| Esasy | Indiki |

Türkmenistanda maýyplar babatynda

durmuş şertlerini gowylandyrmak boýunça

işleriniň ýagdaýy we bu ugurda

geçirilýän çäreler

Türkmenistan dünýewi, demokratik we hukuk döwleti bolmak bilen, özüniň alyp barýan içerki we daşarky syýasaynda adam deňhukuklygynyň we wyždan azatlygynyň berjaý edilmegi ýörelgelerine eýeleýär. Döwlet jemgyýetiniň gazanan maddy gymmatlyklaryny, özüniň baý tebigy mümkinçiliklerini adamlaryň bähbidine ulanmaga, ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirmäge çalyşýar. Şol sanda durmuş üpjünçiliginiň subýektleri höküminde maýyplara aýratyn ähmiýet berýär. Olar babatynda kanunçylygyň berjaý edilmegini we kämilleşdirmegini üpjün edýär, goşulşan halkara konwensiýalaryna ygrarly bolmagyna galmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň  Baş Assambleýasynyň 2006-njy ýylyň 13-nji dekabrynda bolup geçen plenar (giňişleýin) mejlisinde Maýyplaryň hukuklary hakynda konwensiýa we oňa degişli Fakultatiw teswirnama kabul edildi. Maýyplaryň hukuklary hakyndaky konwensiýa fiziki, akyl we sensor bozulmalarynyň dürli görnüşleri bolan adamlaryň hukuklaryny goraýan, hemme zady öz içine alýan ilkinji halkara-hukuk resminamasydyr.

Konwensiýa  maýyplaryň hukuklaryny goramaga we höweslendirmäge, kemsidilmeleri ýok etmäge, işlemäge, saglygy goraýyş hyzmatyna, bilim almaga bolan  hukuklary,  jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagy, adyl kazyýetiň elýeterligini, şahsy eldegirilmesizligi, ezilmekden we hyýanatçylykly  peýdalanmalardan azatlygy, ondan-oňa geçirmeleriň erkinligini üpjün etmäge, gönükdirlendir.

Türkmenistanyň maýyplary Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunçylyk namalarynda berkidilen durmuş-ykdysady, syýasy,şahsy hukuklara we erkinliklere doly eýedirler. Maýyplary kemsitmek kanun tarapyndan gadagan edilýär we yzarlanýar. Türkmenistanyň Hökümeti ýurduň ykdysady kuwwatyna we onuň ösüş derejesine esaslanýan kanunçylyk namalaryny ilatyň durmuş derejesini üpjün etmegiň halkara ülňülerine laýyk getirmäge çalyşýar.

«Maýyplaryň hukuklary hakynda konwensiýanyň» (61/106) 3-nji bölümine laýyklykda, döwletlere Konwensiýa we Fakultatiw teswirnama gol çekmek we tassyklamak meselesine ilkinji nobatda seretmek teklip edilýär. Şuňa laýyklykda, Türkmenistan BMG-nyň maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy karar etdi. Türkmenistan 2008-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Konwensiýany tassyklady we ol 2008-nji ýylyň 4-nji oktaýbrynda güýje girdi. Häzirki wagtda Türkmenitsanyň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň  Fakultatiw  teswirnamasyna goşulmagy baradaky meselä seredilýär.

Adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry derejesinde goýulan ýurdy bolan Türkmenistanda adamlaryň durmuş goraglylygy meselesine möhüm üns berilýär, 2007-nji ýylyň ýazynda kabul edilen «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanuny muňa şaýatlyk edýär, bu Bitewi kanun beýleki meseleler bilen bir hatarda ilatyň has ynjyk gatlaklaryny durmuş taýdan gormak meselelerini hem has düzgünleşdirýär.

Bitewi kanunyň 146-174-nji maddalarynda maýyplaryň durmuş hukuklaryny dikeltmek, olaryň ýaşaýyş-durmuş we ýaşaýyş-gurşaw uýgunlaşmagy babatda ugurlar kabul edildi. Ol maýyplaryň durmuş taýdan üpjünçiligini, olara zerur bolan durmuş hyzmatlarynyň edilmegini, olary kömekçi tehniki serişdeler bilen üpjün etmegi, durmuş, ulag we beýleki amatlyklaryň elýeterli bolmagyny üpjün etmegi, maglumat gurşawyndan peýdalanmakda deň mümkinçilikleriň döredilmegini,   maddy, durmuş we ş.m.

babatda goldaw bermegi we beýlekileri öz içine alýar.

Maýyplary durmuş taýdan goramak, olaryň durmuş-zähmet we saglygy goraýyş babatda hukuklaryny dikeltmek we olary jemgyýete peýdaly zähmete çekmek boýunça çäreleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanda maýyplaryň jemgyýetçilik birleşmeleri, olaryň ýöriteleşdirlen kärhanalary, guramalary we edaralary hereket edýär.

«Saglyklar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 106,187,we 188-nji maddalarynda salgyt salynýan amallar boýunça ýeňillikler göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglanşykly, kerler we körler jemgyýetiniň hem-de maýyplaryň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň okuw-önümçilik kärhanalary tarapyndan öndürilýän harytlar ýerlenende goşulan baha üçin salgyt tölenmeýär.

Maýyplaryň jemgyýetçilik guramalary döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimlerden boşadylýar.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 24,28,35,50,60,63,86,87,103,187,191 we 322-nji maddalarynda maýyplaryň adaty zähmet şertleri bolan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, ýöriteleşdirlen edaralarda, maýyplaryň zähmeti ulanylýan sehlerde we bölümlerde işlemäge, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanmaga bolan hukuklary göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň kanunçylygynda maýyplary işe kabul etmekde bellenen möçber (kwota) göz öňünde tutulýar. Saglyk – durmuş seljeriş toparynyň maslahatynyň esasynda  I ýa-da II topar maýybyna iş wagtynyň dowamlygy, zähmet hakyny azaltmazdan, hepdede 36 sagatdan az bolmadyk möçberde bellenip bilner. Maýyplaryň her ýylky esasy zähmet rugsadynyň dowamlylygy kyrk bäş senenama gününe deňdir.

Çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplary girdeýji salgydyny tölemekden boşadylýar.

Zähmet kodeksinde on alty ýaşamadyk maýyp çagany terbiýeleýän ene-atalara (hossarlyga,howandarlyga) şu aşakdaky ýeňillikler göz öňünde tutulýar:

Zähmet şertnamasy baglaşylanda artykmaçlyk;

Saglyk ýagdaýy boýunça, öňki iş ýerindäki ortaça zähmet hakyny saklap galmak bilen, has ýeňil ýa-da amatsyz önümçilik faktorlarynyň täsiri bolmadyk işe wagtlaýyn geçirmek;

Ene-atalaryň haýyşy boýunça we saglyk netijenamasyna laýyklykda, olara doly däl iş gününi ýa-da doly däl iş hepdesini bellemek.

Döwlet maýyplar üçin bilim almak we hünär taýdan taýýarlyk babatda zerur şertleriň döredilmegini kepillendirýär. Bilim we saglygy goraýyş edaralary maýyp çagalaryň mekdebe çenli we mekdepden daşary terbiýesini, maýyplaryň umumy orta bilim almagyny üpjün edilýär. Olar mekdebe çenli ýaşdaky maýyp çagalary terbiýelemek we maýyp çagalaryň umumy görnüşli mekdebe çenli çagalar edaralarynda dikeldiş kömegini bermek üçin şertler döretmäge borçlydyrlar.

Saglyk ýagdaýlary olara umumy görnüşli mekdebe çenli edaralarda bolmaga mümkinçilik bermeýän maýyp çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebe çenli edaralar döredilýär.

«Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklakda, Saglyk-durmuş seljeriş toparynyň netijenamasy boýunça saglyk ýagdaýy ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okamaga mümkinçilik berýän I we II topar maýyplary okuwa bäşliksiz kabul edilýär. Deň şertlerde ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine okuwa girmekde III topar maýyplarynyň artykmaç hukuklary bardyr.

Maýyplaryň  ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerinde okaýan döwürlerinde döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde tölenýär. Okuw mekdebini tamamlandan soň maýyplar zähmet şertlerini hasaba almak bilen, hünäri boýunça işe iberilýärler.

Döwlet dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimýet we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, guramalar we edaralar maýyplaryň ýaşaýyş jaýlaryna, jemgyýetçilik we önümçilik binalaryna, desgalaryna we jaýlaryna baryp, jemgyýetçilik ulaglaryndan, aragatnaşyk we maglumat serişdelerinden peýdalanyp bilmekleri üçin şertler döretmäge borçly edilen.

Ilaty ýerleri meýlinamalaşdyrmak, taslamak we gurluşyk işlerini geçirmek, ýaşalýan etraplary emele getirmek, jaýlaryň desgalaryň, durmuş amatlyklarynyň, aragatnaşyk we maglumat serişdeleriniň taslama çözgütlerini işläp taýýarlamak, guramak we durkuny täzelemek maýyplaryň peýdalanyp bilmekleri göz öňünde tutulyp amala aşyrylmalydyr. Maýyplara ýa-da maýyby bolan maşgala berilýän we olaryň ýaşap ýören ýaşaýyş jaýlary ýörite serişdeler, abzallar we telefon aragatnaşygy bilen enjamlaşdyrylýar.

Maýyplara durmuş kömegi pul tölegleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikeleri bermek, derman serişdeleri, maýyplar üçin arabalar (kolýaskalar), protezler we beýleki protez-ortopediýa önümleri, ýörite şriftli neşirler, ses güýçlendirji gurallar we duýdyrjylar bilen üpjün etmek görnüşinde, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan hukugy dikeltmek hem-de gündelik durmuş hyzmatlaryny etmek ýoly bilen berilýär.

