| Esasy  | Indiki |

PP-5588    22.04.2010

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda

gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli sylaglamak

we sowgatlary gowşurmak hakynda

19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny hem-de uruş ýyllarynda tylda zahmet çeken ak saçly enderimizin görkezen nusgalyk edermenligini hormatlap, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde alyp barýan asylly işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlaryny göz önünde tutup, şeyle hem Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

1.    2010-njy ýylyň 9-njy maýynda 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli, goşulýan sanawa laýyklykda uruş weteranlaryny 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygyna diyen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

2.    Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň hâkimlikleri, Türkmenistanyň Uruş weteranlarynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky guramasynyň Merkezi Geňeşi 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 65 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeyle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmaly.

3.    Türkmenistanyň Maliye ministrligi şu Permanyň 2-nji bölüminde görkezilen sowgatlary Türkmenistanyň Döwlet býujetinin serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmeli.

4.    Durmuş üpjünçiligi hakyndaky Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 136-njy maddasynyň 1-nji böleginiň 4-nji bendine laýyklykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi 19411945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň Ministrligiň garamagyndaky şypahanalarda 2010-njy ýylda bir gezek bir aý möhlete çenli dynç almaklaryny mugt üpjün etmeli.

5.    Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Türkmenhaly döwlet paýdarlar korporasiýasy şu Permanyň 2-nji bölümine laýyklykda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň hâkimliklerini gymmat bahaly sowgatlar bilen býujetden maliýeleşdirilýän edaralar üçin bellenen nyrhlardan üpjün etmeli.

6.    Şu Permanyň yerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary H.Saparlyýew, T.Japarow, H.Muhammedow, Türkmenistanyň Goranmak ministri Ý.Berdiýew, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň hâkimleri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Saparlyýew gözegçilik etmeli.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow

 

 

 

| Esasy  | Indiki |