Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.11.2019
1573847704
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ý...

Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär

14.11.2019
1573755877
Şu gün paýtagtymyzda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergi we ylmy maslahat ...
  • Image
  • Image

Halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak — ykdysady ösüşiň ugry

13.11.2019
1573673491
Türkmenistanyň durnukly ösüşini we rowaçlygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ...

«Media-Türkmen» Habarlar agentligi RF DIM-niň žurnaly bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

12.11.2019
1573666197
«Media-Türkmen» Habarlar agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň «Международная жизнь» («...

Maliýe ulgamyny kämilleşdirmek we sanlaşdyrmak — Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň alamatlary

11.11.2019
1573492097
Ýurdumyzyň ykdysady durmuşyndaky esasy wakalary şöhlelendirýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedo...

Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

10.11.2019
1573409927
Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň...
  • Image
  • Image

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

08.11.2019
1573246361
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň he...

Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

06.11.2019
1573071149
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Ha...



Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi


Image

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň gün tertibini yglan edip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewe söz berdi. Wise-premýer hasabatyny ýurdumyzyň pileçileriniň döwlete pile tabşyrmak boýunça ýyllyk meýilnamany üstünlikli berjaý edendikleri baradaky hoş habardan başlady. Bellenilişi ýaly, edermen pileçiler dokma senagaty üçin gymmatly çig mal hasaplanylýan piläniň 2 müň 262 tonnadan gowragyny taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 111,5 göterim ýerine ýetirdiler.

Şol sanda Balkan welaýaty boýunça 25 tonnadan gowrak pile tabşyrylyp, meýilnama 100 göterim, Ahal welaýatynda 156 tonnadan gowrak pile taýýarlanyp, meýilnama 101 göterim, Mary welaýatynda 434 tonnadan gowrak pile taýýarlanyp, meýilnama 107 göterim berjaý edildi. Lebap welaýatynyň pileçileri döwlete 1 müň 142 tonnadan gowrak pile tabşyryp, meýilnamany 119 göterim, Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri bolsa 503 tonna pile taýýarlap, meýilnamany 103 göterim berjaý etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň edermen ýüpekçilerini gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutlady. Munuň özi ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik binýadynyň pugtalanmagyna mynasyp goşantdyr.

Şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek işleriniň möhümdigine ünsi çekip, bu ugur boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmak, dünýäde uly isleg bildirilýän ýüpek önümleriniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, şol bir wagtyň özünde tut nahallarynyň köpçülikleýin ekilmegini ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Munuň özi ýüpekçiligiň ösdürilmeginiň möhüm şertini emele getirýän ýagdaýdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragynyň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda görülýän çäreler we gowaçalara agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulýan ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler ýörite meýilnama esasynda alnyp barylýar. Galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak işleri bellenilen kada boýunça gyzgalaňly dowam edýär.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 12-nji iýunda ýurdumyzyň Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary hem orak möwsümine girişerler. Ýurdumyzyň ähli etraplarynda gallaçylara netijeli goldawy bermek üçin häkimliklerde degişli edaralaryň we kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan ýörite toparlar döredilip, olar orak möwsüminiň guramaçylyk işlerini yzygiderli gözegçilikde saklaýarlar.

Şunuň bilen birlikde, bugdaýdan boşan ýerlerde saman ýygnamak we şüdügär sürümini geçirmek işleri toplumlaýyn esasda ýerine ýetirilýär. Gallaçylar bilen ýygnalan hasyl üçin hasaplaşyk işleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda hatarara bejergisi, ýekelemek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň ähli düzümlerinde, etraplarda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak meseleleriniň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz orak möwsümini guramaçylykly geçirmek, kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly ýitgisiz daşamak we saklamak, şol bir wagtyň özünde gowaça edilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesini üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri M.Baýramdurdyýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, pudagyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede guramak, kärendeçilere edilýän hyzmatyň hilini we görnüşlerini artdyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ministrligiň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesini we täzeçil tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Obasenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly meselelere ylmy esasda we hemmetaraplaýyn çemeleşilmelidir.

Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de pudagyň işini yzygiderli kämilleşdirmek babatda döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi babatda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagy, häzirki zaman tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy babatda komitetiň başlygyna anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ugurda bar bolan wezipeleriň üstünlikli çözülmegi obasenagat toplumynyň ösdürilmegi, daşky gurşawyň goralmagy hem-de halkymyzyň amatly durmuş derejesiniň döredilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Iş maslahatynyň dowamynda wise-premýer M.Çakyýew ulag we aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilýän işler barada aýdyp, toplumyň ýük ulaglarynyň häzirki döwürde ýetişdirilen galla hasylyny kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara daşamak işine mynasyp goşant goşýandyklaryny habar berdi.

Ýurdumyzda ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, senagat toplumynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz ýolagçy gatnatmak, ýük daşalyşynyň möçberlerini artdyrmak bilen bir hatarda ýetişdirilen galla hasylyny daşamak işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem häzirki döwürde gallaçylar bilen hasaplaşyklary döwrüň talabyna laýyk derejede geçmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwlet we milli ösüş maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Sanly ykdysadyýete geçmek amala aşyrylýan möhüm ugurlaryň biridigini belläp, döwlet Baştutanymyz bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ýurdumyzyň gallaçylarynyň tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçmek meselesine ünsi çekip, ol ýerden bol hasyl almak ugrunda yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň zähmetiniň höweslendirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işini kämilleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyz ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, ýer we suw serişdelerinde rejeli peýdalanmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmekde tohumçylyk işini kämilleşdirmegiň, bu ugurda degişli alymlar bilen bilelikde iş alyp barmagyň wajypdygyny belläp, topluma öňdebaryjy tehnologiýalaryňdyr täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň, bazarlaryň dürli görnüşli oba hojalyk önümleri bilen üpjün edilmegine dahylly meseleleriň wajypdygyna ünsi çekip, ýylyň ähli paslynda adamlaryň ter gök we miwe önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmalydygyny belledi. Şunlukda, önümleriň hiline, önümçilik kuwwatlyklarynyň ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup ulanmaga berilýän ýyladyşhanalaryň netijeli ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutanymyz bu ugurda alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň telekeçileriniň işjeň çekilmelidigini, işewür düzümleriň dürli görnüşli azyk önümleriniň önümçiliginde möhüm orun eýelemelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara öňde durýan wezipeleri degişli derejede ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm