2019-njy ýylyň önümçilik senenamasy hakynda


Image

Iş wagtynyň ölçegleri 8 sagatlyk iş gününden ugur alnyp bäş günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň, 7 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 40 sagatlyk iş hepdesiniň we 6 sagatlyk iş gününden ugur alnyp alty günlük 36 sagatlyk iş hepdesiniň senenamasy boýunça hasaplanandyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, şu aşakdaky baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär: 1-nji ýanwar - Täze ýyl baýramy; 8-nji mart - Halkara zenanlar güni; 21-22-nji mart - Milli bahar baýramy; 18-nji maý- Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni; 4-nji iýun- Oraza baýramy; 11-12-13-nji awgust - Gurban baýramy; 27-nji sentýabr - Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni; 6-njy oktýabr - Hatyra güni; 12-nji dekabr - Halkara bitaraplyk güni. Şu günleriň öňündäki günüň iş wagty Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 61-nji maddasyna laýyklykda 1 sagat ir tamamlanmalydyr.

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 62-nji maddasyna laýyklykda, iş tertibi düzülende gijeki iş wagtynda işiň dowamlylygynyň 1 sagat gysgalýandygy göz öňünde tutulmalydyr. Şol sebäpli, iki dynç alyş günli, bäş günlük iş hepdesinde üç iş çalşygynda işleýänleriň iş wagtynyň ýyllyk gory, her gijeki iş wagtynyň 1 sagadynyň hasabyna azalýar.

Gijeki işiň dowamlylygy önümçiligiň şertlerine görä zerur bolan halatlarda, hususan-da üznüksiz önümçiliklerde, şonuň ýaly-da bir dynç alyş günli alty günlük iş hepdesi mahalyndaky çalşykly işlerde gündizki iş bilen deňleşdirilýär.

Beýan edilenler bilen baglylykda, 2019-njy ýylda sagatlaýyn tarif möçberleriniň iş wagtynyň ortaça aýlyk dowamlylygynyň (sagatlarda) gaýtadan hasaplanylyşy şu aşakdaky ýaly bellenilýär:

40 sagatlyk iş hepdesi üçin – 166,3

36 sagatlyk iş hepdesi üçin – 150,5.

Bellik: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň 2018-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky 02/2320 belgili haty bilen Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň dykgatlaryna ýetirildi.