Täzelikler

Hytaý - Merkezi Aziýa: özara hereketiň täze ugurlary

20.10.2019
1571583988
18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

18.10.2019
1571432038
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda

18.10.2019
1571413222
19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna» atly konsert bolar. ...

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

Gatanjyn hasaplansynyn esaslary


«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan göçürme

20-nji madda. Pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin möçberler

1. Hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlaryny hasaplamak we tölemek üçin şu aşakdaky möçberler bellenilýär:

2) ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fiziki şahslara ätiýaçlandyrylan şahs hökmünde hasaba alynandan başlap -özleri üçin:

a) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň otuz essesinden az möçberde bolanlara-hasabat döwrüniň her aýy üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň 10 göteriminden az bolmadyk möçberde;

b) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň otuz essesi we şondan köp, ýöne üç ýüz essesinden az möçberde bolanlara-hasabat döwri üçin şol döwürdäki umumy girdejisiniň 2 göteriminden az bolmadyk möçberde;

ç) hasabat döwründe umumy girdejisiniň möçberi Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň üç ýüz essesi we şondan köp möçberde bolanlara-hasabat döwri üçin Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň üç ýüz essesiniň 2 göteriminden az bolmadyk möçberde;

Bellik: 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje giren görnüşi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» PP-156 belgili Permanyndan göçürme

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap:

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 715 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulyndaky «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» PP-386 belgili Permanyndan göçürme

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap:

Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 790 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly.