taýdan goramak ministrligi
we ilaty durmuş taýdan
goramak ministrligi

2019-nji ýyl – Türkmenistan – rowaçlygyň Watany
HALKARA ZÄHMET GURAMASY
1919-2019

18.04.2009ý. № 29-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda (mundan beýläk - kärhanalar), aýry-aýry fiziki şahslarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
18.06.2016ý. № 411-V. (girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun ilatyň iş bilen üpjünçiligi çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklarynyň berjaý edilmegine, işsizlikden goralmagyna gönükdirilendir hem-de iş bilen üpjünçilik çygrynda döwlet kepilliklerini belleýär.
19.10.2012ý. № 340-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.
31.03.2012ý. №287-IV (girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.
Biziň syýasy, ykdysady, medeni ösüşlerimiziň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, döwletimiziň baş baýlygy bolan adamyň durmuş goraglylygy ýatyr
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Biziň syýasy, ykdysady, medeni ösüşlerimiziň düýp özeninde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, döwletimiziň baş baýlygy bolan adamyň durmuş goraglylygy ýatyr
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlarа, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybarat.

Raýatlaryň zähmete bolan hukugy, şol sanda olaryň kärini, edýän işini we iş ýerini saýlamaga, zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine, işsizlikden goramaga bolan hukugyny hem goşmak bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy tarapyndan kepillendirilýär.

Her bir raýata öndürijilikli we döredijilikli zähmete bolan öz başarnyklaryna ygtyýar etmekde we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik islendik işi amala aşyrmakda aýratyn hukuk degişlidir.

Milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, ýaşyna, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, partiýa degişlidigine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine, şeýle hem işgärleriň işewür sypatlary hem-de olaryň zähmetiniň netijeleri bilen baglanyşykly bolmadyk gaýry ýagdaýlara baglylykda zähmet hukuklarynda çäklendirmä ýa-da olary durmuşa geçirmekde haýsydyr bir artykmaçlary almagyna ýol berilmeýär.

Her bir raýatyň iş berijä göni ýüz tutmak arkaly ýa-da iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) arkaly iş ýerini erkin saýlamaga hukugy bardyr.
Iş bilen üpjün ediji döwlet edaralary (gulluklary) amatly işi seçip almakda we işe ýerleşmekde ilata tölegsiz kömek berýärler.

Zähmet şertleri diýlip işgäriň zähmet çekmegi (işi, gullugy) üçin gerek bolan hukuk, durmuş we önümçilik-tehniki faktorlaryň jemine düşünilýär. Olara iş ýeri (iş orny), zähmete hak tölemegiň möçberi we şertleri, ýeňillikler, käriň, hünäriň, wezipäniň ady, iş we dynç alyş wagtynyň düzgüni, kärleriň utgaşdyrylmagy, rugsatlar, öwez pullary we tölegler, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlygy, önümçilik-durmuş we zähmetiň beýleki şertleri degişlidir.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy - raýatlar pensiýa ýaşyna ýetende, maýyplyga uçran, ekleýjisini ýitiren halatlarynda, olaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen hukuk, ykdysady we guramaçylyk çäreleriniň ulgamy.

Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyny, şeýle hem, fiziki şahsyň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy bilen meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda baglaşylan şertnamasy esasynda, meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyny öz içine alýar.

MAKALALAR WE ÇYKYŞLAR
ÝAŞLAR BILEN OLARYŇ IŞEWÜRLIK UKYPLARYNY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI
PREZIDENT MAKSATNAMASY: SANLY TEHNOLOGIÝALARA DAÝANYP, TÄZE MENZILLERE
WATAN GORAGÇYLARY SARPALANYLÝAR
TÜRKMENISTAN – HALKARA ZÄHMET GURAMASY: HYZMATDAŞLYGYŇ GERIMI GIŇELDILÝÄR
HYZMATDAŞLYK ÝÖRELGELERINE EÝERIP, ÖSÜŞLERE TARAP
DURMUŞ SYÝASATY – ÖSÜŞIŇ HEM ABADANÇYLYGYŇ KEPILI
INKLÝUZIW IŞ ÜPJÜNÇILIK MESELESI: HALKARA TEJRIBESI ÖWRENILÝÄR
ZÄHMET WE IŞ ÜPJÜNÇILIK ÇYGRYNDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR
TÄZELIKLER
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika

2018-nji ýylda ulanylmaga berlen köp sanly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan dö...
Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.
Daşary...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdak...
Birinji Hazar ykdysady forumy - žurnalistleriň üns merkezinde

Şu gün Söwda-senagat edarasynda Daşary işler ministrliginiň guramagynda halkara mediaforum geçirildi. Ol şu ýylyň 12-...
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl
