| Esasy | Indiki |

«Durmuş üpjünçiligi hakynda»

Türkmenistanyň Bitewi kanunyna girizilen

üýtgetmeler barada makala

2009-njy ýylyň 6-njy martynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Beýik Galkynyş eýýamynyň täze möhüm tapgyryna beslenen waka bolup geçdi, ýagny Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýaşulylar maslahatynyň mejlisi bolup geçdi.

Bu maslahatda hormatly ýürt baştutanymyz hormatly ýaşulylar bilen örän möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, seredilen il-ýurt bähbitli möhüm meseleleriň arasynda «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem gol çekildi.  Bu kanun esasynda 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, çaga doglanda berilýän kömek pulunyň we çaga seretmek boýunça, şeýle-de maýyplyk boýunça kömek pullarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak we bir ýarym ýaşa çenli çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny çaganyň üç ýaşy dolýança tölenilmegi göz öňüne tutulan.

Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň  möçberi 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan aşakdaky ýaly bolar:

  • birinji we ikinji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 1,3 essesine, ýagny 143 manada;

  • üçünji çaga doglanda – binýatlyk ululygyň 2,5 essesine, ýagny 275 manada;

  • dördünji we ondan soňky çagalar doglanda – binýatlyk ululygyň 5 essesine, ýagny 550 manada deň bolar.

Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi her bir çaga binýatlyk ululygyň 65 göterimine, ýagny 71 manat 50 teňňä deň bolar.

Ýaşulylar maslahatynyň mejlisinde durmuş üpjünçiligine degişli ýene-de bir meselä seredildi, ol hem maýyplyk boýunça tölenilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleriniň 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan ýokarlanmagy bolup durýar.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi hasaplanylanda maýyplygyň topary, raýatyň iş döwri we iş haklaryndan ugur alynýar. Iş döwri we iş haky barada maglumat beren maýyplara hasaplama görkezijisi bellenýär. Hasaplama görkezijisi raýatyň şahsy koeffisiýentini pensiýa bellemek üçin kesgitlenen Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna we ölçege köpeltmek arkaly hasaplanylýar.

Maýyplyk boýunça döwlet kömek puly hasaplama görkezijisiniň göterimlerinde şu möçberlerde hasaplanýar:

  • 1-nji topar maýyplara – häzirki hereket edýän kanunçylykda 90 göterimi möçberinde hasaplanan bolsa, kanun güýje gireninden soň bolsa - 110 göterimi, ýöne  kömek pulunyň iň az möçberinden, ýagny 110 manatdan pes bolmadyk we iň ýokary möçberi 220 manatdan köp bolmadyk;

  • 2-nji topar maýyplara – häzirki hereket edýän kanunçylykda 80 göterimi möçberinde hasaplanan bolsa, kanun güýje gireninden soň bolsa - 100 göterimi, ýöne kömek pulunyň iň az möçberinden, ýagny 93 manat 50 teňňeden pes bolmadyk we iň ýokary möçberi 220 manatdan köp bolmadyk;

  • 3-nji topar maýyplara – häzirki hereket edýän kanunçylykda 50 göterimi möçberinde hasaplanan bolsa, kanun güýje gireninden soň bolsa 65 göterimi, ýöne kömek pulunyň iň az möçberinden, ýagny 77 manatdan pes bolmadyk we iň ýokary möçberi 110 manatdan köp bolmadyk möçberlerde hasaplanar.

         Çagalykdan maýyplara döwlet kömek pulunyň möçberi maýyplyk toparyna degişliligine garamazdan binýatlyk ululygyň 120 göteriminden, ýagny 132 manatdan pes bolmaly däldir.

16 ýaşa çenli maýyp çagalara döwlet kömek pulunyň möçberi  binýatlyk ululygyň 100 göteriminden, ýagny 110 manatdan pes bolmaly däldir.

 

| Esasy | Indiki |