| Esasy | Indiki |

ZÄHMETE  HORMAT

Hormatly Prezidentimiziň ilatymyzyň ygtybarly durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda edýän tagallalary ähli ugurlarda özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren «Döwlet adam üçündir!» diýen şygarynyň astynda üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda, ilatyň pensiýa we döwlet kömek pully üpjünçiligindäki özgertmeler hem örän uly ähmiýete eýe boldy.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz ilatyň durmuş üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmaklyga aýratyn üns berýär. Şu ugurda ilatyň bähbitlerini ileri tutýan täzelikleri, Hormatly Prezidentimiziň gol çeken kanunlaryny, permanlarydyr kararlaryny sanap geçeniňde göz ýetirýärsiň. Ýeňillikli pensiýanyň bellenilip başlanmagy hem muňa bir mysaldyr.

Şeýle pensiýalaryň bellenilmeginiň we tölenilmeginiň kanunçylyk esasy Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 25-nji dekabrynda gol çeken «Ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuk berýän işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawy hakynda» 10732 belgili Kararyndan we 2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tassyklap beren «Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýandyr.

«Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 23-nji maddasynyň birinji böleginiň altynjy bendine laýyklykda doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işleýän raýatlara ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi göz öňünde tutulan.

Şeýle işlerde erkek adamlar azyndan 10 ýyl işlän bolsalar we 25 ýyldan az bolmadyk umumy iş döwri bolanda 52 ýaşy dolanda, aýal maşgalalar bolsa, azyndan 7 ýyl 6 aý işlän bolsalar we 20 ýyldan az bolmadyk umumy iş döwri bolanda – 48 ýaşy dolanda ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuk berilýär.

Görkezilen işlerde bellenen möhletleriň azyndan ýarysyny işlän we talap edilýän umumy iş döwri (erkek adamlar üçin 25 ýyl, aýal maşgalalar üçin – 20 ýyl) bolan adamlara umumy esaslarda bellenen ýaşy (erkek adamlar üçin 62 ýaş, aýal maşgalalar üçin – 57 ýaş) şu işlerde işlenen doly ýyl üçin bir ýyly kemeltmek bilen ýeňillikli pensiýa bellenýär.

Muňa nähili düşünmeli! Mysal üçin ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuk berýän işleriň, hünärleriň we wezipeleriň sanawynda göz öňünde tutulan işde erkek adam 7 ýyl işläpdir, umumy işlän döwri-de 25 ýyldan geçýär. Şeýle bolanda, umumy esaslarda bellenen 62 ýaşdan zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlerde işlän 7 ýylynyň her bir ýyly üçin bir ýaşy kemeldilip, oňa 55 ýaşda ýeňillikli pensiýa çykmaga hukuk beriler.

Ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegini we tölenilmegini düzgünleşdirmek üçin ýokarda sanalyp geçilen kanunçylyk namalarynyň esasynda Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligi tarapyndan Zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertlerinde işlän raýatlara zähmet pensiýasyny bellemegiň we tölemegiň tertibi işlenip taýýarlandy we şu Tertip bellenen tertipde Türkmenistanyň Adalat ministrliginde bellige alyndy.

Şu Tertibe laýyklykda ýeňillikli pensiýa çykmaga hukugy bolan raýatlar ilki bilen özleriniň zähmetiň aýratyn şertleri bolan işde işlän kärhanasyna ýa-da edarasyna ýüz tutýarlar. Eger-de raýat şeýle işlerde birnäçe kärhanalarda işlän bolsa, onda oňa şeýle kärhanalarynyň haýsy hem bolsa birini saýlap almaga hukuk berilýär. Ýeňillikli pensiýa çykmaga hukugy bolan adamlaryň şeýle pensiýanyň bellenilmegi üçin haýsydyr bir möhlet bilen çäklendirmezden, islendik wagtda ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

Eger-de kärhana ýatyrylan ýa-da eýesi üýtgedilen bolsa, ýeňillikli pensiýany bellemek üçin, şol kärhananyň hukuk oruntutaryna ýüz tutulýar. Ýa-da şeýle kärhana ýapylan bolsa we onuň hukuk oruntutary bellenilmedik bolsa, ýeňillikli pensiýa bellemek üçin şol kärhananyň ýokary guramasyna ýüz tutulýar.

Ýokarky guramasy bolmadyk halatynda, ýeňillikli pensiýany bellemek üçin ýaşaýan ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölüminiň üsti bilen Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrligine ýüz tutulýar. Şular ýaly ýagdaýda hukuk oruntutarynyň we ýokarky guramasynyň ýoklugy resmi taýdan tassyklanmalydyr.

Şu ýerde degişli kärhanalaryň ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi üçin ýüz tutan raýatlara resminamalary taýýarlamakda hem-de taýýarlanan maglumatlaryň dogrylygyny üpjün etmekde ýardam bermeklige borçludygyny hem-de ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin beýleki kärhanalardan, ministrliklerden, pudak edaralaryndan we arhiw guramalaryndan gerek bolan resminamalary soramaklyga we almaklyga hukugynyň bardygyny belläp geçmekçi.

Ýeňillikli pensiýanyň bellenilmegi üçin resinamalar barada aýdylanda, ilki bilen şeýle resminamalaryň kärhanalar tarapyndan jemlenilmelidigini we ol resminamalaryň kärhana tarapyndan özüniň ýerleşýän ýeri boýunça etrabyň (şäheriň) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine iberilýändigini bellemek gerek.

Ýeňillikli pensiýany bellemeklik üçin şu resminamlar berilýär:

a)     arza;

b)    pasportyň göçürmesi;

c)     islendik yzygiderli bäş senenama ýylynda iş haky barada güwanama, baýraklaryň we beýleki goşmaça tölegleriň esaslandyrylan tassyknamasy bilen;

d)    zähmet depderçesiniň göçürmesi we iş döwrüni tassyklaýan beýleki reminamalar;

e)     ýeňillikli pensiýany bellemek üçin zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işländigi barada iş beriji tarapyndan berilen kepilnama.

Sanalanlardan başga-da iş döwrüne goşulýan aýratyn döwürleri, ýagny çagyryş boýunça harby gullukda we içeri işler edaralarynda gulluk edilen döwürleri tassyklamak üçin harby bilediň göçürmesi, şeýle hem okuw jaýyny okap tamalandygyny tassyklamak üçin diplomyň, şahadatnamanyň göçürmesi berilýär.

«Durmuş üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynyň 25-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda zähmetiň aýratyn (zyýanly we aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde işlenen iş döwri iş beriji tarapyndan tassyklanýar. Şunda iş beriji iş orunlarynyň hünär synagynyň teswirnamasyndan göçürmäni we zähmet şertleri boýunça hünär synagynyň netijeleriniň wedomostyndan göçürmäni goşmak bilen bellenen nusgadaky kepilnamany berýär.

Şeýle hem şol kepilnamada raýatyň zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlerde işlän wezipesi ýa-da käri, hem-de onuň dowamlylygy görkezilýär. Şunuň ýaly hem şu kepilnamada ýeňillikli pensiýanyň tölenilmeginiň çeşmesi görkezilýär.

Ýeňillikli pensiýany bellemek iş beriji tarapyndan berilen resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar. Şeýle pensiýalary bellemek, umumy esaslardaky zähmet pensiýalary üçin göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanyň Durmuş taýdan üpjünçilik ministrliginiň Pensiýalary bellemek baradaky merkezi topary tarapyndan amala aşyrylýar. Ýagny ýokarda agzap geçişimiz ýaly iş beriji tarapyndan jemlenen resminamalar şol iş berijiniň ýerleşýän ýerindäki etrap (şäher) durmuş taýdan üpjünçilik bölümine geçirilýär. Durmuş taýdan üpjünçilik bölümleri bolsa, bellenen tertipde hasaplamalary geçirip, welaýat durmuş taýdan üpjünçilik müdirliginiň üsti arkaly Ministrligiň Merkezi toparyna hödürleýär.

Ýeňillikli pensiýanyň möçberi umumy esaslardaky bellenilýän zähmet pensiýalary üçin göz öňünde tutulan tertipde hasaplanýar. Merkezi topar tarapyndan seredilip, ýeňillikli pensiýany bellemek barada karar kabul edilenden soňra, şol karar we pensiýa resminamasy onuň tölenilmegini kepillendiren iş berijä ýetirilýär.

Ýeňillikli pensiýa şeýle pensiýany alýan adam Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen umumy esaslardaky pensiýa ýaşyna ýetýänçä şu aşakdaky tertipde tölenilýär.

Hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda olaryň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, öz serişdeleriniň hasabyna, iş berijiniň serişdeleri ýetmedik ýa-da ýok ýagdaýynda bolsa, ýeňillikli pensiýa olaryň ýokary guramasynyň serişdeleriniň hasabyna tölenilýär.

Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän kärhanalarda, edaralarda we guramalarda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna tölenilýär. Kärhana, gurama, edara gaýtadan gurulan ýa-da olaryň eýesi çalyşan halatynda bolsa, olaryň hukuk oruntutary ýa-da ýatyrylan kärhananyň ýa-da hukuk oruntutarynyň ýokary durýan guramasy tarapyndan tölenilýär.

Kärhana, gurama, edara ýatyrylan, hukuk oruntutary kesgitlenilmedik we ýokarda durýan edarasy bolmadyk halatynda bellenilen pensiýa durmuş taýdan üpjünçilik edaralary tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň hasabyna zähmet pensiýalaryny tölemek üçin göz öňünde tutulan tertipde tölenilýär.

Iş beriji (onuň hukuk oruntutary, ýokary guramasy) ýeňillikli pensiýalary tölemegi gönüden-göni özüniň buhgalteriýasynyň üsti bilen ýa-da, şeýle pensiýany alýanyň islegine görä bank edarasynda açylan goýum hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrýar.

 

 

| Esasy | Indiki |