Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna!


Image

Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2019-njy ýylyň 20-nji fewralynda Baýramaly etrap medeniýet bölüminde sagat 09:00-dan 12:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy:
Baýramaly şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň 17-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:
(800564) 6-26-76, 6-04-03.
(800522) 7-41-46, 7-41-88.