iýun aýynyň 2-sinde 486 san bilen bellige alnan Döwletiň kömek pullaryny

bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler

I. Umumy düzgünler

1. Şu Gollanma «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we resminamalara garamagyň, çaga doglanda, çaga seretmek boýunça, maýyplyk boýunça, ekleýjisiniň ýitirilmegi boýunça döwlet kömek pullaryny hem-de durmuş kömek puluny (mundan beýläk - kömek puly diýip atlandyrylýar) bellemegiň, gaýtadan hasaplamagyň, şeýle hem mätäçlik çekýän raýatlara döwlet tarapyndan goldaw bermegiň tertibini belleýär.

2. «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda, Merkezi topar, şeýle hem etraplaryň (şäherleriň) toparlary tarapyndan kömek pullarynyň şu görnüşleri bellenilýär we dowlet goldawy berilýär:

- çaga doglanda berilýän kömek puly;

- çaga seretmek boýunça kömek puly;

- maýyplyk boýunça kömek puly (zähmet ukyby kem-käsleýin ýa-da doly ýitirilende);

- ekleýjisini ýitirenligi boýunça kömek puly;

- durmuş kömek puly;

- pul tölegleri görnüşindäki döwlet goldawy;

- durmuş taýdan hyzmat etmek görnüşindäki döwlet goldawy.

3. Kömek puluny hasaplamak üçin möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary tarapyndan tassyklanylýan binýatlyk ulylyk bellenilýär.

II. Döwlet kömek puluna hukuk

4. Türkmenistanyň raýatlarynyň «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda we şu Gollanmada göz öňünde tutulan halatlarda we şertlerde döwlet kömek puluny almaga hukugy bardyr.

5. Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy ýok adamlaryň, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede kömek puluny almaga hukugy bardyr.

6. Şol birwagtda kömek pulunyň dürli görnüşlerini almaga hukugy bolan raýatlara kömek pulunyň bir görnüşi olaryň saýlamagy boýunça bellenýär, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça, çaga doglanda berilýän, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça we çaga seretmek boýunça berilýän döwlet kömek pullary muňa girmeýär.

7. Şol birwagtda kömek puluny we ýaşy boýunça pensiýany almaga hukugy bolan raýatlaryň pensiýany ýa-da kömek puluny saýlap almaga haklary bardyr, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça we çaga seretmek boýunça berilýän kömek puly muňa girmeýär.

III. Kömek puluny (goldawy) bellemek barada ýüztutma

8. Kömek puluny (goldawyny) bellemek barada ýüztutma Türkmenistanyň «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Bitewi kanunynda we şu Gollanmada bellenen şertler boýunça oňa bolan hukuk ýüze çykanyndan soň amala aşyrylýar.

9. Maýyplyk, ekleýjisini ýitirmek boýunça kömek puluny we durmuşy kömek puluny bellemek barada raýatlar Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparlarynyň (mundan beýläk etrap (şäher) Toparlary diýlip atlandyrylýar) üsti bilen Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine ýüz tutýarlar.

10. Raýatlar çaga doglandaky we çaga seretmek boýunça kömek puluny bellemek barada ýaşaýan ýeri boýunça (ýazgyda duran ýeri boýunça) etrap (şäher) Toparlaryna ýüz tutýarlar.

11. Raýatlar döwlet goldawyny bermek barada ýaşaýan ýeri boýunça (ýazgyda duran ýeri boýunça) etrap (şäher) toparlaryna ýüz tutýarlar.

IV. Kömek puluny (goldawyny) bellemek

12. Maýyplygy, ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly we durmuş kömek puly Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýän, Döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky merkezi Topar (mundan beýläk Merkezi topar diýip atlandyrylýar) tarapyndan bellenilýär.

13. Çaga doglandaky kömek puly we çaga seretmek boýunça kömek puly ýaşaýan ýeri boýunça (ýazgyda duran ýeri boýunça) etrap (şäher) Toparlary tarapyndan bellenýär.

14. Kömek puly ony alýanyň adyna bellenilýär. Eger kömek puluny alýan kämillik ýaşyna ýetmedik ýa-da kämillik ukyby bolmadyk adam bolsa, onda kömek puly ene-atasynyň biriniň ýa-da howandarynyň adyna bellenilýär.

15. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawyny bermek baradaky çözgüt Merkezi topar tarapyndan kabul edilýär. Etrap (şäher) Toparlarynyň kärhanalardan, guramalardan, edaralardan öz serişdeleriniň hasabyna mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde durmuş hyzmatlaryny etmek barada haýyş etmäge haklary bardyr.

