Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

17.06.2019
1560796658
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşy...

Türkmenistanda Sloweniýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

17.06.2019
1560792922
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Slowen...

Daşoguzyň köpugurly welaýat hassahanasynda “Toşiba” kompaniýasynyň enjamlary oturdyldy

16.06.2019
1560618228
Milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde saglygy goraýyş ...

Türkmen diplomatlary IХ Pekin halkara welosiped ýörüşine gatnaşdylar

16.06.2019
1560622927
15-nji iýunda Hytaýyň paýtagtynyň Ýansin etrabynda Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasynyň goldamagynda Halk hökümeti w...
  • Image
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

15.06.2019
1560543565
Mähriban uçurymlar! Sizi eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstit...

Türkmenistanyň Prezidenti Harby akademiýanyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna Gutlag hatyny iberdi

15.06.2019
1560543973
Mähriban uçurymlar! Sizi eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstit...

Innowasion tehnologiýalar — halkara ylmy maslahatyň wekilleriniň üns merkezinde

12.06.2019
1560372029
Paýtagtymyzda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ma...
  • Image
  • Image
  • Image

Türkmen Lideri ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligine we halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi

12.06.2019
1560280683
Hormatly alymlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri! Halkara ylmy maslahata gatnaşýan gadyrly myhmanlar! Sizi «Tü...



Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi


Image


Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi ýurdumyzda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.

Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu ugurda sebit we halkara derejede ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

Mähriban watandaşlar!

Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny depginli ösdürmäge, şeýle hem daşky gurşawa zyýansyz bolan önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Berkarar Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, gözel Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eziz watandaşlar!

Garaşsyz Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Sebäbi durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletmiziň daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary öňe sürdi. Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygynyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasynyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna Watanymyzyň başlyklyk etmegi, Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!

Sizi Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan-saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzda daşky gurşawy gorap saklamagy hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikler arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm