| Esasy  | Indiki |

 

Ylalaşyldy

Türkmenistanyň Ykdysadyýet

we maliýe ministrligi

 

___________ T. Japarow

 

2007 ý. Ruhnama aýynyň “10”

 

Türkmenistanyň Durmuş taýdan

üpjünçilik ministriniň

 

2007 ý. Alp Arslan aýynyň “28”

 

107-Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

  Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda

G O L L A N M A

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2009-njy ýylyň iýun aýynyň 2-sinde 487 san bilen bellige alnan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar)

I. Umumy düzgünler

1. Şu Gollanma 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde kabul edilen Durmuş üpjünçiligi hakyndaTürkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan raýatlara arkalaşyk usuly boýunça zähmet pensiýasyny (mundan beýläk zähmet pensiýasy) we toplaýyş pensiýasyny bellemegiň we olary gaýtadan hasaplamagyň tertibini kesgitleýär.

Şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň 2012-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-inden girizilýändigi bilen baglanyşykly şu Gollanma şertli-toplaýyş usuly boýunça zähmet pensiýasyny bellemegiň we olary gaýtadan hasaplamagyň meselelerini göz öňünde tutmaýar.

2. Şu Gollanmada peýdalanylýan adalgalar „Durmuş üpjünçiligi hakynda“ Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyk manylarda ulanylýar.

Şu Gollanmada ulanylýan beýleki adalgalar aşakdaky ýaly manylara eýedirler:

ýüz tutujy – Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynda kesgitlenýän tertipde we şertlerde pensiýa üpjünçiligine hukugy bolan we pensiýa bellenilmegi barada durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerine ýüz tutan Türkmenistanyň raýaty, daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam;

Merkezi topar – Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi topary;

welaýatlaryň toparlary – welaýatlaryň durmuş taýdan üpjünçilik müdirliklerinde döredilen, pensiýa bellemek üçin resminamalara garaýan toparlar;

etraplaryň (şäherleriň) toparlary – etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerinde döredilen, pensiýa bellemek üçin resminamalara garaýan toparlar;

iş beriji – eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhana, gurama we edara, şeýle hem hususy telekeçi we şertnama esasynda zähmeti ulanýan başga bir şahsy tarap;

pensiýa işi – pensiýanyň bellenilmegi üçin ýüz tutan adama pensiýany bellemek üçin esaslanylan resminamalaryň kitapça görnüşindäki toplumy.

3. Zähmet we toplaýyş pensiýalaryny bellemek, şeýle hem pensiýalaryň gaýtadan hasaplanan möçberlerini tassyklamak Merkezi topar tarapyndan amala aşyrylýar.

II. Pensiýa bolan hukuk

4. Türkmenistanyň raýatlarynyň “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenilen tertipde we şertlerde pensiýa hukuklary bardyr.

5. Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda we (ýa-da) Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda (ylalaşyklarynda) başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede pensiýa üpjünçiligine bolan hukukdan peýdalanýarlar.

6. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän ýurtlaryň harby gullukçylarynyň pensiýa üpjünçiligi 1992-nji ýylyň Baýdak aýynyň 14-inde harby gullukçylaryň, harby gullukdan boşanlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň durmuş we hukuk kepillendirmeleri hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň arasynda baglaşylan ylalaşykda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.

7. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän raýatlarynyň «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda bellenen tertipde we şertlerde pensiýa hukuklary bardyr.

8. Şol birwagtda ýaşy boýunça pensiýany we döwlet kömek puluny almaga hukugy bolan raýatlaryň pensiýany ýa-da döwlet kömek puluny saýlap almaga haklary bardyr, muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça we çaga seretmek boýunça kömek puly girmeýär.

9. 1998-nji ýylyň Gorkut aýynyň 17-sinde kabul edilen «Pensiýalar hakynda» Türkmenistanyň kanuny güýje girýänçä ýeňillikli şertlerde ýa-da işlän (gulluk eden) ýyllary üçin pensiýa bellenen raýatlaryň «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji we 7-nji bentlerinde bellenilen ýaşa ýetmegi bilen umumy esaslarda zähmet pensiýasyna çykmaga hukuklary bardyr.

10. «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 6-njy bendine laýyklykda pensiýa bellenilen raýatlaryň şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji we 7-nji bentlerinde bellenilen ýaşa ýetmegi bilen umumy esaslarda zähmet pensiýasyna çykmaga hukuklary bardyr.

III. Pensiýa bolan hukugy kesgitleýän şertler

11. Zähmet pensiýasyna şularyň hukuklary bardyr:

1) umumy esaslarda:

erkek adamlar – 62 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar – 57 ýaşy dolanda .

Şunda şu Gollanmanyň 35-nji bendinde görkezilen döwürleri goşmak bilen, erkek adamlar üçin 25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin 20 ýyldan az bolmadyk döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler we (ýa-da) pensiýa gatançlary tölenen iş döwri talap edilýär.

Döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemek şerti ýüz tutujylaryň Türkmenistanyň kanunçylyk namalary arkaly görkezilen geçirimleri tölemekden boşadylan iş berijilerde işlän döwrüne degişli däldir.

2) harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri:

erkek adamlar – azyndan 25 ýyl gulluk döwri bolup, 52 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar – azyndan 20 ýyl gulluk döwri bolup, 48 ýaşy dolanda.

Harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň orta, uly we ýokary ýolbaşçylar düzüminden bolan, näsaglygy, işgär birliginiň kemeldilmegi ýa-da saglygynyň çäkli ýagdaýy sebäpli gullukdan boşadylan işgärler:

erkek adamlar –azyndan 25 ýyl iş döwri bolup we onuň azyndan 20 ýyly gulluk döwri bolanda, 50 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar –azyndan 20 ýyl iş döwri bolup we onuň azyndan 15 ýyly gulluk döwri bolanda, 45 ýaşy dolanda.

Harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgäri Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden mahrum edilen halatynda, onuň diňe umumy esaslarda pensiýa çykmaga hukugy bardyr.

3) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleri:

erkek adamlar –azyndan 25 ýyl gulluk döwri bolup, 50 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar –azyndan 20 ýyl gulluk döwri bolup, 48 ýaşy dolanda;

4) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçarbeletleri, uçarüsti dolandyryjylary:

erkek adamlar –azyndan 25 ýyl gulluk döwri bolup, 55 ýaşy dolanda;

aýal maşgalalar –azyndan 20 ýyl gulluk döwri bolup, 50 ýaşy dolanda.

5) doly iş gününiň dowamynda ýerasty işlerde we zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işlerde işleýän raýatlar:

erkek adamlar – 52 ýaşy dolanda, 25 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda we eger olar görkezilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän bolsalar;

aýal maşgalalar – 48 ýaşy dolanda, 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda we eger olar görkezilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän bolsalar.

Görkezilen işlerde bellenen möhletleriň azyndan ýarysyny işlän, şu bendiň 1 kiçi bendinde bellenen iş döwri bolan raýatlara umumy esaslarda bellenen ýaşy şu işlerde işlenen doly bir ýyly üçin bir ýylyny kemeltmek bilen pensiýa bellenýär. Raýatlaryň şu topary üçin işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde tassyklanýar;

6) üç çaga dogran we olary sekiz ýaşaýança terbiýelän aýallar – 56 ýaşy dolanda, 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda;

dört çaga dogran we olary sekiz ýaşaýança terbiýelän aýallar – 55 ýaşy dolanda, 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda;

bäş we ondan köp çaga dogran we sekiz ýaşaýança terbiýelän ýa-da çagalykdan maýyp çagasy bolup, ony sekiz ýaşaýança terbiýeleýän aýallar – 54 ýaşy dolanda, 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda;

7) gipofizar nanizmi (boý ösmezlik, göýdüklik) keseli bilen kesellän raýatlar (liliputlar) ýa-da göýdükler (karlikler):

erkek adamlar – 45 ýaşy dolanda, umumy esaslarda talap edilýän iş döwrüniň ýokdugyna garamazdan;

aýal maşgalalar – 40 ýaşy dolanda, umumy esaslarda talap edilýän iş döwrüniň ýokdugyna garamazdan;

12. Zähmet pensiýasyna bolan hukuk kesgitlenende pensiýanyň bellenilýän gününe çenli (döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna tutumlar tölenen şertinde) iş döwri, şeýle hem 1998-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 1-inden soň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy şertnamasy boýunça pensiýa gatançlarynyň tölenen döwri göz öňünde tutulýar.

Şu aşakdaky döwürler pensiýa gatançlarynyň tölenen döwri diýip hasaplanýar:

- iş beriji tarapyndan meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan ýüz tutujynyň aýlyk iş hakyndan bellenen tertipde pensiýa gatançlarynyň tutulyp alnan we Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýörite hasabyna geçirilen aýy;

- pensiýa gatançlaryny özbaşdak töleýän, şertnamalaýyn esasda işleýän adamlar tarapyndan döwlet meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa gatançlarynyň geçirilen aýy;

- özbaşdak iş bilen meşgullanýan adamlar tarapyndan «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda salgytlary tölemek üçin bellenen döwürde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy boýunça pensiýa gatançlarynyň geçirilen döwri.

Iş beriji tarapyndan meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan ýüz tutujynyň aýlyk iş hakyndan bellenen tertipde pensiýa gatançlarynyň tutulyp alnan, emma Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýörite hasabyna öz wagtynda geçirilmedik halatynda, pensiýa gatançlaryny tutup almagyň geçirilen aýlary pensiýa gatançlarynyň tölenen döwri hasap edilýär.

Iş beriji tarapyndan meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan ýüz tutujynyň aýlyk iş hakyndan bellenen tertipde pensiýa gatançlaryny tutup almak geçirilmedik bolsa, onda görkezilen döwür pensiýa gatançlarynyň tölenen döwri hasap edilmeýär. Iş beriji tarapyndan pensiýa gatançlary soňundan tutulyp alnanda, haýsy döwür üçin tutulandygyna garamazdan, pensiýa gatançlarynyň tutulyp alnan aýy pensiýa gatançlarynyň tölenen aýy hasap edilýär.

13. Şu Gollanmanyň 11-nji bendinde bellenen ýaşa ýeten ätiýaçlandyrylan raýatlaryň, atly pensiýa hasaplarynda pensiýa toplamalary bar bolan halatynda, toplaýyş pensiýasyna çykmaga hukugy bardyr.

14. Erkek adamlar üçin 25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin 20 ýyldan az, emma döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemek bilen azyndan bäş ýyl iş döwri bolan erkek adamlaryň 62 ýaşy dolanda, aýal maşgalalaryň 57 ýaşy dolanda doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasyna çykmaga hukugy bardyr.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

IV. Pensiýa bellemek barada ýüz tutmak

15. Raýatlaryň ýazga goýlan ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna pensiýa bellemek üçin resminamalary taýýarlamak barada, haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden, islendik wagtda ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary pensiýa bellemek üçin resminamalary taýýarlamakda raýatlara ýardam edýärler.

16. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralary raýatlar tarapyndan pensiýa bellemek üçin berlen maglumatlary we resminamalaryň bolmalysy ýaly resmileşdirilendigini bir aýdan köp bolmadyk möhletde barlamaga borçludyrlar.

17. Durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň raýatlardan we iş berijilerden, ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we arhiw edaralaryndan pensiýa üpjünçiligi bilen baglanyşykly maglumatlary sorap almaga hukuklary bardyr.

18. Pensiýa bellemek baradaky arza raýatlaryň ýazga duran ýerleri boýunça etrap (şäher) toparlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine berilýär. Arza bellige alnandan soň, onuň bellige alnan senesini görkezmek bilen, dilhaty-habarnama berilýär.

V. Pensiýa bellemek üçin resminamalary kabul etmek, resmileşdirmek we olara seretmek

19. Ýüz tutujylary kabul etmek we pensiýa bellemek üçin resminamalara seretmek etrap (şäher) toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.

20. Etrap (şäher) toparlary Toparyň başlygy tarapyndan kesgitlenýän tertipde, emma hepdede 3 gezekden az bolmadyk möhletde ýüz tutujylary kabul edýärler we olar tarapyndan berlen resminamalara seredýärler.

Toparyň garamagyna resminamalary beren ýüz tutujylary hasaba almak bellenen tertipde resmileşdirilen ýörite žurnalda geçirilýär (1-nji goşundy).

21. Etrap (şäher) toparlary berlen resminamalaryň mazmunyny we bolmalysy ýaly resmileşdirilendigini barlaýarlar. Resminamalaryň bolmalysy ýaly resmileşdirilmedik, pensiýa bellemek üçin zerur bolan resminamalaryň ýeterlik däl halatlarynda etrap (şäher) topary ýüz tutujy tarapyndan berlen resminamalaryň yzyna gaýtarylmagynyň sebäplerini düşündirmek bilen, olary yzyna gaýtarýar. Ýüz tutujylary kabul etmegiň hasaba alynýan žurnalynda bu barada degişli bellik edilýär.

22. Ýüz tutujy tarapyndan pensiýa bellemek üçin zerur bolan ähli resminamalar berlenden soň, etrap (şäher) topary ähli zerur resminamalary goşmak bilen, pensiýa bellemek baradaky arzany (3-nji goşundy) hasaba almak barada, şeýle hem berlen resminamalaryň garşylyklaýyn barlagyny we beýleki zerur takyklamalary geçirmäge, pensiýanyň möçberiniň hasaplamasyny düzmäge hünärmeni bellemek barada çözgüt kabul edýär (2-nji goşundy).

Pensiýa bellemek baradaky arza kabul edilende etrap (şäher) toparlary arzanyň doldurylyşynyň dogrulygyny we onda görkezilenleriň onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyndaky we beýleki berlen resminamalardaky maglumatlara laýyk gelýändigini barlaýarlar. Arzanyň doldurylyşynyň dogrulygy barlanandan soňra, ony hasaba alýar, ýüz tutuja bolsa hasaba alnan belgisini we senesini, arzany seretmek üçin kabul eden hünärmeniň familiýasyny, wezipesini we goluny görkezmek bilen, arzanyň hasaba alnandygy barada dilhaty - habarnamany berýär.

23. Zähmet pensiýasyny bellemek üçin arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

- pasportyň nusgasy;

- islendik yzygiderli bäş senenama ýylynda iş haky barada güwänama, baýraklaryň we beýleki goşmaça tölegleriň esaslandyrylyşynyň tassyknamasy bilen;

- zähmet depderçesiniň nusgasy we iş döwrüni tassyklaýan beýleki resminamalar;

- döwlet sylaglary we hormatly atlary hakynda şahadatnamanyň nusgasy – 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 7-sinde kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda goşmaça tölegler göz öňünde tutulan döwlet sylaglary we hormatly atlary bar bolan adamlar üçin.

Etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň hünärmeni pensiýa bellenenden soň onuň eýesiniň haýyşy boýunça özüne gaýtarylyp berilýän zähmet depderçesiniň asyl nusgasyny (zähmet depderçesiniň bellenen tertipde resmileşdirilen öwezligini) zähmet depderçesiniň (zähmet depderçäniň öwezliginiň) göçürmesi bilen deňeşdirýär.

Pensiýa bellemek barada ýüz tutan we Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň raýatlygy (iki raýatlylygy) bar bolan ýüz tutujy Russiýa Federasiýasynyň çäklerinde pensiýa hasaba alnyşynda durandygy ýa-da durmaýandygy barada maglumat bermäge borçludyr. Görkezilen maglumat Russiýa Federasiýasynyň durmuş goraglylygy edarasy tarapyndan bellenen tertipde resmileşdirilýär we berilýär.

Eger resminamada doglan wagty barada aýy görkezilmän diňe doglan ýyly görkezilen bolsa, onda doglan aýy we senesi şol ýylyň Gorkut aýynyň 1-i diýlip kabul edilýär.

Eger resminamada doglan wagty ýa-da iş döwri barada anyk senesi görkezilmän, diňe aýy we ýyly görkezilen bolsa, onda onuň senesi degişli aýyň 15-i diýlip kabul edilýär.

24. Ýüz tutujy tarapyndan umumy esaslarda bellenenden irki möhletde pensiýa çykmaga hukugy tassyklaýan, şeýle hem zähmet pensiýasyny hasaplamak üçin iş döwrüne goşulýan aýratyn döwürleri tassyklamak üçin goşmaça resminamalar berilýär. Şunuň ýaly resminamalara aşakdakylar degişlidir:

1) harby biletiň nusgasy ýa-da harby wekillikden güwänama – harby gullugyň we içeri işler edaralarynda çagyryş boýunça harby gullugyň geçilendigini tassyklamak üçin;

2) okuwy tamamlandygy barada diplomyň nusgasy ýa-da okuw mekdebinden güwänama;

3) çaga dogran we sekiz ýaşyna çenli terbiýelän aýal maşgalalar üçin:

a) üç we ondan köp çaga dogran we terbiýelän aýallar üçin – pasportyň berlendigi baradaky belligi bilen çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da çagalaryň sekiz ýaşyna çenli terbiýelenendigini tassyklaýan beýleki resminamalaryň nusgasy;

b) çagalykdan maýyp çagany terbiýelän aýallar üçin:

- pasportyň berlendigi baradaky belligi bilen çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň ýa-da onuň sekiz ýaşyna çenli terbiýelenendigini tassyklaýan beýleki resminamalarynyň nusgasy;

- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýyş-durmuş barlag topary tarapyndan berlen güwänamanyň göçürmesi ýa-da çaga sekiz ýaşyndan öň maýyplygyň bellenendigini tassyklaýan, bejeriş edarasyndan berlen güwänama.

25. Toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegi üçin ýüz tutujy pasportyň nusgasyny, pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň şahadatnamasyny berýär. Şu Gollanmanyň 11-nji bendiniň 2 – 6-njy kiçi bentlerinde göz öňünde tutulan ýaşda toplaýyş pensiýasyny bellemek barada ýüz tutan raýat görkezilen ýaşda pensiýa çykmaga hukuk berýän resminamalary berýär.

26. Etrap (şäher) toparynyň başlygy kabul edilip alnan resminamalary ýüz tutujynyň iş döwri, aýlyk iş haky baradaky maglumatlaryny takyklamak, pensiýanyň möçberiniň deslapky hasaplamasyny geçirmek üçin etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň hünärmenine berýär.

27. Hünärmen barlag geçireninden soň pensiýanyň möçberiniň deslapky hasaplamasyny geçirýär. Pensiýanyň möçberiniň hasaplamasy, arza we zerur resminamalar bilen bilelikde kitapça görnüşindäki pensiýa işine çatylýan kagyzda (blankda) resmileşdirilýär. Pensiýa işiniň ähli sahypalary belgilenýär, tikilip çatylýar we möhür basylyp tassyklanýar. Pensiýa işiniň resminamalarynyň ýazgysy düzülýär. Resminamalaryň işde saklanýan nusgalary etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň başlygynyň goly we möhür bilen tassyklanýar. Pensiýa işi düzülenden soňra, ol etrap (şäher) toparynyň garamagyna berilýär.

Ýüz tutujy özüne hasaplanylýan pensiýanyň möçberi bilen tanyşmaga haklydyr.

Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň hünärmeni pensiýa bellemek üçin berlen resminamalarda getirilen, barlanan maglumatlaryň hili, pensiýa resminamalarynyň seredilmeli möhletiniň berjaý edilişi we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda pensiýalaryň möçberleriniň hasaplanyşy üçin jogapkärçilik çekýär.

28. Etrap (şäher) topary pensiýa işini, ondaky resminamalaryň dogry resmileşdirilendigi babatda barlag geçirmek bilen çözgüt kabul edýär. Etrap (şäher) toparynyň çözgüdi teswirnama (4-nji goşundy) bilen resmileşdirilýär. Çözgüt kabul edilenden soň, pensiýa işi bellenen tertipde, ýüz tutujydan pensiýa resminamalary kabul edilenden soň 20-25 günüň dowamynda welaýatyň toparyna iberilýär. Aşgabat şäheriniň etraplarynyň pensiýa bellemek üçin resminamalara garaýan toparlary pensiýa işini Merkezi topara iberýär.

29. Welaýatyň topary gelip gowşan pensiýa işlerini olardaky resminamalaryň dogry resmileşdirilendigi babatda barlaýar, iş döwri, aýlyk iş haky baradaky maglumatlaryň barlagynyň netijelerini we pensiýa hukugy kesgitlemäge we onyň möçberine täsir edýän beýleki resminamalary öwrenýär.

Zerur bolan halatynda welaýatyň topary welaýatyň durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň hünärmenlerine iş döwri we aýlyk iş haky baradaky maglumatlary gaýtadan barlamagy tabşyrýar.

30. Welaýatyň topary pensiýa işlerine seljerme geçirilenden soň, bu barada teswirnama düzýär (5-nji goşundy) we etrap (şäher) toparyndan resminamalaryň alnan gününden 5 günden gijä galman olary Merkezi toparyň garamagyna iberýär.

VI. Iş döwri

31. Iş döwrüne işiň häsiýetine we dowamlylygyna hem-de arakesmeleriň dowamlylygyna garamazdan:

zähmet şertnamasynyň esasynda eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda;

hakyna tutma şertnamasy esasynda hususy telekeçilerde;

hakyna tutma şertnamasy esasynda daşary ýurt döwletleriniň, halkara birleşikleriniň we guramalarynyň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen wekilçiliklerinde we edara görnüşli taraplarynda;

oba hojalyk önümlerini öndürýän adam hökmünde işlenen zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly işiň (gullugyň) döwri degişlidir.

Iş döwrüne iş berijiler tarapyndan bellenen tertipde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen döwürler kabul edilýär. Tölegiň bu şerti Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen görkezilen geçirimleri tölemekden boşadylanlara degişli däldir.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

32. Iş döwri zähmet pensiýasyny bellemek üçin ulanylýar.

33. Harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri üçin iş döwri diýlip, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna 2007-nji ýylyň Gorkut aýynyň 1-ine çenli geçirimler tölenendigine garamazdan, harby gulluk döwrüne, içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürlere düşünilýär.

34. Zähmet pensiýasyny bellemek üçin iş döwrüne zähmet pensiýasynyň bellenýän gününe çenli zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly iş döwri alynýar.

35. Iş döwrüne şu aşakdakylar hem goşulýar:

1) ýüz tutujynyň okuw mekdebini tamamlandygyna ýa-da doly okuw döwrüni tamamlaman okamagy bes edendigine garamazdan, ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, işgärleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan hünär öwrediş gysga möhletli okuwlarda, kliniki ordinaturalarda, aspiranturalarda, doktoranturalarda we akademiýalarda, şeýle hem ýokary we orta dini okuw mekdeplerinde önümçilikden aýrylmak şerti bilen okalan döwür. Okaýanyň okuw döwründe uzak arakesmesiniň bolandygy barada maglumat bolsa, şol arakesme döwri iş döwrüne goşulmaýar.

Eger okaýan okuw mekdebinden çykarylyp we geljek ýyllarda okuwyna dikeldilen bolsa, onda okuw döwri iş döwrüne umumy esaslarda goşulýar. Agzalan döwri iş döwrüne goşmaklyk ýüz tutujynyň okan mekdebinden ýa-da arhiw edarasyndan berlen maglumat esasynda geçirilýär.

2) çagyryş boýunça harby gullugyň we içeri işler edaralarynda gullugyň geçilen döwri;

3) işlemeýän adamyň 1-nji topar maýybyna ýa-da 16 ýaşa çenli maýyp çaga sereden döwri, ýöne jemi 10 ýyldan köp bolmaly däl. Görkezilen döwür 1-nji topar maýybyna ýa-da 16 ýaşa çenli maýyp çaga sereden adamyň seretmegi amala aşyran döwrüne çenli işländigine ýa-da işlemändigine garamazdan iş döwrüne goşulýar;

4) Türkmenistanyň diplomatik edaralarynyň işgärleriniň we olara deňleşdirilen adamlaryň aýallarynyň (adamsynyň) daşary ýurtda ýaşan döwürleri, emma 4 ýyldan köp bolmaly däl;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgäriň iş ýeriniň saklanyp galýan döwri (wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwri, zähmet rugsadynda bolnan döwür we ş.m.).

6) ýüz tutujynyň bikanun işden çykarylan halatynda mejbury işsiz bolan wagty, eger ol kazyýet edaralarynyň çözgüdiniň esasynda işine dikeldilen bolsa;

7) ýüz tutujynyň hökmany suratda zähmete çekilmegi bilen azatlykdan mahrum etmeklige şertli iş kesilen döwri;

8) esassyz sebäpler bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilen, esassyz repressiýa (sütem) edilen we soňra bolsa aklanylan raýatlaryň tussag astyna alnyp saklanan döwri we ol adamlaryň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çeken döwri.

36. Harby gullukçylaryň içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň zähmet pensiýasyny hasaplamak üçin ulanylýan iş döwrüne şu Gollanmanyň X bölüminde görkezilen harby gulluk döwri, şeýle hem zähmet işiniň beýleki döwürleri goşulýar.

Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, şeýle hem paraşýutçylaryň, uçarüsti dolandyryjylaryň we uçarbeletleriň zähmet pensiýasyny hasaplamak üçin ulanylýan iş döwrüne şu Gollanmanyň XI bölüminde görkezilen uçuş sagatlary boýunça bellenen ýyllyk ölçegi ýerine ýetirmegiň döwri, şeýle hem zähmet işiniň beýleki döwürleri goşulýar.

