Täzelikler

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

10.10.2019
1570739567
Şu gün türkmen paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejli...
  • Image
  • Image

Türkmenistanda dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň her ýylky duşuşygy geçirilýär

09.10.2019
1570650702
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda“Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisi we maslahaty açyldy. Hazar...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

08.10.2019
1570567324
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daş...
  • Image



Öňde boljak Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi — täze görnüşdäki ýubileý


Image

Şu ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri jemlenen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça wezipeleri öňde goýdy. Şolaryň hatarynda uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemegiň täze tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylmagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary goşulan bahaly önümleri öndürmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmak wezipeleri bar.

Bu wezipeleriň hemmesi 21 — 22-nji maýda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistanyň X ýubileý Halkara gaz kongresiniň gün tertibine girizildi.

Häzirki wagtda her ýyl iri we dünýä belli energetika kompaniýalaryny, hökümet wekiliýetlerini, dünýäniň maliýe edaralaryny, diplomatik toparlaryň we bilermenler jemgyýetleriniň wekillerini bir ýere jemleýän bu giň gerimli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Şu ýyl dünýäniň gaz bazaryna gatnaşyjylaryň hem-de pudagyň öňdebaryjy operatorlarynyň, seljerijileriň, nebitgaz pudagy üçin tehnologiýalary we enjamlary getirýänleriň kongrese bolan gyzyklanmasy aýratyn uludyr. Munuň özi foruma wekiliýetleriň örän köp sanlysynyň gatnaşjakdygyny aňladýar hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara we sebit ähmiýeti bolan bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak boýunça düýbünden täze we netijeli çözgütleriň işlenip taýýarlanyljakdygyna umyt baglamaga mümkinçilik berýär.

TDH-nyň ozal beren habarlarynda bellenilişi ýaly, öňde boljak duşuşyga gatnaşmak üçin Awaza «Exxon Mobil», «Shell», «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýeti, «Petronas», «CNPC», «Hyundai», «Kawasaki», «NAPECO», «Vitol», «Dragon Oil», «ENI», «Buried Hill», «LG», «Gaffney, Cline & Associates» ýaly we başga-da birnäçe kompaniýalaryň ýolbaşçy düzümleri geler.

Bu sanaw günsaýyn artýar, munuň özi dünýäniň energetika işewürliginiň Türkmenistana gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen topragynyň gaz serişdeleri ýurdumyzy dünýäde dördünji orna çykarýar. Geologiýa-gözleg işleriniň soňky maglumatlaryndan çen tutanyňda bolsa, bu görkeziji öňdebaryjylaryň sanawynda soňky orny aňlatmaýar.

Kongresiň guramaçylygyna öňde boljak we beýleki halkara forumlaryň çäklerinde ýurdumyzda geçirilýän çäreleri hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklary bilen bagly üýtgetmeleriň girizilendigini bellemek gerek. Şolar çäräniň iş maksatnamasyny meýilleşdirmek, şol sanda Türkmenistanyň hem-de bilelikdäki işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda işlemek isleýän kompaniýalaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ara alnyp maslahatlaşylýan ugurlary, işewür we tehniki meseleleri saýlap almak bilen baglydyr.

Milli Liderimiz öňdebaryjy tejribäni alyşmak, abraýly maliýe we energetika kompaniýalary bilen gatnaşyklary giňeltmek üçin ähmiýetli çärä öwrüljek kongresi geçirmek barada degişli görkezmeleri bermek bilen, forumyň ýurdumyzyň amala aşyrýan nebitgaz strategiýasyna kybap gelmelidigini belledi. Bu ýangyç-energetika toplumynyň düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, gaýtadan işleýän, şol sanda gazhimiýa senagatynyň kuwwatyny berkitmäge, ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberini artdyrmaga gönükdirilen ugurlardyr. Şolar geljekki maýadarlaryň gürrüňsiz gyzyklanmasyny aňladýar.

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi «Gaz — geljegiň ýangyjy» diýen mowzuk astynda ýokary derejeli umumy mejlis bilen açylar. Görnükli seljerme geçirijiler, nebitgaz pudagynda barlag geçirýän iri agentlikler ýakyn on ýylyň içinde tebigy gaza bolan dünýä isleginiň artjakdygyny ynamly çaklaýarlar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi beýleki çeşmeler bilen deňeşdireniňde, gazyň ekologiýa we nyrh artykmaçlyklary bilen şertlendirilendir. Şunda tebigy gazyň dünýäde sarp edilýän mukdarynyň esasy bölegi senagat, elektroenergetika we ulag pudaklarynyň paýyna düşer.

Şonuň üçin ygtybarly, elýeterli hem-de arassa energiýanyň bolmagy Türkmenistanyň we dünýä ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de ösmegi üçin uly ähmiýete eýe boljakdygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, umumy mejlisde ýataklary özleşdirmekde hem-de gazy gaýtadan işlemekde özgertmeler, uglerod zyňyndylary pes bolan durnukly energetikany döretmek ýaly meseleler gozgalar.

Bölümler boýunça işler geçirilende, gazhimiýa senagatynda, şol sanda bu pudagyň Türkmenistanda ösüşiniň mysalynda bäsleşiklere has içgin serediler. Bu pudakda Gyýanly şäherçesinde polimer zawodynyň, Garabogaz şäherinde karbamid dökünlerini öndürýän zawodynyň gurulmagy ýaly iri taslamalar üstünlikli amala aşyryldy. Häzir ýene-de bir senagat ägirdinde — Owadandepede gurlan tebigy gazdan ýokary hilli ýangyç öndürýän zawodda önümçilige goýberiş-sazlaýyş işleri alnyp barylýar.

Öňde boljak gaz forumynda möhüm meseleleriň ýene-de biri «TOPH — parahatçylygyň we durnuklylygyň turba geçirijisi» bolar. Bu bölümde taslama gatnaşyjylaryň ýerine ýetiren işleri, ony maliýeleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabatlar bilen tanyşdyrylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ägirt uly taslamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak barada wezipe goýdy. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlarynyň esasyny düzýär.

Bu taslama Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň arasynda baglaşylan hökümetara ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar hem-de sebitde durnukly we asuda ösüşi üpjün etmek babatda ägirt uly ähmiýeti bilen dünýäniň dürli ýurtlaryndan hem-de halkara maliýe guramalaryndan iri maýadarlaryň ünsüni özüne çekýär.

Şunuň bilen baglylykda, kongresiň barşynda halkara ýangyç geçirijileriň artýan ornuna, «mawy ýangyjyň» ugradylmagyna täze çemeleşmelere hem-de sebit we dünýä synlarynda tebigy gaz bazarynyň geljegine serediler.

Daşary ýurtly foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagynda täze maýa goýum taslamalary bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine eýe bolar. Önümçilik işinde kämilleşdirilen sanly tehnologiýalar, çeýe işewürlik-nusgalar we täze ekoulgamlar köptaraplaýyn energetikany döretmek hakynda gürrüňiň möhüm bölegine öwrüler.

Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşyklaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk aýratyn mesele hökmünde girizildi. Bu mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanda işlemegi, halkara gatnaşyklaryň kanunçylyk esaslary hem-de ýurdumyzda maýa goýmagyň hukuk taraplary hakynda hasabatlar bilen tanyşdyrylar.

Forumyň çäklerinde «tegelek stollar», işewür duşuşyklar we beýleki çäreler geçiriler. Hemişelik aragatnaşyk: Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresini guraýjy kompaniýa nobatdaky kongrese çenli tutuş ýylyň dowamynda gatnaşyklary saklamak üçin foruma gatnaşyjy kompaniýalar bilen maglumatlary alşar. Şeýlelikde, foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda bolup geçýän wakalar hem-de täzelikler barada elektron maglumatlary we habarlary yzygiderli alarlar.

Göni aragatnaşyk gaz kongresiniň mejlisleriniň barşynda hem hereket eder: munuň özi ol ýa-da beýleki mesele boýunça goşmaça maglumatlary almak maksady bilen, gatnaşyjylaryň tekliplerine ýa-da isleglerine dessine täsir etmäge mümkinçilik berer. Abraýly energetika we dünýä belli konsalting kompaniýalarynyň garaşsyz halkara bilermenleriň mejlisleri alypbaryjy hökmünde çykyş etjekdigini bellemek gerek.

Gaz kongresiniň guramaçylary türkmen işewürlerini goldamagyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň telekeçileri üçin foruma gatnaşmak babatda aýratyn ýeňillikli şertleri göz öňünde tutdular. Munuň özi iri forumyň barşynda türkmen hususy kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň hyzmatlaryny we önümlerini tanyşdyrmak, dünýäniň nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döreder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, islendik forum tejribeleri, maglumatlary, täze pikirleri we işleri alyşmakdan başga-da, anyk ugra — netijä eýe bolmalydyr. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halkara gaz kongresiniň guramaçylarynyň esasy tagallalary gepleşikleri, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, ylalaşyklary gazanmak üçin iň gowy iş ýagdaýyny döretmäge gönükdirilendir. Olar resminamalara gol çekmek, geleşikleri, şertnamalary baglaşmak bilen berkidiler.

Bulardan başga-da, foruma gatnaşyjylar üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazy gaýtadan işleýän zawodyna, «Petronas» kompaniýasynyň desgalaryna hem-de Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna tanyşlyk saparlary guralar.

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresini guramak işine çekilen halkara maslahatçylaryň baha bermegine görä, şanly forum täze mazmuna eýe bolup, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýmakda nobatdaky netijeli gurala öwrüler.

Gaz kongresi maý aýynda Türkmenistanda öňden gelýän we täze hyzmatdaşlary onunjy gezek ýygnar. Birinji kongresiň bolan wagtyndan bäri geçen döwürde Türkmenistan öz ösüşiniň täze derejesine çykdy. Ol daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin diňe bazaryny açyp, ony maýa goýumlary üçin özüne çekiji etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde we dünýäde ählumumy ösüşiň hem-de rowaçlygyň bähbidine beýleki döwletleriň ösýän we ösen ykdysadyýetleri üçin ösüş mümkinçiligini döretmäge-de ýardam etdi.

Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Türkmenistan dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň bu amatly ýagdaýyny türkmen halkynyň hem-de Ýer ýüzüniň beýleki halklarynyň bähbitlerine gönükdirmäge çalyşýar» diýip bellemegi hem tassyklaýar.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm