| Esasy | Indiki |

Türkmenistanda ýaşulylar alada we hormat bilen gurşalyp alnandyr

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda geçirilen

Ýaşulularyň Halkary güni mynasybetli

dabarada

Oktýabr aýynyň ilkinji güni, bütin dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Ýaşulularyň Halkara güni hökmünde bellenilip geçirlýär.

Öz ene-atasyna, ýaşuly adamlara hormat goýmak gadym döwürlerden bäri türkmenlere mahsus häsiýetleriň biridir. Gartaşan ene-ata, adatça, kiçi ogly bilen bir öýde ýaşaýar. Çagalary öz ene-atasyny hiç wagtda ýeke goýmaýarlar. Türkmenistanda gartaşan adamlar öz çagalarynyň, agtyklarynyň, çowluklarynyň aladasy bilen gurşalyp alnandyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip, şol Kanun esasynda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününi belläp geçmegi karar etdi. Bu kanun Türkmenistanyň halky tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilip, gartaşan adamlar barada garyndaşlarynyň edýän aladasy bilen bir hatarda, olara Türkmenistanyň Hökümeti, şäherleriň we obalaryň häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan aýratyn üns berilmegine mümkinçilik döretdi. Ýaşulylar özleri barada her taraplaýyn alada edilmegine we goldawa mynasypdyrlar. Olar ýaşlyk döwürlerinde uruş belasyna, beýleki agyr kynçylyklara döz gelmeli bolan ömürlerini geljekki nesilleriň abadan, parahat durmuşyna bagyşlapdylar.

Türkmenistanyň Hökümeti öz halky, aýratyn hem ýaşuly nesil barada ähli babatda alada etmek bilen, baş maksady adamlaryň abadan durmuşuny üpjün etmek bolup duran giň gerimli durmuş reformalarynyň strategiýasyny takyk kesgitledi. Döwletiň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasaty ilatyn hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir, durmuş ulgamynda döwletiň adamlaryň ýaşaýşy, olaryň neijeli zähmet çekmekleri we doly manysynda dynç alyp bilmekleri üçin amatly şertleri döretmek baradaky aladasy esasy ugur bolup durýar.

Türkmenistanda gazanylan ykdysady üstünlikler ilaty tebigy gaz, elektrik energiýasy, agyz suwy we nahar duzy bilen mugt üjün etmäge mümkinçilik berýär. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary we maýyplary jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanýarlar. Raýatlaryň beýleki toparlarynyň hem görkezilen hyzmatlar üçin tölegleri ujypsyz bolup durýar, Awtomobil eýeleri adaty zerurlyklar üçin ýeterlik bolan möçberde benzin bilen mugt üpjün edilýärler.

Garrylar gününe weteranlara özleriniň näçe ýaşandyklaryny ýatladylýan gün hökmünde däl-de, ýaşuly adamlara aýratyn üns berilýän, olaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenlikleriniň öňünde baş egilýän, olaryň zähmetde, ýaş nesli terbiýelemekde bitiren işleriniň ykrar edilýän, şu günlerde jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirilýän gün  hökmünde seredilýär.

Türkmenistanda Ýaşulularyň halkara gününiň baýram edilmegi ýaşuly adamlaryň meselelerine jemgyýetçiligiň ünsüni giňden çekýär; jemgyýetiň demografik taýdan garramagy meselesi, ýaşuly adamlaryň hususy we durmuş islegleri, olaryň jemgyýetiň ösüşine goşýan goşantlary, ýaşuly adamlara bolan gatnaşygy üýtgetmegiň zerurlugy barada jemgyýetçiligiň habarlylylyk derejesini ýokarlandyrmak; gartaşan adamlaryň garaşsyzlygyny, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmaklaryny, olara seredilmegini, içerki mümkinçilikleri peýdalanmak we olaryň mertebesini saklamak üçin şertleri üpjün etmek şol işleriň esasylary bolup durýar.

Ýaşulularyň halkara gününde köp ýurtlarda mugt konsertler guralmagy, oýunlar, kinolar görkezilmegi, dynç alyş agşamlarynyň, ýaşuly adamlaryň arasynda çeper höwesjeňleriň bäsleşikleriniň geçirilmegi, uzak ýaşan adamlaryň hormatlanmagy, weteranlaryň şahsy sergileriniň guralmagy we garrylaryň gününe bagaşlanan beýleki çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan üçin hem häsiýetlidir.

2008-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanda ilkinji gezek döwlet derejesinde Ýaşulularyň halkara güni baýram edildi, ähli etraplarda, şäherlerde we ýurduň paýtagtynda dabaraly çäreler, konsertler, duşuşyklar geçirildi. Tanymal ýaşuly adamlara gymmat bahaly we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşulylar gününde üpjünçiligi pes, ýeke ýaşaýan, gartaşan raýatlara, ýaşuly maýyp adamlara aýratyn üns berildi. Olaryň hemmesine maddy kömek berildi, durmuş üpjünçiligi edaralarynyň işgärleri bolsa baýramçylyk gününiň öňýanynda dürli durmuş-ýaşaýyş hyzmatlaryny etdiler.

Türkmenistanda durmuş hyzmatyna mätäç gartaşan raýatlara we maýyplara, olayň öýlerinde ýa-da ýatymlaýyn şertlerde ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan hyzmat edilýär. Hyzmat etmegiň şunuň ýaly görnüşi olaryň adaty ýaşaýyş gurşawyny saklap galmaga mümkinçilik berýär. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar we uruş maýyplary, BWU-nda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary, ýalňyz ýaşaýan garrylar we maýyplar, şeýle raýatlaryň howandarlyk edilmegine mätäç beýleki toparlary hyzmatyň görkezilen görnüşleri bilen gurşalyp alnandyr.  

Adamyň ýüregi näçe işjeň bolsa onuň şonça hem haýal garraýandygy mälimdir. Gartaşan ýaşynda adam gyzykly iş bilen meşgul bolsa, garrylyk daşda galar. Ol işiň nähilidigine bagly däldir. Her bir günden kanagat tapmak esasy zatdyr. Adam durmuşdan şatlyk tapýan wagtynda ýaş bolup galýar.

Ýaşalan ýyllar, geçilen synaglar, toplanan tejribe – ýaşulylaryň iň esasy  baýlygy ine, şulardan ybaratdyr. Şatlykly, gaýgy-gamsyz günleriň, batyrgaý umyt-arzuwlayň ornuna paýhas, sabyr-takat, agraslyk gelýär.

Ýaşulularyň halkara güni ýaşuly nesle üns berilmegini, olar barada aladany dowam etdirmäge, durmuşda bitiren işleri üçin olara minnetdarlyk bilmäge, olaryň ýanynda bolmaga mümkinçilik berýär.

Mätäç adamlara maddy kömek bermegiň ýakymlydygy şübhesizdir, emma ýaşuly adamlar diňe baýram güni däl, eýsem hemişe ýakynlarynyň, çagalarynyň, agtyklarynyň özleri barada alada etmeklerini, olardan gowy habarlar, mährem sözler eşitmegi isleýärler.

Psihologlar 70 ýaşda-da güýç-kuwwaty duýmak üçin özüňe berlen ýyllary şadyýan ýaşamaly diýip hasap edýärler. Bu babatda her günki alada, hormat, öz öýüňde ýakyn adamlaryň arasynda rahat ýaşaýyş esasy rol oýnaýar. Şunuň ýaly şertleri döretmek her bir adamyň islegi, ýaş nesliň bolsa ýaşuly adamlaryň öňündäki borjy bolup durýar.

Bütin dünýäde her ýylda bellenilip geçilýän Ýaşulular güni ýaşuly adamlaryň durmuşy üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam etjekdigi, ony unudanlara bolsa ýadyna saljakdygy şübhesizdir.

Ýaş neçsliň ýaşuly adamlaryň ajaýyp işlerine guwançlary olar barada gündelik alada bilen berkidilmelidir.

 

| Esasy | Indiki |