| Esasy  | Indiki |

 

Türkmenistanyň Durmuş taýdan

 üpjünçilik ministriniň

2010-njy ýylyň «13» ýanwaryndaky

5 - Ö belgili buýrugy bilen

tassyklanyldy

Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertlerinde işlän

raýatlara zähmet pensiýasyny bellemegiň we tölemegiň

T E R T I B I

I. Umumy düzgünler

1. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertlerinde işlän raýatlara zähmet pensiýasyny bellemegiň we tölemegiň şu Tertibi (mundan beýläk-Tertip) «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda işlenilip düzüldi we doly iş gününiň dowamynda aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlara zähmet pensiýasyny (mundan beýläk-ýeňillikli pensiýa) bellemegiň we tölemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Şu tertipdäki ulanylýan adalgalar, şu manylary özünde jemleýär:

Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri – ýerasty işler, zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işler;

Arza beriji (ýüz tutujy) - «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda ýeňillikli pensiýa hukugy bolan, pensiýany belletmek üçin ýüz tutan Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy ýok adamlar;

Sanaw - Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan, doly iş gününiň dowamynda aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlara ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuk berýän işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawy;

Ýeňillikli pensiýa- doly iş gününiň dowamynda aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlara bellenilýän zähmet pensiýasy;

Merkezi Topar-Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň pensiýalary bellemeklik boýunça Merkezi topary;

Iş beriji- eýeçiligiň görnüşine garamzadan, ýüz tutujynyň zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertleri bolan işlerdäki zähmedini ulanan, kärhana, edara, gurama (mirasdüşer, ýokary gurama);

Ýeňillikli pensiýany alyjy- iş beriji tarapyndan borçlanyp, onuň hödürnamasy esasynda, «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň
23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji we 7-nji bölümlerine laýyklykda Merkezi Topar tarapyndan bellenilen pensiýa ýaşy dolýança ýeňillikli pensiýany alýan adam;

Pensiýa resminamasy- «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 1-nji we 7-nji bölümlerinde bellenilen pensiýa ýaşy dolýança, ýüz tutuja Merkezi topar tarapyndan bellenilen ýeňillikli pensiýany her aýda tölemeklige esas bolup durýan iş berijide saklanýan resminamalaryň jemlenilen işi.

 

II. Ýeňillikli pensiýa bolan hukuk

3. Doly iş gününiň dowamynda aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlar:

erkek adamlar – 52 ýaşy dolanda; 25 ýyldan az bolmadyk iş döwri we bellenilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän bolsalar;

aýal maşgalalar – 48 ýaşy dolanda; 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri we bellenilen işlerde azyndan 7 ýyl 6 aý işlän bolsalar ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuklary bardyr.

4. Agzalan işlerde bellenen möhletleriň azyndan ýarysyny işlän, erkek adamlar üçin – 25 ýyldan, aýal maşgalalar üçin – 20 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolan ýagdaýynda raýatlara umumy esaslarda bellenen ýaşy (erkek adamlar – 62 ýaşy, aýal maşgalalar – 57 ýaşy dolanda) şu işlerde işlenen doly ýyl üçin bir ýyly kemeltmek bilen pensiýa bellenýär.

5. Ýeňillikli pensıýany we şol bir wagtda cagasy 3 ýaşyny doldurýança döwlet kömek puluny hem almaga hukugy bolan ýuz tutujy, bellenilen ýenillikli pensiýany bu kömek puluny alýanlygyna garamazdan tölenilmelidir.

6. Raýatlaryň ýeňillikli pensiya bolan hukugyny kesgitlemek üçin, iş beriji tarapyndan yüz tutujynyň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertli işlerde işlän döwürlerinden Türkmenistanyň zähmet Kodeksine laýyklykda berilen durmuş rugsady döwürleri hasaba alynmaýar.

 

III.      Yenillikli pensiyany bellemeklik üşin yuz tutmaklyk

7. Şu Tertibiň 3-nji bölüminde bellenen ýaşy dolan şol bir wagtda talap edilýän umumy iş döwri, şol sanda aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertlerde iş döwri bolan raýatlar, iş berijä ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi üçin haýsy hem bolsa şular ýaly işlerde işlän edarasyna özüniň saýlamagy bilen haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden, islendik wagtda ýüz tutýar.

8. Zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işlän raýatyň zähmedinden peýdalanan kärhananyň, edaranyň, guramanyň, ýatyrylan ýa-da eýesiniň üýtgedilen ýagdaýynda, ýeňillikli pensiýany bellemek üçin, şol iş berijiniň hukuk oruntutaryna, ýüz tutujynyň özüniň işlän ýerini saýlamagy bilen, ýüz tutýar.

9. Zähmetiň zyýanly we aýratyn agyr şertlerinde işlän raýatyň zähmedinden peýdalanan kärhananyň, guramanyň, edaranyň ýapylan ýagdaýynda we onuň hukuk oruntutarynyň bellenilmedik ýagdaýynda ýüz tutujy ýeňillikli pensiýa bellemek üçin şol kärhananyň ýokarky guramasyna, ýüz tutýär.

10. Ýokarky guramasy bolmadyk halatynda, ýüz tutujy ýeňillikli pensiýany bellemek üçin ýaşaýan ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň üsti bilen Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine arza bilen ýüz tutýar. Şular ýaly ýagdaýda hukuk oruntutarynyň we ýokarky guramasynyň ýoklugy resmi taýdan tassyklanmaly.

11. Iş beriji ýüz tutuja ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin resminamalary taýýarlamakda hem-de taýýarlanan maglumatlaryň dogrylygyny üpjün etmekde ýardam bermeklige borçlydyr.

12. Iş beriji yeňillikli pensiyany bellemeklik üçin beyleki is berijilerden,  ministrliklerden, dolandyryş edaralaryndan we arhiw guramalardan gerek bolan resminamalary soramaklyga we almaklyga hukugy bardyr.

 

IV. Ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin resminalary taýýarlamak, hödürlemek, kabul etmek we olary bellige almak

13. Şu tertibiň 17-nji bölüminde görkezilen ýeňillikli pensiýa bellemeklik üçin resminamalary iş beriji tarapyndan jemlenmelidir.

14. Ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi üçin resminamalary iş beriji özüniň ýerleşýän ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine iberýär.

15. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi iş berijiden we raýatlardan maglumatlaryň takyklanmagyny ýa-da raýatlaryň aýratyn agyr şertlerinde işlänligini tassyklaýan, iş hakyny ýa-da ýeňillikli pensiýanyň möçberini hasaplamak we hukugyny kesgitlemek üçin tassyklaýjy goşmaça resminamalary talap etmäge hukugy bardyr.

Arza kabul edilende ýüz tutyja arzanyň bellige alnan senesini, kabul eden jogapkär işgäriň familiýasyny, wezipesini, görkezmek bilen dilhaty-habarnama berilýär.

16. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi, ýeňillikli pensiýany bellemek üçin talap edilýän resminamalardaky maglumatlaryň dogrulygyny hem-de olaryň resmileşdirilişini barlamak bilen olaryň nusgalaryny asyl nusgalary bilen gabat gelişini deňeşdirip resminamalary we arzalary kabul ediş žurnalynda bellige alýar.

17. Ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin şu resminamalar berilýär:

a) arza;

b) pasportyň göçürmesi;

ç) islendik yzygiderli bäş senenama ýylynda iş haky barada güwänama, baýraklaryň we beýleki goşmaça tölegleriň esaslandyrylyjy tassyknamasy bilen;

d) zähmet depderçesiniň nusgasy we beýleki iş döwrüni tassyklaýan resminamalar;

e) ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işländigi barada iş beriji tarapyndan berilen kepilnama (nusgasy goşulýar).

18. Iş döwürlerine goşulýan aýratyn döwürleri tassyklamak üçin:

1) harby bilediniň nusgasy ýa-da çagyryş boýunça harby gullukda we içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürler boýunça harby wekilliginden kepilnama;

2) okuw jaýyny okap tamamlanlygy baradaky diplomyň, şahadatnamanyň, nusgasy hem-de okuw baradaky maglumatlary özünde saklaýan güwänamalar ýa-da beýleki resminamalar berilýär.

19. Iş döwrüniň, şahsy koeffisientiniň hasaplanylyşy, pensiýanyň möçberiniň hasaplanylyşy we pensiýa resminamalarynyň resmileşdirilişi Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň 2007-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky ¹107-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ¹443 belgide Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynan pensiýalary bellemek we gaýtadan hasaplamak baradaky Gollanmanyň talaplaryna laýyklykda etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi tarapyndan amala aşyrylýar.

Ýüz tutujy ýeňillikli pensiýanyň hasaplanan möçberi bilen tanyşmaklyga haklydyr.

20. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi, pensiýa işini resmileşdirýär we Merkezi toparyň garamagyna iberýär.

 

V. Ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde iş döwürleriniň hasaplanylyşynyň aýratynlygy

21. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän raýatlara olaryň iş döwrini şular ýaly işde işlän ýeri boýunça iş beriji tarapyndan hasaplanylýar.

22. Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlän döwürleri hasaplanylanda Türkmenistanyň zähmet Kodeksine laýyklykda berilen bu işlerde işlän döwürlerinde berilen durmuş rugsady döwürleri hasaba alynmaly däldir. Bu rugsatlara şular degişlidir:

a) göwrelilik we çaga dogurmaklyk boýunça zähmet rugsady;

b) çaga seretmek boýunça zähmet rugsady;

ç) önümçilikden üzňesiz ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, ýörite orta we ortaky hünär öwrediş okuw edaralarynda gijeki-gaýybana (gijeki) we gaýybana okaýanlara synaga gatnaşmak üçin rugsady;

g) diplom işini taýarlamak (ýazmak) üçin rugsat;

d) döredijilik rugsady.

 

VI. Ýeňillikli pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin iş hakynyň hasaba alynylyşy.

23. Ýeňillikli pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin, raýatlaryň ähli iş döwründen islendik, yzygiderli bäş senenama ýyldaky, iş beriji tarapyndan  Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň tassyklan ýa-da arhiw guramalarynyň berýän görnüşinde, iş haklary baradaky maglumatlaryň esasynda hasaplanylýar.

 

VII. Ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi

24. Ýeňillikli pensiýany bellemeklik barada ýüz tutujynyň etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine arza beren (bellige alynan) gününden, ýöne  hukuk dörän gününden ir bolmadyk wagtdan bellenilýär.

25. Ýeňillikli pensiýa iş berijiniň (hukuk oruntutarynyň, ýokarky guramasynyň) hödürnamasynyň esasynda Merkezi Topar tarapyndan bellenilýär.

26. Merkezi Toparyň pensiýany bellemek hakyndaky çözgüdi we raýatyň pensiýa resminamasy iş berijiniň (hukuk oruntutarynyň, ýokarky guramasynyň) ýerleşýän ýeri boýunça etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine iberilýär.

27. Etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümi ýeňillikli pensiýa bellenen ýüz tutujynyň  pensiýa işini iş berijä (onuň hukuk oruntutaryna, ýokarky guramasyna) bellenilen möçberde tölenilmegi üçin  geçirmek bilen ýüz tutujyny habarly edýär.

28. Merkezi Topar ýeňillikli pensiýany bellemedik ýagdaýynda, 10 günüň dowamynda ýüz tutujyny hem-de iş berijini bellemänliginiň sebäplerini we şikaýat etmekligiň tertibini düşündirmek bilen hat arkaly habar berýär. Bu ýagdaýda pensiýa resminamasy ýüz tutuja gaýtarylyp berilýär.

 

VIII. Ýeňillikli pensiýany gaýtadan hasaplamak

29. Ýeňillikli pensiýanyň tölenilýän möçberini indeksirlemek, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda, ony töleýän iş beriji tarapyndan (hukuk oruntutary, ýokarky guramasy) amala aşyrýar.

30. Tölenilýän ýeňillikli pensiýanyň möçberiniň gaýtadan hasaplanylmagy şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar:

a) iş döwrüni ýa-da okuw döwrüni tassyklaýan goşmaça maglumatlary berilen ýagdaýynda, bar bolan iş (gulluk) döwründen başga yzygiderli 5 senenama ýylynyň iş haklaryny getiren ýagdaýynda;

b) tölenilýän pensiýanyň möçberine täsir edýän maglumatlarda nätakyklyk ýüze çykanda.

Görkezilen ýagdaýlarda pensiýanyň gaýtadan hasaplanylmagy ýeňillikli pensiýanyň belleniş tertibinde amala aşyrylýar.

 

IX. Ýeňillikli pensiýanyň tölegi

31. Ýeňillikli pensiýa, şeýle pensiýany alýan adamynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň umumy esaslarynda bellenen pensiýa ýaşyna ýetýänçä tölenilýär:

a) hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalar, guramalar we edaralar olaryň  eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, öz serişdeleriniň hasabyna. Iş berijiniň serişdeleriniň ýetmedik ýa-da ýok ýagdaýynda pensiýalar olaryň ýokarky guramasynyň serişdeleriniň hasabyna tölenilip biler;

b) býujetiň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän – kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna tölenilýär.

32. Kärhananyň üýtgedip gurulan ýagdaýynda ýa-da eýesiniň çalşylan ýagdaýynda edara tarapyndan bellenilen pensiýa hukuk oruntutary ýa-da ýapylan edaranyň ýokarky guramasy tarapyndan tölenilýär.

Edaranyň, guramanyň, kärhananyň ýatyrylyp onuň hukuk oruntutarynyň bellenilmedik hem-de ýatyrylan edaranyň ýokarky guramasynyň ýok ýagdaýynda, ýeňillikli pensiýa Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna zähmet pensiýalaryny tölemek üçin göz öňünde tutulan tertipde tölenilýär.

33. Iş beriji (onuň hukuk oruntutary, ýokarky guramasy) ýeňillikli pensiýalaryň tölegini gönüden-göni özüniň buhgalteriýasynyň üsti bilen ýa-da, şeýle pensiýany alýanyň islegine görä bank edarasynda açylan goýum hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrýar.

34. Işleýän raýatlara ýeňillikli pensiýa doly möçberde tölenilýär.

35. Ýeňillikli pensiýa aýba aý üstündäki aý üçin tölenilýär.

 

X. Pensiýa üpjünçiligi meseleleri boýunça jedelleri çözmek.

Ýeňillikli pensiýadan tutup galmak.

36. Ýeňillikli pensiýa bolan hukuk we onuň möçberini kesgitlemek meseleler boýunça jedeller Merkezi Topar ýa-da kazyýet tarapyndan çözülýär.

37. Ýeňillikli pensiýa boýunça artyk tölenen pullary tutup galmak baradaky jedeller kazyýet tarapyndan çözülýär.

38. Ýeňillikli pensiýa boýunça artyk tölenen pullary tutup galmak Türkmenistanyň Kanunçylygynda bellenilen tertipde pensiýany tölän kärhana, edara ýa-da gurama tarapyndan amala aşyrylýar.

39. Artyk tölenenligi üçin ýeňillikli pensiýadan tutulan pullar:

hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň öz hasaplaryna;

döwlet býüjetinden maliýeleşdirilýän kärhanalar, guramalar we edaralar we durmuş taýdan üpjünçilik edaralary Türkmenistanyň Merkezileşdirilen büjetinå geçirilýär.

40. Ýeňillikli pensiýa boýunça artyk tölenen pullar «Durmuş üpjünçilik hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyň 52-nji maddasyna laýyklykda tutulýar.

 

ÕI. Jemleýji düzgünler

41. Şu tertipde ýeňillikli pensiýa degişli beýan edilmedik beýleki meseleler Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň 2007-nji ýylyň 28-nji awgustyndaky 107-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyp, 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda 443 belgide Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan bellige alynan Pensiýalary bellemek we gaýtadan hasaplamak baradaky Gollanma laýyklykda düzgünleşdirilýär.

 

 

 | Esasy  | Indiki |