Täzelikler

Hytaý - Merkezi Aziýa: özara hereketiň täze ugurlary

20.10.2019
1571583988
18-19-njy oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň Guwansi-Çžuan awtonom etrabynyň ykdysady-dolandyryş we medeni merkezi ...

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi

18.10.2019
1571432038
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdak...

Magali Leže: özi we Gektor Berliozyň hatyrasyna bagyşlanýan geljekki konsert hakda

18.10.2019
1571413222
19-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda «Berliozyň 150 ýyllygynyň hatyrasyna» atly konsert bolar. ...

Aziýa – Ýuwaş ummany sebiti – Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugry

17.10.2019
1571336936
Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň döwletleri bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Ber...

Aşgabat Jarnamasyny durmuşa geçirmek — GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň möhüm wezipesi

16.10.2019
1571251239
Ýakynda Aşgabatda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri hem-de ka...

Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

15.10.2019
1571170179
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergi we ylmy maslaha...
  • Image
  • Image

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda

14.10.2019
1571076420
GDA-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň üstünlikli geçen mejlisiniň netijelerini Garaşsyz Döwletleriň A...

Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

11.10.2019
1570827315
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda Garaşsyz Döwletleriň Arka...
  • Image
  • Image



Mejlisde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirildi


Image

Şu gün Mejlisde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, düzümi we işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kanun çykarmagyň dünýä tejribesini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen mäkäm kanunçylyk-hukuk binýady döredildi, olar milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen bir hatarda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine netijeli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Türkmenistanyň dünýä giňişliginde, halkara düzümlerde alyp barýan netijeli daşary syýasy işleri hem parlamentara gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselelerini — ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek biziň parlamentarilerimiziň möhüm wezipesi bolup durýar.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Biziň ýurdumyz ÝB-niň «Kanunyň hökmürowanlygynyň binýady» atly sebit taslamasyna gatnaşýar, onuň çäklerinde okuw maslahatlary, tälim beriş okuwlary we beýleki çäreler guralýar. Adam hukuklary boýunça her ýyl geçirilýän gepleşikler hem hyzmatdaşlygyň gurallarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän kärdeş-parlamentarileriň duşuşyklaryny hem-de geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi.

***
Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Federika Mogerini bilen geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän hem-de sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde ÝB ylalaşdyryjylyk kuwwatyny görkezýän strategik hyzmatdaş — Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gyzyklanma bildirýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän oňyn syýasat netijesinde Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýändigi hem-de sebit we sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary parahatçylyk söýüjilik mümkinçiliklerini açýandygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň oňyn depginleri bellenildi, amala aşyrylan hem-de aşyrylýan bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň, şol sanda bilim, daşky gurşawy goramak, ykdysadyýet, hususy pudagyň hem-de oba hojalygynyň ösüşini goldamak babatda taslamalaryň onlarçasynyň durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Pikir alyşmalaryň barşynda Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň tutuş dünýäde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, ählumumy howplara we häzirki döwrüň wehimlerine garşy durmak ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanýandygy tassyklanyldy.

ÝB-niň diplomatiýasynyň baştutanynyň belleýşi ýaly, Ýewropa Bileleşigi türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren halkara başlangyçlara ýokary baha berýär hem-de olaryň tutuş dünýä bileleşiginde alada döredýän möhüm meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, sebitde we dünýäde durnukly ösüş üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlary goldaýar.

Duşuşygyň çäklerinde «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropa Bileleşiginiň, Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýetiniň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekiliýetini döretmek hem-de onuň artykmaçlyklary we goraglylygy hakynda» Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Şunuň bilen baglylykda, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti hanym Federika Mogerini degişli ylalaşyk bilen ÝB-niň Merkezi Aziýada diplomatik ornuny berkidýändigini belledi.

1957-nji ýylda döredilen Atom energiýasy boýunça Ýewropa jemgyýeti ştab-kwartirasy Brýusselde ýerleşýär. Häzir bu halkara guramanyň düzümine ÝB-niň ähli agzalary girýär. Ýadro energetikasyny ösdürmek, ýadro energiýasynyň parahatçylykly ýagdaýda ulanylmagyna gözegçilik etmek bilen bir hatarda, Ýewroatomyň işi ÝB-niň döwletleriniň we olaryň hyzmatdaşlarynyň umumy energetika syýasatyny döretmäge, bu strategik ugurda çözgütleri utgaşdyrmaga, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylmagynyň durnuklylygyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (MAGATE) düzümine girýändigini bellemek gerek. Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda birnäçe möhüm şertnamalara — ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakynda, ýadro synaglaryny gadagan etmek hakynda, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda şertnamalara, beýleki ähmiýetli resminamalara gatnaşmak bilen öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz eýerýär hem-de tutuş dünýäde parahatçylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, ýaragsyzlanmak babatda işleri işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşýar.

Türkmenistan ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman gurluşyny döretmäge gös-göni gatnaşmak bilen, pudaklaýyn düzümi doly döwrebaplaşdyrmaga, energiýa serişdelerini ugratmagyň diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge hem-de şolary halkara bazarlara howpsuz üstaşyr geçirmegiň ygtybarly guralyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany üstünlikli amala aşyrýar.

