Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!


Image

Mary etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2019-njy ýylyň 15-nji fewralynda Mary etrap medeniýet bölüminiň Peşanaly oba medeniýet öýünde sagat 10:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Mary etrap medeniýet bölüminiň Peşanaly oba medeniýet öýi.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
(800522) 7-09-95, 7-43-89, 7-41-46, 7-41-88.