Portal barada



Fon03

Portal mümkinçilik berýär:

- Her bir ulanyjy üçin «şahsy otag » döretmek;
Iş berijiler üçin:
- Boş iş orunlary baradaky maglumatlary bermek we olary saýtda ýerleşdirmek;
- Döwlet möçberinde we aýry-aýry sebitler boýunça işe ýerleşmek isleýänleriň maglumatyny almak;
- Portaly ulanyjylaryň «şahsy otagyndaky» raýatlaryň özbaşdak ýerleşdiren hünäri baradaky maglumatlaryny görmek;
- Boş iş orunlaryna laýyk gelýän iş gözleýäniň maglumatyny almak, iş gözleýän bilen habarlaşmak;
Iş gözleýänler üçin:
- Iş gözleýän dalaşgäriň maglumatyny doldurmak we olary portalda ýerleşdirmek;
- Döwlet möçberinde we aýry-aýry sebitler boýunça boş iş orunlary baradaky maglumatlary almak;
- Iş gözleýäne laýyk gelýän boş iş orunlary saýlamak we iş beriji bilen habarlaşmak.

Portalda işlemek üçin hökmany:


Iş gözleýän üçin:
- bellige alnan elektron salgynyň bolmagy;
- Internet toruna girip, portalda bellige alynmak;
- «Şahsy otagy» aktiwleşdirmek üçin hasaba alyş wagtynda görkezilen elektron salga portal tarapyndan iberilen salgylanma geçmek (soňy bilen portalda iş gözleýäniň «Şahsy otagynda» işlemegi login we açarsöz arkaly awtorlaşdyrylmagy bilen amala aşyrylýar).


Iş beriji üçin:
- Iş berijiniň hasaba alyş resminamalaryny ýerli iş bilen üpjünçilik gulluklarynda tassyklamak (statistika registrinden göçürme, iş berijiniň adyndan çykyş etmek hukugyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy, portal bilen aragatnaşyk saklamak üçin hasaba alnan elektron salgyny beýan edýän Iş berijiniň haty);
- Internet toruna girip, «Şahsy otagy» aktiwleşdirmek üçin hasaba alyş wagtynda görkezilen elektron salgaportal tarapyndan iberilen salgylanma geçmek (soňy bilen saýtda (portalda) iş gözleýäniň «Şahsy otagynda» işlemegi login we açarsöz arkaly awtorlaşdyrylmagy bilen amala aşyrylýar).


ResminamaBeýanyHereket
Iş gözleýän üçin gollanma.pdf
Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi Portaly bilen işlemek üçin iş gözleýän raýatlara gollanmaseterme
Iş beriji üçin gollanma.pdf
Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi portaly bilen işlemek üçin boş iş orunlaryny hödürleýän we işgär almak isleýän Iş berijilere gollanmaseterme