Biziň ýurdumyz oňa gatnaşyjylaryň bähbitleriniň deňagramlylygynyň esasynda tebigy serişdelere aýawly garamak, energiýanyň çeşmelerine we şolary ýetirmegiň serişdelerine bökdençsiz elýeterliligi üpjün etmek arkaly dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmäge gönükdirilen täze nusgalaryny işläp taýýarlamak ugrunda giň hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär.

BMG-niň belent münberinden döwletimiziň bu meseleler boýunça garaýşyny beýan edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli başlangyçlary halkara bileleşigiň doly düşünmegine we ykrar etmegine eýe boldy, bu bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynda berkidildi.

Türkmenistan ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolmak bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen iri taslamalaryň başyny başlady.

Şolaryň hatarynda TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy bar, ol goňşy Owganystanyň ykdysady düzümini gaýtadan dikeltmäge hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmagyna, durmuş we ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge ýardam eder, sebitde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Soňra Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty guraldy.

Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, Ýewropa Bileleşigi hem-de ÝB-niň agza döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürýär. Şol gatnaşyklar döwrüň synagyndan geçip, häzir syýasy, ykdysady we ynsanperwer nukdaýnazardan umumy strategik wezipelere düşünilmegi netijesinde täze sepgide çykýar. Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän iri möçberli özgertmeler, şeýle hem Ýewropa Bileleşigi tarapyndan biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeler bilelikdäki netijeli işler üçin mäkäm binýat bolup durýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanmany beýan etmek bilen, ÝB-niň Türkmenistanda wekilhanasynyň açylmagy Merkezi Aziýa boýunça Ýewropa Bileleşiginiň täze strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam etmelidir, sebitiň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga itergi bermelidir.

Bu resminama durnukly ösüş, häzirki döwrüň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmagy, ykdysady taýdan döwrebaplaşdyrmagy goldamak babatda syýasy gepleşikleriň işjeňleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda howpsuzlygy üpjün etmek, söwda, energetika, kanunyň hökmürowanlygy, ekologiýa hem-de bilim, suw serişdelerini dolandyrmak, ulag we sanly kommunikasiýalar, hususy pudagy goldamak hem-de ynsanperwer gatnaşyklar, ýaşlara maýa goýumlar bar.

Umuman, Ýewropa Bileleşigi dürli ugurlarda goşulyşmak işlerini ösdürmek boýunça iň gowy işläp düzmelerini paýlaşmaga taýýardyr. Beýleki tarapdan bolsa, sebit meselelerini çözmekde Türkmenistanyň tejribesi şeýle meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolan beýleki ýurtlaryň üstünlikli nusgasy hökmünde ulanylyp bilner. Hususan-da, ÝB suw diplomatiýasy boýunça ösüşiň gazanylmagyny şeýle mysal hökmünde ykrar edýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugry energetika we ulag ulgamlary bilen bir hatarda daşary syýasatyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitledi. Geljekde Owganystanyň ösüşine uly gyzyklanmany nazara almak bilen, ÝB bu ýurtda parahatçylygy berkarar etmek, Owganystanyň duşuşyklaryň we sebit maksatnamalarynyň degişli görnüşlerine goşulyşmagyny, owgan tarapynyň gatnaşmagynda taslamalary goldamak maksady bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň hem-de türkmen paýtagtynda ýerleşen BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň köpýyllyk işleri Türkmenistanyň alyp barýan sebitdäki gatnaşyklara ýardam etmek we dawalaryň öňüni almak syýasatynyň netijesi hökmünde bellenildi.

Duşuşygyň barşynda häzirki wagtda ÝB-niň ýurtlarynyň dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistan bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika strategiýasy hakynda jikme-jik maglumatlar getirildi. Türkmen energiýa serişdeleriniň, ozaly bilen, tebigy gazyň dünýä bazaryna ygtybarly ýetirilmegini üpjün etmäge ukyply köpugurly düzümi döretmek şol strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr.

Ýurdumyzyň çäk taýdan amatly ýerleşmegini hem-de serişdeler kuwwatyny nazara almak bilen, gaz geçirijileriň ösen ulgamy Merkezi Aziýa we Hazar sebitini energetika çig malyny çykarýan we üstaşyr geçirýän iri dünýä merkezine öwürmäge mümkinçilik berer.

Bu ugurda geljegi uly taslamalaryň hatarynda Hazarüsti turbageçirijisi bar. Türkmen «mawy ýangyjynyň» Ýewropanyň bazarlaryna ýetirilmegini üpjün etmek üçin bir bitewi guraly işläp taýýarlamak maksady bilen soňky döwürde bu ugurdaky işler giň gerime eýe boldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Ýewropa Bileleşiginiň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyga täzeçe çemeleşmeleri amala aşyrmagynyň, Aşgabatda ÝB-niň Wekiliýetiniň açylmagynyň energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, bilelikdäki işleriň netijeliligini has-da artdyrmak üçin mäkäm binýat bolup durýandygy barada bir pikire geldiler.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
Elekton gazety "Altyn Asyr"
turkmenistan.gov.tm


  • Image
  • Image