| Esasy | Indiki |

Türkmenistanda ilkinji gezek Ýaşulularyň Halkara güni bellenilip geçildi

Ýaşulularyň Halkara gününe bagyşlanan dabaralara

gatnaşyjylar Aşgabat şäherinde

BMG-nyň kyrk bäşinji Baş Assambleýasynyň 1990-njy ýylyň 14-nji dekabryndaky rezolýusiýasy bilen yglan edilen Ýaşulularyň Halkara güni Türkmenistanda Kanun tarapdan ykrar edildi, bu Kanuna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda gol çekdi.

Ýaşulularyň Halkara güni 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň ähli etraplarynda, şäherlerinde we ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Bu gün dabaraly baýramçylyk konsertleri, dürli nesilleriň wekilleriniň duşuşyklary guraldy.

Ýaşulularyň Halkara gününe bagyşlanan dabaraly çärelerde aksakallary we gartaşan enelerimizi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Hökümeti, halkara guramalarynyň, Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri we Türkmenistanly ýaşlar gutladylar.

BMGÖM-nyň Türkmenistandaky wekili

aksakaly gutlaýar

Ýaşulularyň Halkara gününiň yglan edilmegi ýaş nesil üçin Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna we gartaşan adamlar barada alada etmek, olaryň gahrymançylykly işlerine we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagynyň we gülläp ösmeginiň düýbüni tutan zähmet üstünliklerine hormat goýmak üçin ýene bir esas boldy.

Ýaşuly nesliň wekilleri ýaşlary watançylyk, Watana söýgi, iň bir kynçylykly ýagdaýlarda hem geljege ynamly bolmak ruhunda terbiýelemekde görelde bolup durýarlar.

 

 

| Esasy | Indiki |