37. Düzediş işlerinde işletmek görnüşinde jeza çäresini çeken döwri umumy iş döwrüne goşulmaýar.

Kazyýet tarapyndan kanunda bellenen tertipde azatlykdan mahrum etmezden düzediş işlerinde işletmek görnüşinde jeza çäresini çeken wagty umumy iş döwrüne goşulan we zähmet depderçesinde şeýle ýazgy bar bolan halatynda, onda görkezilen döwür zähmet pensiýasyny hasaplamak üçin iş döwrüne goşulýar.

VII. Iş döwrüni tassyklamak

38. Zähmet depderçesi, şeýle hem bellenen tertipde iş ýerinden, gulluk eden, okan we iş döwri diýlip hasaplanýan başga bir işinden, şeýle hem arhiw we beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan berilýän resminamalar iş döwrüni tassyklaýjy esasy resminamalar bolup durýar.

Iş döwri hasaplananda göz öňünde tutulýan zähmet depderçesindäki ýazgylar, olaryň zähmet depderçä girizilen gününde hereket eden kanunçylyga laýyklykda resmileşdirilen bolmalydyr.

39. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň we SSSR-iň düzümine giren döwletleriň çäklerinde bolmalysy ýaly tertipde berlen ýa-da 1991-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 1-ne çenli bolmalysy ýaly resmileşdirilen iş döwrüni tassyklaýan resminamalar legallaşdyrylmazdan kabul edilýär.

40. Zähmet depderçesi bolmadyk ýagdaýynda, şeýle hem onda nädogry ýa-da nätakyk ýazgylar bolan halatynda ýa-da aýry-aýry iş döwri barada ýazgylaryň bolmadyk wagtynda iş döwrüni tassyklaýan resminamalar hökmünde güwänamalar, buýruklardan göçürmeler, atly hasaplar we iş hakyny (girdejini, pul üpjünçiligini) tölemek üçin töleg sanawlary, şahadatnamalar, häsiýetnamalar, ýazmaça zähmet ylalaşyklary (şertnamalary) we olaryň ýerine ýetirilendigi baradaky bellik edilen ylalaşyklar, zähmet, gulluk we tertipleşdirilen sanawlar, kärdeşler arkalaşygynyň agzalyk biletleri, birleşikleriň agzalarynyň agzalyk depderçeleri we iş döwri baradaky maglumatlary özünde saklaýan beýleki resminamalar kabul edilýär.

Şunda subutnama hökmünde bellenen nusgadaky ýa-da bellenen tertipde resmileşdirilen resminamalar kabul edilýär. Iş döwrüni, beýleki işini we şu Gollanmanyň 35 bendinde göz öňünde tutulan beýleki döwürleri tassyklamak üçin berlen resminamalarda berlen senesi we belgisi, resminama berilýän adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady, onuň doglan senesi, aýy, ýyly, iş ýeri, işlän döwri, käri (wezipesi) we resminamanyň berilmeginiň esasy (buýruklar, atly hasaplar we beýleki resminamalar) görkezilmelidir.

41. Zähmet depderçesiniň ýöredilmedik halatynda zähmet şertnamasy boýunça iş döwri, şeýle hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykan gününde hereket eden zähmet kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilen ýazmaça zähmet şertnamasy bilen tassyklanýar.

42. Işleri ýerine ýetirmek ýa-da hyzmatlary etmek babatynda raýat-hukuk häsiýete eýe bolan şertnama boýunça işlenen döwür şeýle hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykan gününde hereket eden zähmet kanunçylygyna laýyklykda resmileşdirilen, görkezilen şertnama we iş berijiniň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri töländigi baradaky resminamasy bilen tassyklanýar.

Şunda iş döwrüne goşulýan döwrüň dowamlylygy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen döwürde şertnamanyň hereket eden möhletine laýyklykda kesgitlenýär. Şertnamanyň hereket eden döwri bellenilmedik ýagdaýynda, görkezilen döwrüň dowamlylygy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen döwürden ugur alnyp kesgitlenýär.

43. Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň we daýhan birleşiklerinde şertnama boýunça işleýänleriň iş döwri zähmet depderçesi (kolhozçynyň zähmet depderçesi), hakyna tutýanyň we işgäriň arasyndaky şertnama we pensiýa üpjünçiligine ätiýaçlyk gatançlarynyň tölenendigi baradaky resminama bilen tassyklanýar.

Kolhozçynyň zähmet depderçesinde kolhozçy barada, kolhozyň agzalygy barada, zähmet gatnaşygy (kolhozda kabul edilen jemgyýetçilik hojalygynda zähmet gatnaşygynyň ýyllyk minimumy, onuň ýerine ýetirilişi) barada maglumat bolmalydyr. Zähmet depderçesinde ähli ýazgylar kolhozdaky iş döwri üçin ähli bölümlerde kolhozyň başlygynyň ýa-da kolhozyň ýolbaşçylygy (prawleniýasy) tarapyndan ýörite ygtyýarly edilen adamyň goly we möhür bilen tassyklanmalydyr.

Oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde işlän adamlaryň we kärendeçileriň daýhan birleşiklerindäki iş döwrüni tassyklaýan resminamalar geňeşler, daýhan birleşikleri tarapyndan aşakdaky resminamalaryň esasynda resmileşdirilýär:

zähmeti we ýerine ýetirilen işi hasaba almak boýunça kitap;

kolhozçylaryň zähmetine hak tölemek boýunça hasaplaşyk kitaby;

bellenen görnüşdäki atly hasaplar;

zähmet günlerini hasaba almak boýunça sanaw (wedomost);

zähmetiň we ýerine ýetirilen işiň hasap kagyzy;

hasaplaşyk-töleg sanawy (wedomosty), hasaplaşyk sanawy (wedomosty);

şertnamalar we beýlekiler.

Daýhan birleşikleriniň agzalarynyň we daýhan birleşiklerinde şertnama boýunça işleýän raýatlaryň zähmet depderçelerine girizilen ýazgylar geňeşler, daýhan birleşikleri tarapyndan tassyklanýar.

Özbaşdak ýa-da toparlaýyn kärende şertlerindäki zähmet işiniň döwri döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň tölenendigi baradaky resminamalar bilen tassyklanýar.

44. Önümçilikden aýrylmak şerti bilen (okuwyň gatnaşyp okalýan görnüşi) ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, işgärleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan hünär öwrediş gysga möhletli okuwlarda, kliniki ordinaturalarda, aspiranturalarda, doktoranturalarda, akademiýalarda, şeýle hem ýokary we orta dini okuw jaýlarynda okalan döwür olary tamamlandygy hakyndaky diplomlar, şahadatnamalar, şaýatnamalar, şeýle hem arhiw edaralary tarapyndan berilýän, okalan döwür baradaky maglumatlary özünde saklaýan güwänamalar ýa-da beýleki resminamalar bilen tassyklanýar.

Eger ýüz tutujy okuwynyň arasyny üzen bolsa, ýa-da okuwyň gaýybana (agşamky) görnüşine geçen bolsa, okuwyň arasynyň üzülen, okuwyň gaýybana (agşamky) görnüşine geçen senesini, şeýle hem okuwyň gatnaşyp okalýan görnüşine dikeldilen senesini görkezmek bilen okuw mekdebinden güwänama talap edilýär.

45. Harby gulluk möhletleri harby bilet, bellenen nusgadaky goşun depderçesi, harby gullukçylary wezipä bellemek we boşatmak baradaky buýruklar, harby wekillikleriň, harby bölümleriň, ştablaryň we Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň we Türkmenistanyň beýleki goşunlarynyň güwänamalary (şol sanda bu edaralar başga hili atlandyrylan bolsa hem), harby-bejeriş edaralarynyň güwänamalary, zähmet depderçesindäki harby gulluk hakyndaky ýazgylar bilen tassyklanýar.

46. Söweş hereketleri, şol sanda başga döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleri döwründe hereket edýän goşunyň düzüminde harby gulluk möhleti Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenýän tertipde berilýän, harby wekillikleriň güwänamalary bilen tassyklanýar.

47. Içeri işler edaralarynda gulluk möhleti ýönekeý we ýolbaşçy işgärler düzüminiň işgärlerini wezipä bellemek we boşatmak hakyndaky buýruklar, içeri işler edaralarynda gulluk edendigi barada zähmet depderçesindäki ýazgylar bilen tassyklanýar. Wezipä bellemek we boşatmak hakyndaky buýruklar bolmadyk halatynda şol döwürlerde gulluk edendigini tassyklaýan resminamalar bar bolsa, gulluk möhleti hakynda netijenama düzülmegine ýol berilýär. Görkezilen düzgünler Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Döwlet feldýegerçilik gullugynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärlerine hem degişlidir.

48. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Kinoçylar birleşiginiň, Türkmenistanyň Teatr işgärleri birleşiginiň agzalarynyň, şeýle hem öňki SSSR-iň döredijilik birleşikleriniň agzalary bolup duran adamlaryň döredijilik işi öňki SSSR-iň we Türkmenistanyň döredijilik birleşikleriniň we müdiriýetleriniň sekretariatlarynyň güwänamalary (kararlardan göçürmeler) bilen tassyklanýar. Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň agzasy bolmadyk, ýöne medeniýet işgärleri kärdeşler arkalaşygynyň we edebiýatçylaryň birleşen kärdeşler komitetleriniň agzalary bolan edebiýatçylaryň hem döredijilik işi şunuň ýaly tertipde tassyklanýar.

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolmadyk, ýöne olar bilen gatnaşyklar çeperçilik tabşyryklary baradaky ylalaşyklar (awtorlyk, neşir işleri baradaky ylalaşyklar) bilen düzgünleşdirilýän, medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň agzalary bolup duran suratkeşleriň döredijilik işi Türkmenistanyň Çeperçilik gaznasynyň müdiriýetiniň agzalarynyň güwänamalary bilen, iş berijileriň ýolbaşçylygy we medeniýet işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ýerlerdäki guramalary tarapyndan tassyklanýar.

Türkmenistanyň döredijilik birleşmeleriniň agzasy bolup durmadyk döredijilik işgärleriniň döredijilik iş döwri döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň tölenendigi baradaky, şol sanda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, iş berijiler tarapyndan berlen resminamalar bilen tassyklanýar. Şunda görkezilen adamlar üçin iş döwri hasaplananda diňe zähmet gazanjynyň (galam hakynyň) alnan we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň geçirilen döwri goşulýar.

49. Awtorlyk we neşir işleri baradaky şertnamalar boýunça iş döwri şeýle hukuk gatnaşyklarynyň ýüze çykan gününde hereket eden kanunçylyga laýyklykda resmileşdirilen görkezilen şertnamalar bilen we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň tölenendigi baradaky resminamalar bilen tassyklanýar.

Şunda iş döwrüne goşulýan döwrüň dowamlylygy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna tölegleriň tölenen döwründe şertnamanyň hereket eden möhletine laýyklykda kesgitlenýär. Şertnamanyň hereket eden möhleti anyklanmadyk ýagdaýynda görkezilen döwrüň dowamlylygy döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň tölenen döwründen ugur alnyp kesgitlenýär.

50. Işlemeýän adamyň 1-nji topar maýybyna ýa-da 16 ýaşaýança maýyp çaga sereden döwri, ýaşaýan ýerindäki durmuş taýdan üpjünçilik edarasy tarapyndan görkezilen adamlara seredýän adamyň arzasy we pasporty we seredilýän adamyň maýyplygyny we maýyplyk döwrüniň dowamlylygyny tassyklaýan resminamalar esasynda anyklanýar. Seredilýän adam bilen bile ýaşaýan, seretmegi amala aşyrýan adamlardan başga resminama talap edilmeýär.

Seredilmegine mätäç adamdan aýra ýaşaýan adamlar üçin sanalan resminamalaryň ýany bilen seredilýän (seredilen) adamyň ýazmaça tassyknamasy berilýär. Görkezilen ýazmaça tassyknamany almak mümkin bolmadyk halatynda (aradan çykmagy, saglyk ýagdaýy sebäpli) şeýle ýazmaça tassyknama seredilýän (seredilen) adamyň maşgala agzalary tarapyndan berlip bilner. Seretmegiň amala aşyrlanlygy durmuş taýdan üpjünçilik edarasy we bejeriş edarasy tarapyndan geçirilen barlagyň güwänamasy bilen tassyklanyp bilner.

Maýyplykda bolnandygyny tassyklaýan resminama hökmünde saglygy goraýyş-durmuş seljeriş toparynyň (şol sanda bu edaranyň başga hili atlandyrylýan döwründe hem) şaýatlyk ykrarhatyndan göçürme, saglygy goraýyş netijenamasy, pensiýa şahadatnamasy, kömek puluny alýanyň şahadatnamasy, durmuş taýdan üpjünçiligiň ýerli edarasynyň güwänamasy, şeýle kömek puluny almadyk maýyp çagalar babatynda bejeriş edarasynyň olaryň keseliniň saglygy goraýyş görkezijilerinde 16 ýaşaýança maýyp diýip hasap edilýändigi baradaky we çaganyň şu kesel boýunça bejeriş edarasynda hasaba alnan wagty baradaky güwänamasy kabul edilýär.

Maýyba seretmegiň zerurlygyny tassyklaýan resminama hökmünde saglygy goraýyş-durmuş seljeriş toparynyň maýyplygy bellemek hakyndaky şahadatnamasy kabul edilip bilner.

Işlemeýän adamyň 1-nji topar maýybyna ýa-da 16 ýaşaýança maýyp çaga sereden döwri maşgalanyň kämillik ýaşyndaky diňe bir agzasyna degişlidir.

Ýaşyny tassyklaýan resminamalar hökmünde pasport, dogluş hakyndaky şahadatnama kabul edilip bilner.

51. Türkmenistanyň diplomatik edaralarynyň işgärleriniň, olara deňleşdirilen işgärleriniň aýallarynyň (adamsynyň) daşary ýurtlarda ýaşan döwürleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berilýän güwänamalar bilen tassyklanýar.

52. Aýry-aýry raýatlarda işlän adamlaryň (öý hyzmatkärleriniň, enekeleriň, garawullaryň, bagbanlaryň, sürüjileriň, çopanlaryň we beýlekileriň) iş döwri hakyna tutýanyň we işgäriň arasyndaky bellenen tertipde bellige alnan zähmet şertnamasy bilen we döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleriň we (ýa-da) pensiýa gatançlarynyň tölenendigini tassyklaýan resminamanyň berilmegi bilen tassyklanýar.

53. Döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçarüsti dolandyryjylarynyň we uçarbeletleriniň wezipelerinde işlenen döwür uçuş (paraşýut) kitapçasy bilen tassyklanýar. Uçuş (paraşýut) kitapçasy bolmadyk halatynda uçulan sagatlaryň sany uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň uçan sagatlarynyň, paraşýutçylar tarapyndan ýerine ýetirilýän böküşleriň sany hasaphana hasabynyň maglumatlary boýunça tassyklanýar.

Uçuş-synag düzüminiň aýry-aýry işgärleriniň tejribe geçirilýän tehnikany synagdan geçirmekde işlän döwri buýruklar, tabşyryklaryň ýerine ýetirilendigi hakyndaky hasabatlar we iş berijiler tarapyndan berilýän beýleki resminamalar bilen tassyklanýar.

54. Edara görnüşli tarapy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan adamlaryň we şeýle adamlarda işlän adamlaryň iş döwri döwlet salgyt gullugynyň edaralarynyň pensiýa üpjünçiligine ätiýaçlyk gatançlarynyň bellenen tertipde tölenendigini tassyklaýan resminamalary bilen tassyklanýar.

55. Esassyz sebäpler bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilen adamlaryň tussag astyna alnyp saklanan döwri we ol adamlaryň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çeken döwri jeza çäresini ýerine ýetirýän edaranyň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezanyň çekilen, tussag astyna alnyp saklanan döwri baradaky resminamasy we bellenen tertipde berlen esassyz sebäpler bilen jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi baradaky resminama bilen tassyklanýar.

56. Esassyz sebäpler bilen repressiýa (sütem) edilen, soňra bolsa aklanylan adamlaryň tussag astyna alnyp saklanylan döwri, we ol adamlaryň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çeken döwri jeza çäresini ýerine ýetirýän edaranyň azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezanyň çekilen döwri, tussag astyna alnyp saklanan döwri baradaky resminamasy bilen tassyklanýar we bellenen tertipde berlen aklanylandygy barada resminamanyň bolan ýagdaýynda iş döwrüne goşulýar.

57. 1941-nji ýylyň Oguz aýynyň 22-sinden 1945-nji ýylyň Magtymgyly aýynyň 9-y aralygyndaky döwür 1931-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli doglan Türkmenistanyň raýatlary üçin, olaryň 12 ýaşy dolan pursatyndan başlap Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tyldaky iş döwri hökmünde hasap edilýär. Şunda şol döwürde işländigini tassyklaýan resminamalaryň berilmegi talap edilmeýär.

58. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuklardan we ýeňilliklerden mahrum edilen adam (öňki harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň öňki işgäri) umumy esaslarda iş döwrüni tassyklaýan resminamalary berýär. Ýüz tutyjynyň (öňki harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň öňki işgäri) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuklardan we ýeňilliklerden mahrum edilendigi barada güwänamany onuň harby gullugy geçen edarasy berýär. Şeýle adamyň iş döwrüni hasaplamak, onuň iş döwrüniň hakyky dowamlylygyndan ugur alnyp geçirilýär.

59. Iş döwrüni tassyklamak üçin berilýän resminamalar eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhananyň, guramanyň we edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen we möhür bilen tassyklanan bolmalydyr.

Iş döwri hakyndaky resminamadaky ady, atasynyň ady ýa-da familiýasy pasportynda ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamada görkezilen ady, atasynyň ady ýa-da familiýasy bilen gabat gelmedik halatynda, şu resminamanyň şol adama degişlidigi nika hakynda şahadatnama, adynyň, atasynyň adynyň ýa-da familiýasynyň üýtgedilendigi hakynda şahadatnama esasynda ýa-da kazyýet tarapyndan anyklanyp bilner.

60. Ygtyýarly edaralar tarapyndan resminamalar esasynda tassyklanan, tebigy betbagtçylyklaryň, heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň netijesinde iş döwri hakyndaky resminamalar saklanyp galmadyk ýa-da bölekleýin saklanyp galan bolsa, onda iş döwrüni tassyklamak welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan döredilýän ýörite toparlar tarapyndan amala aşyrylýar.

Toparyň çözgüdi iş döwrüni tassyklamak üçin esas bolup durýar.

61. Galan halatlarda iş döwrüne goşulýan ol ýa-da beýleki bir döwri iş döwrüne hasaba almak üçin esas bolup, şol döwürdäki ýagdaýlary tassyklaýan resminamalar hyzmat edýär.

62. 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sinde kabul edilen «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny güýje girmezinden öň bellenen pensiýalar üçin iş döwrüni tassyklamak Türkmenistanyň şol döwürde hereket eden kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda amala aşyrylýar.

VIII. Iş döwrüni hasaplamak

63. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärlerinden, şeýle hem paraşýutçylaryndan, uçarüsti dolandyryjylaryndan we uçarbeletlerinden başga zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly işi (gulluk) amala aşyran ýüz tutujylar üçin iş döwrüni hasaplamak onuň hakyky dowamlylygyndan ugur alnyp geçirilýär.

64. Ýüz tutujylaryň iş döwri hasaplananda 1992-nji ýylyň Nowruz aýynyň 13-inde gol çekilen, “Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna girýän döwletleriň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligi babatynda hukuklaryny kepillendirmek hakyndaky” Ylalaşyga goşulyşan döwletleriň islendik biriniň çäklerinde, şeýle hem ozalky SSSR-iň çäklerinde 1992-nji ýylyň Nowruz aýynyň 13-ne çenli gazanan iş döwri hasaba alynýar.

65. Zähmet we beýleki jemgyýete peýdaly işiň (gullugyň) görnüşleri utgaşdyrylanda iş döwrüni hasaplamak olaryň diňe biri boýunça geçirilýär.

66. Iş berijilerde möwsümleýin häsiýeti bolan işlerde işlän ýüz tutujylar üçin iş döwri onuň hakyky dowamlylygyndan ugur almak bilen hasaplanýar.

67. Şu Gollanmanyň 9-njy bendinde görkezilen ýüz tutujylaryň iş döwri hasaplananda, olara ýeňillikli şertlerde (gulluk eden ýyllary üçin) pensiýanyň bellenen gününe çenli işlenen döwür kabul edilýär. Ýüz tutujynyň, oňa ýeňillikli şertlerde pensiýanyň bellenenden soňky işlän döwri iş döwrüne, eger görkezilen pensiýa iş berijiniň öz hasabyna tölenen bolsa goşulýar.

68. Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän iş döwri senenama ýyllarynda we aýlarynda hasaplanýar. Şunda 15 günden ýokary bolan iş döwri hasaplamada doly aý hökmünde kabul edilýär, 15 güne çenli döwür bolsa hasaba alynmaýar.

69. Aýlarda iş döwri doly senenama ýylynyň bir bölegi hökmünde hasap edilýär we iş döwrüniň aýlarynyň hakyky sanyny on ikä bölmek bilen kesgitlenýär.

IX. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde işlän adamlaryň iş döwrüni hasaplamak

70. Kolhozdaky iş döwri iş döwrüne kolhozyň agzalygyna giren gününden, ýa-da işe kabul edilen gününden başlap goşulýar, ýöne ýüz tutujynyň 16 ýaşy dolmagyndan ir bolup bilmez.

Iş döwrüne iş berijiler tarapyndan bellenen tertipde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen döwürler kabul edilýär. Tölegiň bu şerti Türkmenistanyň kanunçylyk namalary bilen görkezilen geçirimleri tölemekden boşadylanlara degişli däldir.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

71. Ýüz tutujynyň 1965-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli kolhozda işlän wagty, eger ol kolhozyň agzasy bolup duran bolsa we onuň adyna girdeji ýazylan bolsa, kolhozçylar üçin bellenen zähmet gatnaşygynyň minimumynyň ýerine ýetirlendigine garamazdan iş döwrüne goşulýar.

72. Ýüz tutujynyň kolhozda 1965-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-inden soňky işlän wagty iş döwrüne aşakdaky tertipde goşulýar:

eger hasaplanylýan ýylda ýüz tutujy tarapyndan zähmet günleriniň bellenen minimumy ýerine ýetirlen (ýa-da artygy bilen ýerine ýetirlen) bolsa, onda görkezilen ýyl bir ýyla deň hasaplanýar;

eger hasaplanylýan ýylda ýüz tutujy tarapyndan zähmet günleriniň bellenen minimumy ýerine ýetirilmedik bolsa, onda iş döwri zähmet günleriniň bellenen minimumyndan ugur almak bilen, ýerine ýetirilen zähmet günlerine (adam-günlerine) barabar möçberde.

 

IDý =

ÝÝzg ő 365

 bu ýerde:

BM zg

 

ID ý – hasaplanylýan ýylda iş döwri;

ÝÝ zg – hasaplanylýan ýylda ýerine ýetiren zähmet günleriniň sany;

BM zg – hasaplanylýan ýylda zähmet günleriniň bellenen minimumy.

Mysal:

1975-nji ýylda ýerine ýetirlen zähmet günleriniň sany

175 zähmet gün

1975-nji ýyl üçin zähmet günleriniň bellenilen minimumy

250 zähmet gün

 

IDý =

175 ő 365

= 255,5 = 8 aý 16 gün

250

 

73. Oba hojalyk önümlerini öndürmekde işlän adamyň işlän wagtynyň aýlary kesgitlenende 30 iş güni hasaplanan döwür bir aý diýlip hasap edilýär.

X. Harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň gulluk eden ýyllaryny hasaplamak

74. Harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň gulluk eden ýyllary diýlip ofiserleriň, praporşikleriň, miçmanlaryň, harby okuw mekdepleriniň talyplarynyň (kursantlarynyň) we harby gullugy geçen starşinalaryň, seržantlaryň, esgerleriň we matroslaryň (mundan beýläk – harby gullukçylar), içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleriniň harby gullugynyň, içeri işler edaralaryndaky gullugynyň möhletlerine düşünilýär.

75. Zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän harby gullugyň, içeri işler edaralaryndaky gullugyň möhleti degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan senenama ýyllarda we aýlarda hasaplanýar.

Harby gullugyň möhletini, içeri işler edaralarynda esgerler, seržantlar we ofiserler düzüminiň gulluk möhletini ýeňillikli şertlerde hasaplamak harby gulluk döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda geçirilýär.