Şu aşakdakylary dermanlar we saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Döwlet býudjetiniň hasabyna mugt we ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar:

maýyp çagalar, çagalykdan maýyplar I we II topar maýyplary –maýyplar üçin arabalar (kolýaskalar), protezler we beýleki protez ortopediýa önümleri bilen;

III topar maýyplary - protezler we beýleki protez ortopediýa önümleri bilen.

Maýyplara derman serişdeleri, zyýansyzlandyryjy serişdeler, saglygy goraýyş maksatly önümleri, saglygy goraýyş tehnikasy protez-ortopediýa önümleri we maýyplar üçin ýörite ulag serişdeleri ýerlenende goşulan baha üçin salgyt tölenmeýär.

I topar maýyplarynyň jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr. Maýyplaryň aragatnaşyk, durmuş hyzmaty, awtohyzmat, söwda , ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygy, saglygy goraýyş kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan özlerine ilkinji nobatda hyzmat edilmegine, şeýle hem ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynyň kassalarynda nobatsyz petek almaga hukuklary bardyr.

Maýyplara, awtomobilleri goşmak bilen, ýörite ulag serişdelerini ýaşaýan ýerleriniň golaýynda saklamak üçin şertler döredilýär. Olar ulag serişdelerini saklamak üçin peýdalanylýan jaýyň we ýeriň kärende tölegini tölemekden boşadylýarlar.

Biziň ýurdumyzda maýyplyk boýunça kömek pulunyň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar. 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan «durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň güýje girmegi bilen baglanşykly maýyplyk boýunça kömek pulunyň möçberi ortaça 50% Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda çykaran Permanyna laýyklykda 10% köpeldildi, 2009-njy ýylyň 6-njy martynda «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkemenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizilmegi bilen baglanşykly, 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan kömek pulunyň ortaça möçberi 28 göterim artdy, şunda çagalykdan maýyplaryň kömek puly 1,5 esse köpeldildi. Şeýle hem maýyplyk boýunça kömek pulunyň iň pes we iň ýokary möçberi artdyryldy.

Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligiň garamagyndaky Ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara we maýyplara durmuş hyzmatyny edýän merkezleriň üsti bilen öz-özüne hyzmat etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli özüniň esasy durmuş hajatlaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçilgini kem-käsleýin ýa-da doly ýitirenligi bilen baglanşykly hemişelik ýa-da wagtlaýyn hyzmat edilmegine mätäç maýyplara we raýatlaryň beýleki toparlaryna durmuş hyzmatlary edilýär.

Häzirki wagtda ministrligiň tabynlygynda welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şunuň ýaly 6 Merkez işleýär, olara ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplara we beýleki zähmete ukypsyz raýatlara seredilýär, olara azyk önümleri berilýär, durmuş hyzmatlary we saglygy goraýyş hyzmatlary edilýär, durmuşa uýgunlaşmaga ýardam edilýär. Merkezleriň jemi 225 (224,3) adamdan ybarat işgär düzümi bar.

Merkezlerde durmuş hyzmaty (durmuş we saglygy goraýyş hyzmatyny goşmak bilen) bölümi, diňe gündizine hyzmat edilýän gündizki bölüm, gündiz hem gije hyzmat edilýän gije-gündiz bolunýan bölümler bar.

Döwlet derejesinde bellenip geçilýän baýramçylyk senelerinde, şeýle hem halkara derejesinde bellenip geçilýän «Ýaşulylaryň halkara güni» we «Maýyplaryň halkara güni» senelerinde Merkezler tarapyndan köpçülikleýin medeni çäreler guralýar. Şeýle çärelerde Merkezleriň hyzmatlaryndan peýdalanýan adamlara baýramçylyk sowgatlary gowşurylýar.

Durmuş ulgamy babatynda Türkmenistanyň Hökümeti BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-nyň arasynda gol çekilen, 2005-2009-njy ýyllar üçin ösüşe ýardam etmek barada çarçuwaly ylalaşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi  BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde «Durmuş goragy ulgamyny ösdürmäge goldaw» maksatnamasyny amala aşyrýar. Görkezlen Maksatnama  laýyklykda maýyplara edilýän durmuş hyzmatyny gowylandyrmak boýunça hem çäreler geçirilýär.

Maýyplaryň ýagdaýyny gowylandyrmak we olar üçin deň mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, 1992-nji ýylda BMG-nyň Baş Assambleýasy 3-nji dekabry Halkara maýyplar güni diýip yglan etdi we maýyp adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna mundan beýläk hem goşulyşmaklaryny göz öňünde tutmak bilen, döwletleri şol güni giňden belläp geçmäge çagyrdy. Biziň ýurdumyzda bu gün maýyplaryň meselelerine, olaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuşda ruhy we maddy garaşsyzlygy gazanmak üçin geçirýän çärelerine ünsi güýçlendirmek maksady bilen, dürli çäreler, forumlar, köpçülikleýin çekişmeler guralýar.

Maýyplaryň meselelerini netijeli çözmek döwlet tarapyndan işjeň goldawy talap edýärler, bu Türkmenistanda iş ýüzünde amala aşyrylýar. 

 

 

| Esasy | Indiki |