V. Çaga doglanda berilýän kömek puly

16. Çaga doglanda berilýän kömek puluny almaga doglan çaganyň enesiniň ýa-da atasynyň hukugy bardyr.

17. Çaga doglanda berilýän kömek puluny almaga dört aýlyk ýaşa çenli çagany ogullyk (gyzlyk) alan adamyň hem, eger ogullyga (gyzlyga) alnan çaganyň enesine ýa-da atasyna kömek puly tölenilmedik bolsa, hukugy bardyr.

18. Bellenilen tertipde berlen çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasy çaga doglanda berilýän kömek puluna hukugy almak üçin esas bolup durýar. Çaga dogulanda ýa-da dogulanyndan soňra aradan çykan halatynda – saglygy goraýyş edarasynyň degişli kepilnamasy.

19. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly çaganyň doglan güni bellenen möçberde bellenýär.

20. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi aşakdakylara deňdir:

1) birinji we ikinji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 1,3 essesine;

2) üçünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 2,5 essesine;

3) dördünji we ondan soňky çagalar doglanda – binýatlyk ululygyň 5 essesine.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

21. Iki ýa-da ondan köp çaga doglanda kömek puly her bir çaga şu Gollanmanyň 20-nji bölüminde bellenilen möçberlerde bellenilýär.

22. Çaga doglanda berilýän kömek puluny bellemek üçin oňa hukugy bolan adam ýaşaýan ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik bölümine şulary berýär:

a) 1-nji goşundynyň görnüşi boýunça arzany;

b) pasportynyň göçürme nusgasyny;

ç) çaganyň bellenilen tertipde berilen dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürme nusgasyny;

Durmuş taýdan üpjünçilik bölümi şu bölümiň «b» we «ç» kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary olaryň asyl nusgalary bilen deňeşdirip, degişli belligi amala aşyrýar.

23. Kömek puluny bellemek baradaky arza raýatlaryň ýazga duran ýerleri boýunça etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň üsti bilen etrap (şäher) Toparyna berilýär. Arza bellige alnandan soň, onuň bellige alnan senesini görkezmek bilen, dilhaty-habarnama berilýär.

VI. Çaga seretmek boýunça kömek puly

24. Çaga seretmek boýunça kömek puluna hukuk:

1) jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, çaganyň üç ýaşyna çenli oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan enesi ýa-da atasy, hossarlary;

2) jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, çaga üç ýaşyny doldurýança oňa seretmegi hakykatdan amala aşyrýan beýleki garyndaşlary, eger enesi we (ýa-da) atasy aradan çykan, aradan çykan diýlip yglan edilen, ene-ata hukugyndan kesilen bolsa, ene-ata hukugy çäklendirilen, nam-nyşansyz giden hasap edilen halatynda, aň-düşünjeli işe ukyply däl bolsa, saglyk ýagdaýy boýunça çagany terbiýelemäge we saklamaga mümkinçilikleri ýok bolsa, azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresi çekilýän ýerde tussagda bolsa, çagany terbiýelemekden ýa-da olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrýan ýa-da öz çagasyny terbiýe berilýän, bejergi alynýan we beýleki şonuň ýaly edaralardan almakdan ýüz öwüren halatlarynda.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

25. Çaga seretmek birwagtda birnäçe adam tarapyndan amala aşyrylýan halatynda çaga seretmek boýunça her aýlyk kömek puluny almak hukugy görkezilen adamlaryň birine berilýär.

26. Eger çaga Türkmenistanyň çäginden daşynda dogulan bolsa, çaga seretmek boýunça berilýän kömek puluna bolan hukuk çaganyň enesiniň ýa-da atasynyň birine, eger olaryň biri Türkmenistanyň raýaty bolup, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşan şertinde berlip biler.

27. Çaga seretmek boýunça kömek puluna hukugy bolan adam ýaşaýan ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik bölümine:

a) 1-nji goşundynyň görnüşi boýunça arzany;

b) pasportyň göçürme nusgasyny;

ç) çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürme nusgasyny;

d) eger-de çagany ogullyk (gyzlyk) alan bolsalar, (oňa howandarlyk etmeklik bellenilende) çagany ogullyga (gyzlyga) bermek (çagany howandarlyga bermek) baradaky edaranyň çözgüdiniň göçürme nusgasyny;

e) kömek puly bellenýän adamyň ýaşaýan ýerinden güwähatyny berýärler.

Durmuş taýdan üpjünçilik bölümi şu bölümiň «b», «ç» we «d» kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary olaryň asyl nusgalary bilen deňeşdirip, degişli belligi amala aşyrýar.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

28. Çaganyň atasyna kömek puly bellenilen halatynda, çaganyň enesine çaga seretmek boýunça kömek pulunyň bellenilmänligi hakynda onuň ýazgy boýunça ýaşaýan ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik bölüminden kepilnama getirmeklik hökmandyr.

29. Çaga seretmek boýunça kömek puly 2007-nji ýylyň 1-nji iýuldan soň doglan çagalara, şeýle hem 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli üç ýaşy dolmadyk çagalara bellenilýär.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

30. Çaga seretmek boýunça kömek puly her bir çaga binýatlyk ululygyň 65 göterimi möçberinde bellenýär.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

31. Türkmenistana hemişelik ýaşamaga göçüp gelen maşgalalara çaga seretmek üçin kömek puly kömek puly bellemek hakynda ýüz tutan gününden bellenilýär, ýöne ol Türkmenistanda ýazgyda duran gününden ir bolup bilmez.

32. Güýji ýetiren

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

33. Güýji ýetiren

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

VII. Maýyplyk boýunça kömek puly

34. Bellenen tertipde maýyp diýlip ykrar edilen raýatlaryň maýyplyk boýunça kömek puluny almaga hukuklary bardyr. Olara şular degişlidir:

1) 16 ýaşa çenli maýyp çagalar;

2) çagalykdan maýyplar;

3) umumy kesellemäniň (şol sanda iş bilen bagly bolmadyk şikesler), zähmet şikesi, hünär keseli netijesinde maýyp bolanlar;

4) harby gullugyň maýyplary:

a) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri:

döwletiň bähbitlerini goramakda ýa-da beýleki harby gulluk borçlary (gulluk borçlary) ýerine ýetirilende düşen ýaranyň, seňselemegiň ýa-da şikes almagyň netijesinde;

söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly keseliň netijesinde;

radiasiýa heläkçilikleriniň we weýrançylyklarynyň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly işlerde kesellemegiň netijesinde. Görkezilen işleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar;

b) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri:

harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmadyk betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes alnanda;

söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly bolmadyk keseliň netijesinde.

35. Adamy maýyp diýip ykrar etmek, maýyplyk derejesini we toparyny bellemek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýan tertipde Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary (HMAT) tarapyndan amala aşyrylýar.

36. Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) adamy maýyp diýip ykrar etmek, maýyplyk derejesini we toparyny bellemek baradaky çözgüdine Merkezi topar tarapyndan döredilýän seljeriş toparlary tarapyndan gaýtadan seredilip bilner.

37. Zähmet şikesini, hünär keselini almagyň netijesinde maýyplyk, kanuna garşy hereketleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly maýyplykdan başga, aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykan hasap edilýär:

1) zähmet borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda iş saparlary döwründe, şeýle hem kärhananyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen hereketler amala aşyrylanda;

2) işe barýarka ýa-da işden gaýdyp gelýärkä;

3) bellenen arakesmeleri, işden öň we işden soň iş ýerini tertipleşdirmek üçin zerur bolan wagty goşmak bilen, kärhananyň çäklerinde ýa-da iş wagtynda başga bir iş ýerinde;

4) şol ýerde bolmagy içerki zähmet tertibiniň kadalaryna garşy gelmeýän bolsa, bellenen arakesmeleri goşmak bilen, iş wagtynda kärhananyň çäklerinden daşarda;

5) raýat borjuny ýerine ýetirende.

38. Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti sebäpli ýüze çykan kesel bilen gönüden-göni baglanyşykly maýyplyk hünär keseli netijesinde maýyplyk hasap edilýär. Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti bilen bagly bolan keselleriň we hünärleriň sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.

39. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny bellemek üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:

a) kömek puluny bellemek barada 2-nji goşundynyň görnüşi boýunça arza;

b) kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň göçürme nusgasy;

ç) Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparynyň (HMAT) şaýatlyk ykrarhatyndan göçürme;

d) 16 ýaşa çenli maýyp çagalaryň saglygy barada netijenama;

e) zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy ýa-da iş (gulluk) döwrüni tassyklaýan beýleki resminamalar;

ä) islendik yzygiderli bäş senenama ýylynyň iş haky barada güwänama;

f) maşgala düzümi barada güwänama;

g) 16 ýaşy dolmadyk çagalar üçin dogluş hakyndaky şahadatnamanyň göçürme nusgasy.

Durmuş taýdan üpjünçilik şu bölümiň «b» «e» we «g» kiçi bölüminde görkezilen resminamalary olaryň asyl nusgalary bilen deňeşdirip, bu barada degişli belligi edýär.

40. Iş (gulluk) döwri bar bolan we iş haky barada maglumat beren maýyplara hasaplama görkezijisi kesgitlenýär.

Hasaplama görkezijisi raýatyň şahsy koeffisiýentini pensiýa bellemek üçin kesgitlenen Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna we ölçege köpeltmek ýoly bilen hasaplanýar.

41. Zähmet hakynyň anyklanylyşy we şahsy pensiýa koeffisientiniň hasaplanylyşy Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň 2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 28-indaky 107-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylyp, 2007-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-indäki 443 beligide Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alnan Pensiýalary bellemegiň we täzeden hasaplamagyň tertibi hakynda Gollanmanyň XII bölege laýyklykda amala aşyrylýar.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

42. Raýata maýyplyk boýunça kömek puly bellenýän gününe çenli ölçeg onuň iş döwrüniň her bir ýyly üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

Zähmeti we beýleki jemgyýete peýdaly işi (gulluk) amala aşyran ŕdamynyň, şol sanda harby gullukçylaryň, içeri işler edarasynyň düzüminiň ýönekeý we ýolbaşçy adamlarynyň, uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylarynyň, uçarüsti dolandyryjylarynyň we uçarbeletleriň iş döwrüniň hasaplanylyşy işiň hakyky dowamlylygyndan ugur alnyp, geçirilýär.

Adamynyň iş döwrüniň hasaplanylyşy, tassyklanylyşy Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň 2007-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 28-indaky 107-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanylyp, 2007-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 1-indäki 443 beligide Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynan Pensiýalary bellemegiň we täzeden hasaplamagyň tertibi hakynda Gollanma laýyklykda amala aşyrylýar.

43. Maýyplyk boýunça kömek puly hasaplama görkezijisiniň göterimlerinde şu möçberlerde hasaplanýar:

1) I topardaky maýyplara – 110 göterimi;

2) II topardaky maýyplara – 100 göterimi;

3) III topardaky maýyplara – 65 göterimi.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

44. Maýyplyk boýunça kömek pulunyň möçberi maýyplyk boýunça kömek pulunyň her bir maýyplyk topary üçin bellenen iň pes möçberinden az bolmaly däldir.

45. Iş döwri bolmadyk maýyplara maýyplyk boýunça kömek puly maýyplyk boýunça kömek pulunyň her bir maýyplyk topary üçin bellenen iň az möçberinde bellenilýär

46. Ęömek pulunyň möçberi 16 ýaşa çenli maýyp çagalara binýatlyk ululygyň 100 göterimi derejesinde bellenilýär.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

47. Iş döwri bolup, zähmet haky barada güwänamany getiren çagalykdan maýyplara kömek pulunyň möçberi maýyplyk toparyna baglylykda hasaplaýyş görkezijini kesgitlemek bilen hasaplanýar.

Çagalykdan maýyplara kömek pulunyň möçberi maýyplyk toparyna degişliligine garamazdan binýatlyk ululygyň 120 göteriminden pes bolmaly däldir.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

48. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly bilen üpjün edilýän adamlaryň toparyna degişli zähmete ukypsyz maşgala agzalary bolan I we II topar maýyplarynyň her çagasy üçin binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär. Görkezilen töleg maşgalanyň zähmete ukypsyz, kömek puluny ýa-da ýaşy boýunça pensiýa alýan agzalaryna, şeýle hem 18 ýaşdan uly bolan çagalara, ýörite orta hünär okuwlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde okap talyp hakyny alýanlara degişli däldir.

49. Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar we ýeke ýaşaýan, görüşi boýunça II topar maýyplara olara seretmek üçin binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.

50. Şu Gollanmanyň 48-nji we 49-njy bölümlerinde göz öňüne tutulan goşmaça tölegler birwagtda hasaplanyp biliner.

 I we II topar maýyplyę boýunça kömek pullaryna goşmaça tölegler hasaplanylan kömek pulunyň möçberine bellenilen möçberde bellenilýär. Eger-de hasaplanylan kömek pulunyň möçberi iň pes möçberden az bolsa, onda goşmaça tölegler kömek pulunyň iň pes möçberine laýyklykda bellenilýär. Şol bir wagtda ahli goşmaça tölegler bilen birlikde, bellenilýän kömek pulunyň möçberi şu Gollanamanyň 52-nji bölüminde görkezilen kömek pullarynyň iň ýokary möçberinden geçmeli däldir.

51. Maýyplyk boýunça kömek pulunyň iň pes möçberi binýatlyk ululygyň göterimlerinde bellenilýär we aşakdakylara deňdir:

1) I topardaky maýyplara – 100 göterimi;

2) II topardaky maýyplara – 85 göterimi;

3) III topardaky maýyplara – 70 göterimi.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

52. Maýyplyk boýunça kömek pulunyň iň ýokary möçberi goşmaça tölegleriň ähli görnüşlerini hasaba almak bilen, binýatlyk ululygyň göterimlerinde bellenilýär we aşakdakylara deňdir:

1) I we II topardaky maýyplara – 200 göterimi;

2) III topardaky maýyplara – 100 göterimi.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

53. Döwür üçin kesgitlenen möçberdäki maýyplyk boýunça kömek puly maýyplygyň kesgitlenen gününden bellenýär, ýöne ony bellemek üçin ýüz tutulan gününden başlap üç aýdan köp bolmaly däldir.

Geçen 3 aýy özünde jemleýän döwür üçin maýyplyk boýunça kömek puly bellenilende, Türkmenistan boýunça ortaça zähmet haky we şol döwür üçin bellenilen binýatlyk ululygy ullanylyp, şol döwürleriň goşulmagy bilen möçber kesgitlenýär.

Maýyplyk boýunça kömek puly maýyplygyň haçan – işden öň, iş döwründe ýa-da ondan soň ýüze çykandygyna garamazdan bellenýär.

2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-inden Ruhnama aýynyň 30-y aralygynda raýatlaryň maýyplyk boýunça kömek puluny bellemek barada ýüz tutanlarynda, «Döwlet kömek pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň güýjiniň bar döwründe şu Kanun bilen kesgitlenen möçberde bellenilýär.

54. Işleýän maýyplara maýyplyk boýunça kömek puly doly möçberinde tölenilýär.

55. Maýyp çaganyň kömek puly ene-atasynyň birine ýa-da howandarlyk üçin bellenilen tertipde resmileşdirilen resminamalar bar mahaly howandara şol çaganyň 16 ýaşy dolýança bellenilýär.

Maýyp çaga 16 ýaşyny dolduranda kömek puly maýybyň özüne bellenilýär. Eger-de bellenilen tertipde onuň kämillik ukypsyzlygy kesgitlenende bolsa, kömek puly ene-atasynyň birine ýa-da howandarlyk üçin bellenilen tertipde resmileşdirilen resminamalar bar mahaly howandara bellenýär.

Bellenilen tertipde maýyp çaganyň kämillik ukypsyzlygy kesgitlen mahaly we 18 ýaşy dolanda kömek puly ene-atasynyň birine ýa-da bellenilen tertipde resmileşdirilen resminamalar bar mahaly howandara bellenýär.

56. Eger-de maýyplyk boýunça kömek pulunyň tölegi zähmede ukyplylygy dikeltmek üçin ýa-da HMAT-a gaýtadan barlag geçirmek üçin gelmezlik bilen bagly bes edilen bolsa, indiki gezekde ony maýyp diýip ykrar edilende öňki bellenen kömek pulunyň tölegi eger-de töleg bes edilen gününden başlap 2 ýyldan köp wagt geçmedik bolsa, HMAT-yň gaýtadan barlag geçiren gününden welaýatyň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginde tassyklanylandan soň durmuş taýdan üpjünçiilik bölümleri tarapyndan dikeldiýär.

Adam 2 ýyldan soň maýyp diýip ykrar edilende, maýyplyk boýunça kömek puly Merkezi topar tarapyndan umumy esaslarda amala aşyrylýar.

VIII. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly

57. Öz eklenjindäkileri saklamagy üpjün edýän raýat ekleýji bolup durýar.

58. Ekleýjiniň ýaşaýan wagtynda onuň doly saklamagynda ýa-da ondan yzygiderli we ýaşamagy üçin esasy çeşme bolup duran kömegi alan maşgala agzasy eklençdäki diýlip hasap edilýär.

59. Şular eklençdäkiler diýlip hasap edilýär:

1) 18 ýaşy dolmadyk çagalary (şol sanda ogullyga (gyzlyga) alnan we öweý çagalary), doganlary, uýalary we agtyklary ýa-da şu ýaşdan ýokarylar, eger, olar 18 ýaşa çenli maýyp bolan bolsalar, şunda doganlarynyň, uýalarynyň we agtyklarynyň zähmete ukyply ene-atasy bolmadyk ýagdaýynda;

2) eger ata, ene (şeýle hem ogullyga (gyzlyga) alanlar), äri, aýaly pensiýa ýaşyna ýeten bolsalar (erkek adamlar – 62 ýaşa, aýal maşgalalar – 57 ýaşa), ýa-da maýyp bolsalar we pensiýa ýa-da kömek puluny almaýan bolsalar;

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

3) atasy we enesi, kanunçylykda bellenen pensiýa ýaşyna ýeten bolsalar, kanuna laýyklykda olary saklamaga borçly adamlar we ýaşamak üçin başga serişde çeşmesi ýok bolan ýagdaýynda.

60. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluna, ekleýjiniň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylandygyna ýa-da ätiýaçlandyrylmandygyna garamazdan, şu Gollanmanyň 59-njy bölüminde görkezilen adamlaryň hukugy bardyr.

Ekleýjisini ýitirenligi boýunça kömek puluna bolan hukuk ekleýjiniň aradan çykan gününden ýüze çykýar.

61. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluna bolan hukuk ekleýji dereksiz ýiten halatynda, onuň dereksiz ýitmegi bellenen tertipde ykrar edilen bolsa ýüze çykýar (kömek puly ekleýjiniň dereksiz ýitmegi barada çözgüdiň çykarylan gününden bellenilýär, ýöne ony bellemek barada ýüz tutan gününden 6 aýdan köp bolmadyk möhletde bellenilýär).

62. Ekleýjini ýitirendigi boýunça kömek puluny bellemek üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:

a) 2-nji goşundynyň görnüşi boýunça kömek pulunyň bellenilmegi barada arza;

b) kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň göçürme nusgasy;

ç) ekleýjiniň aradan çykandygy hakynda şahadatnama ýa-da ekleýjiniň dereksiz ýitenrigini tassyklaýan resminama;

d) çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamasy;

e) okuw mekdebinden ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly bellenýäniň okaýandygyny tassyklaýan güwänama;

ä) maşgala agzalarynyň şahsyýetini we merhum ekleýji bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalar (nika hakyndaky şahadatnama, ýaşaýyş jaý edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň güwanamalary, RÝNÝ-nyň güwänamasy, bellenilen halatlarda-kazyýetiň çözgüdi);

f) maşgala düzümi barada güwänama;

g) kämillik ýaşyna ýetmedik, we kämillik ukyby bolmadyk eklençdäkilere howandar ýa-da hossar bellemek hakynda ygtyýarly edaranyň karary (howandarlara ýa-da hossarlara kömek puly resmileşdirilen halatynda).

Durmuş taýdan üpjünçilik şu bölümiň «b», «ç» we «d» kiçi bölümlerinde görkezilen resminamalary olaryň asyl nusgalary bilen deňeşdirip, degişli belligi amala aşyrýar.

63. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek pulunyň möçberi binýatlyk ululygyň göterimlerinde hasaplanýar we aşakdakylara deňdir:

1) eklençdäki bir adama – 60 göterimi;

2) iki adama – 110 göterimi;

3) üç adama – 130 göterimi;

4) dört we ondan köp adama – 150 göterimi.

64. Uruşda wepat bolan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenen ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly binýatlyk ululygyň iki essesi möçberinde kesgitlenýär.

Uruşdan gaýdyp gelen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşyna bellenen ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly binýatlyk ululygyň bir ýarym essesi möçberinde kesgitlenýär.

65. Ene-atasynyň (ekleýjiler) ikisini hem ýitiren çagalara – doly ýetimlere ýa-da ýeke ýaşap aradan çykan enäniň çagalaryna ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek pulunyň möçberi binýatlyk ululygyň göterimlerinde hasaplanýar we şu aşakdakylara deňdir:

1) çagalaryň birine – 120 göterimi;

2) çagalaryň ikisine – 200 göterimi;

3) çagalaryň üçüsine ýa-da ondan köpüsine – 250 göterimi.

66. Ekleýjisini ýitirenligi boýunça kömek puluny almaga hukugy bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar ogullyk (gyzlyk) alynan halatynda hem, öň ene-atalyk hukugyndan mahrum edilen ýa-da öň öz çagasyny başga adamlara ogullyga (gyzlyga) almaga razyçylyk beren ýagdaýlary hasaba almazdan, kömek puluna bolan hukugy saklaýarlar.

67. Eger ekleýjisini ýitiren maşgalada ogullyga (gyzlyga) ýa-da hossarlyga alnan ýetim çagalar bolsa, onda beýleki eklenjindäkileriň şu maşgala bilen garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan, olara doly ýetim hökmünde aýratyn kömek puly bellenilýär.

68. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly kömek puluna bolan hukuk ýüze çykan gününden bellenýär, ýöne ony bellemek üçin ýüz tutulan gününden 6 aýdan köp bolmaly däldir.

Doly ýetimlere ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly ene-atasynyň ikinjisiniň ýa-da ýeke ýaşaýan enesiniň aradan çykan gününden bellenýär. 16 ýaşy dolan adama, ol doly ýetim bolan bolsa, ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly howandaryň adyna ýa-da öz adyna bellenip bilner.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly bellenilende ýüz tutan gününden öň ýanyndaky 6 aýy öz içine alýan döwür üçin kömek pulunyň möçberi şol döwür üçin görkezilen 6 aýyň gabat gelmegi bilen kesgitlenen binýatlyk ululygy ulanmak bilen kesgitlenýär.

2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-inden Bitaraplyk aýynyň 31-i aralygynda ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluny bellemek barada raýatlar ýüz tutanda, «Döwlet kömek pullary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hereket edýän döwür üçin şu Kanunda kesgitlenen möçberde bellenilýär.

69. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly aradan çykan ekleýjiniň eklenjinde bolanlara bellenýär:

1) çagalaryna, olaryň 18 ýaşy dolýança;

2) ýokary, ýörite orta, hünärmentçilik, şeýle hem dini okuw mekdeplerinde okaýan çagalara, olaryň görkezilen okuw mekdeplerini tamamlamagyna çenli, ýöne olaryň 23 ýaşyny doldyranyndan soň bolup bilmez;

3) pensiýa ýaşyna ýeten adamlara – ömürlik.

70. Aradan çykan ekleýjiniň maşgalasynda kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzasy ýa-da ozal ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly bellenen doly ýetim çaga bar bolsa, onda kömek puly ony almaga hukugy bolan maşgala agzalarynyň her birine aýratynlykda bellenýär.

71. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek pulyny almaga hukugy bolan maşgala agzasynyň biri özüne düşýän paýyň bölünip berilmegini talap eden ýagdaýynda bellenen kömek puly, kömek puluna hukugy bolan adamlaryň arasynda deň derejede paýlanylýar.

72. Çaganyň atasy aradan çykanyndan soň hakyky atalyk derejesi bellenilende, kömek puly RÝNÝ-y edarasynda atalygy bellige alynan senesinden soň bellenilýär.

IX. Durmuş kömek puly

73. Durmuş kömek puly pensiýa ýaşyna ýeten we ýaşamak üçin başga serişde çeşmesi ýok bolan adamlara berilýän durmuş tölegi bolup durýar.

74. Durmuş kömek pulyny almaga pensiýa hukugy we hemişelik girdeji çeşmesi bolmadyk 62 ýaşa ýeten erkek adamlaryň, 57 ýaşa ýeten aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.

75. Durmuş kömek puluny bellemek barada ýüz tutan adam tarapyndan:

a) 2-nji goşundynyň görnüşi boýunça kömek puluny bellemek barada arza;

b) pasportyň göçürme nusgasy;

ç) durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň, onuň pensiýa ýa-da kömek pulunyň başga bir görnüşini almaga hukugynyň ýokdugy baradaky netijenamasy hödürlenýär.

Durmuş taýdan üpjünçilik bölümi pasportyň göçürme nusgasyny onuň asyl nusgasy bilen deňeşdirip, degişli belligi amala aşyrýar.

76. Durmuş kömek pulunyň möçberi binýatlyk ululygyň 60 göterimi möçberinde bellenilýär.

77. Durmuş kömek puly durmuş üpjünçiligi edaralary tarapyndan durmuş kömek puluny bellemek barada arzanyň bellige alnan gününden bellenýär, ýöne oňa bolan hukuk ýüze çykan pursadyndan öň bolup bilmez.

X. Kömek pullarynyň möçberlerini gaýtadan hasaplamak

78. Çaga seretmek, maýyplygy, ekleýjisini ýitirendigi boýunça tölenýän kömek pulunyň we durmuş kömek pulunyň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda gaýtadan hasaplanylýar. Gaýtadan hasaplanylan möçberler Merkezi topar tarapyndan tassyklanylýar.

79. Maýyplygy boýunça tölenýän kömek pulunyň möçberi, şu Gollanmanyň 78-nji bölüminde görkezilen ýagdaýlardan başga, aşakdaky ýagdaýlarda gaýtadan hasaplanylýar:

1) maýyplygyň topary, derejesi üýtgän halatynda – olar üýtgän gününden başlap;

2) eklenjindäkileriň sany üýtgän, maýyplyk boýunça kömek puly bellenen soň işlän döwri boýunça goşmaça maglumatlary getiren, bar bolan iş (gulluk) döwrüniň başga yzygiderli 5 senenama ýylyndaky aýlyk iş haky barada maglumatlary getiren halatynda – arza beren gününden başlap.

Maýyplyk boýunça kömek pullarynyň gaýtadan hasaplanylan möçberlerde:

1) şu bölüminiň 1-nji kiçi bölüminde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan halatlarynda – welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri;

2) şu bölümiň 2-nji kiçi bölüminde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykan halatlarynda – Merkezi topar tarapyndan tassyklanylýar.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

80. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça tölenýän kömek pulunyň möçberi, şu Gollanmanyň 78-nji bölüminde görkezilen ýagdaýlardan başga, aşakdaky ýagdaýlarda gaýtadan hasaplanylýar:

kömek puly bilen üpjün edilýän maşgala agzalarynyň sany üýtgände;

beýleki ekleýji ýitirilende;

ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puluna hukugy bolan adam ýokary, ýörite orta, hünärmentçilik, şeýle hem dini okuw mekdeplerine okuwa giren ýagdaýynda;

Gaýtadan hasaplanylan möçberler welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri tarapyndan tassyklanylýar.

 (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 62-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Döwletiň kömek pullaryny bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakyndaky gollanma üýtgetmeler görnüşine)

81. Kömek pulunyň bellenen wagtynda göz öňünde tutulan şertlerden başga bir şertleri tassyklaýan goşmaça resminamalar berlende, şeýle hem kömek pulunyň möçberine täsir edýän görkezijileriň nädogrudygynyň ýüze çykarylmagy netijesinde tölenýän kömek pulunyň möçberiniň takyklanmagy geçirilýär.

82. Ýaşy boýunça pensiýadan kömek puluny almaga geçmeklik kömek puly alýanyň geçirmek barada arza beren aýynyň yz ýanyndaky aýynyň birinden amala aşyrylýar.

XI. Döwlet goldawy

83. Pensiýa ýaşyna ýeten we pensiýa ýa-da kömek puluny almaga hukugy bolmadyk, ogulluga (gyzlyga) alnanlardan ýa-da howandarlyk edilýän ýetim çagalardan başga jan başyna düşýän ortaça girdejisi ortaça sarp ediş býujetinden pes bolan raýatlaryň döwlet goldawyna hukugy bardyr.

84. Maşgalanyň jan başyna düşýän ortaça girdejisi maşgalanyň zähmet, hojalyk, telekeçilik we başga bir işden alýan jemi girdejisinden, şeýle hem beýleki girdejilerinden ugur almak bilen kesgitlenýär.

85. Döwlet goldawyna mätäçlik çekýän raýatlar şu aşakdaky resminamalary berýär:

a) döwlet goldawynyň berilmegi barada arza;

b) pasportyň göçürme nusgasy;

ç) bar bolan çagalary, öweý çagalary, doganlary, uýalary, ýanýoldaşlary, kämillik ýaşyna ýeten agtyklary we olaryň girdejileri barada maglumatlar;

d) durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň pensiýa ýa-da kömek pulunyň başga bir görnüşini almaga hukugynyň ýokdugy baradaky netijenamasy;

e) döwlet goldawy üçin ýüz tutan adamyň durmuş şertleri barada etrap (şäher) toparynyň netijenamasy (delilnama) berilýär.

86. Pul tölegleri görnüşindäki döwlet goldawy aýda binýatlyk ululygyň möçberinde, ýöne üç aýdan köp bolmadyk döwre tölenilýär. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, şu maddada göz öňünde tutulan pul tölegleri birwagtlaýyn hem tölenip bilner.

87. Döwlet goldawyna mätäçlik çekýän raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça etrap (şäher) toparlary kärhanalaryň, edaradyr, guramalaryň öz serişdeleriniň hasabyna ýeňillikli şertlerde durmuş hyzmatyny ýa-da mugt hyzmat etmek barada towakga etmäge hukuklary bardyr.

XII. Jedelleri çözmek.

88. Kömek puluna hukuk, kömek pulunyň möçberini hasaplamak we tölemek, döwlet goldawyny bermek barada jedelli meseleler Merkezi topar we kazyýet tarapyndan çözülýär.

89. Ęömek pulunyň möçberlerinden tutup galmak hakynda «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 117-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan jedelleri çözmek Merkezi topar we kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.

90. Kömek pulunyň möçberlerinden tutup galmak hakynda «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 117-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan jedeller kazyýet tertibinde çözülýär

 

 

 

 

nusga arzalar

 

 

| Esasy  | Indiki |