| Esasy  | Indiki |

Türkmenistanyň bank edaralarynyň üsti bilen

amala aşyrylýan pensiýalary we döwletiň kömek pullaryny

tölemegiň we çykdajylary maliýeleşdirmegiň 

tertibi hakynda

DÜZGÜNNAMA

I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama pensiýalary we döwletiň kömek puluny (mundan beýläk – kömek puly) tölemek üçin çykdajylary maliýeleşdirmegiň, olary işleýän we işlemeýän pensiýa we kömek puluny alýanlara ygtyýarly bank edaralarynyň üstünden tölemegiň, şeýle hem hasabaty bermegiň we olaryň tölenilişine gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär.

2. 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 17-sindäki «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, durmuş taýdan üpjünçilik edaralary bank edaralarynyň üsti bilen pensiýalaryň, kömek pullarynyň, durmuş we beýleki tölegleriniň aşakdaky görnüşlerini töleýärler:

- arkalaşyk pensiýa usuly boýunça zähmet pensiýasy (mundan beýläk-zähmet pensiýasy);

- döwlet şahsy (atly) pensiýasy (mundan beýläk - şahsy (atly) pensiýasy);

- toplaýyş pensiýasy;

- çaga doglanda birwagtlaýyn kömek puly;

- çaga seretmek boýunça kömek puly;

- maýyplygy boýunça kömek puly (zähmete ukyplylyk kem-käsleýin ýa-da doly ýitirilende);

- ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly;

- durmuş kömek puly;

- pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawy;

- işlemeýän pensionerlere we kömek puluny alýanlara Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan birwagtlaýyn pul baýraklary (sowgatlary);

- pensiýa toplamalarynyň birwagtlaýyn tölegleri.

3. «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen raýatlara bellenen zähmet pensiýalary, olar umumy esaslarda bellenen pensiýa ýaşa ýetýänçeler, eýeçiliginiň we hojalygy ýöretmegiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna tölenilýär;

4. Pensiýalaryň we kömek pullarynyň tölegleriniň çykdaýjylarynyň maliýeleşdirilişi şu görnüşde amala aşyrylýar:

Zähmet pensiýasy, şahsy (atly) pensiýa, kömek pullary we şu Düzgünnamanyň 2-nji bendinde göz öňünde tutulan beýleki tölegler (toplaýyş pensiýasyndan we pensiýa toplamalarynyň birwagtlaýyn töleglerinden başga) – Türkmenistanyň döwlet büjetiniň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna;

Toplaýyş pensiýasy we pensiýa toplamalarynyň birwagtlaýyn tölegleri –raýatlaryň meýletin pensiýa gatançlarynyň we olaryň maýa goýum girdejileriniň hasabyna;

5. Toplaýyş pensiýasy şunuň ýaly tölenilýär:

a) şahsy (atly) pensiýa hasabyndaky serişdeler doly harçlanyp gutarýança. Tölenýän pensiýanyň möçberini çäklendirmäge ýa-da wagtlaýyn togtatmaga diňe toplaýyş pensiýasyny alýan adamyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi bolan ýagdaýynda ýol berilýär;

b) ätiýaçlandyrylan adam pensiýa toplamalarynyň möçberini birwagtda Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýörite hasabyna geçiren ýagdaýynda toplaýyş pensiýasy ömürlik tölenip bilner. Şeýle halatda pensiýa toplamalary miras galýan emläk bolup durmaýar.

6. Pensiýa, kömek puly, pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawy, birwagtlaýyn tölegler olaryň alýanyň hut özüne hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça (ýazga alnan ýeri boýunça) tölenýär.

Eger-de pensiýa, kömek puluny alýanyň öz pensiýasyny, kömek puluny hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça (ýazga alnan ýeri boýunça) almaga mümkinçiligi ýok bolsa, onda pensiýa, kömek puly onuň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça tölenip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýa Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgüdi boýunça, kömek puly bolsa, (çaga doglanda berilýän we çaga seretmek boýunça döwlet kömek pullaryndan başgalary) – Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň rugsatnama bermegi boýunça tölenilýar. Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň tarapyndan kepillendirilen çözgüdiň (rugsatnamanyň nusgasy):

pensiýa, kömek puly alýanyň ýazga alnan ýeri boýunça durmuş taýdan üpjünçilik bölümine;

pensiýa, kömek puly alýanyň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça durmuş taýdan üpjünçilik bölümine;

pensiýa, kömek puly töleýän bank bölümine;

pensiýa, kömek puly alýana berilýär.

Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly kömek puly alýanyň köplenç ýaşaýan ýeri boýunça şu tertipde tölenýär:

1) çaga seretmek boýunça kömek puly ýüz tutan adamyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça (ýazga alnan ýeri boýunça) döwletiň goldamagyna mätäç raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak baradaky etrap (şäher) toparynyň çözgüdi bilen bellenýär;

2) çaga seretmek boýunça kömek puluny alýan adam wagtlaýyn ýaşaýan etrabynyň (şäheriniň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine çaga seretmek boýunça bellenen kömek puluny tölemek barada arza bilen ýüz tutýar (1-nji goşundy);

3) çaga seretmek boýunça kömek puly alýan adamyň wagtlaýyn ýaşaýan etrabynyň (şäheriniň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi tarapyndan çaga seretmek boýunça kömek puluny bellenen etrabynyň durmuş taýdan üpjünçilik bölümine çaga seretmek boýunça kömek pulunyň tölegini esaslandyrýan resminamalaryň ugradylmagy barada haýyş haty bilen ýüz tutýar (2-nji goşundy);

4) çaga seretmek boýunça kömek puly bellenilen etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi haýyş hatynyň esasynda resminamalary çaga seretmek boýunça kömek puluny alýan adamyň wagtlaýyn ýaşaýan etrabyndaky (şäherindäki) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine ugradýar we atly hasapda (eger atly hasap açylan bolsa) ýa-da çaga seretmek boýunça kömek puly bellemek baradaky çözgüdiň arka ýüzünde degişli bellik edýär;

5) çaga seretmek boýunça kömek puly alýan adamyň wagtlaýyn ýaşaýan etrabyndaky (şäherindäki) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi çaga seretmek boýunça kömek puluny almaga hukugy kesilýänçä tölegini amala aşyrýär. Töleg bes edilenden soň, çaga seretmek boýunça kömek pulunyň töleginiň bes edilmeginiň sebäbini görkezmek bilen, habarnama (3-nji goşundy) çaga seretmek boýunça kömek puly bellenen etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine ugradylýar.

