Täzelikler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

16.08.2019
1565979644
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar strategiýasy – dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.08.2019
1565810659
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen kenaryndaky "Awaza" milli syý...

Birinji Hazar ykdysady forumynyň taryhy ähmiýeti

13.08.2019
1565726993
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň täzeçil syýasaty durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan ...

Birinji Hazar ykdysady forumyna sebitiň ýurtlarynyň hökümet Baştutanlary gatnaşdylar

12.08.2019
1565648058
Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi

09.08.2019
1565379674
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparynyň çäklerinde M...

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

08.08.2019
1565277260
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gele...

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

08.08.2019
1565287941
Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zo...

Häzirki döwrüň ählumumy howplaryna garşy durmakda hyzmatdaşlyk

07.08.2019
1565200433
Aşgabatda Migrasiýa boýunça halkara guramanyň ýurdumyzdaky wekilhanasy tarapyndan okuw maslahaty geçirildi. Ol gurama...



Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler


Image

Ýurdumyzda galla oragynyň depgini barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaýyň oragyna girişdiler.

Bu ýyl ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde galla oragynyň başyny başlamak hormatyna guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilen Görogly etrabynyň «Aksaraý» daýhan birleşiginiň ekerançylary mynasyp boldular. Bu künjekde bugdaý örän hasylly boldy. Ýaşulular asylly däbe görä, beýik Biribardan hasylyň bol, oragyň üstünlikli bolmagyny dileg etdiler. Soňra hormatly aksakgallar ýaş nesilleriň ellerinden oragy alyp, «Harmanyňa bereket, çäjiňe bereket!», «Goý, harmanlarymyz belende galsyn!» diýen mübärek sözleri dillerine sena edinip, guşgursak däneli bugdaýyň oragyna ak pata berdiler we nobaty kombaýnçylara geçirdiler.

Daşoguz welaýatynda bugdaý ekilen 157 müň gektardan, ekerançylar 300 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gallaçylar ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaý sortlaryny ekdiler.

2019-njy ýylyň bugdaý möwsüminde däne orýan kombaýnlaryň 380-si hereket edýär. Esasan, «John Deere» (ABŞ), «CLAAS» (Germaniýa) kombaýnlaryna tejribeli mehanizatorlar erk edýärler. Kombaýnçylaryň köpüsi ýakynda dünýäniň öňdebaryjy öndürijilerinden ýurdumyza getirilen täze häzirki zaman tehnikalaryny gowy dolandyrmak maksady bilen, ýörite hünär okuwlaryny geçdiler.

möwsümi döwründe zerur ýangyç, çalgy serişdeleri, tehnikalar üçin ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edilen göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň 117-si gallaçylara gije-gündiziň dowamynda hyzmat eder. Möwsüme gatnaşýan mehanizatorlar, sürüjiler we beýleki işgärler bilen zähmeti goramak, ýangyn howpsuzlygy boýunça okuwlar geçirildi. Olar üçin ekin meýdanlarynda degişli durmuş şertleri döredildi, medeniýet işgärleriniň çykyşlary, göçme söwda hem guralar.

Galla meýdanlaryndan bugdaýy kabul ediş bölümlerine ýük awtoulaglarynyň 1900-si daşar. Bugdaýyň bir bölegi guradylandan we deslapky arassalanandan soň tohumlyk üçin saýlanyp alnar, galany bolsa un ediler, şeýle hem Görogly, Boldumsaz, S.Türkmenbaşy adyndaky we beýleki etraplardaky elewatorlarda saklamak üçin goýlar.

«Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugynyň barlaghanalary hem möwsüme doly taýýar edildi. Bu gullugyň hünärmenleri iň täze enjamlaryň kömegi bilen ekin meýdanlardan gowuşýan bugdaýyň hilini bada-bat barlar.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdanyňda bolsa, olaryň döwlet borçnamasy 120 müň tonna bugdaý ýygnamakdan ybaratdyr. Günbatar sebitde güýzlük bugdaý üçin 60 müň gektar ýer bölünip berildi. Bu ekin meýdanlary, esasan, Serdar we Bereket etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk meýdanlaryna degişlidir. Sebitde bol hasyl ýetişdirmek ugrunda agrotehniki kadalara berk eýermek, güýzlük bugdaýa ideg etmek boýunça çäreleri takyk berjaý etmek bilen baglanyşykly köp işler durmuşa geçirildi.

Welaýatda galla oragy möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ekin meýdanlaryna däne orýan kombaýnlaryň onlarçasy çykaryldy, şolaryň bökdençsiz işledilmegi üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlar, ýangyç-çalgy serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilen abatlaýyş-mehaniki toparlaryň giň düzümi guraldy.

Daşoguz we Balkan welaýatlarynda möwsümiň öň ýanynda welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi mynasyp derejede guramak, galla oragyna dahylly tutuş toplumyň işini anyk we sazlaşykly üpjün etmek meselelerine üns berildi.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba zähmetkeşleri hakynda edýän hemişelik aladasy, obasenagat toplumyny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler, Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine saldamly goşant goşýan ekerançylaryň mynasyp durmuşy we netijeli zähmet çekmegi babatda döredýän şertleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Guşgursak däneleriň ilkinji tonnalaryny Watan harmanyna tabşyrmak ýaly şanly waka mynasybetli guralan dabaralaryň çäginde bugdaý atyzlarynyň gapdalynda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň sergisi guraldy. Häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Owadan bezelen ak öýlerde dabara gatnaşyjylara baýramçylyk tagamlary hödür edildi. Welaýatyň tans we döredijilik toparlary, estrada hem-de halk aýdymçylary gallaçylara ajaýyp aýdym-sazlaryny sowgat etdiler. Türgenler hem özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde 1 million 600 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesini goýdy.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm