| Esasy  | Indiki |

PP-5587    22.04.2010

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň

ýanýoldaşlarynyň, şeyle hem tylda zahmet çeken

weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini

köpeltmek hakynda

1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gerçeklerimizin görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hem-de beýik ýeňşini hormatlamak, şeyle hem Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zahmet çeken weteranlaryň durmuş-ýaşaýyş derej esini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1.    2010-njy ýylyň 1-nji maýyndan:

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň we olaryň ýanýoldaşlarynyň, şeyle hem tylda zahmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň möçberini 20 göterim köpeltmeli;

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň ayda iň pes möçberini 522 manat, iň ýokary möçberini 696 manat möçberde bellemeli;

Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zahmet çeken weteranlaryň pensiýalarynyň ayda iň ýokary möçberini 638 manat möçberde bellemeli.

2.    Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi, Türkmenistanyň Durmuş taydan üpjünçilik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde işläp taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

3.    Şu Permanyň yerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary T.Japarow, H.Saparlyýew, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow, Türkmenistanyň Maliye ministri A.Goçyýew, Türkmenistanyň Durmuş taydan üpjünçilik ministri B.Şamyradow hem-de Türkmenistanyň Yokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýew gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

 

 

| Esasy  | Indiki |