Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmagyň öň hatarynda

22.08.2019
1566500389
Häzirki döwürde ýurdumyzyň dokma pudagy diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyn...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: ekologiýa hakynda alada - ýurduň we halkyň geljegi hakynda alada

21.08.2019
1566410545
2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen BMG-niň Baş Assambleýa...
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat toplumyndaky özgertmeleri - azyk bolçulygynyň binýady

20.08.2019
1566330917
Obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barý...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

19.08.2019
1566242988
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ob...

Milli ýygyndy toparlarymyzyň hasabynda iki altyn medal

17.08.2019
1566152499
17-nji awgustda Daşkentde ýeňil atletika boýunça Özbegistanyň kubogyny almak ugrunda açyk halkara ýaryşy badalga aldy...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...


ILATA DURMUŞ TAÝDAN HYZMAT EDIŞ MERKEZLERI


Ýalňyz gartaşan raýatlara we maýyplygy bolan adamlara durmuş taýdan hyzmat ediş merkezi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň garamagynda bolan welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde ýalňyz ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplygy bolan adamlara we zähmet çekmäge ukypsyz ýardama mätäç raýatlara durmuş, durmuş-saglygy goraýyş hyzmatyny etmegi, olara durmuş ýagdaýyna uýgunlaşmaga, saglyklaryny dikeltmäge ýardam etmegi amala aşyrýan durmuş edarasy bolup durýar.

Merkeziň bölümleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) ýaşaýan ýerinde durmuş hyzmatyny edýän bölüm (durmuş-lukmançylyk hyzmatyny goşmak bilen)

2) gündizine bolunýan bölüm – ýarym ýatymlaýyn durmuş hyzmat edýän bölümi (gündizki bölüm)

3) gije-gündiz bolunýan bölüm – gijesine we gündizine ýatymlaýyn durmuş hyzmat edýän bölümi (gije-gündizki bölüm).

Merkez aşakdaky işleri amala aşyrýar:

  • durmuş hyzmatyna mätäç raýatlary hasaba alýar;
  • raýatlaryň saglyk ýagdaýyndan we öz-özlerine hyzmat etmek mümkinçiliklerinden ugur almak bilen, kömegiň anyk görnüşlerini raýatlarа bermegiň döwürleýinligini kesgitleýär;
  • ýeke ýaşaýan gartaşan raýatlara, maýyplygy bolan adamlara we maşgala agzalary hem-de ýakyn hossarlary tarapyndan gözegçilik we hyzmat etmäge mümkinçiligi bolmadyk we olar tarapyndan Merkeziň hyzmatlary üçin tölegi amala aşyrylýan işe ukypsyz gartaşan raýatlara seretmek boýunça durmuş hyzmatlarynyň Sanawyna laýyklykda, durmuş hyzmatyna mätäç raýatlara hemişelik we wagtlaýyn häsiýetli durmuş, söwda, saglygy goraýyş, maslahat beriş we beýleki hyzmatlaryny ýerine ýetirýär;
  • raýatlaryň durmuş goldawyna mätäçlik derejesine we ýerli durmuş-ykdysady şertlere baglylykda durmuş taýdan hyzmat etmegiň täze görnüşlerini iş ýüzünde ornaşdyrýar.

Merkezde durmuş taýdan hyzmat edilmegine aşakdaky raýatlar degişlidir:

  • gartaşan raýatlar, maýyplygy bolan adamlar we raýatlaryň öz-özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi netijesinde özleriniň esasy durmuş isleglerini özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini kem-käsleýin ýa-da doly ýitirendikleri sebäpli, hemişelik ýa-da wagtlaýyn keseki kömegine mätäç beýleki toparlary;
  • Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, durmuş hyzmaty babatynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede hukuklardan peýdalanýarlar;
  • maşgala agzalary hem-de ýakyn hossarlary tarapyndan gözegçilik we hyzmat etmäge mümkinçiligi bolmadyk we olar tarapyndan Merkeziň hyzmatlary üçin tölegi amala aşyrylýan işe ukypsyz gartaşan raýatlar.

Şularyň Merkezde edilýän hyzmatlardan nobatsyz peýdalanmaga hukugy bardyr:

  • Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar;
  • başga döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplary
  • radiasiýa heläkçiliginiň zyýanly netijesinde maýyp bolan adamlar.

Şularyň Merkezde edilýän hyzmatlardan ilkinji nobatda peýdalanmaga hukugy bardyr:

  • başga döwletleriň çäklerinde bolan söweşlere gatnaşyjylar;
  • Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çekenler;
  • radiasiýa heläkçiliginiň zyýanly netijelerini ýok etmäge gatnaşyjylar;
  • Beýik Watançylyk urşunda wepat (aradan çykan) we maýyp bolan raýatlaryň gaýtadan durmuşa çykmadyk dul galan aýallary.

Merkeziň hyzmatlaryndan peýdalanylmagy üçin Merkeze kabul edilmek aşakdaky resminamalaryň esasynda amala aşyrylýar:

1) raýatyň ýa-da olaryň kanunly wekiliniň durmuş hyzmatyny etmek baradaky şahsy arzasy;

2) raýatyň şahsyýetini tassyklaýan resminama (pasportyň göçürmesi);;

3) saglygy goraýyş babatynda ýaramsyz görkezijileriň ýokdugy barada saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy;

4) ýaşaýan ýerinden maşgala düzümi baradaky güwänamasy;

5) pensiýa gaznasynyň edaralary tarapyndan berilýän, bellenen pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň möçberi barada güwänama.

Maşgalada ýaşaýan ýa-da garyndaşlary bar bolan raýatlar ýokarda görkezilenlerden başga-da şulary berýärler:

1) her bir maşgala agzasynyň doglan senesini we garyndaşlyk gatnaşygyny görkezmek bilen, ýaşaýan ýerinden maşgala düzümi baradaky güwänamasy;

2) her bir maşgala agzasynyň işleýän (gulluk edýän, okaýan) ýerinden aýlyk gazanjynyň möçberi we beýleki girdejileri barada güwänama.