| Esasy | Indiki |

Pensiýa ätiýaçlandyrmasy barada

Türkmenistanda hereket edýän kanunçylykda pensiýa görnüşleriniň biri hem toplaýyş pensiýa usulydyr. Toplaýyş pensiýa usuly 1998-nji ýylyň   17-nji iýulynda kabul edilen źPensiýalar hakynda╗ Türkmenistanyň kanuna laýyklykda 1998-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girizildi we bu usul meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasy esasynda amala aşyrylýar. Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň  şertnamasy durmuş taýdan üpjünçilik edarasy bilen raýatlaryň arasynda baglaşylýar.

Toplaýyş pensiýa usuly şertnamalaýyn esasda zähmet işi, şol sanda hususy telekeçilik işi bilen meşgullanýan raýatlara, harby gullukçylara, içeri işler edaralarynyň ýolbaşçy we ýönekeý düzüminiň işgärlerine, şeýle hem şertnamalaýyn zähmeti ulanmaýan şahsy kömekçi we öý hojalygy, hususy telekeçilik işi we başga zähmet bilen meşgullanýan raýatlara (özbaşdak iş bilen meşgullanýan raýatlar) degişli bolup, olaryň meýletin pensiýa gatançlaryna esaslanýar.

Meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamada ätiýaçlandyrylan adamyň pensiýa gatanjynyň möçberi görkezilýär. Şertnama bellige alyş belgisi berilýär, we ol, şol birwagtyň özünde ätiýaçlandyrylan adamyň atly pensiýa hasabynyň belgisi bolup durýar.

Raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary Türkmenistanyň çäklerinde, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda alan zähmet hakynyň (pul üpjünçiliginiň) iki göteriminden az bolmadyk möçberde bellenýär. Ýuridiki tarapy döretmezden telekeçilik işi ýa-da özbaşdak iş bilen meşgullanýan, kepillendirilen aýlyk iş haky bolmadyk adamlar pensiýa gatanjyny Türkmenistan boýunça geçen ýyldaky ortaça aýlyk iş hakynyň iki göteriminden pes bolmadyk möçberde töleýärler. Tölenilýän pensiýa gatançlarynyň hasaby durmuş taýdan üpjünçilik bölüminde açylan raýatyň atly hasabynda toplanýar.

Toplanyş pensiýada aýratynlyk raýatlaryň pensiýa gatançlarynyň (toplanmalarynyň) atma-at hasabynyň ýöredilmeginden, toplanma serişdelerini maýa goýuma netijeli gönükdirip girdeji almakdan, olary atly hasaplara paýlap ýazmakdan we gazanylan toplanmadan pensiýany bellemekden ybaratdyr.

Toplanyş pensiýasyny bellemek üçin diňe raýatyň pensiýa toplanmasy ýerleşýän atly hasabynyň belgisiniň bolmagy ýeterlikdir. Atly hasap boýunça ähli maglumatlar durmuş taýdan üpjünçilik edaralarynda saklanylýar. Toplanyş pensiýanyň möçberi raýatyň pensiýa toplanmasyny pensiýa çykylandan soň ömrüň ortaça dowamlylygynyň aýlaryna bölmek arkaly kesgitlenýär. Bu görkeziji, ýagny pensiýa çykylandan soň ömrüň ortaça dowamlylygy Türkmenistanyň Milli döwlet hasabaty we maglumatlar instituty tarapyndan kesgitlenilýär.

Ätiýaçlandyrylan raýatlaryň atly pensiýa hasaplarynda toplanan pul serişdelerine her ýylda pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirmekden alnan hakyky girdejiniň möçberinden ugur almak bilen, 2,5 göterimden az bolmadyk möçberde, maýa goýum girdejisi hasaplanyp ýazylýar.

Şertnama baglaşan raýat özüniň atly hasaby boýunça maglumatlar bilen, ýagny atly hasabyna gelip gowşan pensiýa gatançlaryň möçberi, olara hasaplanyp ýazylan maýa goýum girdejiniň möçberi, eger pensiýa bellenen bolsa, atly hasabyndan edilen çykdajylaryň möçberi bilen tanyşmaga hukugy bardyr. Olara agzalýan maglumatlar ýazgy edilýän ýörite nusgada źPensiýa toplamalarynyň şahadatnamasy╗ berilýär. Şahadatnama ýylda bir gezek ýokarda agzalan maglumatlar durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri tarapyndan ýazgy edilýär. Özleriniň atly hasabyndaky serişdeler barada gyzyklanma bildirýän raýatlar, atly hasaby alnyp barylýan durmuş taýdan üpjünçilik bölümine islendik wagt ýüz tutup bilerler.

Toplanyş pensiýanyň aýratyn ýene bir tarapy Pensiýa toplanmalary miras galýan emläk bolmak bilen, pensiýa ýaşyna ýeten raýatlar ol serişdeleri erkin peýdalanýarlar. Pensiýa ýaşyna ýetmedik raýatlar üçin pensiýa toplanmalaryny gaýry maksatlar üçin penýdalanmaklyga ýol berilmeýär. Bu ýagdaý bolsa, döwletiň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasyny baglaşan raýatlaryň pensiýa toplanmalarynyň saklanylmagyny, pensiýa ýaşyna ýetende pensiýa bilen üpjün edilmegini kepillendirýändigi görkezýär.

Ätiýaçlandyrylan raýatlaryň pensiýa toplamalary barada maglumatlar ätiýaçlandyrylan raýatlardan başgalara gizlin bolup durýar. Şol sebäpden Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi we onuň ýerli edaralary raýatlaryň atly pensiýa hasaplarynyň hereketi barada maglumatlarynyň gizlinligini kepillendirýär

Gelejekde hem ätiýaçlandyrylan raýatlaryň özleriniň atly hasaplaryna geçirýän pensiýa gatançlarynyň möçberi näçe esse ýokary bolsa şonça-da toplaýyş pensiýasynyň möçberi hem ýokary bolar.

 

| Esasy | Indiki |