6) çaga seretmek boýunça kömek puly bellenen etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi habarnamany alandan soň atly hasaby bellenilen tertipde ýapýar.

7. Şahsy (atly) pensiýanyň tölegi umumy esaslarda amala aşyrylýar.

8. Işleýän pensionerleriň, kömek puly alýanlaryň pensiýalary, kömek pullary doly möçberde tölenilýär.

Işleýän pensionerleriň, kömek puluny alýanlaryň pensiýalaryna, kömek pullaryna döwlet sylaglary we hormatly atlary üçin goşmaça tölegler tölenmeýär.

9. Işlemeýän pensionerlere, kömek puly alýanlara birwagtlaýyn pul baýraklary (sowgatlary) Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynda kesgitlenýän tertipde tölenýär.

10. Türkmenistanyň bank edaralary pensiýalary, kömek pullaryny, pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawyny, birwagtlaýyn pul baýraklaryny (sowgatlaryny) öz wagtynda we doly möçberde almaklary üçin pensiýa, kömek puluny, pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawyny alýanlara şert döredýärler.

II. Pensiýalary we kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň tertibi

11. Pensiýalary, kömek pullaryny, pul görnüşindäki döwlet goldawyny we birwagtlaýyn tölegleri tölemek maksady bilen maliýeleşdirmegi açmak üçin Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi töleg döwrüniň öň ýanyndaky aýyň 29-yndan gijä galman, tutuş Türkmenistan boýunça welaýatlara we Aşgabat şäherine bölmek bilen, tölegiň görnüşleri we býujet klassifikasiýasynyň maddalary boýunça serişdeleriň gerek bolan möçberi barada ýüztutma-hasaplama düzýär we ony Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine tabşyrýar. Ýüztutma-hasaplama, geçen aýda peýdalanylmadyk serişdeleriň galyndysyny hasaba almak bilen wedomostlaryň, raýatlaryň goýum hasaplaryna geçirilen pensiýalaryň, kömek pullarynyň sanawlarynyň we pensiýadan, kömek pullaryndan tutulyp galynýan töleg tabşyryklarynyň esasynda düzülýär.

Ýüztutma-hasaplama şu aşakdaky görkezijileri özünde jemleýär:

zähmet we şahsy (atly) pensiýalarynyň her bir görnüşi boýunça:

- töleg sanawyna goşulýan pensionerleriň sany;

- pensiýalaryň ortaça möçberi;

- pensionerlere tölenmäge degişli pul möçberi (köp gezeklik tölegi hasaba almak bilen).

kömek pulunyň her bir görnüşi boýunça:

- töleg sanawyna goşulýan kömek puluny alýanlaryň sany;

- kömek pulunyň ortaça möçberi;

- kömek puluny alýanlara tölenmäge degişli pul möçberi (köp gezeklik tölegi hasaba almak bilen).

Bir meňzeş görkezijiler boýunça ýüztutma-hasaplamasy döwlet goldawy üçin, şeýle hem bir wagtlaýyn tölegleriň görnüşleriniň görkezilmegi bilen düzülýär.

12. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tabşyrylan ýüztutma-hasaplamanyň esasynda we ol barlanandan soň Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi tarapyndan hödürlenen harçlamagyň tertibini resmileşdirmek ýoly bilen pensiýalary we kömek pullaryny tölemek üçin maliýeleşdirmegi açýar.

13. Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi açylan karzlary welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna paýlaýar we Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň Merkezi gazna müdirligine býujet tabşyrygyny berýär.

Welaýatlaryň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerine býujetiň goýberilen pul serişdelerini paýlaýarlar we töleg aýynyň öňündäki aýyň 30 (31)-inden gijä galman welaýatlaryň gazna bölümlerine býujet tabşyrygyny berýärler.

Welaýatlaryň gazna bölümleri töleg aýynyň 1-ine çenli açylan karzlary býujet tabşyryklary bilen ähli etraplaryň (şäherleriň) gazna bölümlerine ýetirýärler.

14. Harçlamagyň tertibinde we býujet tabşyryklarynda, onuň adyny goýmak bilen, “Töleg aýynyň 1-inden başlap sarp etmek hukugy bilen” diýen bellik edilýär.

15. Etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri pul serişdelerini töleg tabşyryklary bilen gaznaçylyk hasabyndan pensiýalary we kömek puluny tölemegi amala aşyrýan bankyň hasabyna geçirýärler.

Durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri gazna bölümleri we bank edaralary bilen ylalaşyp, býujet tabşyryklarynda görkezilen pul möçberine laýyklykda, bir aýlyk möçberi üç bölege bölmek bilen, aýda üç gezek banklara serişde geçirmegiň wagt tertibini düzýärler. Birinji töleg töleg aýynyň 1-2-si günleri, ikinji töleg – 7-8-i günleri, üçünji töleg – 14-15-i günleri geçirilýär. Şunuň bilen töleg tabşyrygy bank edarasyna wagt tertibinde göz öňünde tutulan tölegleriň öňýanyndaky günde berilýär.

16. Etraplaryň (şäherleriň) gazna bölümleri pensiýalary we kömek pullaryny tölemek üçin tölegleri açylan karz ugrunyň çäklerinde degişli maddalar boýunça geçirýärler we olary durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň çykdajylaryna degişli edýärler.

17. Etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerinde pensiýa, kömek puly tölenenden soň peýdalanylman galan pul serişdeleri şu aýda pensiýalary, kömek pullaryny tölemek üçin çykdajylaryň üstüni ýapmaga ýeterlik serişdeleri bolmadyk durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerine gaýtadan paýlap biler:

bir welaýatyň etraplarynyň (şäherleriniň) arasynda – welaýat durmuş taýdan üpjünçilik müdirligi welaýat baş ykdysadyýet we maliýe müdirliginiň rugsady bilen;

welaýatlaryň arasynda – Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň rugsady bilen.

18. Toplaýyş pensiýasyny tölemek maksady bilen maliýeleşdirmegi açmak üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik edaralary töleg döwrüniň öňýanyndaky aýyň 26-syndan gijä galman, bank edaralaryna iberilýän töleg sanawlarynyň esasynda serişdeleriň gerek bolan möçberi barada ýüztutma-hasaplama düzýärler we Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine tabşyrýarlar.

Ýüztutma-hasaplama şu aşakdaky görkezijileri özünde jemleýär:

– töleg sanawyna goşulýan pensionerleriň sany;

– pensionerlere tölenmäge degişli pul möçberi (köp gezeklik tölegi hasaba almak bilen).

Pensiýa toplamalarynyň birwagtlaýyn tölegini maliýeleşdirmek üçin welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik edaralary raýatlar tarapyndan zerur resminamalar tabşyrylandan soň ýüztutma–hasaplamany düzýärler we Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine iberýärler.

19. Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi iberilen ýüztutmalaryň esasynda we olar barlanandan soň Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýörite hasabyndan pul serişdelerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleriniň toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny tölemek boýunça hasaplaryna geçirýär.

20. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri tarapyndan tabşyrylan ýüztutmalaryň esasynda, töleg tabşyryklary bilen, toplaýyş pensiýalaryny we pensiýa toplamalaryny tölemegi amala aşyrýan bankyň hasabyna geçirmek arkaly etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerine pul serişdelerini geçirýärler.

21. Bank edarasy raýatyň islegi boýunça toplaýyş pensiýasyny we pensiýa toplamalaryny alyjynyň hasabyna (goýum hasabyna) geçirýär.

III. Pensiýalaryň we kömek pullarynyň töleg möhletleri we tertibi

22. Üstündäki aý üçin pensiýalaryň we kömek pullarynyň tölegleri bank edaralary tarapyndan aýyň 2-sinden 22-si aralygynda (töleg döwri) amala aşyrylýar. Her günki tölegleriň anyk möçberleri ykdysadyýet we maliýe bölüminiň we bank edarasynyň ýolbaşçylary bilen ylalaşyp, etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýan wagt tertibinde bellenýär we bir aýlyk pul möçberini töleg döwrüniň iş günlerine deň derejede paýlamak ýoly bilen kesgitlenýär.

23. Pensiýalaryň, kömek pullarynyň pul tölegleri görnüşinde döwlet goldawynyň we birwagtlaýyn pul baýraklaryň (sowgatlaryň) tölegleri alýanyň hut özüne:

1) hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça (ýazga alnan ýeri boýunça) bank edarasyna onuň hut özi gelip, pasportyny we pensiýa şahadatnamasyny görkezilende;

2) köplenç ýaşaýan ýeri boýunça bank edarasyna hut özi baryp pasportyny, pensiýa şahadatnamasyny we Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň köplenç ýaşaýn ýeri boýunça tölemek hakyndaky çözgüdiniň nusgasyny (Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň rugsatnamasynyň nusgasyny) görkezen ýagdaýynda;

3) alýanyň ýaşynyň gartaşandygy bilen bagly (70 ýaşyna ýetenlere we ululara) ýa-da agyr kesellilere (Lukmançylyk maslahat beriji toparynyň (LMBT-yň) netijenamasy bilen tassyklanan) öýüne eltip bermek arkaly tölenýär.

Saglyk ýagdaýy bilen baglanyşykly pensiýany, kömek puluny alandygy barada gol çekmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda pensiýa, kömek puly tölenýän pursadynda näsagyň ýanynda bolýan adama tölenýär. Pensiýa, kömek puluny alýanyň gol çekmäge mümkinçiliginiň bolmandygy (ýoklugy) we (ýa-da) kesekiniň idegine mätäçlik çekýänligi hökmany ýagdaýda bejeriş edarasy tarapyndan berilýän güwänama bilen tassyklanýar. Görkezilen töleg bellenen görnüşde ykrarhaty düzmek bilen amala aşyrylýar (4-nji goşundy). Ykrarhaty asyl nusga bolup durýan üç nusgada düzülýär. Onuň bir nusgasy pensiýa, kömek puluny alýanda, beýlekisi töleýji bankda galýar, bir nusgasy bolsa, durmuş taýdan üpjünçilik bölümine gaýtarylýan pensiýanyň, kömek pulunyň töleg sanawyna çatylýar.

4) ýatymlaýyn bejergi alýan adamlara bejergi alýan ýerine eltip bermek bilen (töleýji banka ýazmaça arza berlende) hassahanada we beýleki bejeriş edaralarynda tölenýär, muňa mejbury bejergi alýan adamlar girmeýär.

mejbury bejergi alýan adamlara pensiýa, kömek puly olar hassahanadan çykanlaryndan soň, haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirmezden tölenýär.

Ruhy keseller edarasynda bolýan pensiýa, kömek puluny alýanyň pensiýasy, kömek puly togtadylýar we bejeriş edaradan çykandan soň geçen döwür üçin doly möçberde tölenilýär.

Ruhy keseller edarasynyň ýolbaşçylygy pensiýa, kömek pulyny alýan bejergi almaga gelende we hassahanadan çykanda bäş günüň dowamynda bu barada ýerlerdäki degişli durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna habar bermäge borçlydyr.

24. Pensiýa, kömek puluny alýan pasportyny ýitiren halatynda, şeýle hem beýleki ýagdaýlarda pensiýany, kömek puluny tölemek içeri işler edaralary tarapyndan täze pasport alynýança berilýän we hereket edýän möhleti görkezilen 9 belgili görnüşdäki güwänamanyň görkezilmegi bilen amala aşyrylýar.

Pensiýa şahadatnamasy ýitirilen halatynda pensiýa, kömek puluny alýan ýaşaýan ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine ýüz tutýar. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi täze pensiýa şahadatnamasyny resmileşdirýär we pensiýa, kömek puluny alýana gowşurýar.

25. Harby gullukçylara, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärlerine pensiýa, kömek puly pasportyň ýerine şahsyýeti tassyklaýan şahsyýetnama ýa-da harby bilet görkezilende tölenip bilner;

26. Pensiýa, maýyplyk boýunça we ekleýjisini ýitirenligi boýunça kömek puluny alýan durmuş taýdan üpjünçilik bölümine ýüz tutanda hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça (ýazga alnan ýeri boýunça) pensiýa, kömek puly Türkmenistanyň bank edarasynda açylýan goýum hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýa, kömek puluny alýanlar alty aýdan bir gezek durmuş taýdan üpjünçilik bölümlerinde bellige alynýarlar.

Etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri toplaýyş pensiýalarynyň we pensiýa toplamalarynyň tölegini amala aşyrýan bank edarasyna töleg sanawyny tabşyrýarlar.

Goýum hasabynyň görnüşi pensiýa, kömek puluny alýan bilen ylalaşyp, bank edarasy tarapyndan kesgitlenýär. Hasap bank tarapyndan şunuň ýaly hasaplary açmak üçin göz öňünde tutulan umumy esaslarda açylýar.

Pensiýanyň, kömek pulunyň möçberlerini hasaba geçirmek hasabyň eýesi tarapyndan durmuş taýdan üpjünçilik edarasyndan berilen güwänama görkezilen halatynda amala aşyrylýar, bu güwänamada pensiýanyň, kömek pulunyň möçberleriniň pensiýa, kömek puluny alýanyň goýum hasabyna geçiriljek aýlary görkezilýär. Güwänamada görkezilen aýlar tamamlanandan soň bank täze güwänama tabşyrylýança pensiýanyň, kömek pulunyň möçberini alýanyň hasabyna geçirmeýär.

Pensiýasy, kömek puly goýum hasabyna geçirilýänleri durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri 5-nji goşundy boýunça aýratyn sanawda resmileşdirýärler. Pensiýanyň, kömek pulunyň möçberleri alýanyň hasabyna geçirilende sanawda pensiýanyň, kömek pulunyň alýanyň goýum hasabyna geçirilendigi barada bellik (hasabynyň belgisini görkezmek bilen) edilýär we 6-njy goşundy boýunça bellenen görnüşdäki sanaw-hasabat resmileşdirilýär.

Pensiýa, kömek puluny alýanlar tarapyndan bank edaralaryna berilýän güwänamalar onuň goýum hasaby boýunça resminamalara çatylýar.

Pensiýalaryň, kömek pulunyň goýum hasabyna geçirilýän möhleti tamamlanandan soň goýum hasabyna bankyň kadalaryna we bank bilen hasap eýesiniň arasynda baglaşylan goýum ylalaşygynyň şertlerine laýyklykda hyzmat edilýär.

27. Pensiýa, kömek puly alýanyň Türkmenistanyň çäginde başga bir etraba (şähere) hemişelik ýaşamak üçin göçen halatynda pensiýany, kömek pulyny tölemek ýazgydan çykan aýyndan başlap togtadylýar we ýaşaýan ýeriniň ýazgysy bolan ýagdaýynda, töleg togtadylan wagtyndan başlap 12 aýdan köp bolmadyk döwür üçin täze ýaşaýan ýeri boýunça tölenip başlanýar.

28. Öz wagtynda talap edilmedik zähmet pensiýalary, şahsy (atly) pensiýalar, toplaýyş pensiýalary şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şertleri boýunça, şeýle hem öz wagtynda talap edilmedik kömek puly pensiýa, kömek puly üçin ýüz tutan aýynyň öň ýanyndaky 12 aýdan köp bolmadyk döwür üçin tölenýär.

Pensiýa, kömek puly belleýän ýa-da töleýän edaranyň günäsi bilen tölenmedik pensiýalar, kömek pullary geçen döwür üçin haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär.

Toplaýyş pensiýasy geçen döwür üçin haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden tölenýär, muňa şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şertleri boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasy girmeýär.

29. Pensiýany, kömek puluny alýanyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden halatynda pensiýany, kömek puluny tölemek çykyp giden aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär.

Pensioneriň bergisi pensiýadan tutulyp alynýan halatlarynda, onuň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidende pensiýalary we pensiýa toplamalary bergini aýyrmak bilen tölenilýär.

30. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidýän, pensiýa ýaşyna ýetmedik adamlara şahsy pensiýa hasaplaryndaky pensiýa toplamalary birwagtda tölenilýär.

31. Pensiýa toplamalaryny birwagtlaýyn tölemek şu halatlarda doly ýa-da bölekleýin möçberde geçirilip bilner:

1) pensiýa ýaşy dolanda, pensiýa toplamalarynyň möçberi pensiýanyň iň pes möçberinden az bolsa;

2) pensiýa ýaşy dolanda, ätiýaçlandyrylan adam pensiýanyň bellenen iň pes möçberinden az bolmadyk möçberde pensiýa alýan bolsa;

3) ätiýaçlandyrylan adamyň pensiýa ýaşyna ýetmänkä möhletsiz I ýa-da II topar maýyby diýlip ykrar edilende, bar bolan pensiýa toplamalary Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýa bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan bellenilýän möçberden az bolanda.

32. 1992-nji ýylyň Nowruz aýynyň 13-indäki Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşýan döwletleriň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligi boýunça hukuklaryny kepillendirmek barada Ylalaşyga gatnaşýan döwletlerden Türkmenistana gelýän adamlara Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgütleriniň, Döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça merkezi toparyň, Döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça etrap (şäher) toparynyň çözgütleriniň esasynda pensiýalary we kömek pullary tölenýär.

33. Gartaşan adamlar we maýyplar üçin töleg öý-internatlarynda (pansionatlarda) ýaşaýan pensionerler aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:

1) zähmet ýa-da şahsy (atly) pensiýasynyň 20 göterimi, ýöne pensiýanyň bellenen iň az möçberiniň 40 göteriminden az bolmadyk möçberde;

2) bellenen toplaýyş pensiýasy doly möçberde.

Gartaşan adamlar we maýyplar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýan, doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlara kömek puluny tölemek bellenen möçberiň 20 göterimi möçberinde tölenilýär, ýöne binýätlyk ulylygynyň 40 göteriminden az bolmaly däldir.

34. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän döwri üçin adamlara zähmet pensiýasy, şahsy (atly) pensiýasy, şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şertleri boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasy, şeýle hem özüne bellenen kömek puly tölenilmeýär we töleg azatlykdan mahrum ediş ýerinden boşan güninden başlap ýola goýulýar, ýöne pensiýa, kömek puly almak barada ýüz tutan pursadyndan öň 12 aýdan köp bolmadyk döwür üçin tölenýär.

Toplaýyş pensiýasy tussaglykdan azatlyga çykanyndan soň doly möçberde tölenilýär, muňa şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şertleri boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasy girmeýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar, 16 ýaşa çenli maýyp çagalar ýa-da kämillik ukyby bolmadyk adamlar üçin döwlet kömek puluny alýan adamyň azatlykdan mahrum edilen ýa-da mejbury bejerişe çekilen halatlarynda görkezilen kömek puly bellenen tertipde başga bir adamyň adyna gaýtadan resmileşdirilýär we hiç hili çäklendirilmezden geçen döwür üçin tölenilýär.

35. Işlemeýän pensionerlere, kömek pulyny alýanlara 62 ýaşy dolanda ýüz tutulan güni bellenen zähmet pensiýasynyň ýa-da şahsy (atly) pensiýasynyň aýlyk möçberinde birwagtlaýyn pul sylagy «Ak goýun» tölenilýär.

Birwagtlaýyn pul sylagy 62 ýaşy dolan gününe çenli durmuş üpjünçiligi edaralarynda hasaba alynandygyna ýa-da alynmandygyna garamazdan tölenýär.

36. Ene-atalarynyň ikisini hem ýitiren çagalara -doly ýetimlere ýa-da ýeke ýaşap aradan çykan enäniň çagalaryna ekleýjisini ýitirendigi boýunça kömek puly olaryň kanuny wekiline (ogullyk alana, howandaryna) bellenilen (doly) möçberinde tölenilýär. Kanuny wekiliň (ogullyk alanyň, howandaryň) islegi boýunça kömek pulunyň belli bir bölegi ýaşaýan ýerine garamazdan bank edaralarynda açylýan goýum hasabyna geçirilip bilner.

Döwletiň doly üpjünçiliginde saklanýan, doly ýetim çagalar olaryň ekleýjisini ýitirendigi boýunça degişli döwlet kömek pulunyň 50 göterimi Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynda açylýan atly hasaplara geçirilýär. Şunda olaryň atly hasaplaryndaky pul serişdelerine Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen gaýtadan maliýeleşdirmegiň göteriminiň pes däl derejesine girdeji hasaplanylýar.

Ýetim çagalara 16 ýaşy dolandan soňra döwlet kömek puly bellenen (doly) möçberde tölenilýär (döwletiň doly üpjünçiligindäki edaralarda bolýan ýetim çagalar muňa girmeýär). Döwletiň doly üpjünçiligindäki edaralarda bolýan ýetim çagalara döwlet kömek pullary bellenen möçberde, şu edaradan çykyp gidileninden soň tölenilýär. Olaryň bank edaralaryndaky atly hasaplarynda toplanan kömek pulunyň möçberi, olaryň kämillik ýaşy dolanda ýazmaça arza bilen durmuş taýdan üpjünçilik edaralaryna ýüz tutmalary esasynda tölenilýär.

37. Çagalaryň goýumlaryna kömek puluny geçirmek barada amallar, olara göterimleri hasaplap ýazmak we tölemek bank edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

38. Ekleýjisini ýitiren çagalar döwletiň doly üpjünçiliginde bolan döwründe ekleýjisini ýitirendigi boýunça döwlet kömek puly tölenilmeýär, doly ýetim çagalar muňa degişli däldir. Kömek pulunyň tölegi şeýle edara kabul edilen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden togtadylýar.

Çaganyň döwletiň doly üpjünçiliginde bolanlygy barada kepilnama, bolan döwrüni görkezmek bilen, çaganyň bolan edarasy tarapyndan berilýär.

39. Pensioner, kömek puluny alýan aradan çykan halatynda zähmet pensiýasynyň, kömek pulynyň, şahsy (atly) pensiýasynyň şeýle hem şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şertleri boýunça toplaýyş pensiýasynyň onuň aradan çykan gününe çenli doly alynmadyk möçberi durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň çözgüdi boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maşgalanyň kämillik ýaşyndaky agzalarynyň birine, olar bolmadyk halatynda jaýlama dessuryny ýerine ýetiren adama tölenilýär.

Şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şerti boýunça töleniýän toplaýyş pensiýasyny alýan adam, ýa-da meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrylan adam, atly pensiýa hasabynda toplamalary bolup, aradan çykan halatynda aradan çykanyň doly peýdalanmadyk pensiýa toplamalaryny tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda miras almak hukugy boýunça geçirilýär.

Pensiýany, döwlet kömek puluny özüniň goýum hasabyna geçirýän alyjynyň aradan çykan halatynda, aradan çykanyň goýum hasabyndan pul serişdelerini almaga Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuk alan mirasdüşeri tarapyndan zähmet pensiýasynyň, şahsy (atly) pensiýanyň, maýyplyk we ekleýjisini ýitirenligi boýunça döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şerti boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasynyň gaýtarylyp berilmeli möçberini pensiýany, döwlet kömek puluny goýum hasabyna geçirýän durmuş taýdan üpjünçilik edarasy kesgitleýär. Zähmet pensiýasynyň, şahsy (atly) pensiýanyň, maýyplyk we ekleýjisini ýitirenligi boýunça döwlet kömek pullarynyň, şeýle hem şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminiň «b» kiçi bölüminiň şerti boýunça tölenýän toplaýyş pensiýasynyň gaýtarylmaga degişli möçberi alyjynyň aradan çykan gününiň yz ýanyndaky günden başlap pensiýanyň, kömek pulunyň goýum hasabyna geçirilmesiniň soňky gezek amala aşyrylan töleg aýynyň ahyryna çenli kesgitlenýär. Pensiýany, döwlet kömek puluny alyjynyň goýum hasabyna, onuň aradan çykanyndan soň artyk geçirilen möçberi mirasdüşer tarapyndan gaýtarylandan soň durmuş taýdan üpjünçilik edarasy, onuň bergisiniň ýoklugy hakynda güwänama berýär.

Goýum hasaby açylan bank edarasy mirasdüşere goýum hasabyndan pul möçberini, diňe onuň bergisiniň ýoklugy barada durmuş taýdan üpjünçilik edarasy tarapyndan berilen güwänama görkezileninden soň gaýtaryp berýär.

40. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny tölemek:

1) çaganyň bir ýarym ýaşynyň dolan;

2) kömek pulyny alýanyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp giden;

3) çaganyň aradan çykan aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär.

41. Maýyplyk boýunça dowlet kömek pulunyň tölegi (muňa ýaşy boýunça pensiýa geçirilmegi girmeýär) şu halatlarda şol aýyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär:

1) maýyplyk möhleti geçende;

2) döwlet kömek pulunyň başga bir gönüşi bellenende, muňa çaga seretmek boýunça kömek puly girmeýär;

3) ýaşy boýunça pensiýa almaga geçirilende-pensiýa bellenilen güninden;

4) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşyna çykyp gidende;

5) kömek puluny alýan aradan çykanda.

42. Ekleýjisini ýitirenligi boýunça dowlet kömek pulunyň tölegi şu halatlarda şol aýyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär:

1) ekleýjisini ýitireniň 18 ýaşy dolanda;

2) ekleýjisini ýitireniň ýokary, ýörite orta hünärmentçilik, şeýle hem dini okuw mekdeplerini tamamlamagy, ýöne eklençdäkiniň 23 ýaşy dolduranyndan soň bolup bilmez;

3) ekleýjisini ýitiren durmuş guranda ýa-da harby gullyga çagyrylanda;

4) ekleýjisini ýitiren hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna gidende;

5) ekleýjisini ýitirene kömek pulunyň beýleki görnüşi bellenilende, muňa çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly girmeýär;

6) kömek puluny alýan aradan çykanda.

Kömek pulunyň paýynyň tölegi, onuň özüne degişli paýyny bölünip berilmegi baradaky arza berlen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.

43. Döwlet durmuş kömek puluny tölemek raýat işe giren halatynda togtadylýar we hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna çykylyp gidilende bes edilýär.

Döwlet kömek puluny tölemegi togtatmak ýa-da bes etmek şu bölümde görkezilen ýagdaýlaryň bolup geçen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.

44. Çykyp gidýän alyjylar boýunça pensiýany, kömek puluny tölemegi öz wagtynda bes etmek üçin jogapkärçilik durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.

IV. Durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri tarapyndan pensiýalary we kömek puluny tölemek üçin namalary resmileşdirmek, olary bank edaralary tarapyndan kabul etmek, tölemek we saklamak

45. Etraplaryň (şäherleriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi toparynyň çözgütleriniň, Döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak boýunça merkezi toparyň çözgütleriniň, etraplaryň (şäherleriň) Döwlet goldawyna mätäç raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamak boýunça merkezi toparyň çözgütleriniň esasynda pensiýa we kömek puluny alýanlaryň her birine şahsy hasap açýar (7-nji we 8-nji goşundylar).

Pensionerleriň we kömek puluny alýanlaryň şahsy hasaplarynyň esasynda durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan pensiýalary kömek puluny tölemek barada töleg sanawy düzülýär (5-nji goşundy).

46. Pensiýalar, kömek puly etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri tarapyndan banklaryň gowşurylýan ýerler boýunça şahamçalaryna (gulluklaryna) bölmek bilen berilýän töleg sanawlarynyň esasynda bank edaralary tarapyndan tölenilýär.

47. Töleg sanawlary etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri tarapyndan tölegleriň görnüşleri we alýanlaryň toparlary boýunça her aýda düzülýär. Geçen döwürde alynmadyk pensiýalar we birwagtlaýyn tölegler üçin 5-nji goşundynyň görnüşi boýunça goşmaça töleg sanawlary iberilýär. Töleg sanawy töleg resminamasy hökmünde bolup, onda alýanlar gol çekýärler.

48. Töleg sanawlary boýunça pensiýalary, kömek puluny tölemek üçin etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi her töleg aýynyň 1-ine çenli töleýji banka töleg resminamalarynyň toplumyny iberýär, bu toplum esasy töleg sanawyndan (aýyň 15-ine çenli goşmaça töleg sanawyndan), bank bölüminiň şahamçasy (gullugy) boýunça sanaw-hasabatyndan (6-njy goşundy), P-8 görnüşde tölege goýberilen töleg sanawyndan (9-nji goşundy) we bank bölümi üçin berlen töleg sanawynyň goşulýan ýazgysyndan (10-njy goşundy) ybaratdyr.

Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi elektron göterijilerde (ulgamyň üsti bilen) töleg sanawyň nusgasyny Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine iberýär.

49. Töleg resminamalaryny we hasabatlary (5, 6, 9, 10-njy goşundylar, töleg sanawyň (goşmaça töleg sanawyň) kesilip gaýtarylýan bölegi) bank edaralary getirýär.

50. Töleýji bankyň jogapkär ýerine ýetirijisi pensiýalary, kömek puluny tölemek baradaky resminamalary kabul etmek bilen, töleg sanawyň, goşulýan ýazgylaryň we sanawlaryň dogry resmileşdirilendigini, olarda etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň wezipeli adamlarynyň gollarynyň we möhürleriň bardygyny barlaýar, şondan soň P-8 görnüşdäki töleg sanawlaryna we sanawlara goşulýan ýazgylaryň ikinji nusgasyna gol çekýär we etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine gaýtarýar.

51. Goşulýan ýazgylar we sanawlar töleg sanawlary bilen deňeşdirilip barlananda tapawutlar ýüze çykarylan halatynda bu resminamalar haýal etmän etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine gaýtarylýar. Şonda yzyna gaýtarylmagynyň sebäbi görkezilýär.

52. Töleg döwründe aýry-aýry pensiýa, kömek puluny alýanlara pensiýany, kömek puluny tölemegi togtatmak zerurlygy ýüze çykanda, etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi töleýji banka aýyrmak baradaky birgezeklik goşmaça sanawy (11-nji goşundy) we tölegi bes etmek barada töleg sanawyny (12-nji goşundy) iberýär.

53. Bank edaralary raýatlara pensiýalary, kömek pullaryny tölemegi, maddalara bölünişini göz öňünde tutmak bilen, görkezilen tölegler üçin gelip gowşan serişdelerden amala aşyrýarlar.

54. Töleg döwründe haýsydyr bir sebäbe görä alynmadyk zähmet ýa-da şahsy (atly) pensiýanyň, kömek pulunyň möçberleri bank edaralary tarapyndan bank hasabatynyň tabşyrylan güni, sanawa laýyklykda maddalar boýunça görkezmek bilen, doly möçberde durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň gaznaçylyk hasabyna gaýtarylmaga degişlidir.

Pensiýa alyjylara tölenilmedik toplaýyş pensiýalarynyň we pensiýa toplamalarynyň möçberleri bank edaralary tarapyndan bank hasabatynyň tabşyrylan güni doly möçberde durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň hasabyna gaýtarylmaga degişlidir.

55. Durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri her aýda geçirmek ýoly bilen, zähmet pensiýasynyň, şahsy (atly) pensiýanyň we kömek pulunyň tölenen möçberleriniň (raýatlaryň goýum hasaplaryna geçirilen zähmet pensiýasynyň, şahsy (atly) pensiýanyň, kömek pulunyň möçberini hasaba almak bilen) 0,8 göterimi (GBÜS hasaba almak bilen) möçberinde, toplaýyş pensiýasynyň hem-de pensiýa toplamalarynyň tölenen möçberiniň (raýatlaryň goýum hasaplaryna geçirilen toplaýyş pensiýasynyň hem-de pensiýa toplamalarynyň möçberini hasaba almak bilen) 0,1 göterimi (GBÜS hasaba almak bilen) möçberinde bank hyzmatlary üçin tölegleri bank hasabaty berlen gününden soň üç gün möhletde geçirýärler.

Bank edaralary şu Düzgünnama laýyklykda geçirilen raýatlaryň goýum hasaplaryndan zähmet pensiýalaryny, şahsy (atly) pensiýalaryny we toplaýyş pensiýalaryny, kömek puluny tölänlerinde şu bölümde göz öňünde tutulan hyzmatlar üçin tölegleri almaýarlar.

56. Pensiýalardan, kömek pulundan tutup almalar (ýerine ýetiriş resminamalary boýunça alimentler we beýlekiler) durmuş taýdan üpjünçilik edarasy tarapyndan gaznaçylyk bölümleriniň, bank edaralarynyň üstünden, töleg tabşyryklary boýunça degişli alýanlaryň hasaplaryna geçirmek ýoly bilen geçirilýär.

Toplaýyş pensiýasyndan tutumlar (ýerine ýetiriş resminamalary boýunça alimentler we beýlekiler) durmuş taýdan üpjünçilik edarasy tarapyndan töleg tabşyryklary boýunça Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň ýörite hasabyndan degişli alýanlaryň hasabyna, pensioneriň şahsy pensiýa hasabyndan tutulyp alnan pul möçberlerini öçürmek bilen geçirilýär.

57.Türkmenistanyň «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Bitewi kanunynyň 53-nji maddasynyň 3-nji bölümine laýyklykda, artyk tölenen zähmet pensiýasy üçin tutulyp alnan pul möçberleri Türkmenistanyň merkezleşdirilen býujetiniň girdejileriniň hasabyna 208060 belgi boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň «Beýleki salgyda degişli bolmadyk girdejiler» atly Klassifikasiýasyna geçirilýär.

58. Bankyň bölümlerinde pensiýalary, kömek pullaryny alýanlaryň gollary çekilen töleg resminamalary bäş ýylyň dowamynda pul resminamalary hökmünde saklanýar. Görkezilen saklamak möhleti geçenden soň töleg resminamalary bellenen tertipde ýok edilmäge degişlidir.

V. Hasabatlylyk we gözegçilik

59. Zähmet pensiýalarynyň, şahsy (atly) pensiýalaryň, toplaýyş pensiýalarynyň, kömek pullarynyň, şeýle hem pensiýa toplamalarynyň tölenen we alynmadyk möçberleri baradaky hasabat bank bölümleri tarapyndan hasabat aýynyň 25-inden gijä galman durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna tabşyrýar.

Görkezilen hasabat döwründe bankyň şahamçalary (gulluklary) bankyň bölümine “Sanaw-hasabaty” tabşyrýarlar.

“Sanaw-hasabata” töleg sanawynyň kesilip gaýtarylýan bölegi goşulýar. Bankyň bölümleri şahamçalaryň (gulluklarynyň) sanaw-hasabatlaryna degişli ýazgy düzýärler (13-nji goşundy). Şahamçalaryň (gulluklarynyň) hasabatlaryna degişli ýazgylar oňa “Sanaw-hasabaty” (6-njy goşundy) we töleg sanawyň kesilip gaýtarylýan bölegini goşmak bilen, etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine tabşyrylýar.

60. Bank hasabatlarynda düzedişler bellenen tertipde geçirilýär, töleg resminamalaryna düzediş girizmäge ýol berilmeýär.

Töleýji bank ýokarda görkezilen hasabatlardan başga-da, her aýda durmuş taýdan üpjünçilik bölümine alýanlaryň arzasy boýunça pensiýalary, kömek pullaryny öýlerine eltip bermek arkaly pensiýa, kömek pulyny alýanlaryň töleg sanawlarynyň nusgasyny tabşyrýarlar.

61. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi pensiýalaryň, kömek pullarynyň tölenendigi baradaky hasabaty 12-nji görnüş boýunça bank hasabatyna degişlilikde, her hasabat aýynyň 5-ine çenli degişli ykdysadyýet we maliýe bölümine tabşyrýar.

Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi raýatlaryň şahsy hasaplary boýunça geçirilen çykdajylary görkezmek üçin Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine tölenen toplaýyş pensiýalary we pensiýa toplamalary barada hasabat berýär.

62. Bankyň şahamçasy (gullugy) boýunça töleg sanawlar boýunça alýanlaryň her birine tölenen pensiýalaryň, kömek pullarynyň möçberi baradaky hasabatlar 10-a görnüşiň sanawyna ýazylýar (14-nji goşundy), soňra 10-a görnüşiň sanawy boýunça amallar güni tamamlanýança ösýän jem bilen sanawyň her sahypasynda tölenen pul möçberiniň jemi hasaplanýar. Amallar gününiň jemlerine bankyň şahamçasynyň (gullugynyň) ýolbaşçysy we pul hanaçy (hasapçysy) gol çekýär. Şu aýda alynmadyk we durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna gaýtarylmaga degişli pensiýalaryň, kömek pulunyň möçberleri boýunça 10-b görnüş (15-nji goşundy) boýunça aýratyn sanaw düzülýär.

10-a görnüş boýunça sanaw üç nusgada düzülýär we alýanlaryň her bir topary boýunça aýratyn doldurylýar. Düzülenden soň onuň bir nusgasy bank edarasy tarapyndan her hepdede etrabyň (şäheriň) gazna bölümine, beýleki nusgasy etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine berilýär.

10-b görnüş boýunça sanaw üç nusgada düzülýär we alýanlaryň her bir topary boýunça aýratyn doldurylýar. Düzülenden soň onuň bir nusgasy bank edarasy tarapyndan her aýda etrabyň (şäheriň) gazna bölümine, beýleki nusgasy etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine berilýär.

63. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri her aýda etraplar we şäherler boýunça birwagtlaýyn sylagyň tölenen möçberleri barada Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine hasabat berýärler.

64. Bank edaralary tarapyndan pensiýalaryň, kömek pullarynyň dogry we doly tölenişine gözegçilik durmuş taýdan üpjünçilik, ykdysadyýet we maliýe hem-de bank edaralary tarapyndan her aýda, pensiýalary, kömek puluny tölemek we tölenilmedik möçberlerini yzyna gaýtarmak boýunça bankyň hasabatyny şu aşakdaky tertipde deňeşdirip barlamak bilen amala aşyrylýar:

etraplarda (şäherlerde) – etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri, etrap (şäher) ykdysadyýet we maliýe bölümleri hem-de pensiýany, kömek puluny töleýän etrap (şäher) bank edaralary tarapyndan;

welaýatlarda – welaýatlaryň durmuş taýdan üpjünçilik müdirlikleri, welaýatlaryň baş ykdysadyýet we maliýe müdirlikleri, pensiýa, kömek puluny töleýän banklaryň welaýat dolandyryş edaralary tarapyndan;

merkezi derejede – Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi, banklar pensiýa, kömek puluny töleýän düzüm bölümleriniň üsti bilen.

Deňeşdirmäniň netijesi 16-njy goşundy boýunça görnüşde «Tölenen zähmet, şahsy (atly) pensiýalary we döwlet kömek pullary baradaky maglumatda» görkezilýär.

65. Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi töleg döwründen soňky aýyň 16-syndan gijä galman Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligine bank edaralarynyň üsti bilen tölenen pensiýalaryň we kömek pullarynyň möçberleri baradaky hasabaty (17-nji goşundy), pensiýalary we kömek pullaryny tölemek üçin geçirilen çykdajylar we tutulyp alnan we geçirilen pul möçberleri barada hasabaty (18-nji goşundy) tabşyrýar.

 

 

 

 | Esasy  | Indiki |