Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

23.05.2019
1558637831
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oru...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi

23.05.2019
1558632548
Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň 13-nji...

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi

22.05.2019
1558554924
Şu gün paýtagtymyzda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň mejlisi boldy. Oňa iki döwlet...

Türkmenistanyň Prezidenti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň başlygyny kabul etdi

22.05.2019
1558532275
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hy...

Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Başlygyny, Slowakiýa Respublikasynyň daşary we ýewropa işleri ministrini kabul etdi

21.05.2019
1558452186
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başl...
  • Image

Türkmenistanda X Halkara gaz kongresi geçirilýär

21.05.2019
1558465958
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresi (TGС — 2019) öz işine başlady. Ener...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresine gatnaşyjylara

21.05.2019
1558378893
Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar! Mähriban adamlar! Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagty...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy

18.05.2019
1558199347
Şu gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde d...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image



Türkmenistanyň Prezidenti GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi


Image


Hormatly myhmanlar!
Gadyrly dostlar!

Sizi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara forumyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy işgärleriniň arasynda dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara tejribe alyşmakda örän ähmiýetli we netijeli boljakdygyna ynanýaryn. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda halkara derejede şeýle medeni çäräniň geçirilmeginiň biziň ýurtlarymyzyň arasynda däbe öwrülen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde, döredijilik we ylmy ugurlarda gazanylan üstünlikler bilen birek-biregi tanyşdyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr.

Biz ýurdumyzda 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly diýip yglan etdik. Häzirki döwürde uly rowaçlyklara beslenýän ýurdumyzda halkara derejede geçirilýän forumlar, festiwallar, sergiler, konsertler we beýleki medeni çäreler döwletimiziň dost-doganlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady taýdan düýpli ösdürmek, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň amala aşyrýan döwlet maksatnamalarymyzyň esasy özenini düzýär.

Biz häzirki döwürde berkarar döwletimiz bilen dünýä döwletleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýäris. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerinden gelip çykýan aýdyň wezipeler dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dünýä halklarynyň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge gönükdirilendir.


Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek we ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy hökmünde bu gurama agza ýurtlar bilen özara medeni hyzmatdaşlygy barha ösdürýär.

2012-nji ýylda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň VII forumy ýokary derejede geçirildi. Şeýle hem şol ýylda ýurdumyzyň Mary şäheriniň, 2016-njy ýylda bolsa Daşoguz şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, dostlukly ýurtlaryň milli öwüşginli medeniýetini, ynsanperwer ýörelgelerini özara baglanyşdyrmaga täze badalga berdi. Bu çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen GDA agza döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, baýlaşdyrmakda, milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, olary dünýä ýaýmakda hem-de wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Biz dünýä jemgyýetçiligi bilen ýola goýlan özara bähbitli, ysnyşykly hyzmatdaşlygy üstünlikli dowam etdirip, halkara medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýäris. Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň arasynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, medeni hyzmatdaşlyk has-da pugtalanýar. Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, ylym işgärleriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerde geçirilýän halkara çärelere yzygiderli gatnaşmaklary hem-de çykyş etmekleri bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Häzirki döwürde türkmen halkynyň dünýä medeniýetinde özboluşly orun alan milli medeniýetini, sungatyny, ylmyny, medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek boýunça giň möçberli işleri amala aşyrýarys. Türkmenistanyň müňýyllyklaryň dowamynda toplanan baý taryhy-medeni kuwwaty onuň dünýäniň medeni giňişliginde eýeleýän ornunyň uludygyny doly subut edýär.


Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň wekilleriniň arasynda köp ýyllaryň synagyndan geçen berk dostluk binýady bar. Biziň ýurtlarymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda, ylmynda gazanylýan üstünlikler şol dostluk binýadyny has-da berkitmäge, parahatçylyk, agzybirlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga hyzmat edýär. Dostluk mährine ýugrulan sungat eserleri, doganlyk nurundan dörän edebi eserler dünýäniň halklaryny biri-birine ýakynlaşdyrýar, ýürekleri birleşdirýär. Şeýle asylly maksatlara hyzmat etmek, dostlukly gatnaşyklary täze derejelere götermek döredijilik we ylym işgärleriniň mukaddes borjudyr.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň dostlukly halklaryň medeni-ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmäge, medeniýet, sungat we ylym işgärleriniň arasynda döredijilik gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge, özara tejribe alyşmaga uly ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Sizi halkara forumyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm