| Esasy | Indiki |

Pensiýa: - esasy sowallara jogaplar

Pensiýa näme we ol kimlere degişli?

Pensiýa - latyn sözlüginde «pensio», fransuz sözlüginde «pension» diýen sözlerden gelip çykan. Bu sözler terjime edilende «töleg», «töleme», «üzme», «hasaplaşyk» ýaly manylara eýedir. Pensiýa ulgamlarynyň içki adalgalarynda «pensiýa» sözüni «üzlüşmek» diýen many bilen terjime etmäni dogry hasaplaýarlar. Bu bolsa, bir tarapdan pensiýanyň adamlaryň işlän döwründe olar üçin pensiýa üpjünçiligine geçirilen tölegler bilen gönüden-göni baglanyşyklygydygy bilen şertlendirilýär.

Pensiýa – hereket edýän pensiýa ulgamlarynyň görnüşlerine baglylykda «döwletiň zähmet pensiýasy», «döwletiň atly pensiýasy», «toplaýyş pensiýasy» ýaly atlandyrylyp bilner.

«Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda Türkmenistanda zähmet pensiýasy we toplaýyş pensiýasy bellenilýär. Zähmet pensiýasy – bu döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen şertlerinde işlenen döwür üçin bellenilýän pensiýadyr.

Toplaýyş pensiýasy bolsa, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan adamlara olaryň meýletin esasda toplanan serişdeleriniň hasabyna tölenilýän pensiýadyr.

Diýmek, zähmet pensiýasy – bu döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen şertlerinde işlän döwürleri bar bolan adamlara degişlidir. Eger-de kanunçylyk namalary arkaly şeýle geçirimleri tölemekden boşadylan iş berijilerde işlenen bolsa, onda şeýle adamlaryň iş döwri döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler tölenen şertlerinde işlenen döwür hökmünde kabul edilýär.

Toplaýyş pensiýasy – bu meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy tertibinde ätiýaçlandyrylan we özleriniň meýletin gatançlarynyň esasynda pensiýa toplamalary bar bolan adamlara degişlidir.

Zähmet pensiýasynyň möçberi nähili kesgitlenýär?

Zähmet pensiýasynyň möçberi kesgitlenende şu görkezijiler ulanylýar.

1)      Iş döwri;

2)      Şahsy koeffisiýent;

3)      Pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça bellenen ortaça aýlyk iş haky;

4)      Ölçeg.

 

Iş döwri. Iş döwri diýlip işiň häsiýetine we işiň arasynyň üzülen döwrüniň dowamlylygyna garamazdan, bellenen tertipde döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasyna geçirimler geçirilen şertlerinde işlenen döwre düşünilýär.

Harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň ýönekeý we ýolbaşçy düzüminiň işgärleri üçin iş döwri diýlip, geçirimler geçirilmedigine garamazdan, harby gulluk döwrüne, içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürlere düşünilýär.

Şeýle hem iş döwrüne şular goşulýar:

1) ýokary, ýörite orta we hünärmentçilik okuw mekdeplerinde, işgärleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyryş we gaýtadan hünär öwrediş gysga möhletli okuwlarda, kliniki ordinaturalarda, aspiranturalarda, doktoranturalarda we akademiýalarda, şeýle hem ýokary we orta dini okuw mekdeplerinde önümçilikden aýrylmak şerti bilen okalan döwür;

2) çagyryş boýunça harby gullukda we içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürler;

3) işlemeýän adamyň I topar maýyba ýa-da 16 ýaşa çenli maýyp çaga sereden döwri, ýöne bu döwür jemi 10 ýyldan köp bolmaly däldir;

4) Türkmenistanyň diplomatiki edaralarynyň işgärleriniň we olara deňleşdirilen adamlaryň ýanýoldaşlarynyň (aýalynyň, adamsynyň) daşary ýurtda bolan döwri, ýöne jemi 4 ýyldan köp bolmaly däldir;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgäriň iş ýeriniň saklanyp galýan döwri.

Şahsy koeffisiýent. Şahsy koeffisiýent raýatyň, haýsy ýylyňkydygyna garamazdan aýlyk iş hakyny häzirki döwrüň aýlyk iş hakyna deňeşdirmäge mümkinçilik berýän görkezijidir.

Şahsy koeffisiýent islendik yzygiderli bäş senenama ýyly üçin kesgitlenilýär. Adamyň şahsy koeffisiýenti, onuň bir ýyldaky ortaça aýlyk iş hakyny degişli ýylda Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna bölmek ýoly bilen, her senenama ýyly üçin aýratyn hasaplanyp, olaryň jemini, ýyllaryň sanyna bölmek ýoly bilen kesgitlenilýär.Şahsy koeffisiýentiň iň ýokary möçberi 2,5 derejede kesgitlenen.

Ölçeg. Bu görkeziji raýatyň häzirki wagtyň ýagdaýynda aňladylan ortaça aýlyk iş hakynyň näçe böleginiň (göteriminiň) pensiýa hökmünde tölenilmelidigini görkezýär.

Ölçeg raýata zähmet pensiýasy we maýyplyk boýunça döwlet kömek puly bellenýän gününe çenli bolan onuň iş döwrüniň her bir ýyly üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär. Bu görkeziji häzirki wagtda iş döwrüniň her bir ýyly üçin bir göterim möçberinde bellenendir.

Zähmet pensiýasynyň möçberi şu formula arkaly hasaplanýar:

 

ZPM = ŞK * TBOAIH * Ö,

 

Bu ýerde:

ZPM – zähmet pensiýasynyň möçberi;

ŞK – şahsy koeffisiýent;

TBOAIH – pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş haky;

Ö – ölçeg.

 

Şu formuladaky şahsy koeffisiýent we pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakynyň köpeltmek hasyly raýatyň haýsy döwrüňkidigine garamazdan, aýlyk iş hakyny häzirki döwrüň aýlyk  iş hakyna deňeşdirmesini üpjün edýär.

Diýmek, raýatyň şahsy koeffisiýentiniň üsti bilen, onuň şu günüň ýagdaýyndaky ortaça aýlyk iş hakyny tapan bolsak, indi onuň näçe bölegini (göterimini) oňa pensiýa edip tölemeli. Munuň üçin biz ölçegi ulanýarys.

Mysal üçin: Pensiýanyň bellenilmegi üçin ýüz tutan raýat, özüniň pensiýasynyň 1980-1984-nji ýyllardaky aýlyk iş hakyndan hasaplanylmagyny sorady diýeliň. Onuň iş döwri bolsa, 39 ýyla barabar bolsun. Onuň 1980-nji ýyldaky ortaça aýlyk iş hakyny şol ýyldaky Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna gatnaşdyranymyzda 1,56-ny aldyk. Ýagny şol döwürdäki ýurt boýunça ortaça aýlyk iş hakyndan onuň aýlyk iş hakynyň 56 göterim ýokary bolandygy belli boldy. Bu san degişlilikde yz ýanyndaky ýyllarda 1,57; 1,61; 1,63 we 1,59-a deň boldy. Alnan sanlary jemläp we ony 5-e bölüp ýüz tutujynyň şahsy koeffisiýentini kesgitledik. Ol 1,59-a deň boldy. Başga-ça aýdanymyzda onuň 5 ýyl üçin ortaça aýlyk iş hakynyň ýurt boýunça ortaça aýlyk iş hakyndan 59 göterim ýokary bolandygyny anykladyk.

Soň şahsy koeffisiýentini häzirki wagtda pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin bellenen, Türkmenistan boýunça ortaça aýlyk iş hakyna köpeldip, onuň ortaça aýlyk iş hakyny häzirki wagtyň ýagdaýynda aňlatdyk. Ol 1078 manat 2 teňňä deň boldy, ýagny 678 * 1,59=1078,02. Bizde ýüz tutyjynyň ortaça aýlyk iş hakynyň häzirki möçberi bar.

Indi bize ölçegi ulanmak galýar. Şu mysalda ýüz tutyjy üçin ölçeg 39 göterim bolar, ýagny 39 * 1 %=39 %.

