| Esasy | Indiki |

Ýalňyz gartaşan raýatlara  hyzmat ediş merkezler barada

Islendik halkda özüňden ulyny sylamak däbi bar. Türkmenlerde ýaşulynyň sylanyşy arzyly derejä eýedir. Her bir türkmen özünden ulyny agasy, atasy, dogany höküminde sylaýar. Ýaşulynyň bar ýerinde ýaşkiçi töre geçmeýär, onuň sözüni bölmeýär, köpçülik ýerinde oňa ýerinden turup orun görkezýär, tanasa-tanamasa öňünden çykan ýaşula salam berýär.

Türkmen ýaşulusy hem öz gezeginde özüni ýaşlar bilen salykatly alyp barýar, olara halal ýaşamak, birek-biregi goldap, sylap ýaşamak barada degerli maslahatlar, öwüt-nesihatlar berýär.

Ýaşulylaryň durmuşda tutýan orunlary ýurdumyzyň özbaşdaklyga eýe bolan döwründe has hem arzyly derejä eýe boldy. Olar uly-uly maslahatlara gatnaşýarlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen we ýaşlaryň arasyna baryp wagyz–nesihat işlerini alyp barýarlar.  

Hormata mynasyp zenanlarymyzyň, ýaşulylarmyzyň orny hemişe Garaşsyz  türkmen döwletimiziň töründe. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş  Assambleýasy  tarapyndan  1990-njy  ýylyň 14-nji dekabrynda yglan  edilen  we dünýä halklarynyň ençemesinde bellenilýän «Ýaşulylaryň Halkara güni» mynasybetli, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  2008-nji ýylyň ýanwar aýynyň 18-inde «Türkmenistanyň zähmet hakyndaky» kanunlar kodeksine üýtgetme girizdi we her ýylyň 1-nji oktýabry «Ýaşulylaryň Halkara güni» diýip yglan etdi. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde «Türkmenistanyň zähmet hakyndaky» kanuny kabul edildi we şol kanuna laýyklykda Türkmenistanda gojalarymyza, enelerimize perzentlik yhlasy bilen sylag-hormat edýän Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýaşulylaryň sarpasynyň belent tutulýandygynyň nyşany höküminde baýramçylyk çäreleri giňden geçirilýär. Oňa, adatça bolşy ýaly, ýurdumyz boýunça iň uzak ýaşly gojalarmyz, enelermiz çagyrylýar, olara hezzet-hormat edilýär, ýörite medeni çäreler, gezelençler guralýar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň garamagyndaky Ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş hyzmatyny edýän merkezleriň üsti bilen öz-özüne hyzmat etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli özüniň esasy durmuş hajatlaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçilgini kem-käsleýin ýa-da doly ýitirenligi bilen baglanşykly hemişelik ýa-da wagtlaýyn hyzmat edilmegine mätäç maýyplara we raýatlaryň beýleki toparlaryna durmuş hyzmatlary edilýär.

Häzirki wagtda ministrligiň tabynlygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şunuň ýaly 6 Merkez işleýär, olarda durmuş işgärleri tarapyndan ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplara we beýleki zähmete ukypsyz raýatlara seredilýär, olara azyk önümleri berilýär, durmuş hyzmatlary we saglygy goraýyş hyzmatlary edilýär, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam edilýär.

Döwlet derejesinde bellenip geçilýän baýramçylyk senelerinde, şeýle hem halkara derejesinde bellenip geçilýän «Ýaşulylaryň halkara güni» we «Maýyplaryň halkara güni» senelerinde Merkezler tarapyndan köpçülikleýin medeni çäreler guralýar. Şeýle çärelerde Merkezleriň hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar.

Merkezlerde durmuş hyzmaty (durmuş we saglygy goraýyş hyzmatyny goşmak bilen) bölümi, diňe gündizine hyzmat edilýän gündizki bölüm, gündiz hem gije hyzmat edilýän gije-gündiz bölünýan bölümler bar.

Gündizki bölümlerde 25-30 adamlyk orun bolup, durmuş hyzmaty işgärleri bu ýerdäki hyzmatdan peýdalanýan raýatlara gündelik metbugat täzelikleri bilen tanyşdyrýarlar. Şeýle hem olara gündelik gyzgyn nahar berlip, egin-eşikler bilen üpjün edilýär we  saglyk ýagdaýlaryna gözegçilik edilýär. Olara medenýetli dynç almaklary üçin ähli şertler döredilen. Durmuş hyzmatyny edýän işgärler hasapda duran raýatlaryň öýüne hepdede 2-3 gezek baryp, gündelik gerek bolan zatlaryny, zerur halatynda dermanhanadan derman getirip berýärler, öý-içersini syryp-süpürýärler, olary hammama äkidýärler.

Aşgabat şäheri boýunça şeýle hyzmatdan peýdalanýan raýatlaryň arasynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan Abram Aronskiý, Walentina Burnina, Ýewgeniýa Çeçýotkina ýaly uruş weteranlary hem bar. Olara we uruşda wepat bolan esgerleriň ýan ýoldaşlaryna ilkinji nobatda hyzmat edilýär.

Zähmetsöýerligi, halallygy, nusgalyk, sarpasy belent bolan gojalarymyz, enelerimiz, pensiýa ýa-da kömek puly bilen üpjün edilip durulýar. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar bolsa aýratyn ýeňilliklerden peýdalanýarlar. Olar döwletiň iň ýokary pensiýasyny alýarlar. Dermanhanalarda, döwlet saglygy goraýyş edaralarynda, ýaşaýyş jaý-jemagat, ulag, aragatnaşyk hyzmatlarynyň islendiginde olara nobatsyz hyzmat edilýär we ýolagçy ulag serişdelerinden, mugt peýdalanýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň sargytlaryndan, pähim-paýhasyndan, ugur alyp, ýaşuly neslimize –hyzmatymyzy gaýgyrmarys.

 

 

| Esasy | Indiki |