76. Harby gullugyň möhletlerine şular hasaba alynýar:

1) Ýaragly Güýçlerde, içeri işler, serhet we demir ýol goşunlarynda, hökümet aragatnaşygynyň düzümlerinde, raýat goranyşy goşunlarynda, milli howpsuzlyk edaralarynda, harby gulluk döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda döredilen beýleki düzümlerde geçilen harby gulluk (şol sanda çagyryş boýunça gulluk);

2) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda, birliklerinde we guramalarynda ofiserleriň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň wezipelerinde geçilen gulluk;

3) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň düzüminde geçilen gulluk;

4) Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýegerçilik gullugynda ofiserleriň, seržantlaryň we esgerleriň düzüminiň wezipelerinde geçilen gulluk;

5) harby gulluga çagyrylan we uçuş düzüminiň ätiýaçdaky ofiserlerini taýýarlaýan okuwda okan adamlaryň tejribe uçuş taýýarlygynda bolan döwri;

6) harby ýygnanyşyklarda bolan döwri, 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň birinden öň bolmaly däl;

7) içeri işler edaralarynyň ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminiň wezipelerinde işlänleriň, olary harby gullukda, içeri işler edaralarynda gullukda galdyrmak bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda işlän döwürleri;

8) harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri saýlanandyklary bilen baglanyşykly, harby gullukdan, içeri işler edaralaryndan ugradylyp, saýlawly wezipede ygtyýarlyklary tamamlanandan soň harby gulluga, içeri işler edaralaryndaky gulluga gaýdyp gelen bolsalar, olaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, halk deputatlarynyň Geňeşiniň saýlawly wezipelerinde 1973-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň ýigrimi üçünden soň işlän döwürleri;

9) harby gullukçynyň, içeri işler edaralarynyň ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminiň işgäriniň, soňundan işine dikeldilmegi bilen, bikanun işden boşadylmagy sebäpli harby gullugynyň, içeri işler edaralaryndaky gullugynyň arasynyň üzülen döwürleri;

10) harby okuw mekdeplerinde, gysga möhletli okuwlarda, şeýle hem Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň taýýarlyk merkezlerinde okuw geçilen döwür, şol sanda ugradyş haty boýunça daşary ýurtlarda okalan wagty.

77. Harby taýýarlyk okuwlary we bölümleri bolan ýokary we ýörite orta raýat okuw mekdeplerini tamamlan wagtlary ätiýaçlykdan harby gulluga çagyrylan adamlaryň (ätiýaçlykda bolmadyk aýallaryň) harby gulluk möhletine olaryň şol okuw mekdeplerinde okan wagtlary bir okuw ýyly alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar. Bu düzgün ýörite okuw mekdeplerini tamamlaman ýokary harby okuw mekdeplerine okuwyny dowam etdirmek üçin geçirilen adamlara hem degişlidir.

78. Ýokary we ýörite orta raýat okuw mekdeplerini tamamlan wagtlary içeri işler edaralaryna gulluga iberilen adamlaryň içeri işler edaralarynda gulluk eden möhletlerine, okuw mekdeplerini tamamlanlary içeri işler edaralaryna işe ugratmak boýunça şahsy işe bölüşdirmek hakynda döwlet toparynyň kararyndan göçürme we olary ofiserler düzüminiň wezipesine işe bellemek hakynda buýrukdan göçürme bolan halatynda, olaryň şol okuw mekdeplerinde okan wagtlary bir okuw ýyly alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar.

79. Harby gullugyň, içeri işler edaralarynyň ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminde gullugyň möhletlerini ýeňillikli şertlerde hasaplamak harby gullugyň geçilen döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda geçirilýär.

80. Içeri işler edaralarynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) girýän ýurtlaryň çäklerinde gulluk eden ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminiň işgärlerine gulluk möhleti 1993-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň on ikisinde baglaşylan, «GDA girýän döwletleriň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň pensiýa üpjünçiliginiň we döwlet ätiýaçlandyrylyşynyň tertibi hakyndaky» Ylalaşykda kesgitlenen şertlerde hasap edilýär.

81. Içeri işler edaralarynyň seržantlar we ofiserler düzüminiň 1991-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň birine çenli partiýa, sowet, kärdeşler arkalaşygy we komsomol edaralaryndan, şeýle hem kazyýet edaralaryndan we prokuratura edaralaryndan içeri işler gullugyna işe kabul edilen işgärlerine olaryň görkezilen edaralarda işlän döwürleri şu aşakdaky şertlerde içeri işler edaralarynda geçilen gulluk möhleti hökmünde hasap edilýär:

1) işgär ýerlerdäki degişli partiýa we sowet edarasynyň çözgüdi bilen iberilen bolsa;

2) işgär 1963-nji ýyldan başlap, içeri işler edaralaryna derňew işine iberilen bolsa;

3) degişli partiýa ýa-da sowet edarasynyň çözgüdi onuň içeri işler edaralarynda işe başlamazyndan öň kabul edilen bolsa;

4) işgär içeri işler edaralaryna derňew işine (Içeri işler ministrliginiň (Içeri işler müdirliginiň) derňew müdirliklerine (bölümlerine)) ýokary, uly we orta ýolbaşçylar wezipesine gelen bolsa;

5) işgär IIM-niň derňew bölümine gönüden-göni prokuraturadan ýa-da kazyýetden ýa-da partiýa edaralaryndan gelen bolsa, eger partiýa işine prokuraturadan ýa-da kazyýetden saýlanan ýa-da iberilen şertlerinde gelen bolsa.

82. Harby gulluk möhletini hasaplamak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet feldýegerçilik gullugynyň ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminiň işgärlerine diňe içeri işler edaralarynyň ofiserler, seržantlar we esgerler düzüminiň işgärleriniň gulluk möhletini hasaplamaga dahyllylygy babatynda degişlidir.

XI. Uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylaryň, uçarüsti dolandyryjylaryň we uçarbeletleriň gulluk eden ýyllaryny hasaplamak  

83. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçarüsti dolandyryjylarynyň we uçarbeletleriniň gulluk eden ýyllary diýlip uçuş sagatlary boýunça bellenen ýyllyk ölçegiň ýerine ýetirilmegine düşünilýär.

84. Uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärlerine, paraşýutçylaryna, uçarüsti dolandyryjylaryna we uçarbeletlerine pensiýany bellemek üçin gulluk eden ýyllaryny hasaplamak uçuş sagatlary barada maglumatlaryň esasynda uçuş sagatlarynyň ýerine ýetirilişi boýunça durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan geçirilýär. Uçuş sagatlary barada maglumat aşakdakylar tarapyndan berilýär:

1) döwlet awiasiýasy boýunça - Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy;

2) raýat awiasiýasy boýunça - «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň kärhanalary we edaralary.

85. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärlerine, paraşýutçylaryna, uçarüsti dolandyryjylaryna we uçarbeletlerine pensiýa bellemek üçin gulluk eden ýyllaryny (iş döwrüni) hasaplamak şu aşakdakylara degişlidir:

1) howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň agzalaryna;

2) uçuş-gözükdiriji we uçuş-inspektor düzüminiň işgärlerine;

3) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň, «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň hereket edýän uçuş şahadatnamasy bolan we howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan serkerde – uçuş düzüminiň işgärlerine;

4) müdirlikleriň, kärhanalaryň, guramalaryň we olaryň gurluş birlikleriniň uçuş gullugy (uçuş işi) boýunça hereket edýän uçuş şahadatnamasy bolan we howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan inspektorlaryna we beýleki hünärmenlerine;

5) Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylaryna.

86. Uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärlerine, uçarbeletlere we uçarüsti dolandyryjylara gulluk eden ýyllary bir senenama ýylynda uçan sagatlarynyň şu aşakdaky ölçegleri boýunça hasaplanýar:

1) döwlet awiasiýasynda:

a) söweşjeň reaktiw awiasiýada uçuşlar ýerine ýetirilende – 25 sagat;

b) söweşjeň turbowintli awiasiýada we dikuçarlarda uçuşlar ýerine ýetirilende – 30 sagat;

ç) awiasiýanyň galan ähli görnüşlerinde uçuşlar ýerine ýetirilende (şol sanda sport awiasiýasynda hem) – 110 sagat, çylşyrymly we ýokary dolandyryş (pilotaž) görnüşleri ýerine ýetirilende – 60 sagat;

2) raýat awiasiýasynda uçuşlar ýerine ýetirilende:

a) ulag awiasiýasynda – 250 sagat;

b) ýörite ulanylýan awiasiýada – 150 sagat;

ç) daşary ýurtlaryň howa gämilerini ugradýan toparyň düzüminde – 150 sagat;

d) ýokary we orta okuw mekdeplerinde uçuş düzüminiň işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça uçuşlar ýerine ýetirilende – 150 sagat.

87. Senenama ýylynda şu Gollanmanyň 86-njy bendiniň 1-nji we 2-nji kiçi bentlerinde görkezilen bir ýa-da birnäçe uçuş görnüşlerini ýerine ýetirýän adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.

Uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygy senenama ýyllarynda we aýlarynda senenama ýylynyň dowamynda uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça hakyky uçulan sagatlary uçuşlaryň şol görnüşi üçin bellenen ölçeglere bölmek ýoly bilen hasaplanýar.

Bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda iş döwürleriniň dowamlylygyny jemlemek bilen kesgitlenilýär.

88. Uçuşlaryň ähli görnüşleri boýunça hasaplanýan gulluk eden ýylynyň dowamlylygy senenama ýylynyň dowamynda ondan az bolsa ýa-da bir senenama ýylynda uçan sagatlary uçuşlaryň bir görnüşi üçin bellenen ölçege deň ýa-da ondan az bolsa bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly doly senenama ýylyna deň diýlip hasaplanýar.

89. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk eden ýyllary, her senenama ýyly boýunça kesgitlenýän, uçuş işiniň ähli döwründäki gulluk eden ýyllaryny jemlemek bilen hasaplanýar.

90. Paraşýutçylaryň gulluk eden ýyllary bir senenama ýylynda paraşýutdan böküşleri ýa-da ýörite iniş (galyş) enjamlarynda aşak inmeleri (galmalary) ýerine ýetirmek ölçeglerinden ugur alnyp hasaplanýar:

a) reaktiw we turbowintli awiasiýanyň howa gämilerinde – 20 böküş, iniş (galyş);

b) awiasiýanyň galan görnüşleriniň howa gämilerinde – 60 böküş, iniş (galyş).

91. Bir senenama ýylynda howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetiren adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly şonuň ýaly böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürlerinden ugur alnyp hasaplanylýar.

Howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürleri senenama ýyllarynda we aýlarynda, senenama ýylynyň dowamynda howa gämisiniň her bir görnüşinde aýratynlykda hakyky ýerine ýetirilen böküşleri (inişleri, galyşlary) howa gämileriniň şol görnüşleri üçin bellenen ölçeglere bölmek bilen hasaplanylýar.

Bir senenama ýyly üçin gulluk eden ýyly howa gämisiniň her bir görnüşinde senenama ýylynyň dowamynda ýerine ýetirilen böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwürlerini jemlemek bilen kesgitlenilýär.

92. Senenama ýylynda howa gämileriniň diňe bir görnüşinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň sany howa gämisiniň şol görnüşi üçin bellenen ölçege deň ýa-da ondan az bolanda, bir senenama ýyly üçin gulluk eden ýyly bir senenama ýylyna deň diýip hasaplanylýar.

Bir senenama ýylynda howa gämileriniň dürli görnüşlerinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň bir senenama ýylynda hasaplanan gulluk eden ýyly ondan az bolsa, bir senenama ýylynda gulluk eden ýylyna, bir senenama ýylyna deň bolan döwür goşulýar.

93. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk eden ýyly her senenama ýyly üçin kesgitlenilýän paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwri üçin gulluk edilen ýyllary jemlemek bilen hasaplanylýar.

94. Şu Gollanmanyň 85-nji bendinde görkezilen adamlaryň harby bölümleriň, ştablaryň we edaralaryň düzüminde söweş hereketlerine gatnaşan döwürleri, şeýle hem söweşjeň hereketler döwründe alan ýaralarynyň, seňselemäniň (kontuziýa), şikesleriň ýa-da keselleriň netijesinde bejeriş edaralarynda arasyny üzmezden keselini bejerden wagty – bir aýy üç aý diýlip hasap etmek şertlerinde hasaplanylýar.

XII. Aýlyk iş hakyny kesgitlemek

Şahsy koeffisiýenti hasaplamak

95. Aýlyk iş haky hakyndaky maglumatlary resmileşdirmek

95.1. Zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin bar bolan iş (gulluk) döwrüniň islendik yzygiderli 5 senenama ýylyndaky aýlyk iş haky hasaba alynýar.

95.2. Pensiýa bellemek barada ýüz tutujy tarapyndan aýlyk iş haky baradaky güwänama berilýär, onuň görnüşi Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi tarapyndan tassyklanýar.

Aýlyk iş haky barada güwänama:

- 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-ne çenli – rublda;

- 1993-nji ýylyň Sanjar aýynyň 1-nden soň Türkmenistanyň milli pulunda – manatda doldurylýar.

95.3. Aýlyk iş haky barada güwänamada şu maglumatlar görkezilmelidir:

- iş berijiniň möhürçesi (ol bolmadyk halatynda iş berijiniň ady, hukuk salgysy);

- güwänamanyň berlen senesi we bellige alnan belgisi;

- güwänama berlen işgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady;

- ýylyň aýlyk iş hakynyň we ähli döwürdäki aýlyk iş hakynyň jemi möçberini görkezmek bilen, her ýylyň Türkmenbaşy aýyndan Bitaraplyk aýy aralygynda aýba-aý aýlyk iş hakynyň möçberi;

- aýlyk iş hakynyň möçberi şu sütünler boýunça aýratyn görkezilýär: iş hakynyň möçberi, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bilen baglanyşykly kömek puly, zähmet rugsady üçin tölegler, baýraklar (aýda, çärýekde, ýarym ýylda, ýylda), iş hakyna goşmaça haklar we tölegler, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen beýleki tölegler we haklar;

- iş hakyna goşmaça tölegler we haklar haýsy resminama laýyklykda tölenen bolsa, esaslary görkezilýär (baýrak bermek hakyndaky düzgünnamanyň we gollanmanyň belgisi we tassyklanan senesi, baýrak (goşmaça tölegi, haky) bermek hakynda buýrugyň ýa-da başga bir buýruk beriji resminamanyň belgisi we senesi);

- ýolbaşçynyň, baş (uly) buhgalteriň goly we iş berijiniň möhüri. Arhiw edaralary tarapyndan berilýän güwänamalara arhiwleriň wezipeli adamlary tarapyndan gol çekilýär we möhür basylýar.

Pensiýa hasaplananda göz öňünde tutulýan aýlyk iş hakynyň ähli görnüşleri, alnan aýy, ýagny, şahsy hasaba, töleg wedomostyna laýyklykda olaryň alnan aýy boýunça görkezilýär. Edaranyň günäsi bilen öz wagtynda hasaplanyp ýazylmadyk iş hakyna goşmaça tölegler olaryň tölenmeli aýy boýunça görkezilýär.

Aýlyk iş haky barada güwänamada döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilmedik tölegler görkezilmeýär.

95.4. Pensiýany hasaplamak üçin aýlyk iş haky barada güwänama iş beriji tarapyndan buhgalterlik hasaba alşyň maglumatlary (şahsy hasaplaryň, töleg wedomostlarynyň we tölenen iş haky baradaky beýleki resminamalaryň) esasynda pensiýa bellemek barada ýüz tutanyň iş ýerinden berilýär.

Kärhana, gurama ýa-da edara ýapylan ýa-da başga sebäpler boýunça işlemegini bes eden bolsa, onda güwänama onuň hukuk oruntutary, ýokarda durýan guramasy ýa-da arhiw edaralary tarapyndan berilýär.

95.5. Pensiýa hasaplananda şu Gollanmanyň 48-nji bendinde görkezilen ýüz tutujylara, ätiýaçlyk gatançlary tölenen şertlerinde, awtorlyk galamhaky barada güwänama berilýär.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

95.6. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilçiliklerine, konsulluk edaralaryna we Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilçiliklerine işe iberilen, aýlyk iş haky daşary ýurt pulunda tölenen raýatlaryň pensiýasy hasaplananda şunuň ýaly adamlara aýlyk iş haky barada güwänama Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan, Türkmenistanyň kadalaşdaryjy hukuk namalaryna laýyklykda, milli pulda wezipe aýlyk hakyndan ugur alyp hasaplamak bilen berilýär.

95.7. Partiýa we kärdeşler arkalaşygynyň biletleri hakyky aýlyk iş hakyny we pensiýa üpjünçiligine ätiýaçlyk gatanjyň tölenendigini tassyklaýan resminamalar bolup hyzmat etmeýärler.

95.8. Pensiýa bellemek üçin aýlyk iş hakynyň möçberini şaýatlaryň görkezmeleriniň esasynda kesgitlemäge ýol berilmeýär.

96. Ortaça aýlyk iş hakyna hasaba alynýan tölegler

96.1. Ýüz tutujynyň ortaça aýlyk iş hakynyň möçberinde wezipe aýlyk haky, tarif möçberi boýunça, zähmet rugsady üçin tölegler, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna tutumlar geçirilen tölegler we haklar, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek puly hasaba alynýar, muňa zähmete hak tölemegiň hereket edýän ulgamynda göz öňünde tutulmadyk birwagtlaýyn häsiýetli tölegler girmeýär.

Esasy iş başga (goşmaça) iş bilen bilelikde alnyp barlanda goşmaça iş boýunça alnan zähmet haky ýüz tutujynyň ortaça aýlyk iş hakyna goşulmaýar. Eger-de ýüz tutujy esasy iş ýeri boýunça doly bolmadyk iş gününde işleýän bolsa, onda goşmaça işi boýunça zähmet haky esasy işi bilen bilelikde bir doly iş gününiň (bir stawkanyň) çäklerinden çykmazlyk şerti bilen hasaba alynýar.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

96.2. Şu Gollanmanyň 48-nji bendinde görkezilen adamlaryň gazanjyna, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen şertlerinde, awtorlyk galam haky hem goşulýar.

96.3. Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna laýyklykda, döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemekden boşadylan, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlän döwürlerindäki gazanjy barada maglumat beren adamlaryň şahsy koeffisiýenti hasaplananda gazanjyň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen görnüşleri ýaly gazanç görnüşleri goşulýar.

96.4. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan adamlaryň zähmet pensiýasyny hasaplamak üçin aýlyk iş hakyna zähmete hak tölemegiň ähli görnüşleri goşulýar.

Ortaça aýlyk iş hakynyň hasaplanýan döwrüniň bir bölegi oba hojalyk onümlerini öndürmekde işlän döwrüne, bir bölegi bolsa – ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän döwrüne düşýän bolsa, onda her döwürdäki aýlyk iş haky şeýle adamlar üçin degişlilikde bellenen kadalar boýunça hasaba alynýar.

Eger ýüz tutujy şol bir wagtda oba hojalyk onümlerini öndürmekde, şeýle hem ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän bolsa, onda oba hojalyk onümlerini öndürmekden alnan aýlyk iş haky degişli döwürde Türkmenistan boýunça emele gelen ortaça aýlyk iş hakynyň möçberinden ýokary bolmadyk derejede hasaba alynýar, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryndaky iş üçin alnan aýlyk iş haky bolsa çäklendirmezden hasaba alynýar.

96.5. Oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylyp başlanan wagtyndan bärdäki döwrüniň iş haky barada maglumatlar beren adamlaryň gazanjy oba hojalyk pudagynyň görnüşine baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan kesgitlenýän bir adama düşýän işiň ölçeginden ugur almak bilen kabul edilýär.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

97. Şahsy koeffisiýenti hasaplamak

97.1. Şahsy koeffisiýent zähmet pensiýasynyň möçberini hasaplamak üçin ulanylýar.

97.2. Şahsy koeffisiýent islendik yzygiderli bäş senenama ýyly üçin kesgitlenilýär.

97.3. Ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti, onuň bir ýyldaky ortaça aýlyk iş hakyny degişli ýyllarda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen, her senenama ýyly üçin aýratyn hasaplanyp, görkezilen koeffisiýentleriň jemini bolsa, ýyllaryň sanyna bölmek ýoly bilen kesgitlenilýär.

97.4. Hasaplamalar geçirlende onluk belgileriň ikisine çenli tegeleklemek her döwrüň şahsy koeffisiýentlerine aýratynlykda, şeýle hem ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýentine degişlidir.

97.5. Şahsy koeffisiýentiň iň ýokary möçberi 2,5 derejede kesgitlenýär.

Oba hojalyk önümleriniň önümçiliginde işlän raýatlaryň şahsy koeffisiýentleri hasaplananda olaryň gazançlary degişli döwürde Türkmenistan boýunça emele gelen ortaça aýlyk iş hakynyň möçberinden ýokary bolmadyk derejede hasaba alynýar. Görkezilen şert 2009-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 31-ine çenli degişlidir.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna we zähmete hak tölemegiň şertlerine baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan şahsy koeffisiýentiň iň ýokary möçberiniň başga ululygy bellenilip bilner.

97.6. Ýüz tutujy tarapyndan, özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça, işlän döwrüniň bütin dowamynda yzygiderli bäş senenama ýylynyň iş haky baradaky maglumatlary bermek mümkinçiligi bolmasa, şahsy koeffisiýent iş haky bilen tassyklanan hakyky döwür üçin hasaplanyp bilner, şunda ol döwür yzygiderli 36 senenama aýdan az bolmaly däldir.

Ýüz tutujy tarapyndan yzygiderli 5 senenama ýylynyň aýlyk iş haky baradaky maglumatlary bermek mümkinçiliginiň ýokdugynyň sebäpleri şu aşakdakylar hasap edilýär:

- tebigy betbagtçylyklaryň (ýer titremesi, suw joşmasy, harasatyň (tupanyň) gopmagy, ýangyn bolmagy we şuňa meňzeş sebäpler), heläkçilikleriň, weýrançylyklaryň ýa-da beýleki adatdan daşary hadysalaryň netijesinde iş berijiniň arhiwinde resminamalaryň bolmazlygy we olary dikeltmegiň mümkin däldigi;

- iş berijiniň üýtgedilip gurlandygy, ýapylandygy ýa-da arhiw maglumatlarynyň ýokdugy sebäpli aýlyk iş haky barada resminamalaryň bolmazlygy we olary almak mümkinçiliginiň ýoklugy.

97.7. Iş haky barada maglumatlary bermek mümkinçiligi bolmasa şahsy koeffisiýenti işlän ýerinde 5 senenama ýylynda tölenen, bellenen goşmaça haklary hasaba almak we etrap koeffisiýentini ulanmak bilen, degişli wezipe aýlyk haky ýa-da tarif möçberi boýunça hasaplamaga rugsat edilýär. Şunuň ýaly ýagdaýda işgär tarapyndan iş haky barada maglumatlary bermek mümkinçiliginiň ýokdugy iş beriji ýa-da arhiw edaralary tarapyndan tassyklanýar.

97.8. Şu Gollanmanyň 97.6-njy we 97.7-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykanda, ýüz tutujy aýlyk iş haky barada haýsydyr bir maglumatlaryň ýokdugyny tassyklaýan resminamalary (güwänamany) bermelidir. Görkezilen güwänama resminamalary saklanyp galmadyk iş berijiniň hukuk oruntutary, ýokarda durýan edarasy we (ýa-da) arhiw edaralary tarapyndan berilýär.

Ýapylan kärhananyň, guramanyň ýa-da edaranyň resminamalary, onuň hukuk oruntutaryna, ýokarda durýan guramasyna ýa-da arhiw edarasyna berilmedik halatynda ýüz tutujynyň wezipe aýlyk haky (tarif möçberi) barada güwänama hukuk oruntutary ýa-da ýokarda durýan gurama tarapyndan wezipe sanawlarynyň, degişli wezipe ýa-da işçi hünäri boýunça wezipe aýlyk haklarynyň çyzgydynyň we sagatlaýyn tarif möçberiniň esasynda berilýär.

98. 5 senenama ýyly üçin şahsy koeffisiýentini kesgitlemek

Şahsy koeffisiýent ýüz tutujynyň islendik yzygiderli 5 senenama ýyly üçin ortaça aýlyk iş hakyny degişli döwürlerdäki Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär.

Mysal:

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 6*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

1978

12

2513

209,42

171,8

1,22

14,64

1979

12

2477

206,42

174,4

1,18

14,16

1980

12

2635

219,58

176,2

1,25

15,00

1981

12

2969

247,42

178,8

1,38

16,56

1982

12

2802

233,5

181,6

1,29

15,48

 

 

 

 

 

Jemi

75,84

 

ŞK = 75,84/60 = 1,26

Şahsy koeffisiýenti, onuň iň ýokary ululygy bilen çäklendirmegiň mysaly

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 6*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

1987

12

6862

571,83

198,4

2,88

34,56

1988

12

6317

526,42

208,4

2,53

30,36

1989

12

7102

591,83

221,3

2,67

32,04

1990

12

7328

610,67

243,7

2,51

30,12

1991

12

9920

826,67

393,0

2,10

25,20

 

 

 

 

 

Jemi

152,28

 

 ŞĘ = 152,28/60 = 2,54 = 2,5

Ýüz tutujynyň oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde işlän döwri üçin ŞK-syny, şahsy koeffisiýentiň iň ýokary ululygy bilen çäklendirmegi ulanmak bilen hasaplamagyň mysaly

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän aýlyk iş hakynyň möçberi

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 6/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 7*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

8

1978

12

2513

209,42

171,8

171,80

1,00

12,00

1979

12

1877

156,42

174,4

156,42

0,90

10,80

1980

12

1735

144,58

176,2

144,58

0,82

9,84

1981

12

2969

247,42

178,8

178,80

1,00

12,00

1982

12

2802

233,5

181,6

181,6

1,00

12,00

 

 

 

 

 

 

Jemi

56,64

 

ŞK = 56,64/60 = 0,94

Ýüz tutujynyň oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde işlän döwri üçin (1978-1980 ýý.) we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän döwri üçin (1981-1982 ýý.) ŞK-syny hasaplamagyň mysaly

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän aýlyk iş hakynyň möçberi

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 6/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 7*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

8

1978

12

2513

209,42

171,8

171,80

1,00

12,00

1979

12

1877

156,42

174,4

156,42

0,90

10,80

1980

12

2235

186,25

176,2

176,20

1,00

12,00

1981

12

2969

247,42

178,8

247,42

1,38

16,56

1982

12

2802

233,5

181,6

233,5

1,29

15,48

 

 

 

 

 

 

Jemi

66,84

ŞK = 66,84/60 = 1,11

Ýüz tutujynyň şol bir wagtda oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän döwri üçin ŞK-syny hasaplamagyň mysaly

 

Ýyllar

Oba hojalygy önümleriniň önümçiliginde işlän döwri üçin iş hakynyň bir ýyllyk möçberi

Ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda işlän döwri üçin iş hakynyň bir ýyllyk möçberi

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Şahsy koeffisiýenti hasaplamak üçin kabul edilýän iş hakynyň bir ýyllyk möçberi

1978

2320

1040

171,8

(171,8*12=2061,6)

3101,6

(2061,6+1040)

1979

1872

1160

174,4

(174,4*12=2092,8)

3032

(1872+1160)

1980

2540

964

176,2

(176,2*12=2114,4)

3078,4

(2114,4+964)

1981

0

2580

178,8

(178,8*12=2145,6)

2580

1982

0

2340

181,6

(181,6*12=2179,2)

2340

 

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 6*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

1978

12

3101,6

258,47

171,8

1,50

18,00

1979

12

3032

252,67

174,4

1,45

17,40

1980

12

3078,4

256,53

176,2

1,46

17,52

1981

12

2580

215,0

178,8

1,20

14,40

1982

12

2340

195,0

181,6

1,07

12,84

 

 

 

 

 

Jemi

80,16

 

ŞĘ = 80,16/60 = 1,34

99. Senenama ýyllaryny düzmeýän aýlaryň şahsy koeffisiýentini kesgitlemek

99.1. Ýüz tutujynyň özüne bagly bolmadyk sebäpler boýunça doly däl yzygiderli 5 senenama ýylynyň berlen aýlyk iş hakyndan şahsy koeffisiýenti hasaplananda yzygiderli 36 senenama aýyndan az bolmadyk has bähbitli döwür hasaplama üçin kabul edilýär.

99.2. Ýüz tutujynyň ortaça aýlyk iş haky berlen aýlyk iş hakyny aýlyk iş hakynyň görkezilen hakyky aýlaryna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär.

Döwrüň şahsy koeffisiýenti ýüz tutujynyň ortaça aýlyk iş hakyny degişli döwürde Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär.

Ýylyň şahsy koeffisiýenti döwrüň şahsy koeffisiýentini aýlyk iş hakynyň görkezilen hakyky aýlaryna köpeltmek ýoly bilen kesgitlenýär.

Mysal:

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 6*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

1978

8

1713

214,13

171,8

1,25

10,00

1979

12

2177

181,42

174,4

1,04

12,48

1980

12

2035

169,58

176,2

0,96

11,52

1981

8

1769

221,13

178,8

1,24

9,92

1982

-

-

-

181,6

-

-

 

 

 

 

 

Jemi

43,92

 

ŞĘ = 43,92/40 = 1,10

99.3. Ýüz tutujynyň özüne bagly bolmadyk sebäpler boýunça 36 senenama aýyndan az bolan aýlyk iş hakyndan şahsy koeffisiýenti hasaplananda berlen yzygiderli üç senenama ýylynyň çäginde ähli aýlyk iş haky hasaplama üçin kabul edilýär.

99.4. Ýüz tutujynyň ortaça aýlyk iş hakyny we ýylyň şahsy koeffisiýentini hasaplamak şu Gollanmanyň 99.2-nji bendinde geçirilen hasaplama ýaly amala aşyrylýar.

Ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti ýylyň şahsy koeffisiýentiniň jemini 36 aýa bölmek ýoly bilen kesgitlenýär.

Mysal

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 6*gr.2

1

2

3

4

5

6

7

1976

7

1500

214,29

162,6

1,32

9,24

1977

12

2068

172,33

164,2

1,05

12,6

1978

12

2035

169,58

171,8

0,99

11,88

 

 

 

 

 

Jemi

33,72

 

ŞĘ = 33,72/36 = 0,94  

99.5 Şahsy koeffisiýent hasaplananda işgäriň işe kabul edilendigi we işden çykarylandygy sebäpli doly iş günlerini işlemedik aýynda alnan iş haky aýrylyp bilner. Şunda ýüz tutujy tarapyndan pensiýa bellemek üçin berlen döwürden diňe başky we ahyrky aýlar hasaplamadan aýrylyp bilner. Görkezilen şert özlerine bagly bolmadyk sebäpler boýunça umumy iş döwrüniň yzygiderli 5 senenama ýyly üçin aýlyk iş haky barada maglumaty berip bilmedik ýüz tutujylara degişlidir.

100. Senenama ýylyny düzmeýän 12, 24 aýyň şahsy koeffisiýentini kesgitlemek

100.1. Pensiýalary 1998-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 1-ne çenli bellenen adamlaryň şahsy koeffisiýenti senenama ýylyny düzmeýän 12, 24 aýyň iş döwri üçin kesgitlenildi.

Şeýle ýagdaýlarda şahsy koeffisiýenti her bir döwür boýunça senenama ýylyndaky döwürde (çärýekde) ortaça aýlyk iş hakynyň şol senenama ýylynda degişli döwürde (çärýekde) Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna gatnaşygy hökmünde kesgitlenildi.

Raýatyň şahsy koeffisiýenti çärýekleriň (döwürleriň) koeffisiýentlerinden we her çärýekdäki (döwürdäki) aýlaryň sanyndan ugur alnyp, aşakdaky formula boýunça ortaça ululygy (ortalaşdyrylyp çykarlan şahsy koeffisiýenti) kesgitlemek usuly bilen hasaplanyldy.

 

ŞK raýat

=

ŞKdöwür ő döwrüň aý-nyň sany+ŞKdöwür ő döwrüň aý-nyň sany + ...

=

Ähli döwürleriň aýlarynyň sany

 

100.2 Maýyplygyň ýüze çykmagy sebäpli zähmet işiniň aýry-aýry aýlarynda iş hakynyň arasynyň kesilen halatlarynda, şeýle hem şu Gollanmanyň 35-nji bendinde görkezilen halatlarda raýatyň şahsy koeffisiýenti her çärýegiň koeffisiýentlerinden we çärýekdäki aýlaryň sanyndan ugur alnyp, ýokarda getirilen formula boýunça ortaça ululygy kesgitlemek usuly bilen kesgitlenildi.

Iş döwründe doly ýyllar bar bolan halatynda, onda ýokarda görkezilen formula boýunça raýatyň şahsy koeffisiýentiniň ortaça ululygy kesgitlenende her bir doly ýylyň koeffisiýenti 12-ä (aýa) köpeldilýär.

Mysal

 

Ýyllar

Aýlar

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr. 5

1

2

3

4

5

6

7

1990

XI-XII

423

211,5

243,7

0,86

ő

1991

I-ŐII

4872

406

393,0

ő

1,03

1992

I-III

3209

1069,67

1288,7

0,83

ő

1992

IV-VI

4161

1387

1849,3

0,75

ő

1992

VII-IX

5914

1971,3

3231,8

0,61

ő

1992

X

8305

8305

9125,9

0,91

ő

  

OŞK =

( 0,86 ő 2 ) + (1,03 ő 12 ) + ( 0,83 ő 3 )+(0,75 ő 3)+(0,61 ő 3)+(0,91 ő 1)

= 0,9

24

 

101. 1993-nji senenama ýyly üçin şahsy koeffisiýenti kesgitlemek

101.1. Ýüz tutujy tarapyndan Türkmenbaşy – Garaşsyzlyk aýlarynyň iş haky rublda hasaplanan, Sanjar – Bitaraplyk aýynyň iş haky bolsa manatda hasaplanan 1993-nji ýylyň aýlyk iş haky berlende (1993-nji ýylda oba hojalygy önümlerini öndürmekde işlän adamlardan başga) şahsy koeffisiýenti her bir çärýegiň ortaça aýlyk iş hakyndan we degişli çärýekde Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyndan ugur alnyp kesgitlenýär.

101.2. I – III çärýekleriň ortaça aýlyk iş haky degişli çärýegiň aýlarynyň iş hakynyň möçberini çärýekdäki aýlaryň sanyna (3) bölmek bilen kesgitlenýär. IV çärýegiň ortaça aýlyk iş haky hem öňki çärýekleriňki ýaly tertipde kesgitlenýär, emma şunda Garaşsyzlyk aýynyň iş hakyny 500-e bölmek bilen manada geçirilýär, bu çärýekde ortaça aýlyk iş haky bolsa manatda alynýar.

Mysal:

 

Ýyllar

Döwürler

Bir ýylda, döwürde iş hakynyň möçberi

Bir ýylda, döwürde ortaça aýlyk iş haky

Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

Döwrüň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr.5

Ýylyň şahsy koeffisienti, gr. 4/gr. 5

1

2

3

4

5

6

7

1993

I-III

43 048

14 349,33

13 481,9 đ.

1,06

3,18

1993

IV-VI

53 798

17 932,67

32 415,6 đ.

0,55

1,65

1993

VII-IX

79 783

26 594,33

53 965,9 đ.

0,49

1,47

1993

X-XII

737

245,67

339,7 ě.

0,72

2,16

 

101.3. Oba hojalygy önümlerini öndürmekde işlän, 1993-nji ýyl üçin, şu ýylyň ahyrynda alnan girdejisi barada maglumat beren adamyň şahsy koeffisiýenti 1993-nji ýyl üçin ortaça aýlyk iş hakyndan we şol ýyl üçin Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyndan («Türkmenmillihasabatyň» maglumatlary boýunça – 136,7 manat) kesgitlenýär. 1993-nji ýylda hakujy görnüşinde rublda tölenen aýlyk iş haky, olary 500-e bölmek bilen manada geçirilýär.

102.Tarif möçberlerini we wezipe aýlyk iş haklaryny ulanmak bilen şahsy koeffisiýentini hasaplamak

102.1. Ýylyň şahsy koeffisiýenti ýüz tutujynyň sagatlaýyn tarif möçberiniň ýa-da wezipe aýlyk iş hakynyň esasynda kesgitlenen, şol aýdaky ortaça aýlyk iş hakyny degişli ýylda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen kesgitlenýär.

102.2. Işçi hünärleriniň senenama ýylyndaky ortaça aýlyk iş haky bir aýdaky iş sagatlarynyň (164 sagat) sanynyň we degişli işçi hünäri we hünär derejesi bolan bir işçiniň tarif möçberiniň köpeltmek hasyly hökmünde, ýolbaşçy we inžener-tehniki işgärleriňki bolsa wezipe aýlyk iş haklary boýunça kesgitlenýär.

Bir senenama aýyndaky iş sagatlarynyň sany islendik döwür üçin sekiz sagatlyk iş gününden (164 sagat) ugur almak bilen kabul edilýär.

Mysal

Durmuşda ulanylýan maşynlary we gurallary abatlamak we olara tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça VI derejeli işçiniň 1986-njy ýyldaky şahsy koeffisiýentini hasaplamagyň tertibi:

 

1. Sagatlaýyn tarif möçberi

94 köpük.

2. Aýlyk tarif möçberi

(164 sagat ő 94 köpük)

154 rub.16 köpük.

3. Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

193 rub.10 köpük.

4. Şahsy pensiýa koeffisienti

(154 rub.16 köpük. / 193 rub.10 köpük.)

0,80

  

XIII. Pensiýanyň möçberini hasaplamak

103. Şu Gollanmanyň 11-nji bendinde bellenenden az bolmadyk iş döwri bolan ýüz tutujynyň zähmet pensiýasynyň möçberi şahsy koeffisiýentini pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna we pensiýanyň ölçegine köpeltmek ýoly bilen hasaplanýar:

 

ZPM =

ŞĘ ő TBOAIH ő Ö

, bu ýerde:

100

 

ZPM – zähmet pensiýasynyň möçberi;

ŞK – ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti;

TBOAIH – Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky;

Ö – zähmet pensiýasynyň bellenen gününe çenli iş döwrüniň her bir ýyly üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenýän ölçeg.

104. Şu Gollanmanyň 11-nji bendinde belenenden az bolmadyk iş döwri bolanda zähmet pensiýasynyň möçberi pensiýanyň bellenen iň pes möçberinden pes bolmaly däldir.

Pensiýanyň iň pes möçberi binýatlyk ululygyň derejesinde bellenilýär. Binýatlyk ululygyň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanýar.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bellenilýär.

105. Zähmet pensiýalarynyň bilelikdäki iň ýokary möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

106. Eger ýüz tutujynyň döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemek bilen: erkek adamyň 25 ýyla, aýal maşgalanyň 20 ýyla ýetmeýän, şeýle hem meýletin pensiýa gatançlaryny tölemek bilen jemgyýete peýdaly işiniň döwrüni goşanyňda bilelikdäki iş döwri: erkek adamlar üçin 25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanda, onda şeýle adamlaryň pensiýalary şu Gollanmanyň 103-nji bendine laýyklykda hasaplanýar. Şunda pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin diňe döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimleri tölemek bilen iş döwri kabul edilýär.

Zähmet pensiýasynyň hasaplamasynyň mysaly

 

Ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti

1,75

Ölçeg

32,75%

Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

2 800 000 manat

 

ZPM =

1,75 ő 2 800 000 ő 32,75%

= 1 604 750 manat

100

 

Zähmet pensiýasynyň hasaplanan möçberiniň pensiýanyň bellenen iň pes möçberine ýetirilmeginiň mysaly

 

Ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti

0,65

Ölçeg

26%

Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

2 800 000 manat

 

 

Pensiýanyň iň pes möçberi

500 000 manat

 

ZPM =

0,65 ő 2 800 000 ő 26%

= 473 200 = 500 000 manat

100

  

Zähmet pensiýasynyň hasaplanan möçberini zähmet pensiýasynyň bellenen iň ýokary möçberi bilen çäklendirmegiň mysaly

 

Ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýenti

2,05

Ölçeg

42,33%

Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky

2 800 000 manat

 

 

Zähmet pensiýasynyň iň ýokary möçberi

2 200 000 manat

  

ZPM =

2,05 ő 2 800 000 ő 42,33%

= 2 429 742 = 2 200 000 manat

100

 

Gipofizar nanizmi (boý ösmezlik, göýdüklik) keseli bilen kesellän raýatlaryň (liliputlar) ýa-da göýdükleriň (karlikler) zähmet pensiýalarynyň möçberi pensiýanyň iň pes möçberinden az bolmaly däldir.

107. Erkek adamlar üçin 25 ýyla, aýal maşgalalar üçin 20 ýyla ýetmeýän, ýöne 5 ýyldan az bolmadyk döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen iş döwri bolan raýatlara doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasy bellenilýär.

Doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasy şu Gollanmanyň 103-nji bendi bilen bellenilen tertipde hasaplanýar.

Doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasynyň iň pes möçberi pensiýanyň bellenen iň pes möçberiniň ýetmiş göterimi möçberinde bellenilýär.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

108. Toplaýyş pensiýasynyň möçberi pensiýa toplamalarynyň möçberini raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň aýlarynyň sanyna bölmek ýoly bilen hasaplanýar.

TPM=

∑pt

 Bu ýerde:

ÖGD

 

TPM – toplaýyş pensiýasynyň möçberi;

∑pt – pensiýa toplamalarynyň möçberi;

ÖGD - raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň aýlarynyň sany

Raýat şu Gollanmanyň 11-nji bendinde bellenen ýaşdan giç pensiýa çykan halatynda, hasaplama üçin ulanylýan, raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygynyň aýlarynyň sany, degişlilikde azaldylýar, ýöne ol 156-dan az bolup bilmez.

Raýatlaryň pensiýa çykanlaryndan soň ömrüniň garaşylýan ortaça dowamlylygy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan kesgitlenýär we kesgitlenenden soň her ýylda berilýär.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

Ýüz tutujynyň pensiýa toplamalarynyň möçberi baradaky maglumat Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan berilýär, olar ony ýüz tutujynyň şahsy pensiýa hasabyndan göçürme görnüşinde resmileşdirýärler. Görkezilen göçürme ýüz tutujynyň pensiýa işine çatylýar.

XIV. Pensiýa goşmaça tölegler

Pensiýa goşmaça töleg döwlet sylaglaryna we hormatly atlara mynasyp bolan adamlara, degişli döwlet sylaglary we hormatly atlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möçberde bellenýär.

XV. Pensiýany bellemek

109. Şu Gollanmanyň 11-nji bendinde görkezilen ýaşa ýeten, erkek adamlar üçin 25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan raýatlara zähmet pensiýasy bellenýär.

Erkek adamlar üçin 25 ýyla, aýal maşgalalar üçin 20 ýyla ýetmeýän iş döwri bolan raýatlara doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasy bellenilýär.

Şu Gollanmanyň 11-nji bendinde görkezilen ýaşa ýeten, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan we pensiýa toplamalary bar bolan raýatlara toplaýyş pensiýasy bellenilýär.

110. Pensiýa pensiýany bellemek barada arzanyň durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda bellige alnan gününden bellenilýär, ýöne ol pensiýa bolan hukuk ýüze çykan pursadyndan öň bolup bilmez.

111. Pensiýa welaýat toparlarynyň towakganamasy boýunça Merkezi topar tarapyndan bellenýär.

Merkezi topar pensiýa bellemek üçin berlen resminamalara seretmek we olar boýunça çözgüt kabul etmek üçin aýda bir gezek öz mejlisini geçirýär.

Merkezi toparyň çözgüdi teswirnama bilen resmileşdirilýär. Merkezi toparyň çözgüdini ýatyrmak we oňa üýtgetmeler girizmek, eger olar pensioneri hasapdan çykarmak bilen baglanyşykly bolmasa, diňe Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň çözgüdi bilen ýa-da kazyýet tertibinde amala aşyrylýar.

112. Döwlet kömek puluny alýana pensiýa bellemek umumy esaslarda amala aşyrylýar.

113. Doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasyndan zähmet pensiýasyna geçmäge raýatlar tarapyndan öň hasaba alynmadyk iş döwri barada maglumat berlende ýol berilýär.

Zähmet pensiýasyny alýanlar arza bermek arkaly pensiýany almaklygy bes edip we dikeldip bilerler. Şunda olaryň pensiýa almadyk döwürlerindäki işlän wagty iş döwri hökmünde kabul edilýär, pensiýalarynyň möçberi bolsa, tölegi dikeldilen halatynda gaýtadan hasaplanylýar.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

114. Raýat doly däl iş döwri bilen zähmet pensiýasyna ýa-da zähmet pensiýasyna çykmaga hukuk berýän iş döwrüni gazanan ýagdaýynda, döwlet durmuş kömek pulundan onuň çykmaga hukugy ýüze çykan zähmet pensiýasyna geçip biler.

115. Türkmenistana hemişelik ýaşamaga gelen we şu Gollanmanyň 11-nji bendinde bellenilen ýaşa ýeten ýüz tutuja, halkara (hökümetara) ylalaşyklarynda (şertnamalarynda) başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanuny we şu Gollanma arkaly kesgitlenýän tertipde we şertlerde Merkezi topar tarapyndan pensiýa bellenilýär.

Görkezilenler şu aşakdakylara hem degişlidir:

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna hemişelik ýaşamaga çykyp gidenlere (şol sanda ozal Türkmenistanyň çäklerinde pensiýa alan adamlara) we olar soňundan Türkmenistana gaýdyp gelenlerinde;

öňki ýaşan ýerindäki döwletiň kanunçylygyna laýyklykda pensiýa bellenen we (ýa-da) pensiýa alan adamlara.

116. Pensiýa bellemekden ýüz dönderilende Merkezi topar bäş gün möhletde, ýüz döndermegiň sebäbini we şikaýat etmegiň tertibini görkezmek bilen, bu barada ýüz tutuja ýazmaça jogap berýär, şonuň bilen bir wagtda berlen ähli resminamalary hem yzyna gaýtarýar.

117. Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlyryna Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda doredilýän Topar tarapyndan Döwletiň şahsy (atly) pensiýasyny bellemek barada Düzgünnama arkaly kesgitlenýän tertipde we şertlerde döwletiň şahsy (atly) pensiýasy bellenilýär.

118. Pensiýa bellenenden soň pensiýa işi welaýatyň durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň üsti bilen pensioneriň ýaşaýan ýeri boýunça etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine geçirilýär.

Gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda ýaşaýan pensioneriň pensiýa işi öý-internadynyň ýerleşýän ýerindäki etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminde saklanýar, pensiýasy hem şu bölüm tarapyndan tölenilýär.

119. Pensiýa bellenenden soň pensionerlere pensiýa şahadatnamasy berilýär. Pensiýa şahadatnamasynyň görnüşi Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi tarapyndan bellenilýär. Pensiýa şahadatnamasy etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi tarapyndan pensionere gol çekdirilip berilýär.

Pensiýa şahadatnamalarynda pensiýany gaýtadan hasaplamak bilen bagly üýtgetmeler öz wagtynda beýan edilmelidir.

120. Pensioneriň pensiýa işiniň, atly hasabynyň we pensiýa şahadatnamasynyň belgisi bir bolýar.

XVI. Pensiýalary gaýtadan hasaplamak

121. Zähmet pensiýalarynyň möçberini gaýtadan hasaplamak Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

122. Tölenýän pensiýalaryň möçberini takyklamak şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:

a) raýatlar tarapyndan pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşarda işlän ýa-da okan döwri barada we (ýa-da) döwrüň iş hakyny tassyklaýan goşmaça maglumatlar getirilen halatynda;

b) tölenýän pensiýalaryň möçberine täsir edýän maglumatlaryň nädogrudygy ýüze çykarylan halatlarynda.

ç) iş (gulluk) döwrüniň başga yzygiderli 5 senenama ýylyndaky aýlyk iş haky baradaky maglumatlar berlende.

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

123. Bellenen pensiýany gaýtadan hasaplamak:

1) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda görkezilen möhletlerden başlap;

2) şu Gollanmanyň 122-nji bendiniň «a» we «ç» kiçi bendine laýyklykda, pensiýany gaýtadan hasaplamak boýunça zerur resminamalar bilen bilelikde arza berlen gününden başlap;

(Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministriniň 2009-njy ýylyň 1-nji maýyndaky 63-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanan Pensiýalary bellemegiň we gaýtadan hasaplamagyň tertibi hakynda gollanma üýtgetmeler we goşmaçalar görnüşine)

3) şu Gollanmanyň 122-nji bendiniň «b» kiçi bendine laýyklykda, pensiýa gaýtadan hasaplanylan aýdan soňky aýyň birinden başlap geçirilýär.

XVII. Pensiýa meseleleri boýunça jedelleri çözmek

124. Zähmet we toplaýyş pensiýasyna bolan hukuk, olaryň möçberini hasaplamak we tölemek meseleleri boýunça jedeller Merkezi topar tarapyndan çözülýär.

125. Şu Gollanmanyň 131-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda pensiýanyň artyk tölenen möçberini tutup galmak boýunça jedeller Merkezi topar tarapyndan, pensioneriň ylalaşmadyk halatynda bolsa kazyýet tarapyndan çözülýär.

126. Şu Gollanmanyň 132-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda, pensiýanyň artyk tölenen möçberini tutup galmak boýunça jedeller kazyýet tarapyndan çözülýär.

XVIII. Pensiýadan tutup galmak

127. Pensiýadan tutup galmak pensioneriň ýazmaça razylygynyň, Merkezi toparyň çözgüdiniň, kazyýetiň çözgütleriniň, kesgitnamalarynyň, kararlarynyň we hökümleriniň (emläkden tutup almak babatynda), kepillendiriş edaralarynyň ýerine ýetiriş ýazgylarynyň we kazyýetiň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi üçin bellenen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetirilmeli beýleki çözgütleriň esasynda geçirilýär.

128. Pensiýadan tutup galmak pensionere tölenmäge degişli pul möçberinden amala aşyrylýar.

129. Pensiýadan tutup galmalaryň ähli görnüşleriniň umumy möçberi zähmet we toplaýyş pensiýalarynyň bilelikdäki möçberiniň 50 göteriminden geçmeli däldir.

130. Pensioner aradan çykan halatynda pensiýadan tutup galmaga degişli berginiň üzülmedik bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirilýär.

131. Zähmet pensiýasynyň töleginden, pensioner tarapyndan görnetin ýalňyş maglumatlaryň berilmegi netijesinde ýol berlen, artyk tölenen möçberleri tutup galmak tölenýän pensiýadan Merkezi toparyň karary bilen geçirilýär, pensioner ylalaşmadyk ýagdaýynda jedeller kazyýet tarapyndan çözülýär.

132. Pensiýadan durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň günäsi bilen ýa-da bank edaralary tarapyndan ýol berlen, artyk tölenen möçberleri tutup galmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde geçirilýär.

133. Artyk tölenen zähmet pensiýasy üçin tutulyp alnan pul möçberleri Türkmenistanyň Merkezi býujetiniň girdejileriniň hasabyna geçirilýär.  

 

nusga arzalar

 

| Esasy  | Indiki |