Şeýlelik bilen biz ýüz tutyjynyň ortaça aýlyk iş hakyny ölçege köpeldip, pensiýasynyň möçberini hasaplaýarys. Ol şeýle bolýar: 1078,02 * 39%=420,43.

Zähmet pensiýasynyň iň az we iň ýokary möçberi nähili kesgitlenýär?

Zähmet pensiýasynyň iň az möçberi barada agzalanda, ilki bilen binýatlyk ululygyň üstünde duryp geçmek gerek.

Binýatlyk ululygy – bu «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 8-nji maddasyna laýyklykda pensiýanyň iň pes möçberini bellemek we döwlet kömek puluny hasaplamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen tassyklanýar.

Zähmet pensiýasynyň iň az möçberi, eger-de oňa doly iş döwri bilen bellenen bolsa, binýatlyk ululygyň derejesinde bellenendir. Diýmek, talap edilýän iş döwri bolan adamlaryň pensiýasynyň möçberi binýatlyk ululygyň derejesinden pes bolmaly däldir.

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar üçin pensiýanyň iň az möçberi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bellenilýär.

Doly däl iş döwri bilen pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň bellenen iň pes möçberiniň ýa-da binýatlyk ululygyň ýetmiş göterimi möçberinde bellenilýär.

Zähmet pensiýalarynyň iň ýokary möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen kesgitlenilýär.

Zähmet pensiýasyna nähili goşmaça tölegler tölenilýär?

Döwlet sylaglaryna we hormatly atlaryna mynasyp bolan raýatlaryň zähmet pensiýasynyň üstüne, olaryň mynasyp bolan döwlet sylaglary ýa-da hormatly atlar hakynda düzgünnamada göz öňünde tutulan möçberde goşmaça tölegler tölenilýär. Mysal üçin, Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan «Türkmenistanyň Gahrymany» ady berlen adamlara tölenilýän pensiýalarynyň 50 göterimi möçberinde, «Il ýaşulysy» diýen hormatly at berlen adamlara tölenilýän pensiýalarynyň 30 göterimi möçberinde we şuňa meňzeş beýleki hormatly atlara we döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlara kanunçylykda bellenen möçberde goşmaçalar tölenilýär.

Şunuň ýaly goşmaçalar, işleýän pensionerleriň aýlyk iş hakynyň üstüne tölenilip, olaryň işden boşanlaryndan soňra bolsa pensiýalaryna tölenilýär.

Oba hojalygynda zähmet çeken raýatlaryň pensiýalarynyň möçberini kesgitlemekde haýsy aýratynlyklar bar?

«Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 35-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda zähmet pensiýasynyň möçberi ýokarda bellenilip geçilişi ýaly raýatlaryň şahsy koeffisiýentini pensiýanyň möçberini hasaplamak üçin Türkmenistan boýunça bellenen ortaça aýlyk iş hakyna we ölçege köpeltmek ýoly bilen hasaplanylýar.

Şahsy koeffisiýent hasaplananda oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylyp başlanan wagtyndan bärdäki döwrüniň zähmet haky barada maglumatlar beren adamlaryň gazanjy oba hojalyk pudagynyň görnüşine baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň maglumatlary boýunça Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan kesgitlenýän bir adama düşýän işiň ölçeginden ugur almak bilen kabul edilýär.

Häzirki wagtda ygtyýarly edaralar tarapyndan, bir adamyň 2 gektara çenli gowaça, 5 gektara çenli bugdaýa, 1 gektara çenli bakja ekinlerine, 2 gektara çenli üzüme hyzmat edip bilýändigi işlenip taýýarlanan. Şunuň ýaly ölçegler oba hojalyk işiniň beýleki görnüşleri üçin hem kesgitlenen.

Sanalanlara görä oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan, hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylyp başlanan wagtyndan bärdäki döwrüniň zähmet haky barada maglumatlar beren adamlaryň gazanjy kesgitlenende ýokarda sanalan ölçeglerden ugur alynýar. Şuňa görä şeýle adamlar pensiýasynyň möçberini hasaplatmak üçin özleriniň eken ekinleriniň görnüşi we meýdany barada maglumat berýärler.

 

 

| Esasy | Indiki |